Sunday, December 20, 2009

1). MALDARÇYLYK MESELELER :

Eỳranda Türkmen maldarlaryna berilỳän ỳeñillikler barada “Golestan-e Iran” gazỳetiniñ hem bu barada “Türkmen maldarlaryna 4 milliard riỳal kredit ỳeñillikleri goỳberilipdir.” –diỳilen habary “Keỳhan” gazỳetinde-de goỳberilşi ỳaly çap edilipdir.
Bu habardaky goşulan mesele Bendertürkmen şäheriniñ “Jahad” guramasynyñ müdüri jenap Haỳdarpuryñ aỳtmagyna görä, maldarlara tehniki babatdan ỳol görkezijilik bilen 1360 tonna gerekli bede ot- samanlary üpjün etmek üçin 4 million riỳal çykarjakdygyna sarpa goỳuldy.
2). Dürli meseleler: »»»
Yslam Respublykasynyñ Aşgabatdaky habarçysynyñ habar bermegine görä, Türkmenistandaky daşary ỳurtly ilçiler we diplomatlar Gülüstan we Mazenderan welaỳatlaryna eden dört günlük saparlarynda, bu welaỳatlary syỳahat üçin özüne çekiji şertleriniñ bardygyny nygtap, Eỳranyñ demirgazyk welaỳatlarynyñ ykdysady şertleri boỳunça iññän ỳokary güỳje eỳe diỳip baha beripdirler. Bu ilçileriñ aỳtmagyna görä, ỳatlanan welaỳatlaryñ Orta Aziỳa hem Kawkaz we beỳleki ỳurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny ỳola goỳmaga giñ mümkinçilikleriniñ bardygyny bellediler. ”[ ] 56


Jahadsazendegi edarasynyñ kärşynaslarynyñ biri Kümmetkowus şäheristanynyñ ykdysadyỳet we onuñ baỳlyklary barada şeỳle diỳär: “Bu şäheristanyñ Jahadsazendegi edarasynyñ hasabyndaky duran 2786 sany kiçi haly fabrigi we düşek kooperatiw edaralarynyñ ỳanyndaky 5572 sany halyçynyñ meşgullanmagy, bir million 370 müñ485 maldarçylyk edaralary, 80 sany senagat hem ỳarym senagat maldarçylygy bir ỳylyñ döwamynda ortaça 81 müñ 466 tonna süỳt önümi, 8 müñ 993 tonna mal et önümleri, 91 sany towuk-guşçylyk senagat fermasy et hem ỳumurtga önümleri boỳunça bir ỳylyñ dowamynda ortaça 4 müñ 789 tonna ak et ( towuk et ) we 6 müñ 758 tonna ỳumurtga önümlerini öndürỳärler. Şeỳle hem 6 müñ 525 sany bal ary hojalygy ỳyl dowamynda ortaça 56,5 tonna bal önümi, 1225 gektara barabar meỳdany bilen 64 möwrit suw bentli balyk öndüriş enjamlary , bir ỳylda 2 müñ 271 tonna balyk öndürmäge ukyply. Bu şäheristanyñ tebigy serişdeleriniñ meỳdanyndaky 352 müñ gektar jeññel hem öri meỳdany, 6 müñ kwadrat metr suwly meỳdan, bir sany senagat şäherçesiniñ gurulşygy, bir sany senagat trritoriỳasynda önümde duran köp sanly fabrikalar hem-de ỳakyn geljekde önüme goỳberiljek senagatlar bu şäheristanyñ esasy baỳ gurplaryndan hasaplanỳar. Ýatlanan edaranyñ oba senagaty bölüminiñ kärşynas işgärleriniñ beỳleki bir isiöwüri şeỳle maglumat berỳär: “Kümmetkowus şäheristanynyñ Jahadsazendegi edarasynyñ iş hasabatynda, senagat bölümi ekerançylyk hem hyzmat işleri boỳunça, olary ỳerine ỳetiriliş etaby esasynda şäheristana berilen pul ygtybarynyñ ỳetmezçiligine garamazdan 5 milliard tümenlik gerekli pul ygtybarlary bilen 157 sany önüm öndürmäge isleg bildirỳän arza haty elimizde dur. Bu meseläniñ ỳüze çykmagy jogapkär işgärleriñ ünsüni özüne çekỳär.
