Thursday, July 30, 2009

a). 1979-njy ỳyla çenli hüjreleriñ ähmiỳeti :

Öñde belläp geçişimiz ỳaly hüjre- medreselerde türkmen halkynyñ ulymalary bilim alyp gaỳdypdyrlar. XIX asyryñ aỳaklarynda we XX asyryñ başlarynda Türkmensährada belli oba-şäherleri köpelip başlandan beỳläkk dini bilim almak üçin hüjre-medreseler hem gurlupdyr.
Oña ỳolbaşçylyk edỳän ulamalaryñ köpüsi Hywa, Buhara we Gögeldaş ỳaly şäherileriñ dini merkezlerinde bilim alyp gaỳdanlar bolupdyr. Şolaryñ arasynda Kümüşdepe şäheriniñ uly hüjresiniñ dini wekili Abdyjan Ahun, Hojanepes etrabynyñ hüjresiniñ dini wekili Amangeldi Ahun we Ketdepir Işan ỳene-de türkmensähra boỳunça Nazar Ahun tagsyr Maheri, Aỳjan Ahun çynsuwly, Mämet Ahun, Teñli Ahun, ... ỳaly ulamalar Kümmetkowus, Bendertürkmen, Akgala, Garabulak, Marawadepe, Inçeburun, Kerimişan, Anbarolum, Omçaly, Bäşỳuwusga we Erfanabat ... ỳaly oab-şäherlerde dini bilim ỳöredipdirler.
Ol döwürlerde Eỳran patyşasynyñ döwleti tarapyndan ỳaşy 18-den geçen ỳigitleri ỳurduñ serbazçylyk gullugyna çagyrylỳardy. Türkmenleriñ arasynda 1960-njy ỳyla çenli ỳetginjek oglanlary serbaz gullugyndan halas etmek üçin köplenç hüjre mollaçylyga beripdirler. Ol wagt bir molla talyp okuwyny ahunçylyk derejesine çenli dowam etdirenden soñ, gulluga çagyrypdyrlar. Şonuñ üçin türkmen ulamalary okuw kursuny ahunçylyk derejesine çenli 10 ỳyla barabar dowam edipdirler.
Ýagny 30 ỳaşa çenli şol mertebäni gutarmandyrlar. Onuñ sebäbi 30 ỳaşdan soñ, gulluk kanundaky “Ýasuly kepillik hukugyndan” peỳdalanypdyrlar we serbaza gitmekden halas bolupdyrlar. Şonuñ üçin türkmenleriñ hüjre-medreseler hem mollaçylyk däbi ikinji bir tarapdan ham ähmiỳetli derejede alnyp barlypdyr.
1960-1961-nji ỳỳllardaky Eỳran patyşasynyñ tarapyndan çykarylan kanunlary esasynda bir tarapdan ỳaşy ỳeten okuwçy mollalary serbaz gullugyna gitmäge mejbur edilipdir. Ikinji bir tarapdan metjit-hüjrelere düşỳän maddy düşegüñtler fonduny ỳagny üşür, zekat, homs we wakf ỳaly halk tarapyndan ỳygnalỳan maddy (pul) kömeklerini döwlet sandygyna geçiripdirler.
Netijede bolsa, bu geçirilen kanun umumy Eỳran boỳunça ahun-mollalaryñ maddy hemaỳatyny örän pes derejä düşüripdirler. 1963-nji ỳylda Eỳranyñ şasy Mämmetreza Pählewi ykdysady, syỳasy we jemgyỳetçilik reformalary geçirmekligi zerur saỳyp “Ak rewolỳusiỳa” adyndaky geçirilen reforma geçirenden soñ Eỳranyñ ruhany jemgyỳetleri oña garşy çykỳarlar.
* Seỳitgylyç işanyñ medresesi ( hüjresi)
Şol wagt Tähranda we ruhanylaryñ merkezi bolan Kum şäherinde Aỳatulla Kaşany we Aỳatulla Homeỳni ỳaly ỳolbaşçy ruhanylar bu geçirilỳän reformalaryñ garşysyna gaỳtawul görkezipdirler. Şonuñ üçin 1964-nji ỳylda Kum şäherindäki ruhanylaryñ uly merkezi bolan “Feỳziỳe” atly hüjräni döwlet tarapyndan berk gözegçilige alynỳar.
Bu hakda Eỳranyñ orta mekdep taryhynyñ IV kitabynda şeỳle görkezilỳär: “Ymamyñ Tährandaky ulamalara ỳüzlenip göỳberen ỳüzlenmesinden soñ, şa olara garşy gaỳtawul hökmünde ruhanylary ỳurt serbazçylyk gullugyna äkitmekligi yglan edỳär. 1964-nji ỳylyñ aprel aỳynyñ 21-nji güni ruhanylary serbaz gullugyna ỳollamak baradaky perman çykarylỳar. Döwletiñ jandarmlary köçelerde, ỳollarda molla-talyplary tutup, serbazhanalara tarp ỳollaỳarlar. Şolaryñ arasynda Ymam ỳakyn duran göreşjeñ ruhanylar Alyakber Haşymy Rafsanjany we beỳleki ruhanylar hem bolupdyrlap”. [1]
Şol ỳylyñ 4-nji maỳynda (15-hordat 1342-ş.ỳyl) patyşanyñ tarapyndan ep-esli ahun-mollalar basylyp, atylyp ỳa-da daşary we içerdäki ỳurtlara sürgün edilỳär. Şol döwürde Aỳatulla Homeỳni hem ilki Türkiỳä soñ bolsa, Yraga kowulỳar.

* Hüjräniñ howlysy we girelgesi
Eỳran patyşasy bilen bu jemgyỳetiñ arasyndaky dörän gapma-garşy hereketler soña baka 1979-nji ỳylda beỳleki oppozisiỳon partiỳa-guramalar bilen bilelikde Eỳranyñ ähli umumy (umumyhalk) ynkylabyna öwrülỳär. Bu özgerişler soña baka Eỳran Yslam Respublikasynyñ döremegine sebäp bolỳar.
Şeỳlelik bilen 1961-nji ỳyldan bäri metjit-hüjreler öñki ähmiỳetinden düşürilỳär. Ruhanylary şeỳle bir maddy eklenjinden mahrum edilenden soñ Türkmensähradaky ahun-mollalar hem beỳleki söwda işleri bilen meşgullanyp başlaỳarlar. Olar köplenç haly-halyça sungatynyñ söwdasy we ekerançylyk ỳaly kärler bilen meşgullanỳarlar. Emma esasy ruhanylar öz religi taglymatlaryny saklap goraỳarlar. Türkmenleriñ arasynda olary hemişekisi ỳaly hormatlanyp-sylaglanyp gaỳdylỳar.
1313-nji ş ỳylda XX asyryñ II on ỳyllygynda Eỳran şasynyñ tarapyndan Tähran şäherindäki Tähran Uniwersitetiniñ ỳanynda teologiỳa ylymlarynyñ fakulteti açylyp, ahunlyk derejesini goran ruhanylary şol fakultetde ylahyỳet baradaky okuwa göỳberilỳär, Şol fakultetde okan şahsyỳetler soñabaka esasy orunlara eỳe bolỳarlar.


* Hüjüräniñ girelgesi 1

Eỳranyñ 1984-nji ỳyldan 1997-nji ỳyla çenli prezident Alyakber Haşyma Rafsanjani, Eỳranyñ Jemhuryỳe Yslam Partiỳasynyñ birinji sekretary şehit bolan Aỳatulla Behişti, Eỳran Türkmenleriniñ 1979-njy ỳyldaky çykyşlaryna ỳolbaşçylyk eden Welimuhammet Ahun Arzaneş, terror bolan Aỳatulla Bahunär, terror bolan Aỳatulla D. Mufattah, ... ỳaly belli syasy şahsyỳetler şol fakultetiñ işe başlan döwründe ilkinjiler bolup okuwy tamamlaỳarlar.
Ýokardaky agzalan fondy Eỳran şasy tarapyndan baglanany bilen Türkmensähradaky metjit-hüjrelere halkyñ tarapyndan berilỳän maddy kömekleri köp bir egsilmändir. Ýöne mollaçylyk okuwy örän ünsden düşürüldi. Onuñ sebäpleriniñ biri 1928-nji ỳyllardan bäri döwletiñ täze ulgamadaky döreden mekdep-medreseleri ỳagny “däbestan” we “däbirestan” ỳaly okuw merkezleri açylyp, türkmenler öz çagalaryny köplenç şol merkezlerinde ỳerleşdiripdirler. Örän az sanly maşgalalar (esasan anhun, işan, sopy we öwlatlar maşgalalary) mollaçylyk okuwlary bilen gatnaşypdyrlar.
Ýönekeỳ hüjreler umuman 8-10 sany otagdan ybarat bolupdyr. Her okalga otagda 5-3-e çenli okuwçy molla kabul edilipdir. Olar eklenç harajatlaryny berilỳän hüşür, zekat we beỳleki niỳetlenỳän maddy kömeklerden üpjün bolupdyrlar. Okuw predmetleri bolsa, ahun tagsyrlary tarapyndan taỳyn edilipdir. Olar türkmenleriñ dürli toỳ-tomaşalary we baỳramçylyklaryna gatnaşyp, dürli dini we şergi däp-dessurlaryny alyp barypdyrlar.

* Hüjüräniñ girelgesi-2
Ýokardaky ỳatlanan wakalar esasynda hüjrelerden ỳygnalyp serbaz gullugyna ỳollanan mollalar soña baka mollaçylyk okuwyny taşlapdyrlar. Türkmensähra türkmenlerinde “molladan azan” diỳden bir gep hem bar. Şol hatarda mollaçylygy taşlap gara iş bilen maşgullanan kişiler durmuşda özlerini dogry alyp gide bilmändirler. Şonuñ üçin olara “Molladan azmyş!” -diỳip salgylanypdyrlar.
Umuman aỳdylanda 1970-1980-nji ỳyllarda ỳokardaky ỳatlanan sebäpler boỳunça metjit-hüjreler örän ähmiỳetden düşen döwri bolup durỳar. Ol wagtlar mollalar bir ỳere gudaçylyga baranlarynda gyz almagy añsat düşmändir. Täze okuw sistemasynda okuwyny tamamlap mugallym ỳa-da döwlet işi bilen meşgullananlar bolsa, has ähmiỳetli seredilip hormatly adamlar hökmünde hasaplanypdyrlar. Edil şol döwürlerde mollalar köpçüligiñ ünsinden düşürileni üçin kähalatlarda olar hüjrelerdäki iỳgu-içgilere kanagat etmäni üỳşüşip retoranlarda oturup garagolluk eden mahallary hem az bolmandyr. Olaryñ käbirleri has dilewar bolupdyrlar Şonuñ üçin il arasynda “Ussa berde eliñi çek, molla berdedilini çek” diỳlen nakyl peỳda bolupdyr.
Häzirki zamanda okuwçy çagalar 10-20 ỳaşa ỳetinçä tomus rugsady aỳlarynda namaz-gurhan öwrenmek üçin metjit-hüjrelere berilỳär. Olary okadỳan ahun-molla arap-türkmen dilinde sapak metody bolup, Şonuñ esasynda sapak berỳär. Sapaklar sorag-jogap usulynda alynyp barylypdyr.
* Turkmen Bayrak sytynyn dusuren suraty
Onda mollanyñ soramagy bilen okuwçy oña jogap beripdir. Ýönekeỳ sapak berỳän ahun-mollanyñ elinde hemişe temmi taỳagy bolupdyr. Okuwçy soraga dogry jogap berip bilmedik ỳagdaỳynda ol temmi taỳagy bilen düşek düşelen polunyñ üstüne abai-syỳasat etmek üçin gatyragada urỳar. Elbetde gadymy döwürlerde hüjreleriñ ỳörite okuwçy mollalaryny şeỳle ỳagdaỳda “Pelekden” gyssyrypdyrlar.
Ýagny okuwçy mollanyñ iki eli we aỳagyny 2-3 metrlik agaja dañyp, agajyñ her tarapyndan bir molla ỳokary galdyryp, mugallym molla okuwçynyñ aỳagynyñ aşagyna elindäki saỳgyç bilen näçe gezek saỳgylandyrypdyr. Ol döwürde oña “Pelekden gyssyrma”, mollanyñ elindäki agaja bolsa “temmi taỳagy” diỳipdirler. Elbetde Pählewiler döwründe täze mekdepler açylyp döwrebap işlenip gaỳdylandan soñ ol hili terbiỳe metodlary ỳazgarylyp okuw predmetlerde “yzagalak metod” hökmünde düşündirilỳärdi.
* Ilatyň ziỳarata geliş-gidişi
Şeỳle hem Türkmensähradaky türkmenleriñ pähiminde adam bilen allatagalanyñ arasynda “ruhy-dini” şertnamalary bar. Oña “Elmisak şertnamasy” diỳipdirler.
Molla sorag- jowaply predmetiñ bir ỳerinde soraỳar:
Sorag – Asla musulman siz?
Jogap – Elbetde musulman biz?
S.- Haçandan bäri musulman?
J.- Elmissakdan bäri musulman biz.
S.- Elmysak manysy nämedir?
J. – Elmisak diỳmegi manysy şeỳledir: “Eỳämiz perwerdigäri elemniñ tarapyndan janlarymyzy ỳaradanda (Elesto berebbekom) diỳip neda (ses) gelỳär, ỳagny – “Meger men siziñ eỳäñiz dälmi?” – diỳende, biziñ janlarymyza (howa) agny onamşyp belki sen biziñ eỳämiz we "halekä külli şeỳ (ähli zady ỳaradan) we razyky külli heỳ (ähli janlylary eklän)". Ybadat edilmäge layỳk, nahyllarynda (bolugsyz pällerden) gaçmaga boỳun alypdyrlar. Şol mäkäm ähdiñ adyna “Elmisak”- diỳip at beripdirler . [2] 
Kerim Ishan Medressesi
Elbetde şeỳle garaỳyşlar we din hakdaky okuw usullaryñ gözbaşy gadymy Hywa-Buharadaky okuw usullaryndan akym alandygyny bellemek gerek. Ýöne türkmen ahun-mollalar hersi öz ỳerli türkmen medeniỳetlerine görä, goşant goşupdyrlar.
XX asyryñ başlaryna çenli türkmenlerde mekdep başlangyjy dini mekdephanalar bolup arap halyfatyndaky şertlerde saklanyldy. Okuwçylar bu ỳerde dini kitaplarda ỳazylan goşgulary, Hafiziñ, Sa'adiniñ poemalaryny okaỳarlar. Ýöne dini kitaplarda ỳazylan zatlar üçin köplenç düşüniksiz bolupdyr. [3]
XIX asyryñ 70-nji ỳyllaryna çenli Eỳranda orta asyryñ bilim sistemasy saklanyp galypdyr. Okuwda ymamlaryñ, şalaryñ, emirleriñ, hanlaryñ we ş.m. emeldarlaryñ alyp baran işleri we durmuşy barada okalypdyr. “Edil şol döwürde Mürzatagy han ösen ỳurtlaryñ derejesindäki medreseleri döretmäge synanşỳar. 1852-nji ỳylda Tähranda ylymyñ öỳi “Darylfunun” atly esasan ỳekeje ỳokary bilim mekdebi harby işöwürler, mugalymlar we döwlet işgärleri terbiỳelemek üçin birinji ädim ädilipdir”. [4] .... DOWAMY

