Taryh ylymlary bilen baglanşykly taryhy wakalar, gadymdan bäri danalaryñ ünsünde taraşlanyp dünỳäniñ gowgaly şertlerinde kä ỳitip, kä tapylyp gaỳdypdyr. Şol bir wagtyñ özünde halk öz milli häsiỳetine öwrülende, taryh we medeniýet hem öz ähmiỳetine eỳe bolupdyr. Eger-de akyl-paỳhas öz milliligine göz ỳetirse, ỳagny milli galkynyş hereketiniñ başlanandygyny äşigär edỳär. Bu hereketi dowam etdirmek üçin ähli durkyñ bilen zehin hem ukybyñy, ỳapyk we gümürtik geçen wakalary açyklamaga, kömege alynỳar. Danalaryñ özünden miras galdyran ylymyny öwrenilip beỳlekilere geçirmegiñ aladasyna çykmagy maksat edinilỳär. Şeỳle bolmadyk ỳagdaỳda onda taryh öz belentliklerine eỳe bolup bilmezdi. Durmuş diỳilen zat zamananyñ düzümünde ähli takdyrlary we jemgyỳetiñ ykbalyny özleşdirip şol bir wagtyñ özündäki döwür ölçeglerine öwrülỳär. Taryhçy oña siñe seredip meseläniñ çözgüdüni tapmaga ỳardam edỳär. Bu ỳerde wakalary galpsyz, adalatly beỳanyny tapmak hem çözmek danalaryñ öñünde goỳulan borçlary diỳip düşünilỳär. Taryhyñ uzak akymyndan bäri gözbaş alyp gaýdan ỳer, suw we hojalyk meỳdanlaryny eỳelemegiñ ugrunda uly topar jemgyỳeti bilen kiçi toparlaryñ arasynda çaknyşyklar bolup durupdyr. Bu göreşlerde haỳcy-da bolsa, biri üstün çyksa, beỳleki toparlary belli bir derejede döwrüñ talabyna görä, özlerine tabynlykda ezipdirler. Gurplanan topar bolsa, ỳurt açyşlyklara baş goşupdyrlar. Elbetde bu ỳerde yktysadyỳet esasy rol alyp baran bolsa, ideỳalogiỳalar hem dini hadysalar we hakydalar bilelikde ỳüze çykyp köptaraplaỳyn çozuşlara delil bolup durupdyr.

Umuman adamzat taryhda üç görnüşli ỳaşaỳyş durmuşy amala aşyryp gaỳdypdyr. Ýgny “göçme-gonma”, “ỳarym göçme-gonma” we “oturumlaşma”. Munuñ sebäbi bolsa, il-halk özlerini tebigat hem syỳasy jemgyỳetçilik şertleri bilen sazlaşdyrmaga mejbur bolupdyrlar. Mysal üçin Eỳran taryhçylarynyñ aỳtmagyna görä, “X – asyr biziñ erämizden öñ “Aristler” Orta Aziỳa bilen Eỳrana göçüp gelenlerinde iki uly topara bölünüpdirler. Birinji topar “Ariỳaỳlar” Eỳranyñ günorta territoriỳasynda oturumlaşyp ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Ikinji topar bolsa, olaryñ kowumdaşlary “Turanlar ”(Bu söz aslynda “tur” diỳmekdir. “turan” diỳlen görnüşünde “tur” düỳp sözi bolup “an” gadymy arap-pars dil gramatikasynyñ san goşulmasy bolup goşulỳar. Tur + an = Turan. Emma gadymy Oguzlar muña “turk” diỳipdirler, sebäbi “k” goşulmasy gadymy türk dili dessurynyñ köplük san goşulmasy hökmünde ulanylypdyr. Ýöne häzirki döwürde türkmen dilinde ol goşulma ulanylmaỳar. Şonuñ üçin “türk” sözi bilen “turan” sözi bir sözdigi anyklanylỳar.) Mawrannähr (Syr derỳa bilen Jeỳhun derỳanyñ aralygy) we Hazar deñziniñ demirgazygyndan Gürgen aỳlagyna çenli mesgen tutupdyrlar. Bu toparyñ uly bölegi esasan maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Oguzlar VI asyrda uly kowum hökmünde Hytaỳdan Garadeñziñ gyralaryna çenli ähli kowumlardan ägirt uly imperiỳa döredipdirler.”. Şeỳle gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaỳdan taryhyñ göwresinden dünỳä ỳaỳrp giden türkmen nesilleri döreỳär.

No comments:
Post a Comment