Iş üstündäki kärşynaslaryñ nuktaỳinazarlary hem-de alynyp barylan derñewleriñ mälim edişine görä, görkezilen iş gurplaryny we oña bolan ukybyny gözöñüne tutup maldarçylygyñ gerekli ỳerligi, suw resurslarynyñ bollygy , tebigy çeşmeleri, senagat bazalary we senagat şäherçelerini döretmek, balyk öndüriş, dokmaçylyk we hem şeỳle meỳilnamalary ỳerine ỳetirip iş dörediş ugrunda bank ygtybarlaryñ ỳeñilliklerini şoña urugdyrmak zerurlygy, bu şäheristany iş meỳdanynda aỳdyñ görkezỳär. Ýokardaky ỳatlanan kärleriñ önüm möçberlerini ỳokarylandyrmak we oba ỳaşaỳyjylarynyñ girdejisini artdyrmagyñ soñky netijesi obada ỳaşamagyñ islegini döredỳär.”
Bu mesele öz akabasynda döwletiñ ỳokary jogapkär işgärleriniñ gerekli pul ygtybarlaryny üpjün etmek jähetden maksada laỳyk garamaklaryny talap edỳär.” [ ] 57
3). SÖWDA GATNAŞYKLARY:
Türkmensähranyñ Gülüstan welaỳatynda söwda dolanşyklary irki döwürlerden bäri bolup durupdyr, “ Türkmenler esasanam asudalyk döwürlerde Eỳranyñ şäherlerine ylaỳtada Tährana çenli gelip-gidipdirler.”[ ] 58 Olar Eỳranlylara duz, nebit, haly, keçe, arpa, bugdaỳ, jül, saryỳag, goỳun we at ỳaly harytlary hem-de ỳüpek mata we nah ỳaly senagat harytlary bilen alyş- çalyş edipdirler.” [ ] 59
Umuman türkmenlerde ylaỳta-da Türkmensährada dürli ekerançylyk önümleriniñ öndürülmegi, maldarçylyk, awçylyk, balykçylyk, tokaỳ we senagat önümleriniñ köp mukdarynyñ öndürülip durylmagy sebäpli, beỳleki goñşy welaỳatlar hem göñşy ỳurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny ỳola goỳmaga iñ amatly şert döreỳär. Gürgen şäheri Gülüstan welaỳatynyñ merkezi diỳilip yglan edilỳänçä hem söwda we dürli harytlaryñ ỳaỳran möhüm ojagy hökmünde tanalỳardy. Bü barada Tumanowiç ỳaly etnograf alymlar iş hem ỳazypdyrlar. Meselem, “ Söwda boỳunça türkmenleriñ taryhynda ỳomutlaryñ japarbaỳ tiresi has işeññir gatnaşỳan türkmen täjirleri bolupdyrlar. Olar diñe deñizden daş ỳurtlar bilen däl-de, eỳsem Hazar deñizinde-de söwda gatnaşyklary bilen hem meşgullanypdyrlar. Olar Astrahan, Baku we Enzeli hem Eỳran şäherlerine gatnap söwda edipdirler.” [ ] 60
Häzirki zaman gülüstan welaỳatynda köpden bäri däp bolup gelỳän alyş-çalyşlaryñ bir görnüşi hemişe saklanyp galypdyr. Ol hem hepdelik bazarlarydyr. Hepdelik bazarlar hepdäniñ belli günlerinde belli şäher-etraplarda, şöl güniñ dowamynda bolup geçỳär. Mysal üçin, Bendertürkmen şäheriniñ “Duşemme bazary”, Akgala şäheriniñ “Penşemme bazary”, Hojanepes etrabynyñ “Ýekşemme bazary”, şeỳle hem Kümmetkowus, Gürgen we Kümüşdepe ỳaly şäherlerde beỳleki şäherleriñ bazar günlerine gabat gelmeỳän günlerde hepdelik bazarlary ỳöredilỳär. Bu bazarlar şäheriñ belli ỳerlerinde bolup geçỳär. Bu bazarlardan gerekli dürli harytlaryñ beỳleki günlerden baha tapawutlylykda satyn alyp bolỳar. Bu bazarlar Türkmensähranyñ welaỳatyna degişli bolany üçin türkmenleriñ el haly-halyça we dokunlary görküni has ỳokarlandyrỳar.[ ] 61
Gülistan welaỳatynyñ terretoriỳal söwda gatnaşyklary hakda aỳdylanda bu welaỳatdan beỳleki welaỳatlara göỳberilỳän eksport ekerançylyk önümleri, tokaỳ önümleri, maldarçylyk, dürli balyk we senagat önümleri hem el senagatlary welaỳatyñ söwda ugurdaky7 girdeỳjileri üçin gymmatly paỳy özüne alỳar.
