Gülüstan welaýaty özboluşly geografiki häsiýete eýe bolany üçin, hasylly ýerler gerekli suwlaryny Horasanyň hem Elburs daglyklaryň garlarynyň eremegi netijesinde üpjün bolýar ,
Gülüstan welaýatynyň ýapdyr derýalary ýaşaýyş hem ekerançylygyň esasy şadamary hökmünde, bu ülkäniň daýanjy bolup durýar .
Tebigatyň döredýän şertleri boýunça, dürli akar suw hem derýalaryň emele gelmeginiň netijesinde, derýalar aşakdaky häsiýetde aýratynlaşýar :
- Gülüstan welaýatynyň derýalarynyň köpüsi hemişelik, demirgazyk bölegine, käbirleri öz akabasynda belli pasyllarda akýan derýa öwrülýär.
- Jülgäniň uzaklygy üçin ondan geçýän derýalar uzakdan gözbaş alýar.
- Käbir derýalaryň suwlary şor ýerlerden ýa-da ýeriň şor çeşmeleriniň oňa dökülmegi sebäpli öz öz akabnasynyň soňky ugrunda şor suwa öwrülýär.
Türkmensähranyň Gülüstan welaýatynyň esasy möhüm derýalary Etrek, Gürgenm we Garasuw derýalary bolup durýar.
1). ETRERK DERÝASY:
Gülüstan welaýatynyň ýapdyr derýalary ýaşaýyş hem ekerançylygyň esasy şadamary hökmünde, bu ülkäniň daýanjy bolup durýar .
Tebigatyň döredýän şertleri boýunça, dürli akar suw hem derýalaryň emele gelmeginiň netijesinde, derýalar aşakdaky häsiýetde aýratynlaşýar :
- Gülüstan welaýatynyň derýalarynyň köpüsi hemişelik, demirgazyk bölegine, käbirleri öz akabasynda belli pasyllarda akýan derýa öwrülýär.
- Jülgäniň uzaklygy üçin ondan geçýän derýalar uzakdan gözbaş alýar.
- Käbir derýalaryň suwlary şor ýerlerden ýa-da ýeriň şor çeşmeleriniň oňa dökülmegi sebäpli öz öz akabnasynyň soňky ugrunda şor suwa öwrülýär.
Türkmensähranyň Gülüstan welaýatynyň esasy möhüm derýalary Etrek, Gürgenm we Garasuw derýalary bolup durýar.
1). ETRERK DERÝASY:
Bu derýa Horasan welaýatynyň Goçan şäheriniň demirgazygyndaky Hezarmesjit daglaryndan gözbaş alyp, daglyk ülkeleriniň üsti bilen serhet boýundaky depejiklere gelip ýetende, Garaşsyz Türkmenistanyň Summar derýasy bilen birigýär. Etrek derýasynyň uzynlygy 500 k/metr bolup şondan 120 kilometri iki ýurt, ýagny Garaşsyz Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublykasynyň serhetleriniň araçägi bolup durýar. Bu derýa Garaşsyz Türkmenistanyň içinde Hazar deňziniň Esenguly aýlagyna guýýar. Häzirki döwürde bu derýadan köp möçberde peýdalanylýandygy sebäpli we suw çykaryjy enjamlarynyň gurulmagy bilen, suw joşgunly akýan mahallaryndan başga wagtlarda onuň akymy deňze ýetmän galýar.
Etregiň Kölçeleri |
Netijede Gyzyl Etrek etraplaryndan beýläk Esenguly etrabyna çenli ýylyň dürli pasyllarynda çynlakaý suw ýetmezçilikleri bolup durýar. Etrek derýasy öz akabasynyň dowamynda köplenç ýumuşak we ergin depejikleriň üstünden geçýär, şonuň üçin belent diwarlar ýaly çuňňir olum- gaýalar emele gelip batgaly suw akýar. Etregiň has akymly pasly ýaz aýlarynyň başlaryndan başlanýar. Bu derýa öz akyt ugurunyň boýa-boylugyndaky köliň hem kölçeleriň ýyllyk suw goýumuny üpçün edip, onuň suwy tomus aýlarynda kemelip gidýär. Bu derýa, egrem-bugram görnüşinde gaýa gerişläp duran depe hem depejikler bilen dowam edýär.
2). GÜRGEN DERÝASY:
Gürgen derýasyna Zaw, Dug, Dilabat, Ramiýan, Mämmetabat ýaly şahamçalar guýup ol gündogar Elburs [1] daglarynyň demirgazyk hemde Horasan daglyklarynyň eteklerinden gözbaş alýar. Kümmetkowus, Akgala we Hojanepes şäherinden geçip Çarkly abasynyň günbatarynda emele getiren bir ýarym adajygyň içi bilen, üç burçly “dilta” görnüşde uly göwrum açyp Hazar deňzine guýýar. Bu derýanyň suwyndan peýdalanmak hem daýhançylyk işlerini alyp barmak üçin Ammarolum etrabynyň gündogarynda “Sedd-e-Woşmgir” atly suw bendi guruldy. Bu derýa Türkmensährany, orta arasyndan ikä bölüp, 300 kilometr uzynlygy bilen deňze guýýar.”[[2]] 7
Gürgen derýasy Hojanepes etraby bilen deňiz aralygy |
Gürgen derýasynyň gaýalary |
Şeýle çäreleriň geçirilmegi bir tarapdan ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etse, beýleki bir tarapdan bolsa, ekin meýdanlaryny hem oba-şäherleri suw-sil heläkçiliklerinden goralga bolup durýar.
