Monday, December 14, 2009

VII BÖLÜM: Türkmensährada Belli Oba-Şäherler we olaryn Maddy durmuşy:

Kümmetkowus şäheriniň
Gümmezi
a). Taryhda Jürjen şäheriniň üstünden Kümmetkowus şäheri bina bolỳar:
Gülüstan welaỳatynyñ gündogar-demirgazyk sebitinde ỳerleşen Kümmetkowus şäheristany 6857 inedördül meỳdany bilen, Eỳranyñ bütin meỳdanyndan 33,5 göterimini öz içine alỳar. “1996-njy ỳyldaky iñ soñky ỳurt bölünşik hem umumy adam san statistikasy boỳünça bu şäheristan 14 etrap, 5 şäher, 12 sany dehistandan ybarat bolỳar.”. [ ] 49
Kümmetkowus şäheri Pählewileriñ gelmezinden öñ etrap görnüşde oturupdyrlar. 1316-njy hijri-şemsi ỳylda (1937m.ỳ.) gadymy Jürjen şäheriniñ 3 kilometrlik gündogar-günortasynda täze bina edilen şäheriñ adyna “Kümmetkowus” diỳlip atlandyrylypdyr. Pählewiler döwründe Eỳranyñ demirgazyk ülkelerınde ỳer-suw reformalary geçirilen döwürlerinde oña üns berilip başlanỳar.»»»
Gadymy Jürjen şäheri (Gürgen) häzirki Kümmetkowus şäheriniñ 98 kilometr demirgazyk-gündogarynda ỳerleşipdir. Bu şäher V hijri asyryñ ahyrlarynda Seljuklaryñ we onsoñ Horezmşalyklaryñ gol astyna düşỳär. Mogollaryñ yurda çozan döwründe, Çingizhanyñ tarapyndan Muhammet Horezmşany yzarlamak üçin öz ogullarynyñ birini birnäçe goşun bilen, ol ỳere ỳollaỳar. Bu goşun 617-nji hijri ỳylynda 4000 sany ilaty bolan Jürjen şäherini weỳran edỳär. »»»
 Häzirki zaman Kümmet şäheri Gürgen derỳasynyñ boỳunda Hazar deñziniñ 18 farsang gündogarynda ỳer şarynyñ 55° gradus grafiki boỳlugynda we 37° gradus grafiki inliginde ỳerleşỳär. [ ] 50
Kümmetkowusyñ minarasynyñ bina bolmagy hakda dürli rowaỳatlara gabat gelỳäris. Käbirleri bu minarany dürli şahsyỳetleriñ ỳygnanşỳan ỳeri bolupdyr diỳỳärler. Bir toparlary ỳitenleriñ ỳol görkezijisi (ỳolsalgy mekany) diỳip hasap edỳärler. Ýene bir toparlary bolsa, Kowus patyşanyñ şan-şöhratyny görkezmek üçin bina edilen minara diỳip düşünỳärler. Geliñ bu gümmeziñ bina edilişi hakda dürli rowaỳatlary agtaryp göreliñ.
UNESCO-nyn Kummetkowusdan dushiren suraty (XX-asryn II yarymy)
 Ale-zỳar hanedanlygyñ meşhur patyşasy Gabus ibn-e Woşmgir (Kowus) bolupdyr. Ýakut äl-Hamawiniñ aỳtmagyna görä, ol taỳsyz söweşjeñ hem dana edebiỳatçy bolupdyr.
Şams El-mo,alynyñ hut özi alym kişi, sungatparaz, hatdat we ezber ỳazyjy hem parasatly adam bolupdyr. Ol pars we arap dillerinde birnäçe eserler ỳazypdyr. Şeýle hem Musulman Gündogar yklymynda meşhur “Kowusnama” eserini döreden şahsyýet bolupdyr. Onuñ köşgi dünỳäniñ alymlarynyñ hem ulymalarynyñ ỳygnanyşyp mejlis geçirỳän ỳeri bolupdyr. Orta asyrlaryñ meşhur we belli alymy bolan Abu Reỳhan Biruny öz meşhur “Asar el-bakyỳe” atly eserini 390-njy h.k. ỳyl onuñ adyndan döredỳär.

* Kümmetkowus ỳadigärliginiň durkuny mäkamleşdirilỳär

Ikinji bir tarapdan taryhy rowaỳatlarda ony rehimsiz, gaharjan we gaỳduwsyz syỳasatmedar diỳip bellenilỳär.
