Saturday, August 8, 2009

b). Türkmensährada dini däp-dessurlar :

Türkmenler hem her bir beỳleki musulmanlar ỳaly günde bäş wagt namaz okaỳarlar. Kähalatlarda bäş wagt wajyp namazlardan başga-da “mustahap namazy” diỳlen ybadaty berjaỳ edỳärler. Türkmenler remezan aỳlarynda namazlaryny oñardygyça metjitlerde okaỳarlar.
Öñki döwürlerde türkmenleriñ metjidi öz ỳaşaỳyş şertlerine görä, garaöỳlerde ya-da beỳleki bir şertlerde döwrebap salynan jaỳlarda bolupdyr. Emma oturumlaşyp başlanlaryndan soñ Türkmensähranyñ esli ỳerlerinde uly metjitler bina edilipdir. Metjidiñ içine düşelỳän düşekleriñ üstüne ỳörite “sejjadaly” dokalan halydyr ỳa-da basylan keçe görnüşdäki “namazlyk” ỳazylỳar.

* Ähli ilat tarapyndan berjaỳ edilỳän “Aỳt namazy”. – Hojanepes etraby


Gurply türkmen maşgalalary mübärek remezan aỳyndan bir näçe gün öñ bir goỳun, geçi ỳa-da göle soỳup, goñşy-golamlar hem dogan-garyndaşlaryny myhmançylyga çagyryp hudaỳ ỳolyna “sadaka” edỳärler. Erkek kişiler çagyrylan ỳere baryp nahar edinỳärler. Ýöne aỳal maşgalalara bolsa, bişirilen nahardan öỳüne iberỳärler. Bu myhmançylyga “Alla ỳoly” hem diỳipdirler.
Umuman remezan aỳynyñ ähli gijelerinde türkmenleriñ arasynda şeỳle sadakaly myhmançylyklar bolup durỳar. Olar remezan aỳynyñ 27-si gijesini has hormatlaỳarlar. Oña “Gadyr gije” diỳip atlandyrỳarlar. Gadyr gije hakda gurhanda ỳörite rowaỳatlar bar. Oña arap dilinde “Leỳletilgadyr” diỳip degişli “aỳat” hem “süreler” inipdir. Şol gije ỳagşy myhmançylyk edilip uzakly gije oturşyk gurỳarlar. Adamlar gün tertibindäki ilkinji irki ertir namazlaryny okap, ertirlik edip, onsoñ ,ỳatỳarlar. [1]

Goyun bazar

Türkmensährada ỳylda iki sapar uly dini baỳramçylyk, ỳagny “Oraza” baỳramy bilen “gurban” baỳramy tutulỳar. Bu baỳramçylygy has dabaraly alyp barỳarlar. Oraza baỳramçylygyny “aỳde fetr”, gurban baỳramçylygyny “Aeỳde gurban” hem diỳip atlandyrỳarlar. Bu iki baỳramçylykda ähli oba-şäher ilaty Belli bir mekanda “jemgyỳet (jemagat) namazyny” ỳagny, “aỳt namaz” berjaỳ edỳärler. Şol baỳramçylyk günleri her kim özüne niỳetläp goỳan iñ täze egin-eşiklerini geỳiỳärler.
Gurban baỳramy Türkmensährada 3 gün tutulỳar. Gurban baỳramynyñ birinji güni öỳleden soñ mal öldürlỳär. Bu baỳramçylyklaryñ hersiniñ döreỳşi barada rowaỳatlar bar. Gurbanlyk çalnandan (soỳulandan) soñ her maşgala gapysynda sadaka berỳär ỳa-da bolmasa-da ỳedi goñşusyna gurbanlyk etinden iberyärler. Gurban baỳramynyñ sadakasyndan her bir türkmen musulman bendesi ỳedi gapydan sadaka datmagy özlerine sogap diỳip hasap edỳärler.
[2]

