Friday, August 14, 2009

c). Türkmensähradaky soñky dörän täze dini akymlary :

1979-njy ỳyldaky Eỳranda geçirilen rewolỳutsiỳa soñabaka yslam rewolỳutsiỳasyna öwrülip Eỳranda “Yslam Respublykasynyñ” döredilmegine getirdi. Şondan soñ bütin Eỳran boỳunça beỳleki sünni dini garaỳyşly milletleriñ arasynda hem dini hereketleri ösüş häsiỳetine eỳe boldy. Şolar bilen birlikde Sistan Buluçystanyñ dini wekili şih Abdulaziz Moulawy, Eỳranyñ Günbatar Kürdistanynyñ dini wekili mufti şih Osman, Eỳranyñ Günortasynda ỳerleşỳän arap sünnileriñ dini wekili we Türkmensähradaky ahun-ulymalar hem bu hereketlere goşulypdyr. Türkmensährada “Ähli täsännon” ỳagny sünni musulmanlar üçin öz dini taglymatlary esasynda ỳazylan kitaplary neşir edilip başlandy.
Dürli halk hereketleri bilen bilelikde (syỳasy, medeni, ykdysady) din hereketleri hem käbir ỳaşlaryñ arasyna ỳöriteleşdi. Şolaryñ biri “Änjomän-e Islami-ỳe Jäwanane torkmän” (Türkmen Ýaşlarynyñ Yslamy Jemgyỳeti) ady bilen Türkmensährada işläp başlady. Olar şol wagtdaky Eỳranyñ prezidenti Banysadr bilen raỳdaşlyk edeni üçin soñ ỳapyldy.
Olaryñ ỳapylmagy bilen 1979-1980- nji ỳyllardaky Türkmensährada döredilen “Türkmensähranyñ sowet awtonomiỳa” sistemasyny dagydylandan soñ dini – yslamy hereketler Türkmensährada ünsden düşürildi. Sebäbi türkmenleriñ sünni garaỳyşy bir tarapdan döwletiñ şaỳy propagandasy, ikinji bir tarapdan biri-biri bilen deñ hasaplanmaỳardy.

Namazhon zenenlar Mesjide yygnanyshyarlar
Namazhon zenenlar Mesjide yygnanyshyarlar


Şonuñ üçin Türkmensähradaky türkmen ỳaşlarynyñ arasynda öz medeniỳetlerine mahsus bolan dini-yslamy hereketleri boỳunça dini-syỳasy hereketler emele geldi. Olar türkmen ulymalaryna ỳüz tutỳardylar. Türkmen ỳaşlary dünỳä boỳunça alnyp barylỳan dini-yslamy hereketlere goşulyşmak isleỳärdiler. Sebäbi döwlet yslam döwleti bolany üçin şeỳle bir jemgyỳetiñ döremegine mümkinçiligiñ bolmalydygyna düşünilỳärdi. Şonuñ üçin käbir ulamalaryñ maslahaty boỳunça ỳaşlar 1981-1982-nji ỳyllardan bäri Pakistandaky “Ähli täsännon” jemagatyñ yslamy hem ylahyỳet okuw merkezlerine bilim almaga göỳberilỳärdi. 1970-nji ỳyllardan soñ, türkmen talyplary, dini bilim almak üçin Saud Arabystan, Müsür, Siriỳe hem beỳleki musulman arap ỳurtlaryna iberilỳärdi.
Ýöne ol döwürde bilim alyp gelen talyplar umymy dini-ylahyỳat bilim derejesini gutaryp, ỳörite diplom bilen ỳurtlaryna dolanyp gelerdiler. Gelenden soñ mugallymçylyk ỳa-da ahunlyk derejesini gorap käwagt döwlet edaralarynda-da iş alyp barỳardylar.
