Wednesday, July 15, 2009

3. Kary:


Kurhan okamak üçin dini medreselerden ỳörite rugsat edilen şahslara “Kary” diỳlipdir. Kary arap dilinde okyjy diỳmekdir.
Etrek-Gürgen türkmenleriniñ arasynda çagalary doga ỳa-da saỳ-sebäp boỳunça gözi nahoşlap görmekden mahrum bolanda, olary diñe mesjit-medrese-hüjrelere bagyşlapdyrlar. Olar sapakda hemişe oturyp kurhany ỳatlapdyrlar. Olar kurhany boỳdan baş owazly kara’at edipdirler. Şonuñ üçin Eỳranda karylaryñ ep-eslisi görmekden mahrumdyrlar. Elbetde bu däp Muhammet Pygamberiñ döwründen bäri bolup durupdyr. Sebäbi, Muhammet Pygamberiñ ỳazuw sowady bolmany üçin wagyz bolup inỳän aỳa-süreleri öz ỳanyndaky hemişe saklaỳan ỳörite karylaryna ỳat tutdyrypdyr. Sebäbi, öňde belläp geçşimiz ỳaly ol döwürde Hijaz arabystanda sowatly adam bolmandyr. Häzirki döwürde Türkmensährada belli-belli karylar meşhurdyrlar. Hojanepes etrabyndan Görükli Kary çükgän (ol 1986-nji ỳylda Päkistanda geçirilen konkursda dünỳä meşhur arap karysy Abdylseỳit (Abdulbasit) bilen konkurensiỳada deñ çykyşyp uly orny eỳelän karylaryñ biridir.) Ýene-de atasy Buharada okuwyny tamamlap gelen Bäşỳuwsgaly belli Hajyberdi Kary Iri, AkmAt Kary, Aky Kary Kelteỳi Bendertürkmen şäherinden, Nurjan Kary Akgamyşdan, Arazgeldi Kary Arapsent obadan, Annamuhammet Kary Kötügi Sallah obasyndan,... ş.m. belli-belli karylar bar. ... Dowamy

No comments: