Monday, November 30, 2009

a). GÜLÜSTAN WELAÝATYNYŇ YKDYSADYÝETI:

Orak-Döwek
“XIX asyrda alymlaryň köpüsiniň aýtmagyna görä, türkmen jemgyýetiniň ýarysy oturumlaşan we galany bolsa, maldarçylyk bilen meşgullanyp gara öýlerde ýaşapdyrlar. Şu sebäpden olaryň ykdysadyýetiniň esasy özeni ekerançylyk bilen maldarçylykda jemlenipdir. Şonuň üçin olary iki topara bölýärler. Köpüsi ekerançylyk bilen meşgullanýan çomurlar we maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwadarlardan ybarat bolupdyr.”[ ] 18

Maldarçylyk türkmenleriň iň möhüm sermaýalarynyň biri bolup durýar. Olar süri mallaryň önüm ýagdaýy we öri meýdanlaryna bagly bolup durýar. Sürileriň tebigy köpelişi ýyldan-ýyla tapawutly bolup durýar. Goýun bilen geçiniň dogluş sany 60-90 göterime çenli aratapawutlydyr. Ýöne heläkçiligiň möçberiniň ýokarylygy zerarly owlak-guzylaryň arasynda onuň aratapawudyny 30-60 göterime çenli pese düşürýär.[ ] 19
Türkmenler gyşda goýun-guzylaryny öýüň ýakynynda ýörite dikilen taşa-körpeç ýaly ýerlerde saklaýarlar. Eger-de howa has sowuk ýa-da çagbaly ýagyş ýagsa örä göýbermeýärler. Şeýle ýagdaýlarda olary bede otlary bilen iýmitlendirýärler.[[3]] 20

Türkmenler Gülüstan welaýatynda öňden hem şol şertlerde ýaşapdyrlar. “Öňki ýyllarda, ýagny tehnikanyň häzirki görnüşleriniň ýok döwri ekerançylyk çomurlaryň arasynda iki görnüşe bölünipdir. Birinji görnüşi ýagyşa bagly bolup duran düme ekerançylygy. Düme ýagdaýynda esasanam, arpa-bugdaý ekilipdir. Ggurakçylyk ýüze çykan ýyllarda hasyl az bolupdyr. Sebäbi türkmenleriň oturumlaşan ýeri köplenç gurak bolupdyr.”[[4]]  21
Gülistan welaýatynyň kartasy
Häzirki döwürde Gülüstan welaýatynyň özboluşly ýeke-täk geografiki şertleri bolany sebäpli, bu ýerde ekerançylyk, senagat we söwda işleri, amatly şertler bilen beýleki welaýatlara garanyňda ýokary göterimde durýar.

Bu welaýatda ekerançylykdan we bagçylykdan ýokary derejede önümler alynýar. Welaýatyň 2 million 200 müň gekdar meýdanyndan 28 göterimi ekerançylyga degişli bolup, ol dürli miwe, galla we gök önümleri ýetişdirmek üçin niýetlenendir. Şonuň hem 98,6 göterim ýerlerinde galla önümleri ekilýär. Galan meýdanlary bolsa, ýurduň bagçylygyna degişli bolup durýar. Umuman 72 sany ekerançylyk önümleri bu welaýatda ekilip ýetişdirilýär.

“Ýokardaky ýatlanan ekerançylygyň ikinji bir görnüşi, derýanyň gyrasyndaky ýerlerde ýerleşen ekin-meýdanlary bolup durýar. Olary suw we suwaryş enjamlary bilen üpjün etmegiň netijesinde önüme goýberilýär. Türkmenleriň bir aýdan nakyly bar, “Her ýerde suw bolsa, ýaşaýyş hem şondadyr”.”.[[5]] 22



Welaýatyň bütin ekin meýdanlarynyň, 45,5 göterimi suwarymly ýerler bolup galan 54,5 göterimi düme görnüşdedir.