Monday, July 27, 2009

* Garaöý bilen baglanşykly aý - gün hereketleri :

Bilşiñiz ýaly aý hem gün ýaly gündogardan dogyp günbatardan ýaşýar. Ýöne säheriñ şapagynda we ikinji-agşamara aýdyñ görünýär. (Elbetde bulutsyz gijelerde).
Haçanda gün garaöýüñ guñorta ýarym şarynyñ ugrunda dogup ýaşsa aý garaöýüñ demirgazyk ýarym şarynyñ jähetinde dogup ýaşýar. Bu tertibi düşünmek üçin bir mysal getireli:

Meselem mordat aýyñ soñlaryna (iýul-awgust aýlary) duran bo0lsak, bu aýda gün şöhlesi 11 nomer terminiñ 20-nji gözeneginde dogup 111 nomer terminiñ 20-nji gözenegine baryp ýetende ýaşýar. Aý bolsa 1 nomer terminiñ gözeneginde dogup (säheriñ şapagy mahaly), IV nomer terminiñ şol san gözenegine baryp ýetende ýaşýar.

Garaöyin (götdikme)guruluş fundamenti

Şeýle düşündiriş bilen agşamara ýa-da gije diñe IV nomer terminiñ 9-njy gözeneginden asmana seredeniñde ayy görmek bolýar.
Gün we onuñ şöhlesiniñ garaöýüñ täriminiñ gözeneklerinde düşüş tertibi:
- Çep tarapdaky bir täriminiñ 1-15-e çenli gözenekleri.
- Sag tarapdaky IV täriminiñ 2-15-e çenli gözenekleri.
- Çep tarapdaky II täriminiñ 15-30-eçenli gözenekleri.
- Sag tarapdaky III tärimiñ 15-30-a çenli gözenekleri.
- I: Ýylyñ ilkinji ýarymynda gün şöhlesiniñ ýörelge jäheti.
- 1: Ýylyñ birinji ýarymynda gün şöhlesiniñ ýörelge jäheti.
- II: Güỳz paslynda gün şöhlesiniñ ýörelge jäheti.
- 2: Ýaz paslynda gün şöhlesiniñ ýörelge jäheti.
- III: Gyş paslynda gün şöhlesiniñ ýörelge jäheti.
- 3: Tomus paslynda gün şöhlesiniñ ýörelge jäheti. [1]

XVII-XIX asyrlarda çet ýurtlardan türkmensähralaryna gelen syýahatçylar, ýurduñ içki ýagdaýlaryna belet bolup Ýewropanyñ orta asyrynyñ täze akspluatsiýon režimlerine ýer- ýurt açyşlaryny ýerine ýetirmek üçin kömek edipdirler. Olar Ýewropanyñ gowgaly senagatynda täze bazarlary açmak üçin biziñ dünỳa siwilizasiỳasyna uly goşant goşan türkmen ýurtlaryna gelip, nädogry, maglumatlar bilen Ýewropa intelligensi, maglumatlar bilen Ýewropa intelligensialarynyñ añ-düşünjelerine başgaça täsir galdyrypdyrlar.

Bu gün türkmen intellegensiýasy şeýle nädogry göýberilen düşünjelere, dogruçyl taryhy ýazmak bilen jogap bermäge çalyşýarlar.

X-XIX asyra çenli Hywa, Buhara, Balh ... ýaly şäherleriñ medreselerinde taryh predmetleri örän gyzykly has oñat öwrenilipdir. Sebäbi edil şol döwür türkmen ýazyjy-alymlary taryh predmetleriniñ üsti bilen eposlar hem ep-esli kyssalar döredipdirler. Şol döwrüñ edebiýatyny okanyñda geçmişdäki türkmen patyşalyklarynyñ döwründe dörän wakalary epos, kyssa we goşgy görnüşünde ýazga geçiripdirler. Olar käbir hadysalary içgin öwrenenleri üçin Ýusup-Zuleỳha, Ýusup-Ahmet, Zöhre-Tahyr, Saýatly-Hemra, Zeýnelarap we Emir Hemza ..., ýaly türkmen ỳurtlar we begliklerine degişli dessanlaryñ döretmegiñ hütdesunden gelipdirler.

Umuman türkmenler Seljuk döwründen bäri dünýäniñ dürli künjeklerinde metjit-medreseler hem beýleki binalary galdyrmakda has ykjamlaşypdyrlar. Bu barada arhiologiýa ylymlary sanardan köp işleri ýerine ýetirdiler. Umuman şol döwürleriñ içinde XIV-XVI asyrlary ýatlap geçsek ýerlikli bolar. Akgoýunly we Garagoýunly türkmen döwletleriniñ dowam eden zamanynda olaryñ patyşalary tarapyndan türkmen metjit-medreselerine örän ähmiỳetli garalypdyr. Meselem “Gök jama” adyndaky Tebriz şäherindäki metjidi Garagoýunly türkmenleriñ serkerdesi Jahanşa binýat etdiripdir. Uzyn Hasan Akgoýunly Tebriziñ çäginde bir ajaýyp metjit bilen medrese saldyrypdyr.
Wenesiýadan gelen täjir ol barada şeýle ýatlaýar.:”Uzyn Hasanyñ bina eden metjidi şeýle ajaýyp, ony wasp etmäge has laýyk.” [2]
Ol bir görnükli meýdanyñ içinde ýerleşipdir. 1478-nji ýylyñ Türkmenbaşy aýyndaonuñ ogly Soltan Halyl, onsoñ şol ýylyñ iýunynda beýleki bir ogly Ýakup soltan patyşalyk däbinio ýerine ýetirmek üçin şonda tagta çykýarlar. Şol döwrüñ ýadygärliklerinden diñe Uzyn Hasanyñ metjidi bozulman galypdyr. [3]
Uzyn Hasan metjidiniñ ýanyndan talyplar üçin ylym almaga bir uly hüjre hem saldyrypdyr. Ol hüjre “Mädräseýe Näsiriýe” adyndan henize çenli şol mäkämligi bilen ýadygärlik bolup galypdyr. [4]
Uzyn Hasan Akgoỳunly dünỳäden wepat bolandan soñ, şol hüjräniñ uly howlusynda jaỳlanypdyr. [5]
Akgoýunlylaryñ döwründe ylaýtada Uzyn Hasanyñ döreden binalary örän köp bolupdyr. Onuñ maşgalasy Seljukşabeýgiñ hem türkmenleriñ metjit-medreselerini bina etmekde örän uly goşant goşupdyr. Ol Täbriziñ metjidini ösdürmekde haỳr işleri ýerine ýetiripdir. Ol metjidiñ kybla tarapyndan uly gupba saldyryp, onuñ daş-töwereginde bezeg işlerini geçiripdir. [6]
Görşumiz ýaly türkmenler diñe bir Türkmenistanyñ çäginde dälde, beýleki ýurtlarda hem görnükli ýadygärlikleri binalar edipdirler.
Türkmenler haýsy bir ýerde oturymlaşyp başlanda, birinji nobatda metjit-medreseleri bina etdiripdirler. Olar metjit-medreseleri ýörite bişen kerpiçler bilen saldyrypdyrlar. Her metjidiñ ýanynda azan aýtmak üçin diñ (minara) dikeldipdirler. Häzirki döwürde minaralaryñ üstünde ses güýçlendiriji enjamlary peýdalanypdyrlar.
Etrek-Gürgen türkmenleriniñ arasynda yrym edinip çagalarynyñ göwegini ýa-da sünnetlenen soñ sünnetiniñ uçgyrajygyny hüjräniñ aşagyna taşlaýarlar. Olar bu yrymy berjaý etmekden maksatlary arassa niýetli çaganyñ alym bolup uly derejelere ýetmegini arzuw edipdirler. ... Dowamy
------------- Edebiýat we çykgytlar:

Tuesday, July 21, 2009

II BÖLÜM : Türkmensährada medeni- ylmy hüjreler :

Jemgyýetçilikde irki döwürlerden bäri mesken-mekan diýilen jaýlary ýyl on-iki aýyň içinde yssydan-sowukdan we howpdan-hatardan goranmak üçin medeniýete öwrülip gaýdypdyr. Bu medeniýet soňa baka her bir ýeriň öz medeni-jemgyýetçilik garaýyşlaryna laýyklykda, arhitektura çeperçilikde öz dürli häsiýeti bilen döredilipdir.
Türkmenlerde irki arhitekturalar barada arhiologiýa açyşlarynyň şaýatlyk edenlerinden başga-da henizler işlenmedik gadymdan galan ýadygärlik nyşanlary bar.
Mysal üçin Hazar deňziň Günorta-gündogar owazisinde Kümüşdepe şäheriniň demirgazygyndaky “Kiçi Kümüşdepe” atly harabaçylykdan çykýan daş-taňsyk (küýze) galyndylarynyň şaýatlyk etmegine görä, ol ýerde gadymy bir medeniýetiň bolandygyny mälim edýär. VII asyrdan bäri yslam dini Orta Aziýa ýurtlaryna ornaşyp başlandan soň dini-medeni merkezler döredilip gündogar arhitekturasy özboluşly bir häsiýete eýe bolupdyr. Buhara, Hywa, Samarkant, Mary, Hokant, Kazan, Balh, Jürjen, Ürgenç, Nişapur, Töwriz (Tebriz) we ş.m. belli-belli şäherler döräp yslam dinine bap getirilip gurulan metjitler, medreseler, hüjreler, kerwensaraýlar, öwülýäleriň üstüne dikilen aramgähler döräpdir.
Hüjre-medreseler hem şol hereketden ugur alyp, asyrlaryň dowamynda öz boluşly arhitekturasy bilen şekillenip gaýdypdyr.
Umuman her hüjre-medresäniň ýanynda metjit hem bolupdyr. Türkmen ilatynyň çagalary şol mekanlarda sowatly bolup, ylym öwrenipdirler. Türkmenleriň ýary bölegi şol bir wagtyň özünde göçüp-gonma şertlerde ýaşan bolsalarda, belli bir mekany metjit hökmünde belläp, şonda dini parzlaryny berjaý edipdirler.
Aýdylýan rowaýatlara görä, her oba täze bir ýere göçüp baranda, şol ýeriň belli bir çäginde uly oý gazyp onuň mehrabyny Günbatar-Günorta çüňke bakdyryp jemagat namazlaryny berjaý edipdirler. A.Wamberi ýaly käbir syýahatçylar “türkmenler göçüme-gonma şertlerde ýaşandyklary sebäpli, olarda din we ruhany örän pes derejede, kähalatlarda bolmandyr.”- diýip belläpdir! [36]
Emma aýdylan rowaýatlara üns bereniňde welin türkmenler ähli şertlerde hem öz dini parzlaryny berjaý edip gelipdirler. Ol mehraply metjitler soňa baka shonda okap bilim öwreden meşhur öwlat-pirleriň gubryna öwrulipdir.