Kümmetkowus şäherindäki uly ägirt gümmezli minara Şems El-mo,alynyñ ỳaşan döwründe 397-nji h.k ỳyl bina edilỳär. Bu şäheriñ häzirki Kümmetkowus (Gonbäd-e Gabus) 1316-njy h. 19 m. ỳylda bu hökümdaryñ adyndan alynỳar.
Rowaỳatlaryn birinde şeỳle setirlere gabat gelỳäris. “Abu El-mo,alynyñ jansyz jesedi jäjekden ỳasalan bir tabytyñ içinde ỳerleşipdir. Bu tabyt gümmeziñ içki bamyndan asylgy halatda durup her gün ertir säheri günüñ ỳalkymy gümmeziñ penjiresinden oña tarap gün saçypdyr.

...” Bu rowaỳat şol binanyñ binỳat ediliş fundamentiniñ öçgür göwheridir.
Gabus ibne Woşmgirin gümmezi, Orta Aziỳada yslam döwrüniñ taỳsyz arhitekturalarynyñ biridir. Bu gümmez Kümmet şäheriniñ demirgazyk etrabynda ỳerleşỳär. Ol Al-e Ziỳaryñ hökümdarlyk eden merkezi jürjen şäheriniñ 3 kilometrliginde bina edilipdir. Bu ỳadygärlik dikilen gümmez Al-e Ziỳar tarapyndan jürjen şäheriniñ pajarlap ösen döwründe migmarçylyk sungatynyñ taryhy we täsin gymmatly ỳadygärlikleriniñ biri bolup durỳar.
Bu bina häzirki zaman gözel bir uly parkyñ ortasynda ỳerleşỳär. Ol on kilometr uzaklykdan görnüp dur. Geçmişde bu ỳer dürli ỳurtlardan gelỳän kerwendir-mysapyrlaryñ ỳolsalgy mekany we kerwensaraỳ nokatlarynyñ biri bolupdyr.
Bu gümmez 397-nji hijri ỳyly 15 metr beỳikligi bolan bir depänin üstünde 55 metr galdyrylyp, Şems El-mo,alynyñ gubury hökmünde gurulypdyr.
Bu bina 18 metr beỳiklikde gupbaly gümmez görnüşde örülip, çüñki bolsa, ỳyldyz şekilli 10 ganat görnüşinde örülipdir. Ýerligindäki örülen ỳyldyz görnüşli ganatynyñ daş çykyp duran çüñki 1,60 metr, olaryñ arasy bolsa 1,4 metr açyklygy bar. Gümmeziñ umumy tegelek göwrümi bolsa 30 metr we 144 millimetrden ybarat bolỳar. Onuñ gündogar gyrasyndaky penjiräniñ 1,90 metr boỳy bolup, Kowusyñ jansyz meỳdiniñ jäjek tabytyny hoşlaşmak üçin asylyp goỳulan ỳeridir.
Gümmeziñ günortasynda içerden arkalanan bir sany girelge gapy bar. Bu gapynyñ arka görnüşli ỳokary gyrasyny iki hatar owadan nagyşlar bilen belläpdirler.
Bu ỳadygärligiñ depesindäki gupbaly gümmez görnüşde örülen çüñkiniñ 2 metr aşagyndan 3 metr boỳlugynda kerpiçiñ ỳüzünden 2 hatar sada ỳazgy ỳerleşdirilipdir. Ýazgy arap dilinde bişen kerpiçler bilen jaỳlanypdyr. Ol sadalygy hem owadanlygy özünde jemläp aşakdaky görnüşde görkezilỳär:
بـسـم الله الـّرحـمـن الــّر حــيــمهـذا الـقـصـر الـعـالـي ـ الا مـيـر شـمـس الـمعـالى ـ الا مـيـر بن الا مـير
ـ قـابـوس ابن وشـمـگيـر ـ امـر به بنائه فى حـياتـه ـ سنه سـبع و تـسـمعيـن
ـ و ثـلـثمـاثـيه قـمـرّيـه و سـنه خـمـس و سبـعـين و ثلـثـمائه شـمـسـيـن.