Tebligi Jemagat toparyñ agidatlary
Geçen döwürlerde öñki SSSR-iñ Owganistanyñ Demokratik Partiỳasyna doganlyk kömegi esasynda dünỳä syỳasatlaryna ugrugan akymy hem beỳleki syỳasy-ykdysady bähbitleri boỳunça olaryñ ỳurduna goşun döküp belli bir prosesiñ dowamynda dini hereketleriñ öjükmegine sebäp boldular. Şonyñ üçin Arabystan hem Pakystan ỳaly musulman ỳurtlaryñ ünsleri Owganystana tarap gönükdi. Olar kömek üçin 1984-nji ỳylda Saud Arabystanyñ ỳolbaşçylygynda Päkistanda hem beỳleki Orta Aziỳadaky ỳurtlarda dini propagandalar ỳola goỳdular. “Fars aỳlagyñ gyrasyndaky oturan Arap Emiratlary hem şihlary Arabystanyñ ỳolbaşçylygynda dini medreseler salmak hem Owgan telebelerine dini okuw metodikalaryny neşir etmek üçin köp mukdarda pul serişdelerini göberdiler”. [1]
Saud Arabystanyñ hökümdarlary ỳurtlaryna Muhammet Pygamber hem yslam dininiñ dörän merkezi hökmünde hem sünni mezhebi bolany üçin beỳleki ỳurtlardaky sünni musulmanlara maddy-ruhany kömeklerini ỳetirmäge özlerini borçly duỳỳarlar.
Olar şu ugurda alyp barỳan diplomatiỳasy esasynda, “özlerine mahsus bolan sünni mezhebiñ propagandasy, Eỳran Yslam Respublikasynyñ ideologiỳa propagandasynyñ öñüni almak, yslam dinini kommunistik propagandasynyñ öñünde goramak we Saud Arabystantñ alternatiwasyny hem abraỳnyny beỳleki musulman milletleriñ ỳanynda ỳokarlandyrmak ỳaly hereketlere regionda gullyk edỳärler”. [2]
Umuman region boỳunça şeỳle şertler sebäp bolup, Türkmensähradaky türkmen ỳaşlary Päkistanda hem Eỳranyñ Sistan-Buluçystan welaỳatynyñ merkezi Zahidan şäheriniñ dini medreselerinde birnäçe wagt okap, yzlaryna dolanyp täze dörän dini herektleriñ häsiỳetinde “Jemagat täbligi” (Wagyz jemgyỳeti) diỳlen topar döredildi.
Öñki wagtlarda dini merkezlerinden ähli sünnet talyplara berilỳän diplomy Kum şäherindäki “Huzeỳe Elmiỳe-ỳe Gom” atly dini merkezinde tassyklanylỳardy. “Emma 1996-njy ỳyldan bäri olaryñ okuwy gutarany üçin berilỳän diplomy bu edara tarapyndan tassyklanylmaỳar. Ähli sünnetiñ Zahidan şäheristanyndaky dini medreselerinden dini bilimlerini gutaryp gelenleri bolsa, döwlet gullugyna göỳberilende olara parhly seredilỳär. Şeỳle şertdäki esgerleriñ harby derejesini beỳlekilerden pes derejelerde ỳerleşdirilỳär. Eger-de “Ähli taşaỳỳo (şaỳi)” hüze ylmyỳalarynda, ỳagny, dini medreselerinden okuwyny gutaran bolsalar, olary uly harby derejelere laỳyk edỳärler”. [3]
Şeỳlelik bilen Türkmensährada häzirki zamanda “Jemgyỳet täbligi” ady bilen döredilen toparlar, alyp barỳan dini garaỳyşlaryny halk arasynda wagyz edỳärler. Olaryñ garaỳşynda “elm-e emr (aỳdyng buỳruk) diỳlen düşunje bar. Ýagny Hudaỳtagallanyñ ugrunda ryỳazat hem muşagatlyk çekip, päk niỳet bilen Allaga iman getirip, Gurhandaky buỳruklary berjaỳ edip halka ỳaỳratsañ Hudaỳtagalanyñ tarapyndan olara buỳruk, ỳagny, ylham duỳgular inỳär. Oña “ylmy emr” -diỳip ynanỳarlar.