* Ýusup Has Hajybyň guburyna öwrülen gadymy hüjüre-metjit

Türkmensähralarynda belli bir arhitekturadan häsiýetlenip şeýle gazylan oýda, güniň kölegesiniň düşýän taraplaryna görä, günorta namaz wagty bilen ikindi namaz wagtyny takyklapdyrlar. Şonuň ýaly jaýlary wagtlaýyn ýaşalýan ýerlerde ýasalypdyr. Görüp otursak türkmenler durmuşyň ähli şertlerinde-de öz dini medeniýetlerini we parzlaryny saklap gaýdypdyrlar.
Halkyň maddy durmuşyna bagly bolan öý we mesken diýlen enjamlar hakda etnologlar we antrapologlar gyzyklanyp iş öwrenipdirler.
Jemgyetçiligiň täze ewolýutsiýacy / kämilleniş / ylymlaryny öwrenijisi Jolin Steoard, adamzadyň öý we tehnologiýanyň diýalektika baglanşykly gatnaşyklary barada söhbet açýar. Ol öz söhbetlerinde “adamzat” nähili “tehnologiýa” bilen “öýüni” sazlaşdyryp bilipdir? Diýlen sowaly orta atýar.
Sözi açyklamak üçin şeýle dýeli; “Öz ähli mümkinçiliklerine bagly bolan öý ýa-da tebigy mekan, medeniýetiň bir böleginde, öz ösüş garmonýasyna eýe bolýar. Şeýle ösüşe tarap jähetlenen özgerişler, şol bir mekanyň özünde adamzadyň öý bilen talaba laýyk iş abzallarynyň arasynda doly gatnaşygy ýola goýmak bilen mýesser bolupdyr.”.
Mysal üçin Garagum çölleriniň çokrap duran alawly tomusy hem gurak, sowuk we çagbaly gyşlarynyň şertlerine laýyklykda garaöýleriň üsti gümmez şekilli bolup gidiberipdir. Ewolýusiýa ylymlaryny öwreniji alym “Steoardyň” pikiri hem türkmen garaöýleridir. (Garaöýe Etrek-Gürgen ýomutlary “götdikme” -diýip hem aýdýarlar. Ol hem bu meselä degişli bolup durýar.).
Garagum sährasynyň agyr yssy we sowuklarynda göçme-gonma şertleri, mal sürilerini sürmek, esasanam gyşlaklaryň-ýaýlaklaryň wagtyny bellemek, ýyldyzlaryň üsti bilen ýol hereketleriň jähetlerini tapmak, gije-gündiziň wagt hasaplary ýaly ätýäçleri öwrenmeklik sebäp bolup türkmen halkynyň bir bölek maddy medeniýeti ösüpdir. A.Wamberi şeýle belleýär: “Türkmen garaöýleri Orta Aziýada Hytaýa çenli biri-birinden hiç hili esasy aýratynlygy bolmany öz durmuş şertlerine baglylykda has dogry we doly ýasalypdyr”. [37]
Şeýle bolansoň “Agaç öýler türkmen astronomiýasynyň açary” diýmäge laýyk bolupdyr. Sebäbi diýseň garaöýiň şekillendiriş gurluşy arkaly namaz wagtlary takyklamak, pasyl çalyşyklary, aý we aýyň günlerine çenli tahmynlaşdyryp taýyn edipdirler. Aýyň, güniň şöhlesiniň garaöýiň içine düşüş hereketleri üsti bilen şeýle takyklaşdyrmaga miýesser bolupdyrlar.
Bu meseläniň takyk beýanyny tapmak üçin garaöýi edil ýer şary ýaly mysal almak gerek. Garaöýüň şeýle görnüşde şekillenmegi taryhyň uzak jümmüşinde biziň ata-babalarymyzyň dürli durmuş şertlerinde, ýaşaýyş tejribeleriniň üsti bilen miýesser bolupdyr. Bolmanynda beýleki miletlerdäki kaçevnikler ýaly ýeňil-ýelpi tentlerden (gara çadyrlar) peýdalanaýmandyrlar.
Beýle tentleriň eýläk-beýläk götermäge ýa-da ýükläp düşürmegi aňsadam bolýar. Geçmişde ýyl-pasly öwrülşiklerini we wagt görkeziji ätiýaçleriniň ýoklygy zerarly, asyrlaryň uzak dowamynda garaöýleriň beýle şekilenmegi hem ýaşaýyş üçin hem-de wagt görkeziji ätiýaçleri kanagatlandyrmak üçin kämileşdirilipdir.
Şekilde görkezilen öýüň gapysy günorta tarapda ýerleşip öýüň ortaarasynda ojak we oturylýan ýer, öýüň edil merkezinde tüýnük ýerleşipdir. Ol ýerde oturan adam, gapydan hem tärimiň gözeneklerinden geçýän günüň şöhlesine we kölegäniň düşýäň taraplaryna seredip, şol günüň dowamyndaky ediljek dürli işleriň kesgidini tapyp, wagtyny taýyn edipdirler.
Mysal üçin, tamdyr goýberip çöregiň bişmeli mahaly, guşluk çaý, nahar wagty, öýle namazy, çopanyň gelmeli mahaly, sürüni çöle sürmeli we getirmeli wagtlary, . . . ýaly esli işleriň ýerine ýetirmeli mahalyny kesgitläpdirler.
“Gapydan düşýän günüň şöhlesi, süýrgünortan garaöýiň ortasyndaky ojaga göni düşýär. Haçanda gün, gunbatara tarap meýillenip başlanda içeri düýşýän gün şöhlesi ojagyň gündogar tarapyna geçýär. Şol wagt öýle namazy berjaý etmeli wagtynyň gelip ýetendigini düşünýärler.” [38]
Ýaz aýy bilen güýz aýlarynyň birinji güninden başlap birinji ferwerdin aýy (20-nji mart aýy) birinji mehr aýy bolsa (20-nji sentiýabr ýy) gabat gelýär. Gün şöhlesi şekilde görkezilen 1-11 terimiň gözeneklerinden içeri düşýär.
Mysal üçin ýylyň birinji ýarymynda tutunyljak işi göz öňune getirsek ýaz aýyndan näçe gün geçenden beýläk gün garaöýüň aşak tarapy ýagny günbatar-demirgazyk jähete meýillenip başlaýar. Elbetde öýe düşýän kölegäniň hereketi ýer şarynyň hereketine baglylykda bolup şeýle üýtgemeler emele gelýär.
Üç aýyň dowamynda gün II san tärimiň 15-nji gözeneginden 12-nji gözenegine çenli barýar. Ýagny tomus aýlarynyň başlarynda (tir aýy- iýun, iýul aýlary) günün şöhlesi tärminiň 27-nji gözeneginden içeri düşýär. Başgaça aýtsak gün her aýda tärminiň 4 gözenegini öz içine alýar. Türkmenler şeýle metodikalary peýdalanyp bu hereketleriň üsti bilen pasyl, aý kähalatlarda güniň gün sanyna çenli kesgitläpdirler.
Ýyl pasly tomus aýlaryna ýeten mahaly gije uzalyp gündiziň gysgalyş tapgyry başlanýar. Bu tapgyrda gün şöhlesiniň düşüş hereketi yzyna tarap öwrülip sentýabr aýynyň 20-sine ýetip gelýär. Sentýabr aýynyň 20-si gününde-de, şol mart aýynyň 20-nji günündäki ýaly gün ýene-de I-II tärminiň gözeneklerinden öýüň içine düşýär. Sebäbi şol aýlaryň (mart-sentýabr 20-nji) kähalatda 21-nji günlerede düşýär.
Günleri gije bilen gündiziň uzynlygy deňleşýär. Güýz paslyň başlanmagy bilen güniň şöhlesiniň düşýän jähedi öýüň günbatar-günorta tarapyna meýillenýär. Bu tapgyrda hem öňdäki belläp geçişimiz ýaly tertipde hereket durýar. Mysal üçin haçanda gün şöhlesi birinji I san tärminiň 10-njy gözeneginden öýüň içerisine düşende güýz paslynyň bir aýynyň geçendigini aňladýar.
Ýagny biz sentýabr aýyndan Bitaraplyk (dekabr) aýyna çenli geçipdiris. Bu hereket dekabryň 20-sine çenli dowam edip I tärminiň 4-nji gözenegine gelip ýetýär. Güniň şöhlesi bu ýere gelip ýetenden soň durýar. Sebäbi gyş pasly başlanýar. Gyş paslynyň başlanmagy bilen güniň gysgalyş tapgyry hem tamamlanýar. Ýagny günüň iňňän gysga wagty bilen gijäniň has uzaklygynda (parslar oňa “Şäbe ýelda” -diýip atlandyrýarlar). Şol günüň ertesinden başlap gijäniň uzynlygyndan kemelip başlanýar.
Şol wagt ýagny tomusyň başyndaky başlanyşy ýaly gyşyň başyndan başlanyp kem-kemden gije gysgalyp güniň gün-günden uzynlygyna tarap gönükýär. Bu hereket tir aýynyň birine çenli (21-22-nji iýuna) dowam edýär. Mysal üçin haçanda güniň şöhlesi 13-nji gözenekden öýüň içerisine düşende, gyşyň soňky aýynyň başlarynda durýarys. Şeýlelik bilen bir aýdan soň ýaz aýynyň başlanjagyny aňladýar.
Ýokardaky kadalaşan tertipdäki aýdylan mysallar tärmiň gözenekleriniň nomeri boýunça III-IV nomer tärminiň üsti bilen güniň dogyş-batyş jähetleri arkaly güniň wagtlaryny aňladýar.
Mysal üçin iýul-awgust aýlarynda öýleden öň güniň şöhlesini II nomer tärmiň 20-nji gözeneginden kesgitlenen bolsa, bu tapgyrda öýleden soň güniň şöhlesiniň batyşyny III nomer tärmiň 20-nji gözeneginden takyklaşdyrypdyrlar. ... Dowamy

----------> Edebiýat we çykgytlar:

Friday, July 17, 2009

c).Öwlatlar hakda Süleỳman Bakyrgany ( Hekim ata ) :

Öwlatlar hakda aỳdylanda Mary welaỳatynda mowzeleỳi ỳerleşen Ýusup hoja Hemedanynyň/Ýusup baba/ ojagyndan keramat alan we Hojaahmat Ýasawynyň tarapyndan dördünji halypa hökmünde saỳlanan Hekim ata hakda durup geçmegi makul bilỳäris. Sebäbi Eỳran türkmensähralarynda metjit-hüjürelerde onuň eserini ürj edilip okalỳan sopylaryň biridir. Ol hakda dürli rowaỳatlara gabat gelỳäris .
"Onuň hakyky ady “Hekim ata” , “Süleỳman” bolup doly ady bolsa, “Süleỳman ibn-e Seljuk Ybraỳym ibn-e Süleỳman ibn-e Myratdyr”. Ol türkmenleriň ähli ata taỳpalarynyň arkasy bolup durỳar. Hekim Süleỳman atanyň 22-nji ata-babasy Osman Razyallahu anahuwa baryp ỳetỳär." [21]
 
* Şol eỳỳamlardan galan Hoja Ýusup babanyň ỳadigärlik (Türkmanistan)
Bu şahsyỳete köpçilikde Süleỳman ata, ỳa-da Hekim ata we eserlerinde bolsa, Gul Süleỳman, Süleỳman Bakyrgany, Hekim Süleỳman ỳa-da Hekimhoja Süleỳman ỳaly dürli lakam-tahalluslarda meşhur bolupdyr.
Ondan galan eserleriň birinde:
Fakyr halymny sorsalar,
Maňa haçnama berseler,
Meniň adymny sorsalar,
Süleỳman Bakyrgany.