Arap dilindäki bu ỳazgynyñ terjimesi şeỳle:
Bu beỳik köşk – Emir Şems El-mo,alynyñ köşgüdir – Emirleriñ emiri Woşmgir ogly Kowus – öz ỳaşan döwründe muny bina edmäge buỳruk berdi. 275-nji hijri-kamary ỳyly – 375-nji şemsi ỳyly.” [ ] 51
Bu sene milady ỳyl hasabyndan 996-nji ỳyl bolup müñ ỳyldan gowyrak mundan öñ bina edilipdir .
Bu hatdan mälim bolşy ỳaly, häzirki görnüp duran bu bina, Abu El-mo,aly Gabus ibn-e Woşmgir-e Al-e Ziỳarynyñ gubury hökmünde meşhur bolupdyr. Aslynda bu bina bir uly köşk mekany bolup, onsoñ Al-e Ziỳar hanedanlygynyñ meşhur patyşasynyñ gubury edilipdir.
“Gümmeziñ gupbalanan çüñki ỳörite “kökli kerpiç” dien kerpiçden örülip onuñ palçyk suwagy bolsa, “melat-e saruj ” ỳagny hek bilen külden emele gelỳän palçyksuwagy bilen suwalypdyr.”. [ ] 52
Şäheriň dübiniň tutulan döwrinden surat
Bu Gümmez alty parsah uzaklykdan görünỳär we onuñ uly haỳbaty ỳakynynda has mälim bolỳar. Käbir rowaỳatlaryñ habar bermegine görä , -“bu Gümmez Nedir şahyñ döwründe onuñ gazabyndan ikä bölünipdir.”- diỳlen gürrüñ bar. “Nedir şa goşunlary bilen köp ülkeleri aỳlanyp ỳadapdyrlar. Haçanda bu Gümmezi görenlerinde, bir uly şäheriñ gyrasyndan girendirin öỳedip, bu Gümmeziñ saỳasynda dynç alaryn diỳip umyt edipdir. Olar has uzak ỳol ỳöräp ol ỳere baranlarynda Gümmezden başga bir harabaçylyk bilen gabat gelỳärler. Şonuñ üçin beỳlekiler aldanmaz ỳaly gazaba çykyp ony bozmaklygy bỳurỳar .” Şeỳle hem Gökleñ türkmenleriniñ emirleriniñ biri onuñ astynda bir uly baỳlyk ỳatandyr öỳedip bu gümmezi ỳykmak üçin dört töweregini gazyp agtarmagy bỳurỳar. Soñ munuñ ỳykylmagy bilen ony gazỳan adamlaryñ bir toparynyñ heläk boljakdygyny emire düşündirỳärler. Şonuñ üçin emir bu işden göz uwmỳar.
Soña baka bu bina bozulmaga tarap başlanỳar. 1308-nji hijri-şemsi ỳylynda (1929-mjy milady ỳ.) arheologiỳanyñ işöwür hünärmeni Mosio Gdar hem-de iki sany Eỳranly ökde migmarçylaryñ üsti bilen täzeden ömürleşdiriş ( durkuny täzeleýiş ýa-da sazlaşdyryş ) işini alyp bardylar. Ol Gürgen ỳa-da Jürjen şäherinden ỳarym farsang aralykda gurulupdyr. Türkmen gelin –gyzlary bu mynarany öz dokan halydyr- halyçalarynyñ ỳüzüne nagş edip dokaỳarlar.
Gadymy Jürjen şäheriniň harabaçylyklaryndan galan galyndylar
Gadymy Gürgen şäheri “Mo,äjjäm el-Bälädan” atly eserde arap dilinde “Werkan” ülkesi ỳa-da “Jorjan” diýip ỳatlanylỳar. Bu şäher gündogar musulman ỳurtlarynyñ iñ ähmỳetli we taryhy şäherleriniñ biri bolup durupdyr. Bu şäher 108 kilometr häzirki Gürgen şäheriniñ demirgazyk – gündogarynda Gürgen derỳasy bilen Nardyn derỳasynyñ iki tarapynda bina edilipdir. Onuñ bir bölegine Gürgen we beỳleki bir bölegine-de , Bekrabat diỳlip atlandyrylypdyr. Bu iki bölek derỳanyñ üstüne gurlan bir köprü bilen biri-birine bagly bolupdyr . Rowaỳatlryñ habar bermegine görä, bu şäher Milad atly bir şahsyỳetiñ Gürgen diỳilen oglunyñ tarapyndan bina edilipdir. Ýene-de “Mo,äjjäm el-Bälädan” eseriniñ rowaỳat etmegine görä, Ỳezid ibn-e Mähläb ibn-e El-näbi bu şäheri bina etdiripdir. Ýene-de bir rowaỳatda ỳagny “nozhät el- glub” eseriniñ aỳtmagyna görä, “Soltan Mälikşa Seljuklynyñ nebresi tarapyndan gurulupdyr!". - diỳip bellenilỳär. 639-njy milady ỳylda arap serkerdesi Swäỳd ibn-e Mägran ‘Bestam şäheri golastyna geçirende, Gürgeniñ türkmen patyşasy Ruzan ibn-e Suwla özüni boỳun egdirmek üçin hat ỳollapdyr. Suwly han bu çagyryşyga boỳun egip, ỳylda araplara paç töläpdir . Ýene-de hijri ỳyl hasaby boỳunça 98-nji ỳyl Ýezid ibn-e Mähläb Suwly hany ỳykỳar-da Gürgeni eỳeleỳär.
