Monday, September 7, 2009

b). Türkmensährada Durmuş Toý Däp-Dessurlary:


Etrek-Gürgen türkmenileriniñ arasynda geçirilỳän durmuş toỳlaryndaky däp-dessurlar öz başlangyjyny gadymy döwürlerden alyp gaỳdỳar.
Ol zamanda öỳlenme ỳaşy örän ỳaşlykdan başlapdyr. Onuñ sebäbi durmuş guran maşgala ỳer-suw paỳlaşygynda köpräk paỳyñ ỳetmegidir.
Hanlar, baỳlar ỳerden we suwdan köpräk paỳ almak üçin ogullaryny örän ỳaşka öỳeripdirler. Bu ỳagdaỳ galyñ we süỳt hakyñ gymmatlamagyna eltip, gurpsyz maşgalalaryñ ogullarynyñ giç öỳlenmegine, kä halatlarda bolsa, olaryñ öỳlenip bilmän sallah geçmeklerine sebäp bolupdyr.
IX-XX asyrlaryñ ikinji ỳarymyna çenli türkmenlerde ỳer-suw meselesi barada “sanaşyk” guramasy türkmen oba hojalyk jemagatynda döräpdir. Şol meseläniñ ugrunda türkmen oba hojalyk jemagatynda ỳer-suw paỳlaşyk bolupdyr. “Sanaşyk” ỳerlerinde täze öỳlenen maşgala hukugynda ỳer-suw paỳy berlipdir. XIX asyryñ we XX asyrlaryñ sepgidinde ỳeriñ we suwyñ bol ỳerinde adaglananlara hem sanaşyk ỳerlerinden ỳer-suw paỳy berilỳän eken. Ýöne bu ỳagdaỳy hemme ỳerlerde gyradan bolmandyr we köplenç nika ỳaşyny göz öñünde tutupdyrlar.“Türkmenistany Russiỳanyñ basyp almazyndan öñ Günorta Türkmenistanda sanaşyk ỳer-suw eỳeçiligi ỳerden we suwdan peỳdalanmagyñ iñ esasy görnüşi bolỳar”. 101
Türkmen gelini
Gaỳtarma Gelin
Öỳlenmekden mahrum bolan ỳigitler çöllere we gumlara çykyp sergezdan bolupdyrlar. Olara “sallahlar”, “Müjerritler” diỳlip at berlipdir.Bu Türkmenleriñ arasynda durmuş toỳy üç tapgyrdan ybarat bolupdyr:Birinji tapgyrda öỳlenjek ỳigidiñ ata-enesi gelinlik saỳlaỳarlar, onsoñ saỳlanan gelinligiñ ata-enesiniñ razyçylygyny almak üçin “sözugratmaklyk” başlanỳar. Bu etapda gürrüñi berkitmek üçin gepleşik mäkämleşdirilỳär. Öñki wagtlarda şeỳle ỳagdaỳ öỳlenjek ỳigitden soralman amala aşyrylypdyr. Häzirki döwürde beỳle däl.Ikinji tapgyrda, toỳuñ wagtyny we gününi anyklamak üçin ỳigidiñ kowumlaryndan birnäçe aäçe aal maşgala geljekki geliniñ öỳlerine gelip “Duz dadyşmak” däbini amala aşyrỳarlar.
Üçünji tapgyr, esasy we agyr tapgyr hasap edilỳär. Onda galyñ we geliniñ süỳt haky barada gürrüñ edỳärler. Bu işi öỳlenjek ỳigidiñ taỳpasynyñ ỳaşyulylary amala aşyrỳar.“Amerikanyñ Jan Han Kinz uniwersitetiniñ alymy Wilỳam Aỳronz Eỳranyñ demirgazyk ỳomutlarynyñ däp-dessurlary barada iş geçirmegi saỳlap alypdyr. Ol türkmenleriñ arasyndaky galyñ meselesini aşakdaky tablisiky tablisiada görkezipdir”. 102
Mal görnüşde tölenilỳän süỳt hakdan daşary käwagt “Etek-börük” diỳlip, gelniñ ejesiniñ tölenilỳän ỳene-de bir hak bolupdyr.

Çarwa ỳomutlaryñ arasynda süỳt hakyñ köp bölegi mal görnüşde (goỳun, düỳe, sygyr, geçi) tölenipdir. Umuman aỳdylanda, çarwalaryñ arasynda malyñ bahasy näçe gymmat bolsa, nagt puly az tölenipdir. Esasan bellemeli zat, süỳt haky näçe ỳokary galsa, gurpsyz adamlaryñ öỳlenmeginiñ bahasy hem şonça ỳokary galỳar. Bu ỳagdaỳyñ yzygiderli dowam etmegi ol ỳerdäki türkmenleriñ sanynyñ azalmagyna sebäp bolupdyr.

