Saturday, October 10, 2009

PART 2 - II PARA - II BAP: TÜRKMENLERIŇ MADDY MEDENIÝETI:

I BÖLÜM: TÜRKMENSÄHRADA TÄZE DÖREDILEN GÜLÜSTAN WELAỲATY:
a). Gülüstan welaỳatynda ỳaşaỳan türkmenleriñ maddy durmuşy
:
Türkmensähra esli wagt bäri iki welaỳatyñ, ỳagny Mazenderan bilen Horasan welaỳatlarynyñ arasynda bölünip galypdyr. 1998-nji ỳylda Eỳran Ýslam Respublykasynyñ perezidenti jenap Seỳit Muhammet Hateminiñ çykaran karary boỳunça Türkmensähranyñ esli bölegini “Gülüstan” welaỳaty ady bilen, edara tabynlygy boỳunça beỳleki welaỳatlardan garaşsyz edilip goỳberildi. Bu hereket Türkmensähradaky türkmenleri has tolgundurdy. Şonuñ ücin jenap Hateminiñ tarapdarlary türkmenleriñ arasynda köpelip ugrady. Emma şeỳle syỳasatyň dübünde nähilli maksatnamalaryň bardygyndan entäk köpçiligiň onçakly habary ỳok.
Täze döredilen Gülüstan welaỳatynyň kartasy
* Täze döredilen Gülüstan welaỳatynyň kartasy
Bu täze döredilen welaỳatyñ ỳaşaỳyş we sosial-ykdysady şertleri barada gazỳet-žurnalarda täze maglumatlar goỳberilỳär. Bu waka dünỳa özgerişleri bilen bir hatarda, Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet metbugatlarynda-da giňden ỳaỳbaňlandyryldy. Geliñ bu täze wakanyň esasynda bir näçe maglumatlar bilen ỳakyndan tanyş bolaỳlyñ!
“Gülüstan welaỳaty 22033 kwadrat (inedördil) kilometr meỳdany bilen Türkmensährada Hazar deñziniñ Gündogaryndaky mes topraklary öz içine alyp, bütin Eỳranyñ çäginiñ 1,75 göterim möçberine barabardyr. Bu welaỳat Demirgazykdan Garaşsyz Türkmenistanyñ serhetlerine, Günorta tarapdan Semnan welaỳatyna, Gündogary bolsa, Horasan welaỳatyna şeỳle hem Günbatar tarapdan Hazar deñzine we Gürgen aỳlagy hem Mazenderan welaỳatynyñ Behşähr (Bişäher)- Nika şäherine çenli çäklenỳär.” 1

Täze karta
Gülüstan welaýaty Gürgen, Kümmetkowus (Gonbäd-e Gabus), Minudeş (Minudäşt), Alýabat (Äliabad-e kätul), Kürtkuý (Kordkuý), Bendertürkmen, Kümüşdepe we Bendergez ỳaly, uly möçberde bolan 7 sany şäheristandan ybarat bolup, 16 sany şäher, 15 sany etrap, 42 sany dehistan (obadan uly etrapdan kiçi tabynlyk ölçeg.) we jemi 1084 sany obadyr-şäherçeleri özünde ýerleşdirỳär. Ilaty özünde jaýlaşdyryş göwrümini göz öñüne getirsek, onda ortaça paỳy her bir kwadrat kilometrine 64,6 adamdan düşýär.

