Thursday, July 30, 2009

a). 1979-njy ỳyla çenli hüjreleriñ ähmiỳeti :

Öñde belläp geçişimiz ỳaly hüjre- medreselerde türkmen halkynyñ ulymalary bilim alyp gaỳdypdyrlar. XIX asyryñ aỳaklarynda we XX asyryñ başlarynda Türkmensährada belli oba-şäherleri köpelip başlandan beỳläkk dini bilim almak üçin hüjre-medreseler hem gurlupdyr.
Oña ỳolbaşçylyk edỳän ulamalaryñ köpüsi Hywa, Buhara we Gögeldaş ỳaly şäherileriñ dini merkezlerinde bilim alyp gaỳdanlar bolupdyr. Şolaryñ arasynda Kümüşdepe şäheriniñ uly hüjresiniñ dini wekili Abdyjan Ahun, Hojanepes etrabynyñ hüjresiniñ dini wekili Amangeldi Ahun we Ketdepir Işan ỳene-de türkmensähra boỳunça Nazar Ahun tagsyr Maheri, Aỳjan Ahun çynsuwly, Mämet Ahun, Teñli Ahun, ... ỳaly ulamalar Kümmetkowus, Bendertürkmen, Akgala, Garabulak, Marawadepe, Inçeburun, Kerimişan, Anbarolum, Omçaly, Bäşỳuwusga we Erfanabat ... ỳaly oab-şäherlerde dini bilim ỳöredipdirler.
Ol döwürlerde Eỳran patyşasynyñ döwleti tarapyndan ỳaşy 18-den geçen ỳigitleri ỳurduñ serbazçylyk gullugyna çagyrylỳardy. Türkmenleriñ arasynda 1960-njy ỳyla çenli ỳetginjek oglanlary serbaz gullugyndan halas etmek üçin köplenç hüjre mollaçylyga beripdirler. Ol wagt bir molla talyp okuwyny ahunçylyk derejesine çenli dowam etdirenden soñ, gulluga çagyrypdyrlar. Şonuñ üçin türkmen ulamalary okuw kursuny ahunçylyk derejesine çenli 10 ỳyla barabar dowam edipdirler.
Ýagny 30 ỳaşa çenli şol mertebäni gutarmandyrlar. Onuñ sebäbi 30 ỳaşdan soñ, gulluk kanundaky “Ýasuly kepillik hukugyndan” peỳdalanypdyrlar we serbaza gitmekden halas bolupdyrlar. Şonuñ üçin türkmenleriñ hüjre-medreseler hem mollaçylyk däbi ikinji bir tarapdan ham ähmiỳetli derejede alnyp barlypdyr.
1960-1961-nji ỳỳllardaky Eỳran patyşasynyñ tarapyndan çykarylan kanunlary esasynda bir tarapdan ỳaşy ỳeten okuwçy mollalary serbaz gullugyna gitmäge mejbur edilipdir. Ikinji bir tarapdan metjit-hüjrelere düşỳän maddy düşegüñtler fonduny ỳagny üşür, zekat, homs we wakf ỳaly halk tarapyndan ỳygnalỳan maddy (pul) kömeklerini döwlet sandygyna geçiripdirler.
Netijede bolsa, bu geçirilen kanun umumy Eỳran boỳunça ahun-mollalaryñ maddy hemaỳatyny örän pes derejä düşüripdirler. 1963-nji ỳylda Eỳranyñ şasy Mämmetreza Pählewi ykdysady, syỳasy we jemgyỳetçilik reformalary geçirmekligi zerur saỳyp “Ak rewolỳusiỳa” adyndaky geçirilen reforma geçirenden soñ Eỳranyñ ruhany jemgyỳetleri oña garşy çykỳarlar.
* Seỳitgylyç işanyñ medresesi ( hüjresi)
Şol wagt Tähranda we ruhanylaryñ merkezi bolan Kum şäherinde Aỳatulla Kaşany we Aỳatulla Homeỳni ỳaly ỳolbaşçy ruhanylar bu geçirilỳän reformalaryñ garşysyna gaỳtawul görkezipdirler. Şonuñ üçin 1964-nji ỳylda Kum şäherindäki ruhanylaryñ uly merkezi bolan “Feỳziỳe” atly hüjräni döwlet tarapyndan berk gözegçilige alynỳar.
Bu hakda Eỳranyñ orta mekdep taryhynyñ IV kitabynda şeỳle görkezilỳär: “Ymamyñ Tährandaky ulamalara ỳüzlenip göỳberen ỳüzlenmesinden soñ, şa olara garşy gaỳtawul hökmünde ruhanylary ỳurt serbazçylyk gullugyna äkitmekligi yglan edỳär. 1964-nji ỳylyñ aprel aỳynyñ 21-nji güni ruhanylary serbaz gullugyna ỳollamak baradaky perman çykarylỳar. Döwletiñ jandarmlary köçelerde, ỳollarda molla-talyplary tutup, serbazhanalara tarp ỳollaỳarlar. Şolaryñ arasynda Ymam ỳakyn duran göreşjeñ ruhanylar Alyakber Haşymy Rafsanjany we beỳleki ruhanylar hem bolupdyrlap”. [1]
Şol ỳylyñ 4-nji maỳynda (15-hordat 1342-ş.ỳyl) patyşanyñ tarapyndan ep-esli ahun-mollalar basylyp, atylyp ỳa-da daşary we içerdäki ỳurtlara sürgün edilỳär. Şol döwürde Aỳatulla Homeỳni hem ilki Türkiỳä soñ bolsa, Yraga kowulỳar.