* Göklen türkmenlerinde geline
alyndangy hökmünde hasaba geyindirilipdir
Ýomutlaryñ arasynda galyñ almaklyk “Sowgat alyp, sowgat berme” ỳaly görnüşde çözülipdir.Durmuş toỳunyñ ondan soñky tapgyry – toỳ günüdir. Gelin alyp gelinmezden bir gün öñ ỳigidiñ öỳlerinde dabaraly toỳ tutulỳar. Geljek gelin hem öz gezeginde boỳdaşlaryny uỳşuryp, kiçiräk toỳ geçirỳär. Jarçylar ata atlanyp, taỳpalaryñ arasyna gidỳärler, kimiñ toỳunyñ bardygyny jar çekip, oba çagyryş edỳärler. Toỳdan iki-üç gün öñ ỳigidiñ goñşy-golamlaryndan 7 öỳli öz etjek kömekleri we toỳa goşjak goşantlary barada aỳdỳar.Toỳy örän dabaraly we gyzykly geçirmek üçin bagşy-sazandalar hem çagyrylỳar. Öñki döwürlerde olary ata mündirip, häzirki döwürde bolsa maşynly toỳa getirilỳär. Kähalatlarda toỳ has dabaraly bolar ỳaly bagşylaryñ arasynda ỳaryş geçirilỳär.

Eger şeỳle ỳagdaỳ ỳigidiñ atasynyñ öỳünde geçirilse, ỳigit öžüne ỳakyn bir dostuny m ynasyp saỳlap, deñ-duşlary bilen olaryñ öỳünde toỳ-tomaşa gura m ynasyp saỳlap, deñ-duşlary bilen olaryñ öỳünde toỳ-tomaşa guraỳar.Ýigidiñ ejesi bilen gelniñ ejesi hem her haỳsy öz öỳlerinde myhmanlary garşy alşy alarlar. Myhmanlar gatlama, petir, pişme ỳaly öỳde taỳỳarlanylỳan süỳji nygmatlary bişirip, sowgat getirỳär we süỳjülik alyp gidỳär.Gelin getiriljek güni bi8r düỳäni “halyk” diỳip, ỳagny üstüne kejebe gurap, birnäçe ỳaşuly gelniñ öỳlerine tarap ỳola düşỳär.Çykmaly gyz öz öỳlerinde çykyp, kakasynyñ (atasynyñ) ỳa-da doganynyñ öỳüne baryp otur ỳa-da doganynyñ öỳüne baryp oturỳar. Atbaşçy baran ỳaşyulylary oñat naharlap we sylaglap başlaỳarlar. Olar nahar iỳenlerinden soñ arasyndan birisi: “Hop, nahar-a iỳdik, dolanyp gaỳtmak wagty geldi” diỳỳär. Gelin tarapyñ ỳaşyulylarynyñ biri bolsa oña ỳüzlenip: “Gitseñiz sag-salamat gidiñ, ỳöne özüñiz bilen näme getiren bolsañ-yz goỳup gidiñ” diỳỳär.
Şol mahal galyñ üçin getirilen haryt gelin tarapyñ ỳaşyulysyna tabşyrylỳar, ondan soñ doga okalyp, hoşlaşyp öỳden çykyp gaỳdylỳar.“Gelinalyja baran aỳallar. Gelniñ oturan öỳüne baryp: “Biz gelinimizi äkitmek üçin rugsat aldyk” diỳşip, gelni alyp gaỳtjak bolỳarlar. Emma gelniñ tarapdarlary gelni bermejek bolỳarlar. Şol ỳerde “Güpürdik”, “Aỳak alma” ỳaly çekişmeler başlanỳar. Eger-de bu çekeleşikler gazaply dereje etse oña “Dalaş” diỳỳärler. Gelni güỳç bilen diỳen ỳaly alyp gitmeli bolỳarlar. Gelin hem öz gezeginde tärimden ỳapyşyp gaỳtmajak bolan bolỳar”. 103
chykmadyk Gyz
Durmuşa çykjak gyz
Gelniñ başyna gyzyl kürteatyp, kejebä mündürỳärler. Şol barmana gelniñ ejesi bir gysym uny gyrmyzy kürteli gelniñ mañlaỳyna çalyp: “Bagtyñ bolsyn, gyzym” diỳỳär. Ondan soñ gelniñ dogany kejebäniñ öñüni tutup “Aga halat” soraỳar. Ony hem bir zat bilen razylaşdyrỳarlar. Gelin ỳola düşmezden öñinçä iki tarapyñ eneleri gelin bilen ỳigidiñ adyny we üç arkasyny ỳatlap, ỳalyk zyñyşỳarlar. Şeỳlelik bilen, gelin ỳola düşỳär. Obanyñ ỳaş ỳetginjekleri daş-toprak zyñyşyp, öz oba gyzynyñ çykmagyna, gadymdan gelỳän närazyçylygyñy däbini görkezỳärler. Ikinji kerwen bolsa gyzyñ şaỳ-seplerini alyp gaỳdỳar. Bardy-geldi, olaryñ ỳoly bir obanyñ üstünden düşse, oba adamlary olara bagtly durmuş arzuw edip, doga okaỳarlar we özlerinde-de şeỳle toỳ-tomaşalaryñ nesip etmegine arzuw edỳärler.Mundan biraz irki döwürlerde durmuşa çykjak gyz bilen ỳigidiñ arasynda “Gök böri” däbi hem bolupdyr. Gyz bir guzyny atyñ öñüne basyp aỳak aldygyndan gaçỳar. Ýigit hem öz dostlary bilen gyzyñ yzyndan atly kowup, guzyny onuñ elinden alyp, üstün çykandygyny görkezỳär (Bu däbe “Owlak gapdy” hem diỳỳärler).
Gelini ỳigidiň öỳlerine getirilỳän pursatlar
*Gelini ỳigidiň öỳlerine getirilỳän pursatlar
*Gelini ỳigidiň öỳlerine getirilỳän pursatlar
Gelin ỳigidiñ taỳpasynyñ arasyna getirilende, toỳ-şagalañ öz ỳetjek derejesine ỳetỳär. Ýigidiñ atasynyñ gapysynda, kowum-garyndaşlary tarapyndan “Seçgi” başlanỳar. Seçgiler köplenç pul-teññe görnüşde ỳa-da gaỳry ownuk-uşak zatlar bolỳar. Ondan soñ at çapyşyk (Ýomutlarda “At çapgy” hem diỳilỳär) we göreş ỳaly baỳrakly tomaşalar amala aşyrylỳar.
Gelin ỳigidiñ kakasynyñ öỳüñe salynỳar. Ýigidiñ gelnejesi gapyda durup, halat berilmese, gelni içerik göỳbermeỳär. Gelin içerik salnyp, öỳüñ töründe baglanan tütiniñ añyrsynda oturdylỳar. Oba gelin-gyzlary täze gelen gelni görmäge üỳşỳärler. Getirilen gelin şol günden beỳläk ỳigidiñ kowum-garyndaşlaryndan ỳaşynmaly bolỳar.Nahar iỳlenden soñ, gelin bilen ỳigidiñ hut özleri tarapyndan bir ahun ỳa-da bir molla wekil saỳlanyp, nika gyỳjak ahunyñ ỳanyna barylỳar.
Türkmen Gelin 1
Gelin
Türkmen Gelin 2