IV hijri asyrda Ibn-e Hokäl Gürgen şäherine syỳahat edip şeỳle belleỳär : “Göwnejaỳ bir şäher we onuñ öỳleri kerpiçden hem howasy bolsa, Täbäristandan gurak. Kaỳykdan ỳasalan köpüri arkaly şäheriñ iki tarapyna gatnaw bolupdur. Hakykatda Gürgen şäheri derỳanyñ gündogar tarapynda, we günbatar gyrasyndaky şäher bolsa, Bekrabat diỳilipdir. Ibn-e Hokäliñ aỳtmagyna görä, şäheriñ iki bölegi “Reỳ” şäheri ỳaly uly bolupdyr. Şäheriñ etraplaryndaky baglardan köp mukdarda miwe önümleri öndürülipdir. Şeỳle hem köp mukdarda ỳüpek öndürülipdir. Derỳanyñ çep tarapyndaky Gürgeniñ esasy bölegini “Mukaddesi” atly alym “Şäheristan ” diỳip atlandyrypdyr. Onda uly-kiçi metjitler bolup, bazarlarynda töwerek-etraplardan getirilip arzan bahadan satylỳan nar, zeỳtun, gawun-garpyz, badamjan, pyrtygal, leỳmun we üzüm ỳaly miweler we beỳleki adamzada gerekli hajatlar alyş-çalyş bolup durupdyr. 
Has gadymy Kümmetkowus şäheri
Şäheriň mähelleleriniñ aralaryndaky geçỳän arnanyñ ( kiçi derỳa) üstünden kaỳyklaryñ ustünde ỳasalan we depesine arka berilen köprulerden gatnaw edilipdir. Hökümet edarasynyñ öñündäki uly meỳdanyñ 9 sany derwezesi bolupdyr. Gürgeniñ howasy örän yssy we peşesi , mör-möjekleri çakagan, esasanam büreleriniñ çakan jaỳy möjek gapan ỳaly bolup durỳar.” – diỳip belläpdir.
Orta asyrlaryñ beỳleki bir belli taryhçysy Hamdulla Mustowfiniñ aỳtmagyna görä, Mälikşa Seljuklynyñ agtygy tarapyndan şäher täzeden gurlupdyr, onuñ umumy meỳdany 7 müñ ädime barabar bolupdyr. Soltan Tekeş Horezmşanyñ bỳurugy boỳunça şa Ardeşir Mazenderanynyñ tagallasy bilen şäheriñ diwarlary täzeden bina edilipdir. Hijri ỳyl hasaby boỳunça 8-nji asyrda Hamdulla Mustowfiniñ taryh ỳazan döwüri mongollaryñ çozuşyndan beỳläk, şäher harabaçylyga tarap gaỳdỳar. Ol ỳeriñ dürli miweleri we baglary hakda az beỳan edỳär.
695-nji hijri ỳylda Emir Teỳmur / Temir / arnanyñ gyrasyndan özüne “Şasman” atly bir ymarat galdyrtỳar.