Türkmensähranyñ Gülistan welaỳaty daşary goñşy ỳurtlar bilen esasan hem Garaşsyz Türkmenistan bilen serhetdeş bolany sebäpli, söwda işlerinde Eỳranyñ, Orta Aziỳa ỳurtlary bilen halkara söwda aragatnaşyklarynda uly paỳa eỳe bolup durỳar. “Irki döwürlerde türkmenler Esengulyda we Astrahanda ruslara haly, guw guşlaryñ peri, deri (tilki, şagal we başga haỳwanlaryñ derisi), balyk, nebit we duz ỳaly harytlary satyp, onuñ deregine çörek, şeker, çaỳ, demir, turba, senagat harytlary, agaç, azal,käse we balyk aw abzallaryny satyn alypdyrlar”.
Gülistan welaỳatynyñ terretoriỳal söwda gatnaşyklary hakda aỳdylanda bu welaỳatdan beỳleki welaỳatlara göỳberilỳän eksport ekerançylyk önümleri, tokaỳ önümleri, maldarçylyk, dürli balyk we senagat önümleri hem el senagatlary welaỳatyñ söwda ugurdaky7 girdeỳjileri üçin gymmatly paỳy özüne alỳar.
Türkmensähranyñ Gülistan welaỳaty daşary goñşy ỳurtlar bilen esasan hem Garaşsyz Türkmenistan bilen serhetdeş bolany sebäpli, söwda işlerinde Eỳranyñ, Orta Aziỳa ỳurtlary bilen halkara söwda aragatnaşyklarynda uly paỳa eỳe bolup durỳar. “Irki döwürlerde türkmenler Esengulyda we Astrahanda ruslara haly, guw guşlaryñ peri, deri (tilki, şagal we başga haỳwanlaryñ derisi), balyk, nebit we duz ỳaly harytlary satyp, onuñ deregine çörek, şeker, çaỳ, demir, turba, senagat harytlary, agaç, azal,käse we balyk aw abzallaryny satyn alypdyrlar”. [ ] 61
XIX asyr we XX asyrda türkmenleriñ halkara gämisi
Akademik M. Annanepesowyñ aỳtmagyna görä, “Bir put nebit 80 köpeỳk, bir put wisige 3 rubl we bir put işbili 1,70 rubla satypdyrlar”. [ ] 62
Soñky ỳyllarda Eỳranyñ Orta Aziỳa we Hazar deñziniñ daşyndaky ỳurtlar bilen syỳasy we söwda aragatnaşyklarynyñ oñatlaşmagy Gülüstan welaỳatynyñ bähbidine bolup, dürli söwda şertlerini döretdi.
Kümmetkowusyñ demirgazykdaky Gülüstan welaỳatynyñ merkezi Gürgen şäheriniñ 72 kilometrligindäki inçeburun gümrükhanasy Eỳranyñ demirgazygyndaky ỳerleşen Hazar deñziniñ günorta kenarỳakalarynyñ üç welaỳatynyñ arasyndaky ỳeke-täk gümrükhana bolup durỳar. Ondan eksport edilỳän harytlaryñ göwrümini göz öñünde tutanyñda Eỳran boỳunça iñ ähmiỳetli gümrükhanalaryñ biri diỳip hasap edilỳär. Gümrükhanadan köp mukdarda eksport edilỳän harytlar Garaşsyz Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan ỳaly ỳurtlara ỳollanyp, ondan hem Orta Aziỳanyñ beỳleki ỳurtlaryna çenli äkidilỳär.
