Thursday, July 16, 2009

5. Öwlat:

Türkmenler yslam dinini kabul edenlerinden soñ araplaryñ arasynda dört çaryỳarlara degişli nesilleri türkmensähralaryna gelip siňipdirler. Olar türkmen medeniỳetini kabul etmek bilen yslam dinini ỳaỳratmakda esasy rol alyp barypdyrlar. Öwlatlar diñe türkmenleriñ arasynda däl-de, eỳsem beỳleki musulmanlaryñ arasynda-da has hormatly seredilipdir. Türkmen taỳpa-tireleriniñ arasyna agzalalyk düşen ỳagdaỳlarda araçy, töwellaçy bolup gatnaşypdyrlar.
Öwlatlaryñ türkmen şejerenamasyna atlary girmeỳär. Olary türkmenleriñ şerif taỳpalary hökmünde sylaglanỳarlar. Olar Hoja, Seỳt, Şih, Magtym, Ata diỳlip bäş at bilen saỳlanỳarlar. Seỳt bilen Hoja taỳpalary pygamber aleỳhussalamyñ öwlatlaryndan örňäp gelỳärler. Ýagny Hezret Aly kelamyllah-o wajha-nyñ nebereleridir. Şih taỳpalary bolsa, Hezret Abubekir sitdik razyallah-o anaho-nyñ öwlatlarydyr.
“Öwlatlaryñ şejerenamasyny aşakdaky çyzuwda Nuh pygammerden bäri görkezilỳär.” 18

Magtym (Mahtum) taỳpalary Hezret Omar razyallah-o anaho-nyñ öwlatlarydyr. Ata taỳpalary bolsa, Hezret Osman razyallah-o anaho-nyñ öwlatydyr[19]
“Hoja taỳpalary XII tirä bölünip aşakdaky şahalardan ybarat:
1. Berdili,
2. Jemhur,
3. Gymylan,
4. Şagla,
5. Geçi aỳak,
6. Alañlar,
7. Göttikmeliler,
8. Baỳtally,
9. Tat,
10. Peder köş,
11. Garalar,
12. Geçilije,
... -
diỳilip türkmenleriñ arasyndaky tirelere bölünipdirler”.[20] 

* Öwlatlaryň köpüsi Köneürgençde ỳerleşipdir
Eỳrandaky türkmenler olara hormatsyzlyk bolaỳmasyn diỳip guda-garyndaş hem bolmaỳarlar. Ýagny olardan gyz alyp gyz bermeỳärler. Şeỳle nakyl hem bar: “Mollaly oba musulman, Hojaly oba kapyr”. Ýagny obanyñ içinde Hoja bar bolsa, adamlar ỳuwaş-ỳuwaşdan oña öwrenişip hormatsyzlyk etmäge sebäp bolar, diỳlip çekinipdirler. Olary horlamak we bihormatçylyk etmek ỳagny olaryñ ata-babalaryny ynjatmak diỳip düşünipdirler. Ýene-de bir nakylda “Hoja, ỳangapdalda sataş!” -diỳipdirler. Ýagny olar bilen diñe salamlaşyp öte geçmeli. Pygamber hudaỳyñ dilinden bolan nakylda “Hudaỳlykly hojany, hudaỳ üçin sylamaly, Erbet bolsa, meniñ üçin sylamaly! ”. ... Dowamy

1 comment:

phdoctrate said...

18. Teñli – garakçy, “Fezaỳel.”, … säf. 133
19. Şol ỳerde, 134 sah.
20. Äsgäri- hangah, Dr..M. Kemali,“ Iranian-e tork.”,/görk. Iş./… säf. 67