

Iň soňky gezek Gajar türkmenleriniň hanedanlygy mahaly Nasretdin şahyň döwründe, daşary ýurtlylar Eýranyň Türkmen atlaryna gyzyklanyp, atlary gämi bilen öz ýurtlaryna alyp gidipdirler. Eýranyň “äsbdaran kooperatiw firmasy” hem “Türkmen Atlaryny Nesilleşdiriş we Geňeş Firmasynyň” ýerine ýetiriji müdiri Abdyljelil Kyýadynyň aýtmagyna görä:
![]() |
Türkmen Atlaryny Nesilleşdiriş we Geňeş Firmasynyň müdüri Dr. Gyýady(Jergelan) |
“ Eýran atlaryny (türkmen atlary) täzeden eksport edilip başlansa, onda bu sungaty ösdürmegiň we atçylyk önüminiň giňeldiş şertleriniň taryhda ýene bir gezek ör-boýuna galjakdygy ikiuçsyzdyr.” Ol geçen ýyllarda bu sungatyň daşary ýurtlara eksport edilmediginiň sebäbini ýurtda gurakçylygyň bolandygy üçin -diýip nygtaýar.

Geçen ýyllarda önümiň gymmatlygy we içeri bazaryň ýoklygy sebäpli Eýranda at saklamak meselesi kynçylyk bilen gabatlaşdy. Bu sungata höwesi bolan seýisler we atçylar diňe öz göwünleri we ata bolan söýgisi üçin bu iş bilen meşgullanýardylar. Eger atçylyk sungatynda şeýle kynçylyklar dowam etse Eýranyň türkmen soý atlary genetiki boýunça ýitip ýurduň gadymy we uly baýlygyny elden gidirip, işsizlik dörär! – diýip belleýärler.
A. Kyýady öz sözüniň dowamynda şeýle belleýär: “Atlary eksport etmeklik, Eýran atlarynyň ýitip barýan nesilleriniň täzeden janlanmagyna sebäp bolar. Iki ýyl bäri Kanada Federassiýasynyň “Milli atçylar komandasynyň” aktuwal bir topary “Hazar” we “Türkmen” atlary satyn almaga çynlakaý alada edip başladylar.

Ol üstümizdäki ýylyň dowamynda eksport ediljek atlary satmakdan maksat, ýurda walýuta siňdirmek niýeti bilen däl-de, eýsem atlaryň Eýrandaky pes bahasyny deňeşdirenimizde, atlaryň halkara bahasyndan has arzan oruny özüne eýeleýär. Şonuň üçin halkara bahasyny ýokarylandyrmakda öz täsirini galdyrmakdadyr. ...
Kyýady şeýle diýýär: “Üstümizdäki ýylda atlary eksport etmekden maksadymyz; Türkmen atlarynyň nesllerini dünýä bazarlaryna çykarmak we tanatmak hem halkara dünýä bazarlarynyň derwezesini-de, Eýran atlarynyň öňüne açmakdyr.”.


Ol üstümizdäki ýylyň dowamynda eksport ediljek atlary satmakdan maksat, ýurda walýuta siňdirmek niýeti bilen däl-de, eýsem atlaryň Eýrandaky pes bahasyny deňeşdirenimizde, atlaryň halkara bahasyndan has arzan oruny özüne eýeleýär. Şonuň üçin halkara bahasyny ýokarylandyrmakda öz täsirini galdyrmakdadyr. ...
Kyýady şeýle diýýär: “Üstümizdäki ýylda atlary eksport etmekden maksadymyz; Türkmen atlarynyň nesllerini dünýä bazarlaryna çykarmak we tanatmak hem halkara dünýä bazarlarynyň derwezesini-de, Eýran atlarynyň öňüne açmakdyr.”.