Gülüstan welaýatynyñ bir ýyllyk ekerançylyk möçberinde 650000 gektar önümli ekiş meýdanlary bar. Köp halatlarda onda ýylyň dowamynda iki hasylly döwri göz öñüne tutanymyzda 72 dürli çöl önümi hem-de köp dürli ir-iýmiş önümleri öndürilip bazar dolanşygyna goỳberilỳär. Bütin Eỳran boỳunça öndürilỳän ekiş önümleriniñ 4,5 göterimi şu welaỳatyñ paỳyna düşỳär. Ikinji bir tarapdan 4,5 million maldarçylyk fermalary (Şond hususy eỳeçilik hem hasaba alynỳar.) bolup jüỳjedir-ỳumurtga öndürỳän hojalyklary (guşçylyk ferma) hem bar. Ýylda 1,5 million ỳumurtga önümleri özünden goỳberỳän towuk desgalar, ähli göwrümi bilen 2762 gektar balykçylyk suw howdany, her ỳylda 50 tonnadan agdyk işbil öndürip bilỳän gurby bilen, şeỳle hem has giñ we ỳaỳrañ tebigy baỳlygynyñ biri, 430000 gektar möçberdäki tokaỳ-jeññelligi dir. Maldarçylyk pudaklaryny ösdürmek üçin bir million gektara barabar öri meỳdanlary bar. Şu aỳdylanlar welaỳatyñ ekerançylyk we maldarçylyk keşbini aỳdyñ gözöñüne getirmäge mümkinçilik berỳär. Umuman welaỳatyñ ỳokardaky ỳatlanan gysgaça ykdysady mümkinçilikleri köp babatlarda hem maldarçylyk ỳaly strategik (maksatnamalaşdyrylan önümler) önümleri öndirip bazar ykdysadyetiniñ söwda dolanşygyny üpjün etmekde ünsüñ çekiji rol alyp barỳar.

Halkara Alagol

Yslam ynkylabyndan öñ daşary ỳurda goỳberilỳän eksportlaryñ statistikasyna gysgaça göz aỳlanyñda, nebit harytlaryndan başga goỳberilỳän ähli eksportlaryñ 48 göterimi ekerançylyk önümlerine degişli bosa, şolaryñ 20 göterimi pagta önümleriniñ eksportyny öz paỳyna alỳar. Pagta harytlarynyñ hlkara ähmỳetiniñ bardygy sebäpli, onuñ töleg deñligini düzgünleşdirip goỳberilse, milli ykdysadyetiniñ ösüşine oñat täsir galdyryp biljekdigi ikiuçsyzdyr. Şeỳle hem mata öndüriji senagaty, iỳmit pagtaỳagy we pagta önümlerine bagly bolan beỳleki pudaklardaky iş üpjünçilikleri, işsizligi ỳeñletmekde pagta ekerançylygynyñ ỳokary ähmỳetiniñ bardygyny öñküden-de has aỳdyñlaşdyrỳar.
Alma gol Almagöliň umumy keşbi

Görkezilen deñeşdirmelere garanyñda Gülüstan welaỳaty zeỳtun bagdarçylygynyň önümlerini ỳetişdirmekde hem ỳokary gerime eỳedir. Mysal üçin 100 müñ gektara çenli ekiş meỳdanlaryny oña nỳetläp biljekdigi ikiuçsyzdyr. Eger şeỳle maksatnamany ỳerine ỳetirilse,” 300 müñ sany täzeçe önüm işleri ekerançylygyñ synpy pudaklarynda hem gaỳtadan işleỳiji senagatynda iş üpjünçiligini döredip bolar.” -diỳilen netijäni aỳdyñlaşdyrỳar. Şeỳle ölçegler esasynda welaỳatyñ ekerançylyk önümlerini öndüriji möçberi 2,5 million tonnadan agdyk we ekeran önümleriniñ umumy bahasy bolsa, 1800 milliard reỳal (180 milliard tümen, häzirki bazar kursy boỳunça(2004-nji ỳyl), eger bir dollar 800 tümen bolsa, 225000000 Amerikan dollary bolỳar.) eỳran pulyna bolỳar. Şeỳle möçberdäki girdeji bolsa, 90000 sany zähmetkeş önümçileriñ iş zähmetiniñ girdejisi bolup durỳar.