Ekerançylygyň gerekli suw çeşmeleri atmosferadan inýän ýagyş-ýagynlardan öteri, arykdyr derýalaryň suwlary, dürli guýy skuwažnalar, suw bentleri hem suw howdanlaryndan üpjün bolýar. Suwly ekiş ýerleriň gekdar boýunça 2-3 esse köp hasyllygyny göz öňünde tutsak, ýer ýüzünden akyp duran suwlary, suwbentleri we suw howdanlary döredip şol ugurda milli taslamalar hökmünde maýa goýumlary göýberilse diňe welaýat boýunça däl-de, belki ýurt möcberinde daýhançylykdan önýän önümleriň ýokarlanyp gitjegi ikiujsyzdyr. Bu ugurda guýy skuwaženalary köpeltmegi we ýerasty suw howdanlaryndan köp möçberde ulanylmagy çäklendirilmegi maslahat berilýär.

Görkezilen tablisiýada ekişe göýberilen meýdanlar we strategiki önümleriň möçberi 1995-1996-nji zragat ýyldaky statistikasy.[[6]] 23
Bu tablisiýada ekişe göýberilen meýdanlar we strategiki önümleriň möçberi

“1994-1995-nji zragat ýylynda Gülüstan welaýatynyň strategiki ekeran önümleriniň ähli ýurt boýunça deňeşdirme statistikasy”[[7]] 24

Welaýatda ähli ýurt boýunça strategiki ekeran önümleriniň deňeşdirme statistikasy
Welaýatda göz öňüne tutulan bütin ekiş meýdanlarynyň ýarysy ekerançylyk önümlerine, ýagny galla ekinlerine niýetlenýär. Ekerançylyk önümleriniň 2 million tonnadan agdyk dürli hasyllaryndan 2,3 bölegi galla önümleri bolup durýar. Şol sanda 70 göterim galla ekişleri düme görnüşde bolsa, 30 göterimi suwly ekişler görnüşünde emele gelýär.
Galla ekinleriniň arasynda 60 göterimini bugdaý ekini tutýar. Ondan soňky orunlary arpa, tüwi we mekgejöwen ýaly ekinleri eýeleýärler. Gülüstan welaýatyň şäheristanlarynyň arasynda galla hasylyny öndürmekde Kümmetkowus birinji oruny, Minudeşt we Gürgen bolsa, ondan soňky orunlary eýeleýärler.
XIX-XVIII – asyrlarda türkmenler öz suwly ekiş ýerlerinden ýokary hili galla we köp mukdarda gök önümler we miweler öndüripdirler.”[[8]] 25

“Görkezilen tablitsiýada ekişe niýetlenen ýerler we dürli gallalaryň önüm möçberi belli şäheristanlar boýunça 1996-njy ekerançylyk ýylda”[[9]] 26

Ekişe niýetlenen ýerler we dürli gallalaryň önüm möçberi belli şäheristanlar boýunça

Beýleki ekinleriň arasynda, senagat ösümlikleri bolan gowaçadyr tütün ekilişi welaýat boýunça ikinji orunda durmak bilen olar ekin meýdanlarynyň 22% göterimini tutýarlar. Şonuň hem 97% göterimini gowaça ekinleri tutup galan ýerlerine tütün ( temmäki ) ekilýär. Ýagly däneleri, dürli gök önümlere, bede otlary we gawun-garpyz önümleri üçin göz öňüne tutulýan ekiş meýdanlary, giňligi boýunça ondan soňky orunlary eýeleýärler.

Bu ülkede pagta öndürmek üçin ähli şertler bar. Hasylly we gurply toprak, gerekli suw çeşmeleri, meýdanlarynyň giňligi, yssy we talaba laýyk ygally tomusy, ýokary bahaly önüm öndürmäge esasy şert bolup durýar. Welaýatda 33 sany pagta arassalaýjy desga bar. Önüm dolanşykda duran bu desgalar Gülüstan welaýaty pagta önümleri boýunça özboluşly polýusyna öwürüpdir. Şonuň üçin hem bu ülkä “Särzämin-eTälaýe Sefid (Ak Altyn Ýurdy)” -diýip at berýärler.

Ýurt boýunça öndürilýän pagtanyň ýarysy Gülüstan welaýatynda ýetişdirilýär. Onda öndürülýän pagtalar hili boýunça hem beýleki welaýatlarda öndürülýän pagtadan tapawutlanýar. Şonuň üçin hem ol girdejili pudak bolmagynda galýar. Bu ülkedäki pagtadan emele getirilýän lükge pamyk, tehniki häsiýeti boýunça nahylary söýüm kabul ediji derejede, ýumuşaklygy, gaýymlygy, durumlylygy we inçeligi babatda beýleki welaýatlardan önýän lükge we kelep nahylary bilen deňeşdireniňde birinji orunda durup, dünýä boýunça meşhurlyga eýedir.