* Hüjräniñ howlysy we girelgesi
Eỳran patyşasy bilen bu jemgyỳetiñ arasyndaky dörän gapma-garşy hereketler soña baka 1979-nji ỳylda beỳleki oppozisiỳon partiỳa-guramalar bilen bilelikde Eỳranyñ ähli umumy (umumyhalk) ynkylabyna öwrülỳär. Bu özgerişler soña baka Eỳran Yslam Respublikasynyñ döremegine sebäp bolỳar.
Şeỳlelik bilen 1961-nji ỳyldan bäri metjit-hüjreler öñki ähmiỳetinden düşürilỳär. Ruhanylary şeỳle bir maddy eklenjinden mahrum edilenden soñ Türkmensähradaky ahun-mollalar hem beỳleki söwda işleri bilen meşgullanyp başlaỳarlar. Olar köplenç haly-halyça sungatynyñ söwdasy we ekerançylyk ỳaly kärler bilen meşgullanỳarlar. Emma esasy ruhanylar öz religi taglymatlaryny saklap goraỳarlar. Türkmenleriñ arasynda olary hemişekisi ỳaly hormatlanyp-sylaglanyp gaỳdylỳar.
1313-nji ş ỳylda XX asyryñ II on ỳyllygynda Eỳran şasynyñ tarapyndan Tähran şäherindäki Tähran Uniwersitetiniñ ỳanynda teologiỳa ylymlarynyñ fakulteti açylyp, ahunlyk derejesini goran ruhanylary şol fakultetde ylahyỳet baradaky okuwa göỳberilỳär, Şol fakultetde okan şahsyỳetler soñabaka esasy orunlara eỳe bolỳarlar.