Olar wagt-wagt metjitlerde “zikr” däbini ỳerine ỳetirỳärler. Olar köplenç aşakdaky mekanlarda ỳygnanşỳarlar. Kümmetkowus şäheriniñ günbatar gyrasyndaky Gedemabat etraby, Galandarabat etraby hem Akgala şäheri bilen Bendertürkmen şäheriniñ arasyndaky Gürgen derỳasynyñ boỳundaky Kötük diỳlen obalaryñ metjitlerinde ỳygnanşỳarlar. Ol ỳerde zikrdir doga okamak bilen, beỳleki dini däp-dessurlsry brjaỳ edỳärler. Olara halk arasynda “terkidünỳä” diỳlen at berilipdir. Olar obama-oba aỳlanyp gezỳärler. Kähalatlarda arypçylygyñ güỳçli ylham (wahy) derejesine çenli özlerinden dürli hereketler görkezỳärler. Bu jemgyỳet türkmenlerde öñki döwürlerdäki “Porhan” diỳlen şahsyỳeti ỳadyña salỳarlar.
Aỳal-gyz maşgalalary bütin ỳapyk şertde saklamak we jemgyỳetçilik işlerinde işlemekden mahrum diỳip hasap edỳärler.
Talibanlaryn garsysyna hereketler
Umuman, Eỳran Türkmenleriniñ arasynda hem Gülistan welaỳatynda, yslam dininiñ häzirki döwürde dürli garaỳyşlaryna gabat gelse bolỳar. Olary esasan üç topara bölmek mümkin:
1). Birinji topar has fundamentalistler (sagçylar).
2). Ikinji jemgyỳet bolsa, ortaça garaỳyşdaky we özlerini durmuş bilen bilelikde alyp barỳan toparlar.
3). Üçünji topar özlerini dünỳä özgerişleri bilen jebisleşdirmek isläp we medeniỳetleriñ gatnaşyklary diỳilen pikire gulluk edỳänler.

Meselem, birinji toparlaryñ garayyşlary hakda olaryñ 1999-nji ỳylyñ 12-nji aprelinde göỳberilen “Gülistan welaỳatynyñ Hezbulla ruhanyỳet” jemgyỳetiniñ bildirişiniñ birinde şeỳle diỳilỳär: “Ymam Homeỳniniñ yslam dilindäki “welaỳat fakyh” (ỳagny ulymalaryñ hökümeti)” usuly hakdaky wesỳetnamasynda şeỳle ỳazỳarlar. “Welaỳat fakyh meselesini Hubragan mejlisi (ỳokary kanun düzüji mejlisiniñ) çykaran karary däldir. Welaỳat fakyh resul Allanyñ häkimligi diỳmekdir. Bular resul Allanyñ hem häkimliginden gorkmaỳarlar. (“Bular” diỳlen topar üçünji topar göz öñüne tutulyp aỳdylỳar).
Tekstiñ dowamynda şeỳle setirler bar: “Şuny bilip goỳuñ, häzir Ymam zaman Mähdi hem gelse-de, bularyñ galamy onuñ bilen garşy çykar. Olar elindäki galamlary bilen biziñ milletimiziñ ỳoluny üỳtgedip bilmejekdigini bilip goỳsunlar.”....
Dini derejeleriniñ hödürlenişi
Tekstiñ dowamynda “Günbatar ỳurtlaryñ şekilindäki ỳöredilỳän azatlyklar, ỳaşlaryñ (gyzlaryñ we oglanlaryñ) gümrä bolup, ỳolundan azaşỳandyklaryna sebäp bolỳandygyny hemmäñiz bilmelisiñiz. Beỳle azatlyklar yslam nuktaỳnazardan garalanandyr. Yslamyñ umumy päkliginiñ we ỳurduñ bähbidine garşy edilỳän wagyzlar, çykarylỳan gazỳet-žurnal, makala hem kitaplar haramdyrlar. Onuñ öñüni almak bize hem ähli musulmanlara wajypdyr”. [4]
“Olar yslam hökümeti döretmekde “welaỳat fakyh” esasy hökümet usuly we jemgyỳeti bagtly durmuşa gönükdirilỳan taglymatlar, diỳip düşünilỳär”. [5]
Ýokarda ỳatlanan “Jemagat täbligi” diỳlen toparlaryñ geỳim geỳinişi, ahlak häsiỳetleri hem ỳüz keşblerini bezeỳşi beỳleki dindarlardan has tapawutlanypdyr. Olar dyzyndan etek sallanyp duran ak matadan uzyn geỳim geỳinỳärler. Sakgallary uzyn (Elbetde, şaỳilarda sakgallary ỳarym santimetrden uzyn bolmaly däl), murtlary syrgyly bolmaly, sebäbi murt göỳbermek haram diỳip hasap edỳärler, Ellerinde monjukdan düzülen uzyn tesbih, aỳaklaryna Arabystanda ỳa-da Päkistanda çykỳan ỳörite şypbyk bolup, başyna oranỳan sellesiniñ bir ujy uzynrak göỳberilmeli. Eger-de selle bolmasa ỳerine Arabystandan getirilỳän ak matadan tikilen “sopy börük” geỳinỳärler. Olar şeỳlelik bilen beỳleki ỳaşaỳjylardan tapawutlanypdyrlar.