Gul Süleỳman okagyl,
Diwanalar taryhyn,
Aryflaryň ỳolunda,
Bolgul Ozüň diwana.

He-hejaneỳ, he-hejaneỳ.

... ỳaly setirler henize çenli türkmenlein dürli mynasybatlarynda "Zikir", "Küştdepdi" ỳa-da, aỳdym-saz görnüşde ỳerine ỳetirilỳär.
 “1950-nji ỳyl Yslambolda çap bolan Yslam enseklopediỳasynyň 1,5 tomunyň 101-nji sahypasynda onuň wepat bolan wagtyny 1166-1167 ỳagny Hojaahmet Ýasawynyň wepat bolan ỳylyny görkezỳär. Ýöne taryhçylaryň köpüsi 1186-1187-nji ỳyly takyk diỳip tassyklaýarlar.” [22]
Mowlana Ali ibn-il Huseỳn Waez Kaşifi" öz ỳazan “Reşhat eỳnilhaỳat" atly eserinde Hekim atanyň mesgen tutan ỳeri Horezm bolup, şol ỳerde “Akgorgan” ỳagny Akgala atly öwülỳäde (mazarçylykda) jaỳlapdyrlar. Onuň mazary ol ỳerde meşhur öwülỳäleriň biri bolup durỳar.” [23]
Onuň mazaryny takyklaşdyrmak üçin, Orta aziỳada “Akgorgan” ady bilen iki ülke bar. Bu ülkeleriň biri Buhara bilen Owgan serhetleriniň ỳakynynda ỳerleşen Şirabat diỳlen gyşlakda ỳerleşỳär. Bu hakda Fransiỳaly syỳahatçy G. Kapus gerekli maglumatlary berỳär. [24]
Ýene-de bir maglumat boỳunça Gülça diỳlen ỳeriň Günorta-Gündogar tarapynda mangollaryň hanlyklarynyň gadymy merkezi bolan Tegeş çöllüginde, Gyrgyzlar tarapyndan oňa “Akgorgan - آق قورغان” diỳlen harabaçylyk bar. [25]
Aỳdylỳan rowaỳatlara görä, Hekim atanyň mazaryny Horezmde diỳip çaklaỳarlar. Şonuň üçin G. Kapusyň bellän ỳeri hakykata ỳakyn bolmaly diỳlip çak edilỳär. [26]
Taryhçy Haýritdin Hojaniýazy - Horezm gazuw agtaryşynda
Umuman öwlatlaryň ỳerleşen öwülỳälerine “Akgorgan” ya-da “Aktorbat” diỳipdirler.
“Resaleỳe Hekim ata” adyndaky eserde, onuň mazary 40 ỳyl suwuň astynda galypdyr. Soň Hoja Jelaletdin diỳlen bir şahsyỳet ony tapypdyr. Bartold “Türkistannama” atly kitabynda Hekim atanyň guburyny häzirki Goňrat (Kungrad) diỳlen ỳerde diỳip belleỳärler.
Bartold beỳleki bir eserinde “Türkistanda Gürgenç diỳlen mekanyň suwa gark bolandygy barada maglumat berỳär. Şonuň Gürgençden başga-da derỳanyň Günbatar-Günorta gyralaryny ỳagny Hezar äsp ỳa-da koňratyň ỳanynda ỳerleşen Hekim atanyň gubury hem suwa gark bolỳar-diỳip belleỳär”. [27]
“Resaleỳe Hekim ata” eserinde görkezilşine görä, Hojaahmat Ýasawy, Hekim atada has görnükli ukyp görneni sebäpli ony halypa hökmünde Ýasawyỳe tarykatyny ỳaỳratmak üçin türküstanyň gündogar ülkelerine ỳollaỳar. Hojaahmat Ýasawy ony çagyryp şeỳle diỳỳär : “-Daňa ỳakyn bir düỳe seniň ỳanyňa geler.
Oňa münüp ỳola düş, düỳe haỳsy bir mekanda dursa, şol ỳeri ỳurt tutun!” Daň mahaly Hekim atanyň düỳesi geldi. Ol düỳä münüp ürşmesini göỳberdi. Düỳe Gündogara tarap ỳola düşdi. Ol düỳe Amy derỳadan geçip Horezmde “Binowa arkasy” diỳlen ỳlen erde durỳar. Hekim ata düỳäni her nähili ỳöretjek bolsa-da, ol ỳöremeỳär. Gaỳta düỳe seslenip bagyrỳar. Şonuň üçin ol mekan “Bakyrgan” adyna meşhur bolỳar. [28]
Onuň uỳỳan piri Hojaahmet Ýasawy, Ýasawyỳe aryfçylygynyň tarykat ỳolunyň göz başydyr. Hekim ata çagalykdan Hojaahmadyň ỳanynda terbiỳe alyp, Ýasawyỳe tarykatynyň dördünji halypasydyr. Ýasawyň dördünji halypasydyr. Ýasawye tarykaty Nagyşbendiỳe tarykatyndan 11 asyr öň döreỳär. Soňlarda Ýasawyỳe tarykatyň pirleriniň köpi türkmen - türk dilli halklardan çykypdyr. [29]
Hojaahmat Ýasawy hem öz nobatynda halypalyk hyrkasyny onuň göwni röwşen piri Ýusup babadan alyp, din ojagynda oturypdyr.
Hekim atanyň saỳlan halypalarynyň arasynda Zengi ata (Zeňňi baba) meşhurdyr. Zeňňi baba Taşkendiň daglarynda sygyr çopan bolupdyr. Ol Hekim atanyň dünỳäden ötendigini eşidip Horezme gelỳär. Onuň guburyna sygynyp dileg etỳär. Bir näçe wagtdan soň Hekim atanyň öz wesỳeti boỳunça onuň maşgalasy “Änber ene” bilen durmuş gurỳar.
“Reşhat eỳn il-haỳat” kitabynda görkezilşi ỳaly: “Onuň dogylan we mesgen tutan mekany Şaş welaỳaty bolupdyr. Onuň guburyna sygynanlar öz maksat-myratlaryna ỳetipdirler. Ol Baba Arslan piriň neberesi we Täçhoja piriň hem oglydyr. [30]
Onuň maşgalasy hem Budak (Pudak) hanyň gyzy (Mozzäker ehbab kitabynda Bugra hanyň gyzy) diỳip ỳazylypdyr. [31]
“Resalaỳe Hekim ata” eserinde ỳazylyşyna görä Änber (Ämmer) eneden Mahmut hoja, Asgar hoja, Hopby hoja atly üç perzendi galypdyr. [32]
 
Amy Derýa
Ýene-de “Ata türkmenleriň şejerenamasy” diỳen eserde onuň dört perzendi bolupdyr diỳlip olara Goçgar hoja (Goçgar ata) hem goşulỳar. Änber enäniň Zeňňi babadan hem bir näçe oglany galypdyr. Olar hem ulyma-öwlatlardan bolupdyrlar. [33]
Hekim ata Demirgazyk türk-türkmenleriniň arasynda keramatly aryflykdan öteri din ugrunda şahyrçylyk hem edipdir. Ol öz piri Hojaahmet Ýasawynyň ỳolunda “Hikmet” stilde şygyr aỳdypdyr.
Türkmenleriň öňki mekdephanalarynda (Hüjreler) sapak predmeti hökmünde hem golỳazmada neşir edere nusga kitaplaryň hatarynda Hekim atadan bäri, “Bakyrgan kitaby”, “Ahyrzaman kitaby”, “Hezret Merỳem kitaby” we ỳene-de bi näçe şygyrlar ỳaly eserleri peỳdalanylypdyr.
Ýatlanan eserlerde Bakyrgan kitabynyň dürli nusgalary türk dilli milletleriň arasynda giňden ỳaỳrapdyr. Bu eser ilkinji gezek 1846-njy ỳylda Gazagystanyň Kazan şäherinde çap edilỳär. Ol 14 sany şahyryň goşgularyndan ybarat bolỳar. Onda 125 şygyr bilen 8 sany manzum hekaỳalar bar. Şolaryň arasynda 44 sany goşgy Hekim Süleỳman atadan, 21 goşgy Şemsetdin, 19 goşgy Ygaỳi, 13 goşgy Obeỳdi, 12 goşgy Hojaahmet Ýasawy, 4 goşgy Şeripden, 4 goşgy Hudadatdan hem-de Şeỳhudy, Gazzaly Şihi, Fakyry, Kasym we Garyby ỳaly şahyr-aryplaryň hersiniň 1-2 sany eserleri bilen, goşgy görnüşde mazmunlaşỳar. Soňundan 8 mazmun hekaỳa; olardan 3 hekaỳa Şemsetdinden, 2 hekaỳa Hekim atadan, Bir hekaỳa Obeỳdulla, bir hekaỳa Hytaỳydan we ỳene-de bir sany awtory näbelli goşgy, ony hem Hekim atadan diỳip çaklanylỳar. Bakygran kitaby 1857-1877-1903-nji ỳyllarda Kazan şäherinde çap bolỳar.
Hekim atanyň döwründe “Ahyrzaman” diỳlen kitaby düzülỳär. Bu kitap “Tagy ajap kitaby” ady bilen “Behr-e hizzej” galypda dörtmelerden doly 16 sahypa, 1847-nji ỳylda Kaza şäherinde çap edilỳär. Bu kitapda kyỳamatdan gysga teswir görkezilip, käbir dörejek hadysalaryň anyk wagtyny görkezmekde gürrüň gidỳär.
Amy Derýanyň joşýan möwsümleri
Kitaplaryň arasynda “Hezreti Merỳem” diỳlen kitap uly göwrümli “bähri medid” galypda goşulan goşgular bilen, 1878-nji ỳylda Kazan şäherinde çapa berilỳär. 1895-nji ỳylda S. M. Matwiỳew, bu eseri "Orta Azianyň derwüşler tegelenşiginde - jähr ", hökmünde köpçülikleỳin okalypdyr” -diỳip belleỳär. Onda Hezret-e Merỳemiň hekaỳasy owadan dramada suratlanyp gidỳär.
Şol döwür resalalarynyň arasynda Hekim atanyň resalasy has ähmiỳetli okalypdyr. Şonuň ỳaly rowaỳatlar köp asyrlap demirgazyk türkileri, hamana Gyrgyzlaryň arasynda has giňden ỳaỳrapdyr. Bu eser boỳdan-baş legenda görnüşde we Hekim ata hakdaky rowaỳatlardan ybarat bolỳar.
Bu legendalara yslam sufistleri “Öwülỳäleriň keramaty” -diỳip düşünỳärler. Bu eserde Hekim atanyň durmuşy hakda maglumat berilỳär. Mysal üçin, şu aşakdaky rowaỳatda şeỳle görkezilỳär: “Ol çaga mahalynda mekdephananyň beỳleki çagalaryna görä, kurhany boỳnundan gyssyrmaỳardy. Ol kurhany başynda saklap hormatly göterỳärdi. Okuw sapagy gutaran mahalynda mekdephanadan yzlaỳyn ỳüzi mekdephana tarap daşary çykỳardy.” Elbetde şol edep-ekram türkmenleriň mollalarynda köplenç bolupdyr.
Günlerde bir gün Hojaahmet Ýasawy metjidiň gapysynda oturan mahaly, bu çaganyň beỳle bolşundan örän hoşhal bolỳar. Onuň ene-atasynyň razylygy bilen okuw terbiỳesini öz üstüne alỳar. Süleỳman 15 ỳaşlykdan Hojaahmedyň müdiri bolỳar. Bir gün Hyzyr aleỳhussalam Hojaahmetlerde myhmançylykda bolỳar. Hojaahmet çagalary odun getirmäge iberipdir.
Çagalar gaỳdyp gelşin güỳçli ỳagyş ỳagyp olaryň odunlary öl bolupdyr. Getirilen odunlaryň arasynda Süleỳmanyň oduny gurak galypdyr. Ol öz eşigini odunyň daşyna orap, öl bolmakdan saklapdyr. Şonda Hyzyr ata oňa “Hekim” diỳlen lakamy beripdir. Soň türkmen däbini eỳerip agzyna tüweläpdir. (Bu yrym türkmen taỳpa-tirelerinde bolupdyr. Taỳpa-tireleriň içinde haỳsydyr bir ỳaşyulylaryň biri çagany tüwelemek bilen özündäki bolan keramaty oňa geçirdigi diỳip düşünipdirler). Hyzyr ata bu sahnanyň şaýady bolan halatynda şeỳle diỳipdir: “-Hudaỳa! bu çaga paỳz ỳagdyr!”. Hekim atanyň göwni paỳzdan dolupdyr. Şonda Hekim ata şu aşakdaky bent goşgyny aỳdypdyr.:
Eski üski burkym bar,
Saryk sarsak görküm bar,
Şyỳhym ututga izse,
Barmaska ne erkim bar
.
He-hejaneỳ, he-hejaneỳ. ...
******
Atalaryň, Ýusup baba atadan Şyỳh Jemaletdin Buhariỳe çenli nesilleriň şejerenamasy
Kähalatlarda türkmenleriň arasyna goňşy milletler ỳa-da tireler bilen agzalylyk düşen mahallarynda olaryň arasynda parahatçylyk döretmekde ỳatlanan dört topar öwlatlar syỳasy-jemgyỳetçilik rol alyp barypdyrlar. Ähli türkmenler olaryň töwellasyny alypdyrlar. Sebäbi olar bilen ỳagy bolmaklygyň ỳaman netijesi bolar diỳip düşünipdirler. Şonuň üçin bu dört toparyň agzalary biri-birine garşy duran toparlaryň aralaryna aňsatlyk bilen töwellaçylyk edipdirler. Kähalatlarda talaňçylar tarapyndan talanan mallary hem alyp eỳelerine gowşuryp bilipdirler. Şonuň üçin öwlatlar agzyalalşan taraplaryň arasynda syỳasy taỳdan örän ähmiỳetli rol alyp barypdyrlar.
Umuman Etrek-Gürgen türkmenleriniň arasynda ulyma-ruhanylaryň ähmiỳeti türkmen jemgyỳetçiligini şerigat kanunlary boỳunça alyp barmaklykda-da esasy rol oỳnapdyrlar. Daşky ỳurtlardan Türkmensära syỳahata gelen syỳahatçylar bu barada dürli pikirler hem garaỳyşlar ỳaỳradypdyrlar. Şolaryň arasynda belli syỳahatçy A. Wamberi hakda “Gyzyl Ependi” diỳlen bir rowaỳat hem bar.