Gelniñ wekili ỳigidiñ wekiline ỳüzlenip: “Men şu adamda birnäçe algym bar, şonuñ tölegini isleỳärin” diỳỳär. Ýigidiñ wekili bolsa, özüni gazaply görkezen bolup: “Men saña nireden bergili bolaỳpdyryn!” diỳlen oỳny görkezỳärler. Onsoñ ylalaşylyp, ahun olaryñ her haỳsynyñ eline süỳji berip, nika hutbasyny okaỳar. Nika gyỳylyp durka bir zenan maşgala işikde gaỳçy çalyp durçy çalyp durỳar.Onuñ maksady bet gözler, bet sözler kesilsin diỳlen yrym üçin edilỳär. Şeỳlelik bilen, wekiller nika suwyny içỳärler. Nika gyỳylandan soñ goỳunyñ ỳüregi “Şara” edilip, ỳarysy gelne ỳarysy hem ỳigide iỳdirilỳär. Ýöne bu şaradan başga hiç kimiñ iỳmäge haky bolmaly däl. Gün ỳasỳp garañky gatyşandan soñ, ỳigidi geliniñ ỳanyna getirỳärler. Ýigidiñ dilewar gelnejeleriniñ biri olary elleşdirip, şu aşakdaky setirleri owadan ähäňde saýraýar:

«Gelin elleşdirme gazaly»