Gürrüñ bermeklerine görä, olar wagt-wagt 6-12 aỳlap ỳitip gidỳärler. Umuman Türkmensähradaky Teke ahun, Mämmet ahun Nuryzade we beỳleki belli abraỳly ulyma-ruhanylar olaryñ alyp barỳan ỳoluny tassyklamaỳarlar.
Ýokardaky ỳatlanan dini hereketleriñ gözbaşyny Päkistanyñ merkezliginde goỳsak, ondan esasy bähre görỳän talybanlardyr. Elbetde bu dini hereketler öz-özünden döremejekdigine aỳdyñ göz ỳetirse bolỳar. Beỳle hereketler öz yslam garaỳyşly dini ỳerliginde region boỳunça birinji tarapdan syỳasy-ykdysady maksatlaryñ esasynda ỳöriteleşdirilỳär. Ikinji bir tarapdan bolsa, din hem syỳasat bürençeginiñ astynda milli agresiw hereketleriñ duỳgysy görünỳär.
Ykdysady babatda bir mysal aỳtsak: “Praktikada Arabystan, Amirat we Päkistan syỳasy, maliỳe hem harby taỳdan Talybanlary goldaỳarlar. Ýöne Päkistanyñ olary gönümel goldaşy strategik boỳunça beỳlekilerden saldamlydyr ... Päkistanyñ olary beỳle goldamagynyñ sebäbi syỳasy-ykdysady babatdan diỳip düşünilỳär”. [6]
Emma milli taỳdan beỳle dini hereketler ỳüze çykyp güỳç alanda, milli hereketlere hem baş goşup beỳleki milletlere hyzgynyp ugraỳarlar. Meselem: “Olar (ỳagny talybanlar) dört ỳylyñ dowamynda Owganystandaky Täjikler, Türkmenler, Hezaralar, Özbekler hem beỳleki milletleri rehimsizlik bilen çaga, zenan-maşgala hem ỳaşy-garrysyna seretmäni topar-topar atyp köpçülikleỳin guburlarda jaỳlapdyrlar ... . Olar Owganystanda “Peştunistan” ỳurdy döretmegi maksat edinip yglan edỳärler”. [7]
Dini hereketler
Ýokardaky tutulanlaryñ arasynda Owganystanda türkmenleriñ hem esli ỳaşaỳjylary bolupdyr. Mysal üçin, 1999-nji ỳỳlyñ mart aỳyndaky çykan Eỳran türkmenleriniñ “Sähra” gazỳetiniñ 12-13-nji sanynda Owganystanly türkmen Abdylmejit Işçiniñ beren gepleşiginde şeỳle setirlere duş gelỳäris: “Talybanlar Owganystanyñ Demirgazyk ỳurtlaryny alanlaryndan soñ ilatyñ ỳaşaỳyş şertleri has gynlaşdy. Talybanlar ỳaragly-ỳaragsyzlara seretmäni adamlary bir ujundan tutup başladylar. Kim bolsañam bola, olara tapawut etmeỳärdi. Her kimiñ orny, derejesi ỳa-da sowatly, mally-mülkli bolsa, tutup bir toparyny Kandihar şäherine we beỳleki bir toparlary “Deşti-Leỳla” diỳlen ülkä alyp gidip atỳardylar”. [8]
Tähranyñ “Hämşähri” gazỳeti Päkistanyñ Penjap welaỳatyndaky Moltan şäheriniñ metjidine bolan ỳaragly çozuşdan habar berỳär. Bu gazỳet Fransiỳanyñ habar serişdeleriniñ berỳän habary esasynda, bu çozuş ertir ir bilen namaz wagty amala aşyrylypdyr.