Şeỳle hem bu welaỳat maldarçylyk önümleriniñ meỳdanynda-da has görnükli orny özne eýeleýär. Ilatyñ et we proteỳin üpjünçiligi Eỳran boỳunça ỳurdyñ gerekli gaỳtadan işlenen süỳt önümlerini üpjün etmekde ỳokary derejede rol alyp barỳar. Onuñ maldarçylykdan çykarỳan iñ ähmietli önümleriniñ biri “gyzyl et (goỳun we mal et, ...)” we “ak et (guş- towuklar,...)”, bal, süỳt, peỳnir, ỳumurtga hem işbil ỳaly gerekli proteỳinli önümlerden ybarat bolỳar.

Ýokarky görkezilen faktlaryñ üstesine ỳylda 250000 tonna standart önümleri, özünde jaỳlaỳyş göwrümi bilen mal- gara we towuk–guş sowuk saklaỳyş önüm kärhanalarynyñ bu ỳerde ỳerleşmegi diñe bir welaỳatyñ özüne gerekli önümlerini üpjün etmekde däl-de, eỳsem önümiñ hil taỳdan Eỳran boỳunça standart görnüşli bolup beỳleki welaỳatlara-da eksport edilỳär. Ýene-de goşmaça ỳatlasak her sagatda 10 tonna ozünde gapgaryş göwrümi bilen guş-towuk senagatynyñ et kombinaty, ykdysady babatda bu welaỳatyñ görnükli faktorlarynyñ biri bolup durỳar. Bu mesele öz akabasynda maldarçylyga bolan ähmỳeti has ỳokarelandyrỳar .
Gülüstan welaỳatynyñ jeññel we marta meỳdanlary barada aỳdylanda has takyky ykdysady taỳdan esli baỳlygy öz içine alỳar. Daỳhançylygyñ daỳanjy hökmünde hem ỳer-suw serişdeleriniñ bol-elinligi, tagta-agaç önümlerini üpjün etmekde tokaỳ martalar onuñ ykdysady ösüşiniñ esasy orny diỳip hasaba alynỳar. Şeỳle hem welaỳatyñ ỳaşaỳyş şertleriniñ mümkinçiliklerini gözöñüne tutanymyzda, 250000 gektar senagata derkar tokaỳ meỳdany ỳerleşỳär. Şolardan 60000 gektar goragda duran tokaỳlar we 120000 gektar peỳdalanyp durulan tokaỳlardan ybarat bplỳar .Olar senagat agaçlaryny hem mal otlarynyñ önümünde ỳokary maýagoỳuma eỳe bolup, önümleriñ jemi hasyly 295000 kubmetre, bütin bahasy bilen 38,6 milliard riỳala barabar bolup durỳar. Marta meỳdanlaryndaky mal ot önümleri bolsa, 193509 tonna önüm 81,7 milliard riỳala barabar baha kesgitlenilỳär. Şu esasda marta bilen tokaỳlaryñ ähli önümleri umuman jemi 120,3 milliard riỳal bolup hasaba girỳär .
Gülüstan welaỳatynyñ tebigy ỳaşaỳyş şertleri hakynda aỳdylanda, onuñ has gymmat bahaly oazislary bar. Şolaryñ arasynda “Gülistan Milli Tokaỳlyk parky adyndaky “Park-e jängäli-ỳe golestan”, “Jahannama goraghanasy, Kümüşdepe Köresuwy (Talab-e Gomişan)”, halkara “Aragöl, Ajygöl, Almagöl” ỳaly köresuwlary hem azat aw meỳdan-düzlükleri, tokaỳlyklar hem daglyklary ỳatlasa bolar.