287-nji hijri ỳylda /900 m.ỳ. / Jürjen şäheriniñ töwereginde söweşip şehit bolan öwlatlaryñ biri Welid ibn-e Ýezidiñ halyflyk döwründe Seỳit Muhammet ibn-e Ýahỳa ibn-e Zeỳdiñ gubury şol ỳerde jaỳlanylỳar. Bu şäheriñ iñ şan-şöhrätli döwüri Kowus patyşanyñ döwründe bolupdyr. Ol döwürde Ibn-e Sina, Abu Reỳhan Biruny we Abu Bekr-e Horezmi ỳaly alymlaryñ ỳygnanyşỳan merkezi bolupdyr. Yslam ỳurtlarynyñ ähli künjeklerinden ilatynyñ köpligi, abadançylyk, söwda işleri we ylym-bilim hem edebiỳatyñ ösmegi bilen meşhurlyga eỳe bolupdyr. Şäheriñ günbatar-demirgazyk böleginde bir köşk, hammam hajatlary bilen özünde ỳerleỳän bazar, erk gala, Garañky Ymamyñ gündogar kenar ỳakasyndaky Gürgen derỳasy bilen Hurmarud aralygynyñ gyrasynda ỳerleşipdir. Gürgeniñ suwy bir uly daş turbadan goỳulan suw turba arkaly Garañky Ymamyñ üsti bilen şähere goỳberilipdir. 1285- 1291-nji h.ş. ỳyllardaky Britan döwletiniñ ilçisi, “Mazenderan we Astrabat ” atly eseriñ eỳesi H.L Rabinonyñ aỳtmagyna görä, Gürgen şäheriniñ daş gyrasynda “Garañky Ymam” ỳerleşỳär. Bu mowzeleỳ köneleşen gümmez görnüşde esasy bölegi ỳeriñ astynda galypdyr. Onda hiç hili ỳazgy ỳadygärligi galmandyr. Ýöne çaklamalara görä, Ýahỳa ibn-e Zeỳdiñ mazary bolmaly diỳilỳär. Ol 125-nji hijri ỳylda şäheriñ daşyndaky bolan söweşde öldürülüpdir. Onuñ meỳdini duşmany Abu Mosläm şol ỳerde jaỳlapdyr.” – diỳip rowaỳat bar.
Ýahỳa ibne Zeỳdiñ guburyna 40 ỳyl mundan öñ umumy özgertmeler berlipdir. Zyỳaratçylar üçin guburyñ daş-töwereginde otaglar gurulypdyr. Howlynyñ arkasynda bir uly howuz gurlupdyr. Gubur hem öñkisi ỳaly çuññurlykda däl. Apbas Pärwiziñ “Arap ta diỳaleme” atly eserinde şeỳle rowaỳatlara gabat gelỳäris. [ ] 53
“Ýahỳa ibne Zeỳd Ymam Huseỳn alaỳhussalamlaryñ nebereleriniñ biri Ol Welid ibne Ýezidiñ halyflyk döwründe ỳaşapdyr. Ol 7 müñ sany müritleri we tarapdarlary bilen Horasanda gozgalañ turuzỳar. Emma Halyfyñ häkimi Nasrebne Seỳỳaryñ buỳrugy boỳunça Mosläm ibne Ahur El-mo,ini onuñ garşysyna söweşe ỳollaỳar. Olaryñ arasyndaky Jürjen şäheriniñ gyrasyndaky geçen söweşde Ýahỳa ibne Zeỳd öldürilỳär.”[ ] 54
Bu guburyñ ỳanyna barmak üçin bir garañky uzak ötükden geçilipdir. Şonuñ üçin türkmenler oña “Garañky ymam” diỳipdirler.
Kümmetkowus şäheriniñ häzirki görnüşi ikinji jahan urşundan öñ Rezaşanyñ döwründe nemesler (Almanlylar) tarapyndan çyzylypdyr. Ol belli tertipde demirgazykdan-günorta tarapa we günbatardan – gündogara çekilen köçelerden ybarat bolỳar. Bu köçelerde dürli jaỳ gurluşyklar alnyp barylypdyr. Bu şäheriñ özboluşly ykdysadyỳet we ekerançylyk ỳerligi bolany üçin pajarlap ösmäge şert döreỳär.
1375-nji h.ş (1996 m.ỳ) ỳylyñ hasabaty boỳunça şäheriñ ilat sany 411522 adamdan ybarat bolỳar.
Şaheriñ esasy jemgyỳetini türkmenler döredỳär. Onda az sanly zabylly, maşatly, azerbaỳjanly, goçanly kürt, we bejnurtlylar hem ỳaşaỳarlar. Bu şäher senagat we söwda hem ekeramçylyk babatlarda rowaçlyk gazanan mekany bolany sebäpli gün-günden ỳaşaỳjylarynyñ sany köpelip durỳar.