Elbetde pagta ekerançylygy Gülüstan welaýatynyň ähli şäheristanlarynda alynyp barylýar. Ýöne welin ekeran meýdanlarynyň hili, şäheristanyň giňligi we ekiş üçin niýetlenýän meýdan göwrümi ösüm möçberini dürli şäheristanlarda tapawutlanýar.

Meselem, aşakdaky görkezilen tablitsiýad agta ekişi üçin niýetlenen meýdanlar ýeriň  önüm möçberini şäheristan tapawutlylykda 1996-njy yldaky maglumat bilen hem tanyşmaklyk gyzykly bolsa gerek.

Görkezilen tablitsiýa agta üçin niýetlenen meýdanlar
Görkezilen tablisiýanyň birinji şäheristanyny mysal üçin okaly: “Kümmetkowus şäheristany boýunça ekişe niýetlenen suwly ekilýän ýerler 30999 gekdar, düme ekilýän ýerler bolsa, 2482 gekdar; şol mukdardan önüm möçberi suwly ýerden 51382 tonna bolsa, düme ýerden 2334 tonna pagta önüp, ýeriň her gekdardan emele getiriş gurby boýunça suwly ýerden 1658 kilogram her gekdardan bolsa, düme ýerden 940 kilogram her gekdardan pagta önýär.”.

Pagta ekerançylygy ähli ýurt boýunça has ýokary derejede ähmiýetli bolup durýar. Sebäbi diýseň bu gymmatly hasyl gyzyl pul girdejisinden öteri, ilata iş dörediş nukdaýnazardan ýurduň umumy ykdysadyýetinde ýokary ähmiýete eýe bolýar. Bütin Eýran boýunça ýüz müň ekerançylyk toplumynda (şol mukdardan 1,3 bölegi Gülüstan welaýatynda) 9 aý iş hem çynlakaý saklaw, onuň ekiş, saklaýyş we ýygnaýyş tabgyrlary, 75 sany aktiw pagta arassalaýjy kärhanalary (şol sandan 33 sany Gülüstan welaýatynda), 30 toplum ýag zawody, ýüze golaý pagta degişli mata zawody, müň toplumdan agdyk nahy çykaryjy fabrikler, onlarça elde dokalyş desgalar, onlarça talabalaýyk ýapynjalary öndriji toplumlar, elçalgyç öndüriji, tent dokalyş, ýüzlerçe jorap dokyn toplumlary, müň toplumdan agdyk kiçi dokyn fabrikler, ýüzmüňlerçe haly-halyça guramalar, onlarça düşek öndüriji kärhanalar we ş.m. ýaly dolanşyklar umuman 25 göterim ýurduň senagat göwrümini öz içine alýar.

Tekstil senagatlarynda bolsa, sada iş güýçleriniň köpçülik sanyny göz öňünde tutsak, onda 3 milliona golaý adam pagta önümleriniň dolanşygyndan öz durmuş güzeranlaryny dolandyrýarlar. Şunlukda bütin Eýran boýunça pagta halysynyň ýarysy Gülüstan welaýatyndan öndürilse, “ bu welaýat ähli ýurt ykdysadyýetinde esasy we möhüm rol alyp baryar;” -diýsek jaýdar bolup durar.

Pagtanyň ýurt boýunça ykdysady ähmiýetleri barada aýdylanda welin, Eýranda 2-3 on ýyl mundan öň nebitden başga-da, eksporta göýberilýän iň möhüm harytlaryň biri pagta bolup durýardy. Ol köp girdeýjili we gyzyl pul gazanyjy hasyl hökmünde möhüm pudaklaryň biri diýip hasaba alynýardy. Bu önüm häzirki zamanda içeri ätiýäçleriň bir bölek isleglerini kanagatlandyrmak bilen, senagat göwrüminde köp dolanşykly bolany üçin giň möçberde iş döredip durýar.