* Hüjüräniñ girelgesi 1

Eỳranyñ 1984-nji ỳyldan 1997-nji ỳyla çenli prezident Alyakber Haşyma Rafsanjani, Eỳranyñ Jemhuryỳe Yslam Partiỳasynyñ birinji sekretary şehit bolan Aỳatulla Behişti, Eỳran Türkmenleriniñ 1979-njy ỳyldaky çykyşlaryna ỳolbaşçylyk eden Welimuhammet Ahun Arzaneş, terror bolan Aỳatulla Bahunär, terror bolan Aỳatulla D. Mufattah, ... ỳaly belli syasy şahsyỳetler şol fakultetiñ işe başlan döwründe ilkinjiler bolup okuwy tamamlaỳarlar.
Ýokardaky agzalan fondy Eỳran şasy tarapyndan baglanany bilen Türkmensähradaky metjit-hüjrelere halkyñ tarapyndan berilỳän maddy kömekleri köp bir egsilmändir. Ýöne mollaçylyk okuwy örän ünsden düşürüldi. Onuñ sebäpleriniñ biri 1928-nji ỳyllardan bäri döwletiñ täze ulgamadaky döreden mekdep-medreseleri ỳagny “däbestan” we “däbirestan” ỳaly okuw merkezleri açylyp, türkmenler öz çagalaryny köplenç şol merkezlerinde ỳerleşdiripdirler. Örän az sanly maşgalalar (esasan anhun, işan, sopy we öwlatlar maşgalalary) mollaçylyk okuwlary bilen gatnaşypdyrlar.
Ýönekeỳ hüjreler umuman 8-10 sany otagdan ybarat bolupdyr. Her okalga otagda 5-3-e çenli okuwçy molla kabul edilipdir. Olar eklenç harajatlaryny berilỳän hüşür, zekat we beỳleki niỳetlenỳän maddy kömeklerden üpjün bolupdyrlar. Okuw predmetleri bolsa, ahun tagsyrlary tarapyndan taỳyn edilipdir. Olar türkmenleriñ dürli toỳ-tomaşalary we baỳramçylyklaryna gatnaşyp, dürli dini we şergi däp-dessurlaryny alyp barypdyrlar.