* Orta asyrlardan (XIV-XV aa.) Türkmen döwleti Garagoỳunlylar
nesilşalygy tarapyndan bina edilen Töwrizdäki Gok mesjid
“Etrek-Gürgen türkmenleri bilen Osmanly türkmenleriň arasynda gadymdan bäri hemişe gatnaşyk bolup durupdyr. A. Wamberi türk dili bilen arap dilini örän oňat bilip öwrenip sünni musulmanlaryň däp-düzgünlerini çuňňur öwrenen syahatçylaryň biridir. Ol türkmenleriň gadymy oturumlaşan ỳeri bolan Kümüşdepe şäherine gelip metjitde türk ruhanysy hökmünde ençeme wagtlap ymamlyk edipdir.
(Elbetde A.Wamberiniň dini hristiỳan dini; ol musulman dinini kabul etmeỳär). Günlerde bir gün Gyzyl Ependi metjide giren mahaly birinji sag aỳagy bilen metjide giripdir. Mesjide girmek hem ilki haỳsy aỳak bilen işikden basmak barada ol ỳerde dini däp-dessur hökmünde hemmelere öwredilỳär. Şonuň üçin bir türkmeniň ünsi oňa düşüp munuň musulman däldigini açypdyrlar. A. Wamberi gaty gynlyk bilen ol jemgyỳetiň elinden özüni halas edipdir”. [35]
Etrek-Gürgen türkmenleriniň arasynda metjide girilen mahaly ilki çep aỳagyň bilen girmegiň garaỳyşy “Ýykylsagam ỳüregim metjide düşsün”, metjitden çykan mahalyň sag aỳagyň bilen çykmagyň sebäbi “Ýykylsam ỳüregim metjitde galsyn” – diỳlen düşünje bar.
Soňlarda A. Wamberi Kümüşdepäniň ulymalaryna 50 günlik namazlaryny halallamak üçin şonça gün namaz okamalydyklaryny habar ỳollaỳar. ... Dowamy

Thursday, July 16, 2009

5. Öwlat:

Türkmenler yslam dinini kabul edenlerinden soñ araplaryñ arasynda dört çaryỳarlara degişli nesilleri türkmensähralaryna gelip siňipdirler. Olar türkmen medeniỳetini kabul etmek bilen yslam dinini ỳaỳratmakda esasy rol alyp barypdyrlar. Öwlatlar diñe türkmenleriñ arasynda däl-de, eỳsem beỳleki musulmanlaryñ arasynda-da has hormatly seredilipdir. Türkmen taỳpa-tireleriniñ arasyna agzalalyk düşen ỳagdaỳlarda araçy, töwellaçy bolup gatnaşypdyrlar.
Öwlatlaryñ türkmen şejerenamasyna atlary girmeỳär. Olary türkmenleriñ şerif taỳpalary hökmünde sylaglanỳarlar. Olar Hoja, Seỳt, Şih, Magtym, Ata diỳlip bäş at bilen saỳlanỳarlar. Seỳt bilen Hoja taỳpalary pygamber aleỳhussalamyñ öwlatlaryndan örňäp gelỳärler. Ýagny Hezret Aly kelamyllah-o wajha-nyñ nebereleridir. Şih taỳpalary bolsa, Hezret Abubekir sitdik razyallah-o anaho-nyñ öwlatlarydyr.
“Öwlatlaryñ şejerenamasyny aşakdaky çyzuwda Nuh pygammerden bäri görkezilỳär.” 18

Magtym (Mahtum) taỳpalary Hezret Omar razyallah-o anaho-nyñ öwlatlarydyr. Ata taỳpalary bolsa, Hezret Osman razyallah-o anaho-nyñ öwlatydyr[19]
“Hoja taỳpalary XII tirä bölünip aşakdaky şahalardan ybarat:
1. Berdili,
2. Jemhur,
3. Gymylan,
4. Şagla,
5. Geçi aỳak,
6. Alañlar,
7. Göttikmeliler,
8. Baỳtally,
9. Tat,
10. Peder köş,
11. Garalar,
12. Geçilije,
... -
diỳilip türkmenleriñ arasyndaky tirelere bölünipdirler”.[20] 

* Öwlatlaryň köpüsi Köneürgençde ỳerleşipdir
Eỳrandaky türkmenler olara hormatsyzlyk bolaỳmasyn diỳip guda-garyndaş hem bolmaỳarlar. Ýagny olardan gyz alyp gyz bermeỳärler. Şeỳle nakyl hem bar: “Mollaly oba musulman, Hojaly oba kapyr”. Ýagny obanyñ içinde Hoja bar bolsa, adamlar ỳuwaş-ỳuwaşdan oña öwrenişip hormatsyzlyk etmäge sebäp bolar, diỳlip çekinipdirler. Olary horlamak we bihormatçylyk etmek ỳagny olaryñ ata-babalaryny ynjatmak diỳip düşünipdirler. Ýene-de bir nakylda “Hoja, ỳangapdalda sataş!” -diỳipdirler. Ýagny olar bilen diñe salamlaşyp öte geçmeli. Pygamber hudaỳyñ dilinden bolan nakylda “Hudaỳlykly hojany, hudaỳ üçin sylamaly, Erbet bolsa, meniñ üçin sylamaly! ”. ... Dowamy

Wednesday, July 15, 2009

4. Işan:

Nagyşbendiniỳe tarykatyñ sopy wekillerine “Işan” diỳipdirler. Işanlar sopyçylyk bilen meşgullanyp dini däpleri we sünnetleri berjaỳ edỳärler. Olar Türkmensährada hormatly şahsyỳetler hasaplanỳar. Hepdäniñ her penşembe we jumga günleri ylahyỳet ylymlaryny öwrenmek üçin mesjitlere ỳygnanyşỳarlar.
“Olar Abd al-Halyk Gijduwanynyň ýoly bilen Hoja Ahmet Yasawynyň ýollaryny esas edinip, jemi 11 düzgünden ybarat derwüşçiligiň täze ýoluny döredipdir. Halk arasynda onuň gudraty barada birnäçe rowaýatlar bar. Bu gudratly piriň gubyrynyň üstünde 1544-nji ýylda Şeýbanylar şanesliniň hany guburhana (mowzoleý) gurdyrýar. Tiz wagtdan bu ýer zyýarathana öwrülýär. Onuň gubryna üç gezek zyýarat etmegiň özi bir gezek Mekgä gidip, hajy bolmak bilen barabar diýen ynanç ýaýrapdyr.
Nagyşbendiçilik wagtyň geçmegi bilen Müsürden Indoneziýa, Kawkazdan Hindistanyň demirgazyk çäklerine çenli, musulman dünýäsinde giň ýaýran sopuçylyk ýörelgeleriniň birine öwrülipdir. Nagyşbendiçiligiň Türkmenistanda has täsirli, tarapdarlarynyň köp bolandygy barada maglumatlar köp gabat gelýär. Araly işanyň, Zynharynyň, Seýdiniň, Magtymguly atamyzyň ak pata almak üçin huzuryna baranlary -Nyýazguly halypa (1821-nji ýylda ýogalan) nagyşbendiçilik ýolunyň görnükli pirleriniň soňkylarynyň biridir. Nagyşbendiçilik Abdyrahman Jamy, Nowaýy, Ahmet Ýasawy, Azady, Magtymguly, Andalyp, Şeýdaýy we Talyby ýaly Gündogaryň beýik şahslarynyň birnäçesiniň döredijiligine täsir edipdir. Magtymguly: Bir gije ýatyrdym, şa Nagyşbendi,Keremi joş eýläp, bir nan getirdi. Sag elinde bada-gülgün şeraby, Sol elinde täze bürýan getirdi. diýmek bilen Nagyşbendi ýolundan taglym alandygyny aýdýar.” [Web Resource]
Işanlar her gije ỳassy namazy okanlaryndan soñ ỳygnanyşyp sopyçylyk tarykatyny berjaỳ edỳärler. Kä halatlarda türkmenler olara tebiplik derejesine çenli ynanypdyrlar. Çagalar näköklän mahallarynda işanlaryñ ỳanyna alyp baryp näkök çaga dem saldyrypdyrlar. Olar keramatly adam hökmünde saỳlanypdyrlar. Günorta-Günbatar türkmenleriñ arasynda işanlar hakda dürli rowaỳatlar hem aỳdylỳar. Çaga dogurup bilmeỳän durmuşly maşgalalar olara ỳykylmagy bilen şypa tapan az bolmandyr. Türkmenler işan we öwlatlar aradan çykandan soñ jaỳlanlarynda üstüne günmez dikeldip mowzeleỳ gurmak däbi bilen olary hormatlapdyrlar. Türkmen zenan maşgalalary oña zyỳarata gidipdirler. Rowaỳatlaryñ arasynda Kümüsdepe-Esenguly etraplarynda ỳaşap geçen Berdijepbar işan hakda aỳdylan rowaỳat has gyzyklydyr. Ol etraplaryñ ỳaşaỳjylary deňiz gyrasynda ỳaşaỳandyklary üçin deñiz söwdasy bilen meşgullanypdyrlar. Günlerde bir gün türkmen täjirleriniñ nawlary deñziñ ortasynda suwlap gark boljak halatynda, olar Berdijepbar işanyñ adyndan nazr aỳdyp sygynypdyrlar. Şeỳle howuply ỳagdaỳda nawyň döwülen ỳeri birden-ikä beslenip gidiberipdir. Nawçylar gark bolmakdan halas bolup, deñziñ gyrasyna çykypdyrlar. Henizlere çenli bir adam howply ỳagdaỳa duçar bolanda “Ýa Berdijepbar işan!” -diỳip oña sygynỳarlar. Häzir onuñ nebereleri Esenguly etrabynda ỳaşaỳarlar.[17] - Şeỳle işanlaryñ arasynda Ketde Pir Işan (Işan kaka, asly Hywa Buharaly türkmen Hojanepes etrabynda ỳaşap ỳañy ỳakynda dünỳäden gaỳdỳar.), Gara Işan, Ata Işan (Beỳik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyñ nebereleri), Posalak Işan (Asly Balkanly belli Gara Işanyñ ogly), Ak Işan, Hakberdi Işan we Berdijepbar Işan ... ỳaly işanlar halk arasynda belli özüni tanadan keramatly adam bolupdyrlar. ... Dowamy