Önüm dolanşygynda pagta 150 sanydan köp senagat düzümlerinde roly bolup ünis çekiji, goşmaça gymmatlyklary özi bilen getirýär. Mysal üçin, hem pagtanyň bahasy has ýokarydyr. Emma ondan nahy öndürilse 100 göterim we mata öndürilen tapgyrynda 300 göterim we geýim-gejim örülen halatynda 700-900 göterim aralygy goşmaça bahasy artýar. Hem-de pagtanyň beýleki önümleri (lükge pamykdan aýry) tertip boýunça goşmaça gymmat bahalary ýokarylanyp gidýär.

Gülüstan welaýatynda pagta çigidiniň ýagyndan başga-da, iýmit üçin ýag önümlerini giň möçberde öndürmek üçin ýag alynýan dürli çigit däneleri ýetişdirilýär. Bu däneleriň iň ähmiýetlisi soýa (ak noýba), günebakar, ýerbadam, gülez we künji ýaly ösümliklerden ybaratdyr.

Eger şolaryň arasynda ýag öndürmek üçin senagat we gallalar ösümlikleri hasabynda durýan pagta bilen mekgejöwen ýaly ösümlikleri ýagly däneleri hatarynda goýsak, onda welaýatyň ýagly däneleri üçin niýetlenýän ekiş meýdanlary 30 göterime barabar bolup durýar.

Aşakdaky görkezilen tablisiýada Gülüstan welaýatynyň ýagly däneler üçin ekişe göýberilýän meýdany we önüm möçberi 1996-njy ýylda:

Gülüstan welaýatynda ýagly däneler üçin ekişe göýberilýän meýdanlar

Soýa ýa-da ýagly noýba ýokary ähmiýetli ýagly däneleriň biri hökmünde hasaba girýär. Şonuň üçin ekeran meýdanlaryň ýarysy şeýle hem welaýatyň ýarysyndan köp, ýagly däneleriň önümini soýa önümlerinden alynýar.

Soýa önümlerini ekip ýetişdirmek üçin talaba laýyk şertlerini göz öňüne tutanyňda, bu welaýatda bolelin tebigy şertler bar. Soýa ösümligi ygally howa-suw şertinde emele gelýär. Howanyň ýokary ygally çygy bu ösümlige otgurçuk keselleriniň düşmeginiň öňüni alyp, onuň ösmegi üçin talaba laýyk şert döredýär. Soýa ösümligini ekip ýetişdirmek üçin gerekli temperatura 15-den 35 gradusa çenli bolmalydyr. Bu önüm çuňňur nowur toprakdan we çägeli gomus toprakda öňat ösüp, gerekli suw ätiýäçlerini suwarylmak arkaly üpjün bolýar.

Gülüstan welaýatynda soýa önümlerini ekip ýetişdirmek babatda mynasyp şertleriniň ählisiniň barlygy sebäpli bu önümi öndüriş möçberi boýunça Eýranda birinji orunda durýar. Soýa önümleri köplenç welaýatyň günorta-günbatar şäherinstanlarynda ýagny Gürgen, Kürtkuý, Bendergez we Alýabad ýaly ýerlerde öndürilýär.

Aşakdaky deňeşdirme tablisiýadaky görşiňiz ýaly ýurduň beýleki nokatlaryndaky önümlere garanyňda bu möhüm senagat önümi bu welaýatda ukyply emele gelýändigini subut edýär.

“Gülüstan welaýatynda soýanyň ekiş meýdany we önümi boýunça 1992-nji ýyldan 1995-nji ýyla çenli deňeşdirme statistikasy”[[10]] 27

Soýanyň ekiş meýdany we önümi boýunça 1992-1995-nji ýyllarda
Umuman ykdysady taýdan soýanyň ähmýeti has ýokary derejede durýar. Soýa ýaz hem tomus möwsümlerinde emele gelýän ösümlikleriň hatarynda durýar. Onuň düzümünde köp mukdarda ýag, proteiýn we dürli witaminler ýerleşipdir. Şonuň üçin ondan iýmit ýag çykaryp, gabyk galyndylaryndan bolsa, mal we guşçylyk iýmitlerini taýýarlaýarlar. Ondan başgada-da, soýa ýagyndan kalbasa we sosis ýaly iýmitleri taýýarlamak üçin iň amatly maddalaryň biri bolup durýar.