Woşmgir atly suw bent howdany |
Bu derýa gülüstan welaýatynyň, günbatar giňişliklerinden akýar. Ol Elburs daglyklarynyň Eleň (Alaň) daglaryndan göz baş alyp, oňa Nomel, Zyýarat ýaly şahamçalar guýýar. Bu derýa Hazar deňziniň Gürgen aýlagyna guýýar. Gürgen şäheri agyz suwy hem-de ekerançylyk meýdanlary suw bilen üpjün etmek maksady bilen Nomel obasyndaky şahamçalaryň üstünden “Sedd-e-Köwser” atly bent gurulyp ulanylmaga berilipdir.
Gülüstan welaýatynyň Etrek-Gürgen sebitlerinde dürli köller emele gelipdir. Şolaryň birisi “Nowur” diýlip atlandyrylýarlar.Bu kölleri, ýaz hem gyş pasyllardaky emele gelýän suw joşgunlary bilen üpjün edilýär. Olar ýylyň yssy aýlarynda ekerançylyk, maldarçylyk hem awçylyk dolanşyklarynda rejeli we tutanýerli peýdalanylýar. Soňky ýyllarda “Jahad sazandegi” atly döwlet guramasyna degişli balykçylyk “Şilat” edarasy bilen “Ekerançylyk Hojalygy” edarasy hem-de hususy eýeçilik bölümleri tarapyndan beýle suw joşgunlarynyň öňüni almak hem-de suw ätiýäçlikleri köpeldi, balyk önümlerini ýola goýmak üçin welaýatyň mynasyp nokatlarynda dürli bentleri gurlupdyr. Bu bentler derýanyň suw joşgunlarynyň howpuny azaldyp, siliň heläkçilikli akymlarynyň öňüni alýar. Ikinji bir tarapdan ekerançylyk işlerini geçirmekde ulanylýar.
*GÜRGEN AÝLAGY We AŞYR-ADA:
Hazar deňziniň gündogar kenar ýakalaryndaky aýlaglara garanyňda Gürgen aýlagy iň uly aýlaglaryň biri bolup durýar. Ol Miýankale[1] (Aşyrada) ýarym adasynyň Hazar deňziniň gündogar kenar ýakalaryna tarap öňe süýşmek netijesinde emele gelipdir. Gürgen aýlagynyň çuňlygy we giňligi ýerli geografiki şertleriň talabyna görä, Hazar deňziniň suw göwrüminiň gal-goply täsirleriniň astynda durýar.
· Aşyr-Ada bogazynyň asmandan düşürilen suraty |
. Gürgen aýlagyndaky sebitiň ýaşaýyş şertine, Hazar deňzi, derýalaryň oňa guýmagy we Myýankala adasynyň täsir ýetirmeginde bolup, suwdaky ýaşaýan jandarlar hem teňňeli we teňňesiz balyklaryň köpelmeginde, şeýle hem guşlaryň gyşlamagynda möhüm roly oýnaýar.
Balyklaryň çendenaşa köp awlanmagy, senagat suw galyndylarynyň, şaheriň hapa suwlarynyň hem dürli kanalizatsýalaryň oňa guýulmagy, bu aýlagyň suwunyň hapalanmagyna hem çäginiň zaýalanmagyna sebäp bolýar . Şonuň üçin bu sebiti kadaly düzgüne getirmegiň ugrunda dürli çareleri göz öňünde tutulýar.
Aşyrada etrabynyň deňiz içindäki şilat edaralary. |
Bu aýlagyň has giň göwrümi uly Aşyrada bilen Bendergez şäheriniň aralygynda 17 kilometr uzaklygy bolup, has insiz tarapy Behşähr( Bişäher) şäheri bilen Aşyradanyň aralygyndan 3-4 kilometrlik suwly bogaz ( teňňe ) Hazar bilen bu aýlagy birleşdirýär. Asyrlaryň dowamynda käbir halatlarda Aşyradanyň dört gyrasyny jähekläpdir. Ýöne Hazar deňziniň suwunyň kemelmegi zerarly onuň günbatar tarapy suwdan çykyp, guraklyga öwrülipdir. Bu ada 80 kilometrlik gündogar-günbatar jähede uzynlygy we 10-15 kilometr ini bilen “ ýarym ada “ bolup galypdyr. Onuň üçin öňki döwürlerde atlandyrylşy ýaly uly Aşyrada, Kiçi Aşyrada we Orta Aşyrada diýilen atlar ýok. Ýöne tutuşlygyna bir at bilen atlandyrylýar. Ýaňy ýatlap geçişimiz ýaly, öňki döwürlerde Aşyradanyň orta çäklerinde Sefewileriň döwründen galan galanyň bardygy sebäpli, oňa parsça “Miýan gäl,e” -diýlipdir. Emma Rus goşuny 1840-njy ýylda bu adany eýeläp, ol ýerde harby bazasyny gurnapdyrlar.” [[1]] 8 . Oňa ruslar “Miýankala” -diýip atlandyryp, henize çenli il arasynda oňa “Miýankale” diýýärler. ... Dowamy ...
--------------- Çykgytlar we Edebýat:
2 comments:
. Rus çeşmelerinde bu söz “ Elbrus” görnüşde berilýär.
7. Şol ýerde, 71 sah.
. Bu sözi rus dili şiwesinden pars şiwesine geçirilipdir. Asly “Mi’an gal’e – قلعه میان” dyr.
8. Ылясов А., « Происводенение туркмени к России », Сборник архивных документов, АНТ – ССР, Ашхабад, 1960 г., 24-19 стр.
Post a Comment