* Hüjüräniñ girelgesi-2
Ýokardaky ỳatlanan wakalar esasynda hüjrelerden ỳygnalyp serbaz gullugyna ỳollanan mollalar soña baka mollaçylyk okuwyny taşlapdyrlar. Türkmensähra türkmenlerinde “molladan azan” diỳden bir gep hem bar. Şol hatarda mollaçylygy taşlap gara iş bilen maşgullanan kişiler durmuşda özlerini dogry alyp gide bilmändirler. Şonuñ üçin olara “Molladan azmyş!” -diỳip salgylanypdyrlar.
Umuman aỳdylanda 1970-1980-nji ỳyllarda ỳokardaky ỳatlanan sebäpler boỳunça metjit-hüjreler örän ähmiỳetden düşen döwri bolup durỳar. Ol wagtlar mollalar bir ỳere gudaçylyga baranlarynda gyz almagy añsat düşmändir. Täze okuw sistemasynda okuwyny tamamlap mugallym ỳa-da döwlet işi bilen meşgullananlar bolsa, has ähmiỳetli seredilip hormatly adamlar hökmünde hasaplanypdyrlar. Edil şol döwürlerde mollalar köpçüligiñ ünsinden düşürileni üçin kähalatlarda olar hüjrelerdäki iỳgu-içgilere kanagat etmäni üỳşüşip retoranlarda oturup garagolluk eden mahallary hem az bolmandyr. Olaryñ käbirleri has dilewar bolupdyrlar Şonuñ üçin il arasynda “Ussa berde eliñi çek, molla berdedilini çek” diỳlen nakyl peỳda bolupdyr.
Häzirki zamanda okuwçy çagalar 10-20 ỳaşa ỳetinçä tomus rugsady aỳlarynda namaz-gurhan öwrenmek üçin metjit-hüjrelere berilỳär. Olary okadỳan ahun-molla arap-türkmen dilinde sapak metody bolup, Şonuñ esasynda sapak berỳär. Sapaklar sorag-jogap usulynda alynyp barylypdyr.
* Turkmen Bayrak sytynyn dusuren suraty
Onda mollanyñ soramagy bilen okuwçy oña jogap beripdir. Ýönekeỳ sapak berỳän ahun-mollanyñ elinde hemişe temmi taỳagy bolupdyr. Okuwçy soraga dogry jogap berip bilmedik ỳagdaỳynda ol temmi taỳagy bilen düşek düşelen polunyñ üstüne abai-syỳasat etmek üçin gatyragada urỳar. Elbetde gadymy döwürlerde hüjreleriñ ỳörite okuwçy mollalaryny şeỳle ỳagdaỳda “Pelekden” gyssyrypdyrlar.
Ýagny okuwçy mollanyñ iki eli we aỳagyny 2-3 metrlik agaja dañyp, agajyñ her tarapyndan bir molla ỳokary galdyryp, mugallym molla okuwçynyñ aỳagynyñ aşagyna elindäki saỳgyç bilen näçe gezek saỳgylandyrypdyr. Ol döwürde oña “Pelekden gyssyrma”, mollanyñ elindäki agaja bolsa “temmi taỳagy” diỳipdirler. Elbetde Pählewiler döwründe täze mekdepler açylyp döwrebap işlenip gaỳdylandan soñ ol hili terbiỳe metodlary ỳazgarylyp okuw predmetlerde “yzagalak metod” hökmünde düşündirilỳärdi.
* Ilatyň ziỳarata geliş-gidişi
Şeỳle hem Türkmensähradaky türkmenleriñ pähiminde adam bilen allatagalanyñ arasynda “ruhy-dini” şertnamalary bar. Oña “Elmisak şertnamasy” diỳipdirler.
Molla sorag- jowaply predmetiñ bir ỳerinde soraỳar:
Sorag – Asla musulman siz?
Jogap – Elbetde musulman biz?
S.- Haçandan bäri musulman?
J.- Elmissakdan bäri musulman biz.
S.- Elmysak manysy nämedir?
J. – Elmisak diỳmegi manysy şeỳledir: “Eỳämiz perwerdigäri elemniñ tarapyndan janlarymyzy ỳaradanda (Elesto berebbekom) diỳip neda (ses) gelỳär, ỳagny – “Meger men siziñ eỳäñiz dälmi?” – diỳende, biziñ janlarymyza (howa) agny onamşyp belki sen biziñ eỳämiz we "halekä külli şeỳ (ähli zady ỳaradan) we razyky külli heỳ (ähli janlylary eklän)". Ybadat edilmäge layỳk, nahyllarynda (bolugsyz pällerden) gaçmaga boỳun alypdyrlar. Şol mäkäm ähdiñ adyna “Elmisak”- diỳip at beripdirler . [2] 
Kerim Ishan Medressesi
Elbetde şeỳle garaỳyşlar we din hakdaky okuw usullaryñ gözbaşy gadymy Hywa-Buharadaky okuw usullaryndan akym alandygyny bellemek gerek. Ýöne türkmen ahun-mollalar hersi öz ỳerli türkmen medeniỳetlerine görä, goşant goşupdyrlar.
XX asyryñ başlaryna çenli türkmenlerde mekdep başlangyjy dini mekdephanalar bolup arap halyfatyndaky şertlerde saklanyldy. Okuwçylar bu ỳerde dini kitaplarda ỳazylan goşgulary, Hafiziñ, Sa'adiniñ poemalaryny okaỳarlar. Ýöne dini kitaplarda ỳazylan zatlar üçin köplenç düşüniksiz bolupdyr. [3]
XIX asyryñ 70-nji ỳyllaryna çenli Eỳranda orta asyryñ bilim sistemasy saklanyp galypdyr. Okuwda ymamlaryñ, şalaryñ, emirleriñ, hanlaryñ we ş.m. emeldarlaryñ alyp baran işleri we durmuşy barada okalypdyr. “Edil şol döwürde Mürzatagy han ösen ỳurtlaryñ derejesindäki medreseleri döretmäge synanşỳar. 1852-nji ỳylda Tähranda ylymyñ öỳi “Darylfunun” atly esasan ỳekeje ỳokary bilim mekdebi harby işöwürler, mugalymlar we döwlet işgärleri terbiỳelemek üçin birinji ädim ädilipdir”. [4] .... DOWAMY

1 comment:

phdoctrate said...

1. Tarih-e sal çaharom-e näzäri-ỳe däbirestanha-ỳe motävässete-ỳe Iran- 1375 ş.

ه ۴۵. تا ریخ سا ل چـهـا رم نظـری دبـیرسـتا نهـای مـتوّسـته ا یـرا ن – ۱۳۷۵ ش.

2. Tengli-Garakçy A., ”Fezaỳel.”, /görk. Iş./,

ه ۴۵. تنگلی قـرا قـچـی، " فـضـا ئـل"، / گورکزیـلـن ا یش/،

3. Атаев Х. А., « Туркмены Трана в 30-80-е гг. ХХ в.» изд. « Ылым » - Ашхабав- 1992.-194 стр.

4.Şol ỳerde, 192 sah.