Soýa dänelerini ekişe goýbermekligiň özi ilatyň köp bölegi üçin girdejili pudak hökmünde hasaplanýar. Onuň ýene-de bir esasy bähbitli taraplarynyň biri hem arpa-bugdaý önümlerini orulandan soň ekişe göýberilýäni üçin bir bölek ekeran ýerden iki hasyl almaklyk mümkinçiligi döredýär. Oba hojalyk üçin iş hem girdeji ätiýäçlerini artdyrýar. ... Dowamy ...

------------------ Çykgytlar we Edebýat:

1 comment:

phdoctrate said...

18. Saraý Mähmät , “ Torkmänha där äsr-e emperialism”, tärjome-ýe Rejaýi kädirberdi, naşer : motärjem, tabestan-e 1378 ş., çap-e “Ähmädi”, säf. 29,ýene-de, [Aннанепесов M.,”Хози историю туркмеи в XIX-XVIII ввю”, Ашхабад- 1972 г., 72 стр.].
ه ۱۸. سـرای محّمـد، " ترکمنـهـا د ر عصـرا مپریا لیسـم"، ترجمه قـدیروردی رجا ئی، تا شر: مترجم، تا بستا ن ۱۳۷۸ ش.، چا پ: "احمدی"،ص.۲۹
19.[ ]. Irons W., The Yomut Turkmen:A ctudy of social organization among a Cetral Asian Turkic speaking Population Antropological paps, Mnaeum of Antropology, Universityof Michigan. No 58
20.[ ]. Äsgäri-hangah Ä., d.M.Şärifkämali, “Iranian tork.”,...säf. 169
ه ۲۰. عسگری خا نقا ه ا الف.، شریف کما لی د.م.،" ا یرا نیا ن ترکمن"، ... ص. ۱۶۹
21.[ ]. Mähämmät Towfik,” Edare-ýe harjiýe şomare-ýe 8305 älef 40, arşiv nohost väziri”, säfir-e Torkiýe där Tehran, Estanbol..
ه ۲۱. محمّـد توفـیق، " ا دا ره خـا رجـیه شما ره ۸۳۰۵ ا لـف ۴۰، آ رشـیو نخـست وزیـری " سـفـیر تـرکــّیه د ر تـهرا ن،ا سـتا نـبول ،
22.[ ].Аннанепесщв М., « Хози. Истортю туркмен в XIX. …», 74 стр.
23.[ ]. Jeografiýa-ýe ostan-e Golestan, “ Gruh-e …”, /görk. Iş./, säf. 50

24.[ ]. Şol ýertde, 51 sah.
25.p ].Kurpatkin A. N., “Torkmänestan vä torkmänha ”, / äz mäjälle-ýe nezami-ýe Rusiýe şomareha-ýe 19 vä 10, be sal-e 1879 m., tärjome-ýe Ingelisi tävässot-e R. işel, säf. 2, f. U., 1098/, 65 ; И. И. Стунбицкий , « Заметки у еуркменый».
ه ۲۵.کورپا تکین آ. ن.، " ترکمنـسـتا ن و ترکمنـهـا"، ( ا ز مجـلـّه نظـا می روسـیّـه ، شما ره های ۱۹و۱۰، به سا ل ۱۸۷۹/ م. ترجـمه ا نگلیـسی توّسـط ر. مـیشـل، ص. ۲، ف. او. ۱۰۹۸).
26.[ ]. Jeografiýa-ýe ostan-e Golestan, / görk. Iş./, säf. 53
27.[ ]. Şol ýerde, 60 sah.
. Agaç galyndylaryndan öndürilýän tagta önümleri
28.[ ]. Şol ýerde, 64 sah.
29.[ ]. Napiýer S., “ Mäjmu,e-ýe ýaddaştha vä gozareşha-ýe därýaft şode äz jenab-e Kapitan J. S. Napiýer där mämuriýät-e mähsus ( där) Iiran”, 1874 m., Ländän – 1876 . säfhat-e 113 – 112 .
ه ۲۸. نا پییر س.، " مجمـوعـه یادداشـتها و گزارشهای دریافـت شـده از جـانب کا پـیـتا ن ج. س. د ر مأ موریّـت مخـصـوص ( د ر) ا یـرا ن "، سا ل ۱۸۷۴ / م. ، لـــنــد ن – ۱۸۷۶ . ص. ص. ۱۱۳ – ۱۱۲ .