* Gurbanlyk çalynyş sahnasy- Kümüşdepe ş.
Türkmenler her baỳramyñ ilkinji gününden iki gün öñünçä “kir güni” diỳip öỳlerini hem daş-töwereklerini arassalap başlaỳarlar. Baỳramdan bir gün öñünçä “kokun güni” belläp, bugdaỳ unundan ỳörite taỳỳarlanylỳan “çapaty” ỳa-da “kokun” bişirip, ỳedi goñşa paỳlaỳarlar. Baỳramçylyk güni bolsa, her öỳde supra ỳazylyp, dürli süỳji tagamlar bilen saçagy bezeỳärler. Ilki bilen ỳaşlar, ỳaşyulylary sylap, görme-görüşe baryp, baỳramyny gutlaỳarlar. Meỳdanlarda “çatma” gurup, hiññillik uçỳarlar. Ulyrak çatmalara “bäş şalman” ỳagny bäş sany uly hem uzyn şalman agaçdan dikilỳän çatma diỳlipdir. Olaryñ kiçirägine sallançak diỳilipdir. Ýene-de bir uzyn şalman agaçdan dikilỳän “aỳlama” diỳlen oỳun hem uçỳarlar.

* Duz dadyşma gatnaşygy

“Baỳramçylyk günlerinde oglanlar-gyzlar gatyşyp bilelikde oỳnaỳarlar. Gijelerine läle kakỳarlar. Türkmen folklỳoryndaky dürli oỳunlar ỳerine ỳetirilỳär”. [3]
Ýañy-ỳakynda Türkmensährada mugallymlar tarapyndan gurban baỳramçylygy türkmen halkynyñ arasynda ähmiỳetiniñ bardygyny aşakdaky görkezilen fakt mälim edilỳär.
Gülistan welaỳatynyñ “ähli sünnet” mugallymlarynyñ gurban baỳramynyñ resmi dynç gününi üç gün etmelidikleri hakda Gülistan welaỳatynyñ bilim edarasynyñ baş müdirine talap edilip ỳazylan hat “Sähra gazỳetinde çap edildi.

* Garabulakdaky taze salynan dini Erpanabat metjidi
“Täze aỳagalan Gülistan welaỳatynyñ işe girişip başlanyny gutlamak bilen, geografiki territoriỳany hem-de jemgyỳetçilik düzümini gözöñünde tutup, bu welaỳatyñ beỳleki gadymy goralmaly miras-medeniỳetlerini hem däpleri bilen bir hatarda terk etmeklik ruhy we maral taỳdan döredỳän käbir dini garaỳyşlardaky düỳpli ytygatlaryny kanunlaşdyrylmagy garaşylỳar.
Gurban baỳramy bilen oraza baỳramy ähli musulmanlaryñ arasynda, esasan hem bu welaỳatyñ jemgyỳetiniñ esasy sanyny döredỳän ähli sünnet doganlarynyñ iki uly yslamy baỳramçylygydyr. Türkmenleriñ arasynda bu baỳramçylyk uly hem dabaraly alynyp barylỳar. Şonuñ üçin ähli sünnet doganlaryñ medeniỳetinde uzak ỳyllaryñ dowamynda üç gün baỳramçylyk bolỳan baỳramlaryñ gadymy däp-dessurlaryny saklap, berjaỳ etmek üçin, näçe ỳyldan bäri üç günden bir güne getirilen bu baỳramçylygyñ resmi dynç gününi üç güne öwürmegiñizi talap edỳäris”. [4]

* Agaş toỳ güni toỳa çagyrylan ähli ilata wagz-doga çap edilip paỳlanylỳar. Hojanepes etraby

Türkmensähradaky türkmenlerde “ak aş (agaş)” diỳlen her kimiñ öz şahsy baỳramy bar. Haỳsy bir türkmen 63 ỳaşa baranda Muhammet Pygamberiñ ỳaşyna ỳeteni üçin goỳun çalyp, hudaỳ ỳoly berip, sadaka edỳärler. Olar pygamber ỳaşyna ỳetendiklerine guwanyp, özlerini bagtly hasap etỳärler.