“Äsbdarlar kooperatiwi” firmasynyň ýerine ýetiriji müdiri Kanada Federassiýasyna eksport etmek üçin göz öňüne tutulan atlary bir aýlap Eýranda we 2 aýlap Kanada-da karantyn gözleginde saklanjagyny belläp şeýle diýýär: “Häzirki wagt 22 sany Türkmen atlary, 18 sany Hazar atlary we 17 sany hem beýleki sürülerden we dürli adamlardan kanadaly toparyň tarapyndan saýlanyp, göz öňüne tutuldy. Şonda Türkmen atlarynyň öňünde goýulan bahasy 50 müň dollar görkezildi.”.
Ýurtda esasanam Bežnurdyň Raz we Jergelan oazislerinde atlary ösdürip ýetişdirmekde Hojalyk Ministrliginiň, maldarçylyk işleriniň orunbasarlygy hem ýurduň çowgan we atçapyşyk Federasiýasynyň tehniki orunbasarlyklarynyň görkezýän kärdeşlikleri babatda jenap Kyýady agzap geçip şeýle diýdi: Eýran we Türkmenistanyň serhetlerinde ýerleşen bu oazisde köpçülikde türkmen soý atlary terbiýeläp kemala ýetirmekde çäksiz umyt we gyzyklanmalar döretdi. [1]
Eýranda at we atçylyk işlerine esasanam Türkmensährada has ähmiýetli garaýarlar. Şonuň üçin Kümmetkowus, Bendertürkmen hem Akgala ýaly şäheristanlarda ýörite atçapgy meýdanlary döredilipdir. Şolaryň arasynda Kümmetkowus şäheriniň atçapgy ýaryş meýdanynyň kolleksiýasy ýaňy ýakyn ýyllarda ähliýurt boýunça Orta Aziýada iň bir uly we owadan sport kolleksiýasy adyny özüne eýeripdi. Ýöne şu günki gün ulylykdan diňe ady galypdyr. Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny alnadan bäri gadymdan gelýän türkmen däp-dessurlaryna üns berilip başlandy. Şolaryň arasynda atçylyk meselesine hem örän gyzykly üns berilip ony ösdürmegiň ugrunda toý baýramçylyklarda dürli ýaryşlar goýulyp hemem ony ylmy taýdan ýaýbaňlandyrmagyň ugrunda dürli konferensiýalar we seminarlar ýola goýuldy.
Hatda käbir ýaş alymlar mysal üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Taryh Institutynyň alymy Öwez Gündogdyýew ýaly alymylar, türkmenleriň taryhynda atçylyk meselesi barada ylmy işler hem ýazyp goradylar.

Hatda käbir ýaş alymlar mysal üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Taryh Institutynyň alymy Öwez Gündogdyýew ýaly alymylar, türkmenleriň taryhynda atçylyk meselesi barada ylmy işler hem ýazyp goradylar.

Eýranyň ykbalyndan öň gurulan bu kolleksiýany gözden düşürilip seredilmändir. Onda, üýtgedilip gurulmandygy sebäpli harabaçylygyň nyşanyny hem ýumrulan taraplaryny edil giren badyňa onuň asfalt köçelerinden görse bolýar.

Atlaryň bu ýataklarynda ýaşaýan adamlaryň aýtmagyna görä, bu mekanda arassaçylyk diýlen zadyň namy nyşany ýok, esasanam ýaz aýlarynyň çapgylarynyň başlan wagty howa yssylaşyp başlanýar. Şonda ol ýeriň hemişelik myhmany sypranyň üstündäki çörek suwlaryň daşynda aýlanyşyp, uçuşyp ýören siňekler bolup durýar. Bu at ýatakhanasynyň arka tarapyndaky ekerançylyk üçin niýetlenen açyk meýdanda görnüp duran jaýlar hem atlara berilýän bede samanlaryň ammarlarydyr.

Kümmetkowusyň ippodrom kolleksiýasy öňlerde ösen elektronik ulgamlary bilen ýagny photofinishing (soňky çyzga ýetip öňe çykýan atlary belleýän foto enjamy), ýapyk arbitally telewizorlar ýaly enjamlar bilen kämilleşipdir. Ýöne bu gün ol çärelerden hiç hili alamat galmandyr. Aýtmaklaryna görä, olary başga bir ýerlere äkidilipdir.
Atçapgy meýdanyny biri-birinden aýralaşdyran demir setka diwarlary ýere ýykylyp öz häsiýetini ýitirmegi hem bu kolleksiýa ýetişiklik edilmändiginiň alamatydyr. Bu setka diwarlarynyň aňry gözýetimleri bu kolleksiýanyň ekeran meýdanlaryny goramak üçin niýetlenen enjamlaryň hem ýykylyp ýatandyklary göze ilteşýär.

Ýaryş döwürlerde her hepde 5 müň sany atçapga muşdak tomaşaçylary özünde ýerleşdirýän bu kolleksiýa, iliňe bir kiçi öýi, ol hem ýaňy ýakynda dikilen namazhanadan ybarat bolýar. Açyk ýalazy çemenleriň üstünde namaz okap duran adamlary göreniňde ýa-da bu namazhanadan habarlary ýok ýa bolmasa-da, ol ýere namaz okamaga gyzyklanmaýarlar. Gum-syrkyn garyşyp duran açyk meýdandaky ýerde iýgi-içgi satyşyp oturan satyjylaryň özlerini alyp barşyny göreniňde, olaryň satyp duran harytlarynyň arassalygy hakda bir uly sorag ýüze çykýar.