Bu wakada dört sany awtomat ỳaragly kişi adamlara tarap ot açypdyrlar (ok atypdyrlar). Päkistanyñ polisiỳa organlarynyñ aỳtmagyna görä, “bu çozuş Penjap welaỳatyndaky şaỳ-sünni harbyçylaryñ toparlaỳỳn alyp barỳan göreşleriniñ bir bölergidir” -diỳip nygtaỳarlar. Bu döredilen hüjümi entäk toparlaryñ hiç haỳsysy boỳun almaỳarlar. Ýöne mundan öñiki şoña meñzeş bolan hüjümleri “Sepah-e Sahabanyñ harby şahasy” (“Leşger-i jahanguỳ”) atly toparyñ üstüne atỳarlar. Adyny aỳtmakdan çekinen Päkistanyñ polisiỳa işgärleriniñ biri, şu aragatnaşyklarda tutulanlar “Hezbe Ägaliỳät-e Jonbeş-e Gowmy-ỳe Mahajer” ỳagny (Az sanly Göçme Kowumlaryñ Jümmüşi Partiỳasynyñ agzalary) -diỳip nygtaỳarlar. Ýöne bu partiỳanyñ ỳolbaşçylary beỳle günäni esassyz diỳip ret edipdirler. [9]
Bu döredilen Sepahe Sahabalar hakda dünỳäniñ habar beriş serişdeleri olaryň dürli hadysalaryndan habar berỳärler. Olar yslam äleminiñ fyrga (topar) görnüşdäki gapma-garşy hereketlerinden gözbaş alỳarlar. Baryp 15-nji asyrdan öñ başlanan beỳle näsazgärlikler gelip XX asyryñ iñ aỳaklarynda beỳle topalañly hereketleri köşeşdirmäge tarap alyp barmalydygyny häzir yslam äleminiñ akyldar ulymalary nygtap geçỳärler.
Bu ugurda Doktor Sobhy Mähmäsany öz ỳazan “Yslam doktoreỳne (disiplina)-synyñ garaỳşyndan “Halkara hukuklaryñ usullary” atly işinde adamlaryñ dünỳäde biri-birine bolan dini hormatly hukuklaryndan hem arada bolan näsazlyklaryny parahatçylykda we ylalaşyklykda çözmekligi kurhan aỳatlaryndan faktlaỳyn subut edỳär”. [10]
“Yslam dini ynsanlar arasyndaky doganlyk usullaryñ, beỳleki halklaryñ mezhep garaỳyşlaryna hormatly seretmek we halkara doganlyk gatnaşyklarynyñ esasy sütüni hökmünde halkara parahatçylygyñ tarapdarydyr”.
Kurhanda şeỳle rowaỳat bar: “Eỳ imany hemra bolan adamlar, hemmäñiz yslamyñ parahatçylygyna girişiñ”. [12]
Din hem dini garaỳyşlary jemgyỳetçilikde alyp barmak meselesi ỳüze çykanda, bu ugurda kurhanda şerg-dessurlar hem öwüt-nesihatlar görkezilipdir. Bir musulman ol görkezilen çarçuwasyndan daş çyksa, onda onuñ hudaỳa hem kurhana bolan ynamy şüwbheli görner. Hudaỳtagaladan Pygamber resula ylham bolan kurhandaky aỳatlarda şeỳle görkezilỳär: “Eỳ pygamber resul! Halky delil, mantak hem paỳhasly çykyşlar bilen hudayñ ỳoluna sal! Garyndaşlaryñ bilen iñ oñat paỳhasly ỳoly saỳlap al!”. [13] .... Dowamy
-------------| Edebiýat we çykgytlar:
Post a Comment