* iññän gadymy suratyñ ỳakyndan görnünşi
Senagaty çalt ösỳär. Gymmatly haly-halça dokaỳanlardan başga-da pagta arassalaỳjy, tok-elektrik, un we agaç dolanşygy ỳaly kärhana-fabrikleriň guruluşygy gurnalýar. Jaỳ gurluşygynyñ günsaỳyn köpelmegi bilen, kerpiç kärhanalarynyñ sany hem şonça artỳar.
Kümmetkowusyñ söwda dolanşygynda durỳan harytlar umuman birinji nobatda haly-halyça we beỳleki gymmatly tikin-dokyn hem şaỳ-sepler ỳaly materiallar, pagta, arpa, bugdaỳ bolup ikinji nobatda gawun, garpyz, dürli miweler hem tekstil önümlerini öz içine alỳar.
Bu şäheriñ köçeleri has uzyn we giñdir. Her bir köçäniñ uzynlygy 62 kilometre barabar. Ýurt tabynlykdaky syỳasy bölünşikler boỳunça dört bölek, ỳagny Merkezi Ramiỳan, Azadşäher we Daşlyburun ỳaly şäherlere bölünip Kümmet şäheri bolsa bu şäheristanyñ merkezi şäheri hasaplanỳar. Ol 45 metr dünỳäniñ açyk deñiz ỳüzlügüniñ ölçeginden ỳokary derejede durỳar.
Kümmetkowusyň mowzeleýiniň gapysy

Bu şäheristan tebigy häsiỳetleri boỳunça iki bölek, ỳagny daglyk we jülgeliklere bölünỳär. Onuñ möhüm beỳiklikleri bolsa, Gündogar Elburs daglyklarynyñ Günorta sebitleri, 2880 metr beỳikligi bilen Aleng dagy we gündogar-demirgazyk sebitlerinde bolsa, kelte beỳikligi bilen Güllidag we Narlydag ỳaly daglyklardan ybarat bolỳar.
Bu şäheristanyñ beỳleki sebitleri günortadan-demirgazyga we gündogardan-günbatara tarap jülgelik we çököklüge tarap meỳillenỳär. Onuñ çököklügi şäheristanyñ merkezi we günbataryna tarap ỳagny Gürgen derỳasyna tarap inỳär.
Kümmet şäheristanyñ howa-suw ỳagdaỳy hakda aỳdylanda welin, Azat şäher şäheriniñ günorta beỳikliklerinden Hoşỳaỳlak magistral şa ỳolunyñ üsti bilen daglyk maỳyl howa we jülgäniñ günorta dag etekleri bolsa, ygally maỳyl howa, hem-de Gürgen derỳasynyñ demirgazygyndan Garaşsyz Türkmenistanyñ serhetlerine çenli özboluşly geografiki häsiỳeti boỳunça ỳarym gurak howa-suw şertlerinde häsiỳetlenip durỳar.
Bu şäheriñ iki esasy derỳalarynyñ biri Etrek derỳasy Eỳran-Türkmenistan serhetlerini döredỳär. Beỳlekisi bolsa, Gürgen derỳasy bolup durỳar. Gürgen derỳasyna ỳene-de Alyabad, Ramiỳan ỳaly günorta beỳikliklerinden gözbaş alỳan arnalar guỳỳar. [ ] 55
Ketibe

Bu şäher gadymy Jürjen harabaçylyklary hakda arheologlar tarapyndan entäk anyk derejede hiç hili gazuw agtaryş işleri geçirilmändir. Bir wagtlar ol ỳerden Kowus patyşa degişli altyn, kümüş pul zikgeleri tapylypdyr. Şäheriñ esasy şaỳollary gündogarda Marawdepe we Bežnurd hem Minudeşt ỳollaryna sepleşip, günorta tarapdan Azatşäher we Gürgen, Tähran ỳollaryna we demirgazyk hem günbatardan bolsa Daşlyburun, Inçeburun hem Kümuşdepe we Bendertürkmen ỳaly türkmen şäherleriniñ ỳollaryna baglanyşyp durỳar.