Alaja köýnek geýdirme, Arpa çörek iýdirme,
Düýe başyn iýtdirme, Çüprek ýüňi düýtdirme,
Agyzla gapdyrma, Toýnukla depdirme,
Al ýaňakdan öpüşediň, Ala ýorgan depişediň,
Çaýyr kimin çyhmaşadyň, Meller kimin ornaşadyň(çolaşadyň), ..
Ýüzden-ýüzden ýoýduradyň, Ýüzlik kňýnek geýdirediň,
Bagyň miweli bolsyun, Tuduň kuwwatly bolsun,
"Jip" maşyna mündürediň, Şäher-şäher aýladyň,
sag eli sary ýagda, Sol eli sowuk unda.1»
Aý ýüzlini saňa tabşydym, Seni hudaýa tabşyrdym."104

* Ýokardaky görkezilen bentleriň aşakda suraty:
Ýassy namazy okalỳan mahaly “Orugöỳ” diỳlen däp başlanỳar. Ýigit öz dostlary bilen gelniñ salnan orugöỳne girip, çaỳ içỳärler. Ýigidiñ dostlary getiren sowgatlaryny gelne gowşurỳarlar. Şeỳle däbiñ amala aşyrylmagynyñ sebäbi, hiç haça gürleşmedik ỳigit bilen gelniñ biri- biri bilen gepleşmeginiñ ỳüzi açylmagydyr.
* Adat boyunça gelini Agöyüng içine salyarlar* Adat boyunça gelini Agöyüng içine salyarlar.
Ertesi güni gelni ỳigidiñ öz öỳlerine getirỳärler. Ýöne indi gyz tahỳasy “börügi” aỳrylyp, “Alyndañy (Allañy)” dañylỳar. Gökleñleriñ arasynda oña “Hasawa” diỳlipdir. Gelni iki günden soñ gaỳtarỳarlar. Her haan gelniñ öỳleri tarapyndan yzyna alnyp gidilmekçi bolanda, ỳigidiñ öỳleri tarapyndan bir goỳnuñ döşi kümüşe bezelip, gelinlere eltilỳär. Şeỳle däp tä gelin ỳigidiñ öỳlerine ymykly gaỳtarylyp getirilỳänçä her gurban aỳynda gaỳtalanyp durỳar. Gaỳtarlanyñ dowamy ozallar iki ỳyl bolupdyr. Ýöne häzirki döwürde gelin birnäçe gün ỳa-da aỳdan soñ şaỳ-sepleri bilen ỳene-de ỳigidiñ öỳüne getirilỳär.
Gelin gaỳyn öỳüne ymykly getirilenden soñ, gelniñ atasy tarapyndan köreken çagyrdyp gaỳyn atasy bilen körekeniñ arasynda “Ýaraşyk” geçirilỳär. Ýagny ỳigit bilen mysaỳyby gelniñ atasy bilen duşuşmaga barỳar. Ýigit gapynyñ agzynda oturỳar. Soñra gaỳyn atasyna bir tabap palaw bilen pul ỳa-da mata, ỳagny, halyça, egin-eşik eltip berỳär. Şondan soñ ỳigit gaỳyn atasyndan gaçmasa-da bolỳar.” 105 Şondan soñ garyndaşlyk gatnaşygy başlanỳar. ... Dowamy
* Ýeňňeler gelini agöỳe getirỳärler
------------------------------------------------------------------------------------

* Şu mowzuga degişli ka bir suratlar:


Benderturkmen şəherinde toyñ tutulyşy


*Gelinin gaytarylyş pursatlary

* Ýeňňeler ỳigit bilen gelini elleşdiriş pursatlarynda
Turkmen Kojebe
* Önki döwürlerde düyénin üstünde şunun yaly kejebeler yasalypdyr
--------------- | Edebiat we çykgytlar:

3 comments:

phdoctrate said...
This comment has been removed by the author.
Jefferson said...

do you have the english version?

phdoctrate said...

101. Аннанепесoв М., « Хозяйство туркмен XVIII-XIX вв.», Ашхабад- 1972 г., 146 стр.
102. IRONS W., “ The yomut Turkmen ”: A study of Social organization among a central Asian Turkic speaking Population Antropological pops, Museum of Antropology, University of Michigan, nom. 58.
103. Äsgäri-hangah Ä., Kämali , “ Iranian-e tork.”,/Görk. Iş./,… säf. 169.
104. Asly Türkmensähranyñ Hojanepes obasyndan bolan Aşgabatly Aman bibi Köriñ
dilinden ỳazylyp alyndy.Aşgabat- parahat ½-jaỳ 68- öy 72 – 1999 ỳ.
105. Gazỳet “ Türkmenistan”, No: 212 (22861),29-njy awgust, A.: 2000 ỳ., 4 sah.