3. Kary:


Kurhan okamak üçin dini medreselerden ỳörite rugsat edilen şahslara “Kary” diỳlipdir. Kary arap dilinde okyjy diỳmekdir.
Etrek-Gürgen türkmenleriniñ arasynda çagalary doga ỳa-da saỳ-sebäp boỳunça gözi nahoşlap görmekden mahrum bolanda, olary diñe mesjit-medrese-hüjrelere bagyşlapdyrlar. Olar sapakda hemişe oturyp kurhany ỳatlapdyrlar. Olar kurhany boỳdan baş owazly kara’at edipdirler. Şonuñ üçin Eỳranda karylaryñ ep-eslisi görmekden mahrumdyrlar. Elbetde bu däp Muhammet Pygamberiñ döwründen bäri bolup durupdyr. Sebäbi, Muhammet Pygamberiñ ỳazuw sowady bolmany üçin wagyz bolup inỳän aỳa-süreleri öz ỳanyndaky hemişe saklaỳan ỳörite karylaryna ỳat tutdyrypdyr. Sebäbi, öňde belläp geçşimiz ỳaly ol döwürde Hijaz arabystanda sowatly adam bolmandyr. Häzirki döwürde Türkmensährada belli-belli karylar meşhurdyrlar. Hojanepes etrabyndan Görükli Kary çükgän (ol 1986-nji ỳylda Päkistanda geçirilen konkursda dünỳä meşhur arap karysy Abdylseỳit (Abdulbasit) bilen konkurensiỳada deñ çykyşyp uly orny eỳelän karylaryñ biridir.) Ýene-de atasy Buharada okuwyny tamamlap gelen Bäşỳuwsgaly belli Hajyberdi Kary Iri, AkmAt Kary, Aky Kary Kelteỳi Bendertürkmen şäherinden, Nurjan Kary Akgamyşdan, Arazgeldi Kary Arapsent obadan, Annamuhammet Kary Kötügi Sallah obasyndan,... ş.m. belli-belli karylar bar. ... Dowamy

Tuesday, July 14, 2009

2. Molla:

Dini hüjre-medreselerde ders okaỳan talyplara “Molla” diỳipdirler. Türkmensähranyñ dürli künjeklerinde dini hüjre-medreseler, molla-telebelere sapak bermek üçin gurlypdyr. Bu medreselerde kursyñ dowamy 5 ỳyldan 10 ỳyla çenli uzaga çekỳär.15

Okuwçy telebe okuwyny tamamlandan soñ ahunlyk derejesine laỳyk bolỳar. Alym molla ahunlyk patasyny alan gününde ähli kowum-garyndaşlary, dost-ỳaranlary ỳygnanyşyp toỳ-tomaşa gurup, dini däp-dessurlary berjaỳ edỳärler. Alym mollany ahunlyk patasyny berilen badyna dost-ỳaranlary bilen doganlary: “-Bu biziñ depämiziñ täjidir!” -diỳip boỳunlaryna mündirip alyp gaçỳarlar. Olar (Al-olama-o warasat ol-anabia) ỳagny ulymalar pygamberleriñ mirasdarlarydyr! -diỳlen hadysa uỳỳarlar.16 Şeỳlelik bilen okuwçy molla ahunlyk mertebesine eỳe bolỳar. Kä halatlarda okuwyny tamamlap bilmäni ömür molla bolup galanlar hem az bolmandyr. Olar hemişe molla ady bilen galỳarlar. ... Dowamy

1. Ahun:

Türkmen sünni ahunlar gadymdan bäri yslam dininiñ iki uly merkezi bolan Buharaỳe şerif we Hywadaky hüjre-medreselerinden bilim alyp türkmensähra dolanyp gelipdirler. Olara, ol medreselerde arap-pars we beỳleki dilleri öwredipdirler. “Türkmen ylymdarlary Eỳran bilen SSSR-iñ arasynda serhet çekilinçä Hywa, Buhara medreselerinden bilim alyp gaỳdypdyrlar. Ol döwürde okuwlar arap we pars dillerinde alynyp barylypdyr. Yslam dininiñ taglymatlaryny we däplerini ündeỳän “Sopy allaỳar”, “Rownak ul-yslam”, “Şerigat kanunlary”, “Mohyt”, “çarkitap”, “Tefsir”, pars we arap dillerine we grammatikasyna türgünleşmek üçin “Nowaỳiniñ”, “Fizulynyñ”, “Hafeziñ”, “Beỳdiliniñ” we beỳleki eserleri okadylypdyr. Medreselerde arap diliniñ grammatikasy, “Logika”, “(mantak)”, musulmançylyk hukuklar, dessurlar, “Mesele”, “Wakalara düşündiriş”, “(Şerh il-wakaỳa)”, “Hekmet il-laỳyn” esasy dersler hökmünde ykrar edilipdir. “Awwal-e Elm”, “Düşündiriş”, “Towzih”, “Hadis”, “Gazy Beỳzewiniñ düşündirişi (Tewsir-e Gazỳe Beỳzewi)”, “Maglumat-e afak ” we ş,m. Sapaklary okalypdyr.”10
Türkmensähra ulymalarynyň biri Kümüşdepeli tagsyr Welijan Ahun
Häzirki döwürde bolsa, Eỳranda ähli dini taglymatlar türkmenlere mahsus bolan dini merkezlerde öwredilip dürli derejelere laỳyk bolỳarlar. Ahunlyk mertebesi bolsa, Ahunlar geñeşiniñ ỳa-da komisiỳasynyñ tarapyndan, ahunlyk derejesini aljagyñ ylmyny, bilimini, maliỳe ỳagdaỳyny, ỳaşyny (ortaça 45-50) ỳaşy göz öñünde tutulyp berilipdir.11

Olar ahunlyk derejesini alanlaryndan soñ özlerine dgişli mejjit, hüjrelerde ymam bolup, sapak berip wagz nesihat edip gezỳärler.
“Buhara medreselerinden bilim alan ahunlar, köplenç ỳagdaỳda, oba mekdeplerinde mugallym bolup işläpdirler we ösüp barỳan nesliñ terbiỳelenmeginde öz täsirlerini ỳetiripdirler”.12

“Türkmenlerde mesjit-medreselere üşür, zekat bermek elmydama bolup dorupdyr. Ylaỳtada çagalaryny ol ỳerde okuw-terbiỳe berilmek üçin has ykjam bolupdyrlar. Türkmenler çagalaryny okadanlary üçin hasylynyň 10-dan 1-ni (ondan birini) sylag hökmünde olara töläpdirler. Olardan okuw okatmanlary, dindar adamlaryñ haỳyr-sahawatynyñ hasabyna ỳaşapdyrlar”.13
* Eỳran türkmenleriniň häzirki döwür ulamalary
“Türkmen oazislerinde ỳaşaỳan ilatyñ durmuşy, ỳazuwda görkezilmedik, adat bilen ỳöredilỳärdi. Aỳratyn şahslaryñ, uruglaryñ, taỳpalaryñ aralygyndaky jedelli meseleler aksakgallaryñ gatnaşmagynda adat boỳunça çözülỳärdi. Şerigatyñ kanuny maşgala we miras bilen bagly bolanynda ulanylỳardy. Galan ỳagdaỳlarda oña selçeñ ỳüz tutulỳardy. Şeỳle ỳagdaỳda kazynyñ (sudỳanyñ) wezipesini mollalar ỳerine ỳetirỳärdiler. Doglan çagalaryñ, däp-düzgüni, sünnet edilşi, ỳaş çatynjalaryñ nikalanylyşy, aỳrylyşmalary, adamlaryñ ỳogalyşlary, tereke (miras) bilen bagly geçirilỳän çözgütler, mollalar tarapyndan şerigatyñ kanuny esasynda ỳerine ỳetirilỳär.”14
Erejep Ahun Sayatly
Erejep Ahun
Akgala şäherinden Nazar Ahun Tagsyr Mahyry, Kümüşdepe şäherinden Buharada okap gelen Baỳramgeldi Ahun (1980-nji ỳylda onuñ belli ahun ogly Abdyjan Ahun Eỳran Yslam Respublikasynyñ baştutany ymam Homeỳniniñ tarapyndan ähli Türkmensähra ilatynyñ ỳörite saỳlanan wekili boldy) we Rejeb Ahun Sayatly,Çynsawul (Çynsebil) etrabyndan Aỳdjan Ahun Çynsawuly, Mämmet Ahun Gürgeni (ikinji jahan urşundan soñ Muhammetrza Pählewi patyşa bolan döwründe Eỳranyñ milli mejlisiniñ, türkmenleriñ tarapyndan birinji wekil bolup saỳlanan hem-de 1925-26-njy ỳyllardan soñ, Jüneỳthan Türkmensähra baranda ỳolbaşçylyk edip Owganystana çenli ỳola salan ahundyr. Jüneỳthan sylag üçin ony öz giỳewisi edip bir gyzyny şol ahuna tabşyryp gaỳdỳar.), Hajy Ahun Tagsyrlar, 1920-1924-nji ỳyllarda Eỳran Türkmenleriniñ Garaşsyzlyk Jümmüşinde Prezidentlik ỳolbaşçylygyny alyp baran Tagsyr Osman ahun,


Eỳran türkmenleriniñ arasynda XX asyryñ I ỳarymynda Hywa, Buhara medreselerinde okap gelenleriñ özi hem nesilleriniñ birnäçesiniñ ady şulardan ybaratdyr:
Osman Ahun
Bäşỳuwusga etrabyndan Adynajan Ahun Ýaraly ( Bu şahsyỳet Eỳranyň meşruta gozgalaňyndan soň ikinji tapgyr Eyranyň Milli Şura Mejlisiniň ilkinji wekili bolup saỳlanỳar.)
Adinajan Ahun (Annajan Ahun) Ýaraly
 
Welijan ahun, Annagylyç Ahun Nagyşbendi, Amangeldi Ahun Hanafi Hojanepes etrabyndan, Teñli Ahun Garakçy Kümmetkowus şäheriniň Erfanabat etrabyndan, Buharadan Türkmensähranyñ Gürgen derỳasynyñ boỳundaky Hojanepes obasyna göçüp baran Ketde pir işanyñ ogly Abdylla Ahun Magfury, Hojaguly Ahun Etisami Kör, Welimuhammet Ahun Arzaneş (1979-nji ỳylda Türkmensähra türkmenleriniñ lider wekili), Telaỳi Ahun,...dagylar has meşhurdylar. ... Dowamy

Monday, July 13, 2009

b). Ruhany-ulymalaryñ tutỳan orny we onuñ ähmiỳeti :

Her bir jemgyỳetçilikde ỳa-da her bir milletde bolşy ỳaly türkmenlerde hem elmydama ỳaşulylary we ulyma-ruhanylary bolupdyr. Olar köpçüligiñ arasynda il başlygy derejesinde rol alyp barypdyrlar. Türkmen jemgyỳeti olara hormat bilen seredipdirler. Olara “Tagsyr” diỳip ỳüzlenipdirler. Tagsyr diỳmekligiñ manysy “Men seniñ ỳanyñda sözüm gysgadyr.”.
Türkmenlerde ruhanylaryñ täsiri hemişe uly bolupdyr. Onuñ sebäbi türkmenleriñ jemgyỳetçilik kanunlarynyñ şerigat we dini kadalary hem umumy däp-dessurlary boỳunça çözgüdini tapypdyrlar. Toỳlaryna, ỳaslaryna we dawaly meselelerinde goşulypdyrlar.
Häzirki döwürde ruhanylar türkmen jemgyỳetiniñ ähli durmuşyna öz täsirini ỳetirip durlar. Olar yslam jemgyỳetiniñ sütünleri hökmünde belli bir jemgyỳet gatyny döredỳärler. Eỳran Türkmenleriniñ arasynda ruhanylar we alymlar aşakdaky tertipde tapawutlanỳar.
Her bir jemgyỳetçilikde ỳa-da her bir milletde bolşy ỳaly türkmenlerde hem elmydama ỳaşulylary we ulyma-ruhanylary bolupdyr. Olar köpçüligiñ arasynda il başlygy derejesinde rol alyp barypdyrlar. Türkmen jemgyỳeti olara hormat bilen seredipdirler. Olara “Tagsyr” diỳip ỳüzlenipdirler. Tagsyr diỳmekligiñ manysy “Men seniñ ỳanyñda sözüm gysgadyr.”.
Türkmenlerde ruhanylaryñ täsiri hemişe uly bolupdyr. Onuñ sebäbi türkmenleriñ jemgyỳetçilik kanunlarynyñ şerigat we dini kadalary hem umumy däp-dessurlary boỳunça çözgüdini tapypdyrlar. Toỳlaryna, ỳaslaryna we dawaly meselelerinde goşulypdyrlar.
Häzirki döwürde ruhanylar türkmen jemgyỳetiniñ ähli durmuşyna öz täsirini ỳetirip durlar. Olar yslam jemgyỳetiniñ sütünleri hökmünde belli bir jemgyỳet gatyny döredỳärler. Eỳran türkmenleriniñ arasynda ruhanylar we alymlar aşakdaky tertipde tapawutlanỳar. ... Dowamy

a). “Yslam jemagatynyñ ” önen ỳerligi we onuñ görnükli din wekilleri :