Kümmetkowusyñ binỳady tutulanda, onuñ birinji oturumlaşan ilaty ỳomutlaryñ jafarbaỳ tiresinden bolan Ganỳokmazlar, Köçek, Tumaç we Igdir ỳaly taỳpalary bolupdyr. Soñlarda patyşa Russiỳanyñ goşunlary Türkmenistany basyp alanlaryndan beỳläk, türkmenleriñ taỳpa-tireleri gapma-garyşylygyndan peỳdalanyp Kümmetkowusy hem bir hatarda eỳeleỳärler. Russiỳa döwleti bu meseläni Eỳran döwleti bilen bilelikde amala aşyrỳar.
Russiỳa patyşalygy 1917-nji ỳylda synmagy bilen onuñ Kümmetkowusdaky işgärleri we wekilleri öz watanlary bolan Orsỳede dolanyp gaỳtmaly boldular.
Umuman 1917-nji ỳyldan 1930-njy ỳyllara çenli Türkmenistan SSR-inden hem türkmenler ol şähere bosgun bolup barỳarlar. Olar aşakdaky tertipde ỳerleşỳärler:
-Tekeler, Molla Orazgylyç tekäniñ ỳobaşçylygynda öz kowumlary bilen Kümmetkowusyñ demirgazyk-günbatar böleginde mekan tutỳarlar. 

Kümmetkowus şäheriniň belli meỳdançasy
-Hojalar, Abdyjan ahunyñ ỳolbaşçylygynda öz taỳpasy we Gereỳler Çaỳboỳunda hem Kümmetkowusyñ günorta-günbatar böleginde mekan tutỳarlar.
-Behelkeler, Nowruzhajy we Babylhajy dagylaryñ ỳörelgesine düşüp Kümmetkowusyñ günorta-günbatarynda we Çaỳboỳunda orun tutỳarlar.
-Hywalylar, Arazkösäniñ Weỳs taỳpasynyñ Körbulak tireleri we Abdylla Özbek dagylar Çaỳboỳunda we günorta-günbatar böleklerinde ỳerleşỳärler.
نويسنده مرات البلال بناي آن را از قول سال خوردگان مربوط به سال 804 هجري ذكر مي كند و باني آن را از اهل تسنن و از تركمنهاي طايفه ايمر معرفي كرده اند . اين مسجد در عصر درخشان معماري يعني دوره سلجوقيان احداث شده است٠
Mer’at el-Belal eseriniň ýazyjysy öz döwürdeş ýaşulylarynyň dilinden belläp, “Bu binanyň salynan ýyly 804-nji hijiri ýylda” –diýip, salgylanýar. Onyň binasyny ören türkmenleriň Eýmir taýpasyndan sünni mezhebi bolupdyr. Bu metjit Seljuklylar döwrüniň migmarçylygynyň gülläp ösen döwri bolupdyr.
Ruslar Türkmensähradan çykandan soñ türkmenler özara näsazlyklary aradan aỳyryp agzybirlige tarap ymtylỳarlar. Şeỳle hereketiñ esasynda ähli türkmen taỳpa-tireleriniñ arasynda uly abraỳly alymlaryñ biri ỳomutlaryñ Jafarbaỳ taỳpasynyň Kör tiresinden bolan Osman ahuny Kümmetkowus şäheriniñ häkimi wezipesine belleỳärler. Bu waka 1925-nji ỳyla çenli dowam edip, onsoñ Rezaşa Pählewi bu ỳurdy basyp alỳar.
Iñ soñky gelen maglumatlara garanyñda yokarda nygtap geçişimiz yaly Jürjen şäheriniñ has ösen döwri Seljuklylar döwründe bolupdyr. Ol döwürde demiri gaỳtadan işleỳiş senagaty, çüişe önümleri we beỳleki dürli senagat ugurlarynda yslam dünỳäsining iñ ygtybarly ỳurtlarynyñ biri bolupdyr.
Häzirki döwürde “ Bu şäher Gürgen derỳasynyñ gözbaş alỳan ỳerliginin Çaỳ boỳun şahamçasynyñ ugrunda ỳerleşip, onuñ iñ rowaç tapan döwrinde 1200 gektar giñligi bolupdyr. Bu şaher şeỳle takyk arhetekturada esaslanyp gurulup, onuñ ähli köçeleri we ỳollary bişen kerpiçler bilen düşelipdir.

* Seljuk türkmenlerinin döründe salynan bina 
Şeỳle hem şaheriñ içi ỳagyş wagtlarynda ỳygnanan suwlary şäheriñ daşyna gönükdirmäge ösen ulgamlardan peäỳdalanypdyrlar.” (Ỳol ir- saity).