Olary göreniňde tomaşaçylaryň talabyna laýyk her bir arassa restoran ýa-da namazhana salmaga gurplary çatmadymyka? Diýlen sorag ýüze çykýar. Bu kolleksiýanyň öňki arassaçylyk enjamlaryny gören her bir synçy adam ony soňky wagtlarda täzeden guruljak bolandygyna ünsi çekilýär. Eger şeýle bolan ýagdaynda bu serwisler talaba laýyk bolup durardy.

Onuň jogapkär işgäri Abdylkerim Suwrynyň aýtmagyna görä, bu kolleksiýada ekerançylyk üçin niýetlenen üç sany guýysyndan iki sany doly bozulan, ol birisi işlesede suw çykaryş gurby iňňän pes derejede dur.
Bu işgär şeýle diýýär: “Onda ulanylýan 8 traktordan 4 traktor işlemäge gurby çatýar. Beýlekiler bolsa, bozulany üçin ulanylmaýar. Ol ýokardaky kemçilikleri nygatamk bilen, bu kolleksiýany täzeden doly gurmak üçin pesinden 2 milliard riýal pul çykdajysy gerekdigini belleýär.”.
Wezipesini ýylyň başlarynda boýun alan Kümmetkowusyň ippodrom kolleksiýasynyň müdiri şeýle diýýär: “Bu kolleksiýanyň kemçilikleri we bozulmaga tarap hereket etýän nuksanlyklaryny we işde ýüze çykýan bökdençleri hakda gerekli barlaglary geçirildi kem-kemden bu nuksanlaryň ýerini doldurmaga ädim ädilýär.”
Elbetde täzeçe gurmak prosesi arassaçylyk serwisleri we ýaşaýyş plýažlary başlansada munuň kemçilikleriniň köpdigi sebäpli döwletiň býudjet serişdelerinden puly köpräk göýberilmegi talap edýär. [3]

Luise Firouz türkmen Kaspien atly atlaryny(Hazar atlary) täzeden ösdürip ýetişdiriş, Eýranda atlary nesilleşdiriş ulgamlarynyň dübüni tutan şahsyýetleriň ýeke-täk biridir. Hazar atlary tohumy türkmen atlarynyň has ýitip barýan nesilleri bolupdyr. Firouz hanym ony täzeden instrumental döretmegi başarypdyr.
Ol özüniň ýarym asyr ömrüni Eýranyň demirgazyk böleginde geçirýar. Soňky wagtlarda Türkmensährada “Türkmen Atlary Nesilleşdiriş we Geňeş” firmasy bilen ýakyndan işleşip başlap, türkmen işöwürlere gerekli kömekleri berip durupdyr.
Aşakda Türkmen atlarynyň ýokary bilimli işöwüri Luise Firouz hakda berilen linklere hem ünsiňizi çekýärin:
1. Louise Firouz, Horse Breeder, Dies at 74
2. Louise Firouz Champion of the Caspian Horse, dead at 78
... Bu Gajar hanedanlygynyň at - esbaply zenan maşgalasy hakynda iň soňky sapar metbugat sahypalarynda dünýäden gidendigi hem gysgaça durmuş terjimehaly hakynda maglumatlar beripdirler.: ... Dowamy .....
1. Louise Firouz, Horse Breeder, Dies at 74
2. Louise Firouz Champion of the Caspian Horse, dead at 78
... Bu Gajar hanedanlygynyň at - esbaply zenan maşgalasy hakynda iň soňky sapar metbugat sahypalarynda dünýäden gidendigi hem gysgaça durmuş terjimehaly hakynda maglumatlar beripdirler.: ... Dowamy .....
* Bir näçe surat:
Eýran Atçylyk- Dr. J. Giýady
1 comment:
1. Touse-eỳe sadrat, sal-e sewwom şomareỳe äwwäl, Tehran-1380 ş., 33-32 sah
2. “Golestan-e Iran”, (görk. iş), 7 sah.
3. Şol ỳerde
4. Louise Firouz, Horse Breeder, Dies at 74
5. Louise Firouz
Champion of the Caspian Horse, dead at 78
Post a Comment