Tuesday, July 14, 2009

1. Ahun:

Türkmen sünni ahunlar gadymdan bäri yslam dininiñ iki uly merkezi bolan Buharaỳe şerif we Hywadaky hüjre-medreselerinden bilim alyp türkmensähra dolanyp gelipdirler. Olara, ol medreselerde arap-pars we beỳleki dilleri öwredipdirler. “Türkmen ylymdarlary Eỳran bilen SSSR-iñ arasynda serhet çekilinçä Hywa, Buhara medreselerinden bilim alyp gaỳdypdyrlar. Ol döwürde okuwlar arap we pars dillerinde alynyp barylypdyr. Yslam dininiñ taglymatlaryny we däplerini ündeỳän “Sopy allaỳar”, “Rownak ul-yslam”, “Şerigat kanunlary”, “Mohyt”, “çarkitap”, “Tefsir”, pars we arap dillerine we grammatikasyna türgünleşmek üçin “Nowaỳiniñ”, “Fizulynyñ”, “Hafeziñ”, “Beỳdiliniñ” we beỳleki eserleri okadylypdyr. Medreselerde arap diliniñ grammatikasy, “Logika”, “(mantak)”, musulmançylyk hukuklar, dessurlar, “Mesele”, “Wakalara düşündiriş”, “(Şerh il-wakaỳa)”, “Hekmet il-laỳyn” esasy dersler hökmünde ykrar edilipdir. “Awwal-e Elm”, “Düşündiriş”, “Towzih”, “Hadis”, “Gazy Beỳzewiniñ düşündirişi (Tewsir-e Gazỳe Beỳzewi)”, “Maglumat-e afak ” we ş,m. Sapaklary okalypdyr.”10
Türkmensähra ulymalarynyň biri Kümüşdepeli tagsyr Welijan Ahun
Häzirki döwürde bolsa, Eỳranda ähli dini taglymatlar türkmenlere mahsus bolan dini merkezlerde öwredilip dürli derejelere laỳyk bolỳarlar. Ahunlyk mertebesi bolsa, Ahunlar geñeşiniñ ỳa-da komisiỳasynyñ tarapyndan, ahunlyk derejesini aljagyñ ylmyny, bilimini, maliỳe ỳagdaỳyny, ỳaşyny (ortaça 45-50) ỳaşy göz öñünde tutulyp berilipdir.11

Olar ahunlyk derejesini alanlaryndan soñ özlerine dgişli mejjit, hüjrelerde ymam bolup, sapak berip wagz nesihat edip gezỳärler.
“Buhara medreselerinden bilim alan ahunlar, köplenç ỳagdaỳda, oba mekdeplerinde mugallym bolup işläpdirler we ösüp barỳan nesliñ terbiỳelenmeginde öz täsirlerini ỳetiripdirler”.12