Gülüstan atly milli tokaỳ parky 91895 gektar meỳdany bilen ỳurduñ hem orta Aziỳanyñ şeỳle hem dünỳäde adygan seỳrek milli parklaryñ biri hasaplanỳar. Onda gözel gözỳetimler, tebigy dag hem dagçalar, dereler, arykdyr çeşmeler hem bardyr. Gülüstan welaỳatynyñ baýlyklarynyñ biri onuñ Demirgazyk serhetlerinde ỳagny Garaşsyz Türkmenistanyñ Günorta çäklerinde “Nebtlije” atly, suw bilen nebit gatyşyk bir uly nebit çeşmesiniñ barlygy. Ol çeşmäniñ astynda gaz bilen nebit ỳatagynyñ bolelinligi anyklanyldy.
Gülistan welaỳatynda tebigy mineral çeşmeler hekdaşy, boksit, daşkömür, koks, gurluşyk dag daşlary giñ möçberde ỳerleşendir.
Goşmaça aỳdanymyzda Gülistan welaỳatynda 31 desga un kärhanalary, 41 desga pagta arassalaỳjy kärhana, 3 desga ỳag çykaryjy hem ỳag arassalaỳjy kärhanalary ỳerleşendir.
Soñky 9 ỳyllykdaky dünỳä boỳunça bolup geçen özgerişler, Eỳranda Türkmensähradaky türkmenleri hem has begendirdi. Şonuñ bilen birlikde serhet
açylyp dogan-garyndaşlaryñ didarlaşmagy we gatnaşyklary başlandy. Söwda, ykdysadyỳet, syỳasy, medeni we transport ỳaly iki ỳurduñ geljegini bähbitli ylalaşyklary ỳola goỳuldy. Eỳran Yslam Respublikasy bilen Garaşsyz Türkmenistanyñ arasynda esli nokatlardan ỳer, deñiz, hem howa ỳollary açyldy. Şolaryñ ikisi Türkmensähradaky Gülistan welaỳatynyñ paỳyna düşdi. Ol nokatlarda “März-e pol” (Güdürolum geçelcesi) we deñiz port ỳolunyñ (Türkmenbaşy port şäheri bilen Bendertürkmen port şäheri biri-birine birleşdirỳän deñiz ỳoly) bolup durỳar. Bu ỳoluñ açylmagy bilen Gülistan welaỳaty merkezi Aziỳany Ýewropa ỳurtlaryna baglanyşdyrdy. Şeỳlelik bilen Türkmensähranyñ Gülüstan welaỳaty bilen Garaşsyz Türkmenistanyñ ykbaly biri-birine galtaşyp ugrady. Şeỳle bir geñ döwürde söwda alyş-çalyşlaryñ täze sahypasy açyldy. Bir ỳylyñ dowamyndaky ỳerine ỳetirilen söwda alyş-çalyşlary 40 million Amerikan dollaryna barabar boldy. Şeỳle bir ỳagdaỳda welaỳatyñ käbir ekeran önümleri bilen el senagat önümleri Pars aỳlagynyñ kenar ỳakasyndaky hem Ýewropa ỳurtlaryna çenli eksport edilỳär . Içeri söwda dolanşygynda bolsa, 3 million tonnadan agdyk harytlaryñ alyş- calyşlary welaỳatyñ özünde hem beỳleki welaỳatlaryñ arasynda ỳerine ỳetirilipdir.
Ýene-de bir tarapdan Bendertürkmen hem Bendergez port şäherleriniñ deñiz portlarynyñ iş dolandyryş gurbyny ỳola salmak, demirỳol enjamlaryny ösdürmek we Gürgen howa ỳollaryny hem ỳakyn wagtyñ içinde jogaokär ỳolbasçylarynyñ ol ỳere sapar etmegi bilen başlanjak mümkinçilikleri göz öñüne tutanymyzda, Gülüstan welaỳaty söwda alyş-çalyşlarda, haryt geçirmekde we senagat dolanşygynda ähliỳurt boỳunca göze görünip duran roly alyp baryp biljekdigine ynam bilen garaşylỳar . Biz şu aşakdaky görkezilen tablitsiỳa çyzuwynda kärleriñ hem bileleşikleriñ statistikasyny siziñ dykgatyñyza hödürleỳäris . ... Dowamy
--------------| Çykgytlar we Edebýat:

1 comment:

phdoctrate said...

. Näşriỳe-ỳe “ Il GÜN”, sal-e sevoom, şomare-ỳe 8, azär mah-e 1377 ş., säf. 12

1. نشرّیه " ا یل گون"، سا ل سّوم، شماره ۸، آ ذ ر ماه، سا ل ۱۳۷۷ ش.، ص. ۱۲