Öñde belläp geçilen wakalar hem dini wekilleriniñ we olaryñ dini garaỳyşlarynyñ tapawutlanyşy barada umuman aỳdylanda, yslam dini dört mezhep görnüşinde tapawutlandyrylypdyr. Olar aşakdakylardan ybarat bolỳar:
1. Täsännon jemagaty (Ähli Täsännon “Hanafiỳe”): Hezreti Ymam Agzam Abu Hanyfanyñ dini ỳörelgesini ỳöreden we şoña uỳan musulmanlara diỳlipdir.
2. Şapygy (Şafeiỳ)
3. Hanbeli
4. Maleki
Emma “Asna aşari” ymamyỳeler ỳagny şaỳilary bu dört mezhebe goşmandyrlar. Onuñ sebäbi diniñ parz hem sünnetleri berjaỳ etmeklikde öz aralaryndaky gapma-garşy düşünjeler bolupdyr. Elbetde taryhda onuň sebäpleri, çarỳar halyflyklaryndan bäri özara göreşlerinden gözbaş alỳar.
Yslam dinini taryhy Jümmüşleriniñ dowamynda çarỳarlar halafatlygy tarapyndan öz dini roluny hut pygammer hudaỳyň taglymatlary esasynda ỳerine ỳetiripdirler. Ol döwürden başlap Muhammet Pygamberiñ dini däp-dessurlaryny ỳagny sünnetini we şerigat kanunlaryny hem ideologiỳasyny göreldelik alyp ỳöretmek ugrunda belli din wekilleri döräpdir. Şolaryñ arasynda Türkmenlerde esasy rol alyp baran garaỳyş ählisünnet weljemagatynyñ sünnetleri bolupdyr. Munuñ täsirli dini halypalarynyñ birinjisi Ymam Agzam Abuhanyfa hezretleriniň alyp baran we berjaỳ eden dini şerigat ỳoly bolupdyr. Ol fyk ylymyny deslapdan ỳazga geçiren hem sahabalardan pata alan müjtehit ymam bolupdyr.
“Bu yslam dininiñ güỳçli sufistik adatlaryny özünde jemlän alym, hijri ỳylyndan 80 ỳyl geçende, gurban aỳyñ başky güni Küfe şäherinde Abumälek ibn-e Merwanyñ halypa wagtynda eneden dogulypdyr.”Abu Hanafiniñ atasynyñ ady “Sabyt”, enesiniñ ady bolsa “Horşyt” bolupdyr.. Abu Hanyfa uzyna ỳakyn orta boỳly bugdaỳ reñkli az geplegen owazy ỳakymly örän dilewar has owadan adam bolupdyr." 7
Ymam agzam Abu Hanyfa ömründe 7000 gezek kurhany okap hatm edipdir. Otuz ýyllap agzy bekli, ruzaly gezipdir. Kyrk ỳyllap ỳanyny ỳassyga berip uklamandyr. Elli ỳyllap taharatly (tähretini bozman) ertir namazyny okapdyr. Ellibäş mertebe beỳtyllaga haç edipdir. Ýüz gezek Alla tagalany düşünde görüpdir. Mahlasy Abu Hanyfa pygamber sypatly perişde häsiỳetli keramatly, ägirt ylymly şahsyỳet bolupdyr.Türkmenler umuman sünni garaỳyş bilen öz dini medeniỳetlerini alyp barỳarlar. Abu Hanyfanyñ şahsyỳetini we onuñ din ugrunda alyp baran sufistik garaỳyşlaryny metjitlerde wagz edip çykyş edỳärler. Abu Hanyfa hakda dürli rowaatlary orta oklaỳarlar. Olaryñ arasynda şeỳle rowaỳata gabat gelỳäris:
“Abu Hanyfa bir gije namaz okamak üçin Mekge şäherindäki Käbe binasynyñ içine girip iki reket namaz okaỳar. Birinji reketinde kurhany başyndan başlap ỳaryna barynça okapdyr. Ikinji reketinde hem galan ỳarysyny okap kurhany hatm edip salam berende dañ atypdyr. Ol hudaỳyñ dergähine şeỳle uzak mynajat edenine kanagat etmän, aglapdyr. Hudaỳa şeỳle ỳüzlenipdir: “Eỳ bar hudaỳa! bu ejiz bende saña laỳyk ybadat etmäni başarmady, ỳöne seni berhak tanady, meniñ ybadatymdaky kemçiligi, sizi kämil tanamak üçin günämi bagyşlañyz!” -diỳende, beỳtyllanyñ diwarlaryndan “hataby-ylahy (Allanyň ỳüzlenmesi)” gelỳär. Onuñ terjimesi şeỳle: Eỳ Abu Hanyfa! Men seni we seniñ ỳörelgäñi alyp baranlary hem seniñ mezhebiñde duranlary kyỳamata çenli bagyşlaỳaryn.” 8
Eỳrandaky türkmenler eger mezhep taỳdan ymam Agzama uỳan bolsalar, tarykat boỳunça Muhammet Bahawetdin Nagyşbendiỳe hezretlerine tabyn bolupdurlar. 717-nji hijri ỳylyñ aşyr aỳynda Buhara şäheriniñ Gasre Arefan diỳlen obasynda Muhammet ibn-e Muhammet diỳen şahsyỳetiñ içeri maşgalasynda Bahawetdin (Bähäwetdin) atly oglany dünỳä gelỳär. Ol dini içeri-maşgalada terbiỳelenip, ỳaşlykdan ylym-bilim bilen meşgullanyp dini sufistik ylymynda, mertebesi ỳokary derejä göterilỳär. Hoja Muhammet Bähewetdin Ngyşbendiniñ terbiỳesinden ep-esli alymlar sünni diniñ äleminde tarykat ỳolundan akym alỳarlar. Şolaryñ arasynda Abu Mansur Matoridi, Şih Ahmet Ýasawy, Şih Hapby ata, Şih Sagyt ata, Şih Hekim ata, Badratdin Muhammet ata, Andejan Sofi el-Samargandi, Şih Allaỳar ibn-e Temirỳar, Hindu hoja Türkistany, Hoja Ala’atdin el-Buhary, Abdulhalyk Gajdawany,... ỳaly belli-belli alymlar bolupdyr. Oña “Hezret Şanagyşbendi” hem diỳlipdir.
Hezreti Şanagyşbendi özboluşly sufistik dini tarykat ỳoly döredỳär. Şonuñ üçin türkmenler: “-Biz Nagyşbendiniñ tarykatyndan!”-diỳỳärler. Esasan türkmenler şu tarykat ideỳany alyp gaỳdan pirlere henize çenli uỳỳarlar.
Eỳranda häzirki Türkmensährada Akgala bilen Bendertürkmen şäheriniñ aralygynda Hojalar obasynyñ gyrasyndaky öwülỳaçylykda Bähäwetdin ata diỳlen bir gonamçylyk bar. Aỳdylỳan rowaỳatlara görä, Hoja Bahawetdin Nagyşbendi Mekgä zyỳarata gidende şol ỳerde näçe wagtlap düşläpdir. Şonuñ üçin Türkmensähradaky türkmenler ỳyl on-iki aỳlap anna günleri onuň ỳadygärliginiň başyna zyỳarata barỳarlar.Hezreti Nagyşbendi 74 ỳaşynda 790-njy h.k. ỳylyñ rebigulawwal aỳynyñ üstüne düşende gijesi dünỳäden ötỳär. Ondan “El-Owrad-ol Bahaiỳe”, “Selk el-Anwar”, “Heỳatname”, “Hedỳet-ol salekin”, “Tohfät-ol talebin”, “Delil-ol aşygyn”,...ỳaly dürli eserleri ỳadygär galdyrypdyr." 9
Eỳrandaky türkmenleriñ üçünji sygynan pirleriniñ biri Abu Mansur Matoridi ady bilen tanalỳar. Eger Ymam Agzama mezhep taỳdan we Hezreti Bähäwetdine tarykat ỳoly boỳunça uỳulỳan bolsalar, Şih Abu Mansur Matoridiỳe “Hakyda” taỳdan sygynypdyrlar. Elbetde olar yslam jemgyỳetiniñ şu üç görnükli wekillerini esasan sygynan bolsalarda, şolaryñ ỳoluny we ideỳalaryny ỳöreden we yzyny yzarlaỳan din wekillere-de uỳup gaỳdypdyrlar. ...Dowamy 
Info:
كشتارِ لشكرِ اسلام و فتحِ بخارا
محمد ابن جعفر چنين آورده است کـه چـون عبيدالله زيـاد را معاويه بـه خراسان فرستاد وی از آبِ جيجـون بگذشت و بـه بخـارا آمـد و پادشاه بخارا خاتون بـود، از بهـرِ آنکـه پسر او طغشاده خُرد بـود. پـس عبيـدالله زيـاد بيکند بگشاد و رامِـشن؛ و بسيار بَرده کرد و چهارهزار بند‌ه‌ی بخاری خويشتن را گرفت، و اين بـه آخرِ سـال ۵۳ و اولِ سـال ۵۴ بـود. چون بـه شهر بخـارا رسيد صفها بر کشيد و منجنيق‌ها راست کـرد. خاتون کس بـه ترکان فرستاد و از ايشان ياری خواست و کس بــه عبـيـدالله زيـاد فرستاد و هفت روز مهلت خواسـت، و گفـت: مـن در طاعِت توام و هديه‌های بسيار فرستاد.
چـون در ايـن هفت روز مدد نرسید دگرباره هديه‌ها فرسـتاد و هفت روزِ ديگـر زمـان خواست. لشکر تـرک برسيد و ديگران جمع شـدند و لشکر بـسيار گشت، و جنگهای بسيار کردند، و به آخر کـافران بـه هزيمـت شـدند و مسلمانان درپـيِ ايشان رفتنـد و بسيار بکشتند و خاتون بـه حصار اندر آمـد و آن لشکرها بـه ولايتِ خويش بازگشتند. و مسلمانان بسيار غنيمـت يافتنـد از سلاح و جامه و زرينه و سيمنه و برده گرفتند و يک پای موزه‌ی خاتون بـا جوراب گرفتنـد و جوراب و موزه از زر بود مُرَصّع به جواهر چنان که قيمت کردنـد دويـست هزار درهم آمــد. عبـیداالله زيــاد فرمــود تا درختان می‌کندند و ديه‌ها را خراب می‌کردند، و شهر را نيـز خطر بود. خاتون کس فرستاد و امان خواست،
صلح افتاد بـر هزاربار هزار درم و خاتون مال بفرستاد و عبیداالله مال بگرفت و بازگشت و آن چهار هزار برده با خويشتن برد.[1]
[1]. «تاريخِ بخارا، ابوبکر محمدبن جعفربن زکریا نَرشَخی، برگِ ٤٩-٤٨»

I BÖLÜM: Türkmenleriñ medeniỳetinde “Yslam jemgyỳetiniñ ” tutỳan orny :