“Türkmenlerde mesjit-medreselere üşür, zekat bermek elmydama bolup dorupdyr. Ylaỳtada çagalaryny ol ỳerde okuw-terbiỳe berilmek üçin has ykjam bolupdyrlar. Türkmenler çagalaryny okadanlary üçin hasylynyň 10-dan 1-ni (ondan birini) sylag hökmünde olara töläpdirler. Olardan okuw okatmanlary, dindar adamlaryñ haỳyr-sahawatynyñ hasabyna ỳaşapdyrlar”.13
* Eỳran türkmenleriniň häzirki döwür ulamalary
“Türkmen oazislerinde ỳaşaỳan ilatyñ durmuşy, ỳazuwda görkezilmedik, adat bilen ỳöredilỳärdi. Aỳratyn şahslaryñ, uruglaryñ, taỳpalaryñ aralygyndaky jedelli meseleler aksakgallaryñ gatnaşmagynda adat boỳunça çözülỳärdi. Şerigatyñ kanuny maşgala we miras bilen bagly bolanynda ulanylỳardy. Galan ỳagdaỳlarda oña selçeñ ỳüz tutulỳardy. Şeỳle ỳagdaỳda kazynyñ (sudỳanyñ) wezipesini mollalar ỳerine ỳetirỳärdiler. Doglan çagalaryñ, däp-düzgüni, sünnet edilşi, ỳaş çatynjalaryñ nikalanylyşy, aỳrylyşmalary, adamlaryñ ỳogalyşlary, tereke (miras) bilen bagly geçirilỳän çözgütler, mollalar tarapyndan şerigatyñ kanuny esasynda ỳerine ỳetirilỳär.”14
Erejep Ahun Sayatly
Erejep Ahun
Akgala şäherinden Nazar Ahun Tagsyr Mahyry, Kümüşdepe şäherinden Buharada okap gelen Baỳramgeldi Ahun (1980-nji ỳylda onuñ belli ahun ogly Abdyjan Ahun Eỳran Yslam Respublikasynyñ baştutany ymam Homeỳniniñ tarapyndan ähli Türkmensähra ilatynyñ ỳörite saỳlanan wekili boldy) we Rejeb Ahun Sayatly,Çynsawul (Çynsebil) etrabyndan Aỳdjan Ahun Çynsawuly, Mämmet Ahun Gürgeni (ikinji jahan urşundan soñ Muhammetrza Pählewi patyşa bolan döwründe Eỳranyñ milli mejlisiniñ, türkmenleriñ tarapyndan birinji wekil bolup saỳlanan hem-de 1925-26-njy ỳyllardan soñ, Jüneỳthan Türkmensähra baranda ỳolbaşçylyk edip Owganystana çenli ỳola salan ahundyr. Jüneỳthan sylag üçin ony öz giỳewisi edip bir gyzyny şol ahuna tabşyryp gaỳdỳar.), Hajy Ahun Tagsyrlar, 1920-1924-nji ỳyllarda Eỳran Türkmenleriniñ Garaşsyzlyk Jümmüşinde Prezidentlik ỳolbaşçylygyny alyp baran Tagsyr Osman ahun,


Eỳran türkmenleriniñ arasynda XX asyryñ I ỳarymynda Hywa, Buhara medreselerinde okap gelenleriñ özi hem nesilleriniñ birnäçesiniñ ady şulardan ybaratdyr:
Osman Ahun
Bäşỳuwusga etrabyndan Adynajan Ahun Ýaraly ( Bu şahsyỳet Eỳranyň meşruta gozgalaňyndan soň ikinji tapgyr Eyranyň Milli Şura Mejlisiniň ilkinji wekili bolup saỳlanỳar.)
Adinajan Ahun (Annajan Ahun) Ýaraly
 
Welijan ahun, Annagylyç Ahun Nagyşbendi, Amangeldi Ahun Hanafi Hojanepes etrabyndan, Teñli Ahun Garakçy Kümmetkowus şäheriniň Erfanabat etrabyndan, Buharadan Türkmensähranyñ Gürgen derỳasynyñ boỳundaky Hojanepes obasyna göçüp baran Ketde pir işanyñ ogly Abdylla Ahun Magfury, Hojaguly Ahun Etisami Kör, Welimuhammet Ahun Arzaneş (1979-nji ỳylda Türkmensähra türkmenleriniñ lider wekili), Telaỳi Ahun,...dagylar has meşhurdylar. ... Dowamy

1 comment:

phdoctrate said...

10. Durdyew K.,”XIX asyr hem-de XX asyryñ başlaryndaky türkmen edebiỳatynyñ taryhyndan”, Aş., “Magaryf”, neş. , 1987 ỳ.
11.Äsgäri-hangah Ä., Kemali , “ Iraniỳan-e torkmän”, enteşarat-e “Esatir”, Tehran- 1374 , säf. 157
ه ۱۱. ا صغر عسگری خـا نقا ه و د کترمحمّـد کما لی، " ا یـرا نـیا ن تـرکمـن"، ا نتشا را ت " ا سـا طـیر"، سا ل ۱۳۷۴ ش. ص. ۱۵۷
12. Максимович Ф. К., « Социально – экономический строй Закаспийски туркмен на кануне присоединения к России » , Туркменское государственное издательство , Ашхабад – 1960 г., 114 стр.
13. (ЦГА. ТССР, Ф. ! , опю 2. Д. 2769 , Д.2778)
14. Maksimow F.K., /görk. Iş./, 109 sah.