* Sünnetlenen çaga (Maksatsalyh)
şeỳle hem türkmensähradaky türkmenler öz ölen-ỳitenlerini has sylap onuñ üçin “musybat” tutỳarlar. Olary ỳatdan çykarmaỳarlar. Sebäbi ol ỳerde dogan garyndaşlyk ỳedi arka çenli gandüşer garyndaş diỳip hasap edilỳär. Haçanda bir türkmen kişi wepat bolsa, ony dini-milli däpleri bilen ỳerleỳärler. Ýagny ỳuwỳarlar. Onsoñ köpenine dolap, salaja çykaryp, metjide eltip (ỳakynynda metjit bolmasa, bir ỳalaza arassa meỳdanda) oña jynaza çykỳarlar. Onsoñ öliniñ wesỳeti boỳunça 10-15 adam gölegçi bolup, onuñ ata-baba öwülỳäçiligine eltip meỳdi öz türkmen dini usuly boỳunça ỳer gazylyp başyny kybla bakdyryp, üstüne agaçdan “gapyrga” jaỳlap, toprak bilen ỳapỳarlar. “Gubur” ỳerden ỳokarda gümmez ỳaly kiçi depejik bolup galỳar. Soñ musabat düşeniñ öỳüne gelip gapysynda birnäçe salym “ses” edỳärler (aglaşỳarlar). Şeỳlelik bilen gapyda “Çadyr” (wagtlaỳynça salynỳan öỳ ỳa-da tent) dikeldilỳär. Iliñ belli karysyny getirip, musybata gelen-gidenleriň tarapynda doga we haỳrat okalỳar. Musybat düşene tesselli berilip “yzyy ỳarasyn” aỳdylỳar. Beỳleki oba-şäherlerdäki dogan-garyndaşlaryna habar iberỳärler. Şol günüñ ertesi dogan-garyndaşlary hersi öz gurbynyň çatyşyna görä, özleri bilen çaỳ, şeker, mata hem goỳun ỳaly maddy kömekleri bilen “Aỳada (musybat)” gelip gurhan hatm edip, doga mejlisini geçirỳärler. Şeỳle etmek bilen yzynda galanlara göwünlik hem teselli berỳärler.

* Magtymguly Pyragynyn gubury

“Türkmensähradaky gurply maşgalalarda, umuman, hemmesinde diỳen ỳaly wepat bolan kişiniñ üçüsi, ỳedisi, otuzy (aỳy), kyrky, altmyşy, togsany, ỳüzi, ỳüzỳigrimisi, ỳüzellisi, ỳüzsegseni, ikiỳüz ony, ikiỳüz kyrky, ikiỳüz etmişi we her ỳỳlda ỳylyny goỳun soỳup, hudaỳỳoly berỳärler. Wepat bolan şahsyñ mal-matasyny ỳedisinden soñ, oglan-uşak ỳa-da bolmasa-da dogan-garyndaşlarynyñ arasynda yslam dininiñ şerigaty boỳunça “terekä” salỳarlar. Ýagny mal-mülki bölünip mirasdüşerleriniñ arlaryna paỳlanỳar. Beỳleki mususlman milletlerde bolşy ỳaly, türkmenleriñ guburynyñ başynda hem wepat bolanyñ ady hem doglan we wepat bolan ỳyly we güni, aỳ ỳerligini daşa ỳazdyryp goỳulỳar. Guburyñ başynda goỳulỳan daşlar köplenç mermerden goç hem goçuñ şahy ỳaly görnüşde, kähalatlarda iki gerişli adam heỳkeli görnüşde ỳasalyp goỳulypdyr”. [5] .... DOWAMY
------------- Edebiýat we çykgytlar:

1 comment:

phdoctrate said...


1. Джикиев А., « Традицтонные туркменские праздники, развлечения и игры », Ашхабад , 1983 г.

2. Purkärim Huşäng, “ Ezdevaj , ärusi vä koştigiri där Inçebrun”, mäjälle-ỳe honär vä märdom, şomare-ỳe 84:43-50, Tehran - sal-e 1348 ş.,

ه ۵۰. پور کریم هـوشنگ، " ا زد وا ج، عروسی و کـشتی گیـری د ر ا ینچـه برون"، مجـلّـه هنر و مرد وم، شماره ۸۴: ۴۳ – ۵۰ ، تـهرا ن سا ل ۱۳۴۸ ش.

3.Джилиев А. «Традицион…» , /görk. Iş./,

4. Mahname-ỳe “ Sähra”, şomareha-ỳe 13/12, esfänd vä färvärdin, Tehran – 1999 miladi, säf. 4

ه ۵۲. ما هنا مه " صـحـرا"، شما ره ها ی ۱۳ / ۱۲ ، ا سفند و فرورد یـن ، تــهــرا ن – سا ل ۱۹۹۹ میلا دی، ص. ۴

5. Äsgäri-hangah Ä. , d.m. Kämali, “Iraniỳan-e tork.”, /görk.iş./, säfha-ỳe 158-159 .

ه ۵۳. عـسگری خا نقا ه ا صغر و د. م. کما لی، " ا یرا نیا ن ترکمن"، / گورکزیـلـن ا یش/، صفحه های ۱۵۸-۱۵۹ .