“Ỳol ir” türkmen saytynyñ habar bremegine göra: “Taryhy Jürjen şäheriniñ dördünji tapgyr arheologiki gazw agtaryş işleri başlandy.”- diỳlen habar hem ünsüñgi özüne çekỳär.
Bu iş Eỳranyñ “Miras we Turism Medeniyeti” merkezliginiñ tarapyndan alynyp baryljagyny aỳdylỳar. Şu ugurda işöwürleriniñ biri Fereỳdun-e Ownugyñ ‬84/08/29 yekşenbe güni IRNA habar beriş seriştesine habar bermegine göra: “ Taryhy Jürjen şäheriniñ bu gazw- agtaryş işleri doktor Muhammet Murtazayi tarapyndan iki aỳlap dowam eder.Onun aỳtmagyna göra: gazw-agtaryş işleri Eỳranyñ arheologiki işöwürleri yagny migmarçylyk, kartaloglar, meỳilnama düzüjiler hem täzeden dikeldijiler ỳaly 15 adamdan ybarat topary öz içine alỳar.”
* Gadymy Jürjen şäheriniň gazw-agtaryş işileriniň görnüşi
Ownuk sözüni şeýle dowam edỳär: “ Bu şäheriñ arheologỳa gazw-agtaryş işleriniñ şu tabgyrynda migmarçylyk strukturasy, şaher gurulşyklary yslam döwürleriniñ dürli etaplarynda, senagat toplumlary mysal üçin, çüşe karhanalary, küỳze we tañsyk önüm mekanlary, şäher geçelgeleri, yerli gurulşyklary, agyz suw üpjünçilikleri we suw daşadyş ulgamlaryny öwrenip geçiler.”.
Kümmetkowus şäheriniñ Medeni Miras we Turism edarasynyñ yolbaşçysynyñ aỳytmagyna göra: “Şeỳle hem şu toparyñ ýolbaşçylygynda bu döwürdäki gazw – agtaryş işleriniñ dowamynde Kümmetkowus şäherini täzeden tanatmak we dürli medeni meỳdanlaryny açmak we halka tanatmak şeỳle hem onuñ gadymy kartasyny tapyp işlemek ỳaly işleri alynyp barylar.”
Iñ soñunda ümit edỳäris halkymyzyñ şunuñ ỳaly taryhy şäherlerini täezeden dünya tanadylsyn. ... DOWAMY...
=============
-------------------------- Çykgytlar we Edebýat:
=============
*************************************************
Gadymy Kummetkowus
***********************************

Kummetkowus
********************************************

1 comment:

phdoctrate said...

49.[ ]. Jeografiỳa-ỳe Ostan-e Golestan, - 17/237, /görk.iş./,s.s. 43-44
ه ۴٩. جـغـرا فـیا ی ا سـتا ن گلـسـتا ن، ۱۷/ ۲۳۷ ، ... ص. ص. ۴۳ – ۴۴
50.[ ]. Mo,iỳni Äsäd-ollah, “ Jeografiỳa vä jeografiỳa-ỳe tarihi-ỳe Gorgan-o-däşt ”, çaphane-ỳe şrekät-e sähami-ỳe “ Täb,e ketab”, Tehran- esfänd-e 1344 ş.,säf. 45
ه ٥٠. مـعینی ا سـد ا لله،" جـغرا فـیا وجـغـرا فـیای تا ریخی گرگا ن و د شـت"، چا پخـا نه شرکت سهـا می " طبع کـتا ب"، تـهـرا ن – ا سفند ما ه ۱۳۴۴ ش.ص.۴۵
51.[ ]. Sazman-e miras färhängi-ỳe Ostan-e Golestan ,“ Borj-e Gondäd-e Gabus ”, Golestan – sal-e 1377 ş. ( broşura).
ه 51. سـا زما ن مـیرا ث فـرهـنگی ا سـتا ن گلـسـتا ن، " بـرج گـنـبـد قـا بـوس"، گلـسـتا ن – سا ل ۱۳۷۷ س. ( بـروشــور).
52.[ ]. Şol ỳerde.
53.[ ].Mo,iỳni Ä., “ Jeografiỳa ….”, / görk.iş./,
54.[ ]. Jeografiỳa-ỳe Ostan-e Golestan, / görk.iş./, … sah. 44
55.[ ]. Şol ỳerde, 13 sah.