K. Benderỳewiñ berỳän maglumatyna görä, ỳomutlaryñ 80-göterimine ỳakyn oturymly, 20-göterimi göçme we ỳarym göçme halatda ỳaşaỳarlar.” [ ] 63 K. Benderỳew:-“... Japarbaỳlar deñziñ gündogarynda, Krasnowodsikiden (Häzirki Şagadam “Türkmenbaşy”) Kümüşdepä çenli ỳaşaỳarlar – diỳip ỳazỳar.” [ ] 64
Emma K. Benderỳewyň berỳän maglumaty nädogry. Ol beỳle däl-de, eỳsem ỳmutlaryň ỳaşaỳan geografiki çägi ondan giňiräk meỳdany öz içine alỳar. Ýagny Garasuw derỳasynyñ günorta oazislerine çenli dowam edỳär.
Olar deñziçilik, çörek önümçiligi, balyk awçylygy, ownuk senagat, deñzide ỳük daşamaklyk, deri eỳlemeklik, duz işläp bejermek we söwdagärçilik bilen meşgullanỳarlar. [ ] 65
Japarbaỳlar ökde iş adamlarynyñ hataryhda Eỳranyñ medeni merkezlerinde, Azerbaỳjanda, Orta Aziỳada we hatda Astrahandada tanalỳarlar. Japarbaỳlaryñ köpçüliginiñ öwrenilen durmuşy aỳratyn obrazlara eỳedir.” [ ] 66 »»» ... DOWAMY ...
==========
-------------------- Çykgytlar we Edebýat:

1 comment:

phdoctrate said...

56.[ ].Häftename-ỳe “ Golestan-e Iran”, şomare-ỳe sefr 10, doşänbe 31 hordad, Gorgan – sal-e 1378 ş./ motabek ba 21 žo,en 1999 m./, säf. 6
ه ۵۶. هـفنه نا مه " گلـسـتا ن ا یـرا ن"، شما ره صـفر ۱۰، دوشنـبه خـردا د، گــرگــا ن – ۱۳۷۸ ش. / مطا بق با ۲۱ ژوئن ۱۹۹۹ م./، ص. ۶
57.[ ]. Şol ỳerde. 7 sah.
58.[ ]. Aннанепесов М., …/görk.iş./, 251 стр.[Истории Туркменский ССР.,I том., 27 стр.].
59.[ ]. Holmes W.Z., “ Towsif-e kutahi äz sävahel-e därỳa-ỳe Häzär”, London – 1845 m., säf. 282
ه ۵۹. و. ز. هـولـمـز، " توصـیـف کوتـا هـی ا ز سـوا حـل د ریا ی خـزر"، لـنـد ن – ۱۸۴۵/ م.، ص. ۲۸۲
60.[ ]. Туманович У., « Туркменистан и туркмени », материалие к изучений по истории этнографии, Ашхабад – 1926 г., 63 стр.
61.[ ]. Аннанепесов М., « Русско Туркменские отношенния »…? Ашхабад- 1990 г., 234 стр.
62.[ ]. Şol ỳerde, 253 -255 sah.
63.[ ]. Бендерёв К., « Астрабад – Бастамский раион Персйи », ? , 115 стр.
64.[ ]. Şol ỳerde.
65. Şowgy Abbas, “ Gorgan – o – däşt ”, Tehran - säf. 39 , we [ Логофет Д. Н., « Северная Персия », стр. 27-35., ( Царский генерал) пишет, « что рыболовство на Атреке имеет крупное промысшленное значение », ( Д. Н. Логофет. По Каспискому морю и персидской границе , СП6 . 1903 стр. 16).
66. Атаев Х., « Освободительное движение туркмен в Иране », изд. « Ылым », Ашхабад – 1970 г. 23 стр.