Her bir din babatdaky medeniỳeti öwreneniñde düỳpli pelsepelerden gözbaş alỳandygyny unutmaly däldir. Orta Aziỳada türkmenleriñ dini medeniỳeti asyrlaryñ jümmüşünden gözbaş alyp, kämilleşipdir. Muña Muhammet pigammer hezretleriniñ döwründen bäri yslam dini ugrunda geçirilen wakalar şaỳatlyk edỳär. Eỳsem-de türkmenler ilkinji gezek Oguzhanyñ tarapyndan ỳeke tañra ỳagny bir hudaỳlyk pelsepesine uỳmaklyga sygynypdyrlar. VII asyrda türkmenleriñ ata-babalary yslam dinini meỳletin kabul etmekligi hem şeỳle bir ỳerlikden gelip çykỳar. Halkymyz hiç haçan dinsiz we hakydasyz ỳaşamandyrlar. Sebäbi “Din adamzadyñ şahsy haỳatyny öz hakyky watanyna ỳagny zannyña baglanyşdyryjy ỳol gatnaşyklarydyr. Içki isleglerini, talap edilen kämilliklerini, iç gysgynçlyklaryny, köşeşmelerini, nalaçlyklaryny ỳa-da ỳarawsyzlyklaryny we üstünliklerini ỳadyna getirỳän elementdir.” 1
Yslam dini aỳan bolup başlanda, hiç hili ỳazga geçmezden ỳönekeỳ görnüşde, araplaryñ ruhy-magnawy hakydalarynda tagdyl (deñlik) döredipdir. Muhammet Pygamber hezretleriniň ỳazuw sowady bolmandyr. Şonuñ üçin hudaỳ tagalanyñ tarapyndan yslam dininiñ ylahy duỳgylary şerigat hem ynsan adalatlylyklary, döwrüñ döreden sütemleriniñ garşysyna Muhammet Pygamber hezretlerine wahy bolup, yslam dininiň baỳdagy onuñ janpida sahabalary bolan çarỳarlaryň tarapyndan dünỳä ỳaỳraỳar.
Arap yslamşynaslaryñ biri “Farid Wahidi ” öz meşhur kitabynda şeỳle ỳazỳar: “Ýazuw, Hijaz araplarynyñ ỳanynda yslam dini açyk şerte geçinçä bolmandyr. Yslam dini dikelende 14 sany adamdan ybarat başga hat-sowatly ỳokdy. Olar Omar, Osman, Aly, Abusfiỳan, Mawỳe, Talhe we başga bir näçeleri, hat-ỳazuwdan baş çykarypdyrlar. ...” 2
Kurhandaky ỳazgylar bolsa, her halkyñ däbinde bolşy ỳaly, araplaryñ ençeme asyrlarynyň jümmüşinde dörän däp-dessurlarynyñ mif-legenda utgaşykly medeniỳeti bolupdyr. Kurhanyñ ỳazylmagy bilen, araplaryñ gadymy “Semitik” däp-dessurlaryny eỳsem-de, birneme düzgün-tertibe salypdyr..."3
Şeỳlelik bilen Muhammet Pygamber çykyş edỳär. Bu çykyşlar şol bir wagtyň özünde arap jemgyỳetiniñ döwrüne bap bolany üçin tarapdarlary artyp Eỳranda mazdistler (Salman Farsi, Abazar Gaffary, ...), Jöhütlerden, Manewilerden, Hristiỳanlardan Muhammet Pygamberiň maslahatdaşlary bolup gatnaşypdyrlar. Şonluk bilen yslam dinini dünỳä ỳaỳratmak üçin uly döwletli ỳurtlary özüne tabyn etmekligiñ ugruna çykypdyrlar. Şolaryñ arasynda Orta Aziỳanyñ Günortasyndaky ỳerleşen Eỳran Patyşalygyna göz tutupdyrlar.
“Sagduwakgas” kitabynyñ aỳtmagyna görä: “Yslam dininiñ ideologiỳalary araplara musulman däl ỳurtlary talamak üçin ähmiỳeti köp bolupdyr.” 4
Belli Ýewropa alymy Wil Durantyñ aỳtmagyna görä: “Sasaniler bilen araplaryñ arasynda “Kadisiỳe” ỳurtdaky bolan söweşde. Çapçy we çarwa araplar şahana köşke we onuñ gapysyndaky uly kowusa, myramly zaly, nepis halylar we göwherden bezelen tagta haỳran galyp görseler üç gün geçipdir.” 5
Emma türkmenler babatynda aỳdylanda VII-VIII asyrlarda ỳeke tañry ỳagny bir hudaỳlyk pelsepesi ornaşan döwri yslam dinini meỳletin kabul etmäge has jaỳdar ỳerlik döräpdir. Bu garaỳyşy açyklamak üçin aşakdaky rowaỳatlarda durup geçeliñ:
Türkmenler Oguz hana çenli diniñ döreỳiş taryhyny 3 döwüre bölỳärler.
1. Adam ata Aleỳhusalamdan Nuh Pygambere çenli.
2. Nuh ata we onuñ şerif ogly Ýafes atadan 12 asyra deñiç ỳagny VI asyr “Oguzhana çenli”.6
3. Oguz handan bäri üçünji döwür bolup gaỳdỳar.
Jame et-tawaryh çeşmesiniñ habar bermegine görä, “Garahan patyşa, atasy wepat bolandan soñ, onuñ täç-u-tagtyna eỳe bolup, yzyny ỳöredỳär. Günlerde bir gün Garahan patyşanyň maşgalasyndan bir ogul dünỳä gelỳär. Ol çaga üç gije-gündiz enesiniñ göwsünden süỳdüni emmeỳär. Bu ỳagdaỳy görüp oturan enesi örän ynjalyksyz bolup gaỳgyly-harasatly galỳar. Çaga her gije enesiniñ düỳşine girip:”- Eỳ ene, eger sen Alla Tagallany bir bilip oña uỳsañ, Şonda men seniñ göwsüñden eklenerin. Ýeke tañra ynamlary bolmadyk döwürde naçar ene nalaç edeỳinlik bilen ähli köwum-garyndaşlaryndan gizlin ỳeke tañrynyñ söygisine çykyp oña baş egỳär. Şondan soñ çaga enesiniñ süỳdinden eklenip başlaỳar. Bir ỳyl geçenden soñ çagada arassa owadanlyk keşbi, dogurlyk nyşanasy, edermenlik alamatlary alnyndan nur saçỳar. ... Dowamy

Sunday, July 12, 2009

SÖZBAŞY

Taryh ylymlary bilen baglanşykly taryhy wakalar, gadymdan bäri danalaryñ ünsünde taraşlanyp dünỳäniñ gowgaly şertlerinde kä ỳitip, kä tapylyp gaỳdypdyr. Şol bir wagtyñ özünde halk öz milli häsiỳetine öwrülende, taryh we medeniýet hem öz ähmiỳetine eỳe bolupdyr. Eger-de akyl-paỳhas öz milliligine göz ỳetirse, ỳagny milli galkynyş hereketiniñ başlanandygyny äşigär edỳär. Bu hereketi dowam etdirmek üçin ähli durkyñ bilen zehin hem ukybyñy, ỳapyk we gümürtik geçen wakalary açyklamaga, kömege alynỳar. Danalaryñ özünden miras galdyran ylymyny öwrenilip beỳlekilere geçirmegiñ aladasyna çykmagy maksat edinilỳär. Şeỳle bolmadyk ỳagdaỳda onda taryh öz belentliklerine eỳe bolup bilmezdi. Durmuş diỳilen zat zamananyñ düzümünde ähli takdyrlary we jemgyỳetiñ ykbalyny özleşdirip şol bir wagtyñ özündäki döwür ölçeglerine öwrülỳär. Taryhçy oña siñe seredip meseläniñ çözgüdüni tapmaga ỳardam edỳär. Bu ỳerde wakalary galpsyz, adalatly beỳanyny tapmak hem çözmek danalaryñ öñünde goỳulan borçlary diỳip düşünilỳär. Taryhyñ uzak akymyndan bäri gözbaş alyp gaýdan ỳer, suw we hojalyk meỳdanlaryny eỳelemegiñ ugrunda uly topar jemgyỳeti bilen kiçi toparlaryñ arasynda çaknyşyklar bolup durupdyr. Bu göreşlerde haỳcy-da bolsa, biri üstün çyksa, beỳleki toparlary belli bir derejede döwrüñ talabyna görä, özlerine tabynlykda ezipdirler. Gurplanan topar bolsa, ỳurt açyşlyklara baş goşupdyrlar. Elbetde bu ỳerde yktysadyỳet esasy rol alyp baran bolsa, ideỳalogiỳalar hem dini hadysalar we hakydalar bilelikde ỳüze çykyp köptaraplaỳyn çozuşlara delil bolup durupdyr.


Umuman adamzat taryhda üç görnüşli ỳaşaỳyş durmuşy amala aşyryp gaỳdypdyr. Ýgny “göçme-gonma”, “ỳarym göçme-gonma” we “oturumlaşma”. Munuñ sebäbi bolsa, il-halk özlerini tebigat hem syỳasy jemgyỳetçilik şertleri bilen sazlaşdyrmaga mejbur bolupdyrlar. Mysal üçin Eỳran taryhçylarynyñ aỳtmagyna görä, “X – asyr biziñ erämizden öñ “Aristler” Orta Aziỳa bilen Eỳrana göçüp gelenlerinde iki uly topara bölünüpdirler. Birinji topar “Ariỳaỳlar” Eỳranyñ günorta territoriỳasynda oturumlaşyp ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Ikinji topar bolsa, olaryñ kowumdaşlary “Turanlar ”(Bu söz aslynda “tur” diỳmekdir. “turan” diỳlen görnüşünde “tur” düỳp sözi bolup “an” gadymy arap-pars dil gramatikasynyñ san goşulmasy bolup goşulỳar. Tur + an = Turan. Emma gadymy Oguzlar muña “turk” diỳipdirler, sebäbi “k” goşulmasy gadymy türk dili dessurynyñ köplük san goşulmasy hökmünde ulanylypdyr. Ýöne häzirki döwürde türkmen dilinde ol goşulma ulanylmaỳar. Şonuñ üçin “türk” sözi bilen “turan” sözi bir sözdigi anyklanylỳar.) Mawrannähr (Syr derỳa bilen Jeỳhun derỳanyñ aralygy) we Hazar deñziniñ demirgazygyndan Gürgen aỳlagyna çenli mesgen tutupdyrlar. Bu toparyñ uly bölegi esasan maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Oguzlar VI asyrda uly kowum hökmünde Hytaỳdan Garadeñziñ gyralaryna çenli ähli kowumlardan ägirt uly imperiỳa döredipdirler.”. Şeỳle gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaỳdan taryhyñ göwresinden dünỳä ỳaỳrp giden türkmen nesilleri döreỳär.
Yslam dininiñ dörän döwrüni gözöñüne tutanymyzda, araplaryñ arasynda yktysady kemçilikleriñ ỳüze çykmagy bilen bilelikde dini hereketler hem başlanỳar. Sebäbi jemgyỳeti din ölçeglerinde herekete gönükdirmeseñ yktysadyỳetde ỳetmezçiliklere döz gelmek añsat bolmandyr. Ýagny döwrüñ talabyna görä, dini pikir ỳa-da hakydany öñe sürmek bilen, jemgyỳeti hatda talañçylykly çozuşlara gatnaşmaga-da iteripdirler. Gürrüñi açyklap aỳtsak, eger taryhda ähli çozuşlarda we hereketlerde yktysadyỳet esasy rol alyp baran bolsa, ideỳa garaỳyşlar hem şonuñ bilen bir hatarda bu çozuşlara delil bolupdyr. Orta Aziỳanyñ ilatlary ilaỳta-da türkmenleriñ bir böleginiñ durmuş ỳaşaỳyşlary esasan maldarçylyk bilen meşgullanandyklary üçin ỳarym göç ỳagdaỳda ỳaşapdyrlar. Şonuñ üçin şol şertde ỳaşaỳan türkmenleriñ bir bölegine “çarwadarlar” ỳa-da “çarwa” türkmenler, beỳleki bir bölegi oturumly bolup ỳaşany üçin olara “çomur” türkmenler diỳipdirler. Ýomutlaryñ arasynda şeỳle ỳagdaỳ Orsỳet bilen Eỳranyñ arasyna resmi serhet çekilinçä gyşlarda Gürgen jülgelerinde bolup, tomuslarda bolsa, Balkana – Etrege tarap süỳşỳpdirler. Şeỳle halat diñe bir türkmenlerde däl-de, eỳsem beỳleki ilatlarda-da bolupdyr. W. Aỳronzyñ aỳtmagyna görä, ỳomutlar özlerini syỳasy taỳdan sazlaşdyrmak üçin şeỳle ỳaşaỳyşa baş goşupdyrlar. Haçanda Eỳran döwleti türkmenleriñ üstüne çozanda, olar türkmenistana tarap süỳşüpdirler. Haçanda Orsỳet tarapdan gysylanlarynda Gürgen jülgelerine gaçyp atypdyrlar. ... Dowamy