Monday, July 13, 2009

I BÖLÜM: Türkmenleriñ medeniỳetinde “Yslam jemgyỳetiniñ ” tutỳan orny :

Her bir din babatdaky medeniỳeti öwreneniñde düỳpli pelsepelerden gözbaş alỳandygyny unutmaly däldir. Orta Aziỳada türkmenleriñ dini medeniỳeti asyrlaryñ jümmüşünden gözbaş alyp, kämilleşipdir. Muña Muhammet pigammer hezretleriniñ döwründen bäri yslam dini ugrunda geçirilen wakalar şaỳatlyk edỳär. Eỳsem-de türkmenler ilkinji gezek Oguzhanyñ tarapyndan ỳeke tañra ỳagny bir hudaỳlyk pelsepesine uỳmaklyga sygynypdyrlar. VII asyrda türkmenleriñ ata-babalary yslam dinini meỳletin kabul etmekligi hem şeỳle bir ỳerlikden gelip çykỳar. Halkymyz hiç haçan dinsiz we hakydasyz ỳaşamandyrlar. Sebäbi “Din adamzadyñ şahsy haỳatyny öz hakyky watanyna ỳagny zannyña baglanyşdyryjy ỳol gatnaşyklarydyr. Içki isleglerini, talap edilen kämilliklerini, iç gysgynçlyklaryny, köşeşmelerini, nalaçlyklaryny ỳa-da ỳarawsyzlyklaryny we üstünliklerini ỳadyna getirỳän elementdir.” 1
Yslam dini aỳan bolup başlanda, hiç hili ỳazga geçmezden ỳönekeỳ görnüşde, araplaryñ ruhy-magnawy hakydalarynda tagdyl (deñlik) döredipdir. Muhammet Pygamber hezretleriniň ỳazuw sowady bolmandyr. Şonuñ üçin hudaỳ tagalanyñ tarapyndan yslam dininiñ ylahy duỳgylary şerigat hem ynsan adalatlylyklary, döwrüñ döreden sütemleriniñ garşysyna Muhammet Pygamber hezretlerine wahy bolup, yslam dininiň baỳdagy onuñ janpida sahabalary bolan çarỳarlaryň tarapyndan dünỳä ỳaỳraỳar.
Arap yslamşynaslaryñ biri “Farid Wahidi ” öz meşhur kitabynda şeỳle ỳazỳar: “Ýazuw, Hijaz araplarynyñ ỳanynda yslam dini açyk şerte geçinçä bolmandyr. Yslam dini dikelende 14 sany adamdan ybarat başga hat-sowatly ỳokdy. Olar Omar, Osman, Aly, Abusfiỳan, Mawỳe, Talhe we başga bir näçeleri, hat-ỳazuwdan baş çykarypdyrlar. ...” 2
Kurhandaky ỳazgylar bolsa, her halkyñ däbinde bolşy ỳaly, araplaryñ ençeme asyrlarynyň jümmüşinde dörän däp-dessurlarynyñ mif-legenda utgaşykly medeniỳeti bolupdyr. Kurhanyñ ỳazylmagy bilen, araplaryñ gadymy “Semitik” däp-dessurlaryny eỳsem-de, birneme düzgün-tertibe salypdyr..."3
Şeỳlelik bilen Muhammet Pygamber çykyş edỳär. Bu çykyşlar şol bir wagtyň özünde arap jemgyỳetiniñ döwrüne bap bolany üçin tarapdarlary artyp Eỳranda mazdistler (Salman Farsi, Abazar Gaffary, ...), Jöhütlerden, Manewilerden, Hristiỳanlardan Muhammet Pygamberiň maslahatdaşlary bolup gatnaşypdyrlar. Şonluk bilen yslam dinini dünỳä ỳaỳratmak üçin uly döwletli ỳurtlary özüne tabyn etmekligiñ ugruna çykypdyrlar. Şolaryñ arasynda Orta Aziỳanyñ Günortasyndaky ỳerleşen Eỳran Patyşalygyna göz tutupdyrlar.
“Sagduwakgas” kitabynyñ aỳtmagyna görä: “Yslam dininiñ ideologiỳalary araplara musulman däl ỳurtlary talamak üçin ähmiỳeti köp bolupdyr.” 4
Belli Ýewropa alymy Wil Durantyñ aỳtmagyna görä: “Sasaniler bilen araplaryñ arasynda “Kadisiỳe” ỳurtdaky bolan söweşde. Çapçy we çarwa araplar şahana köşke we onuñ gapysyndaky uly kowusa, myramly zaly, nepis halylar we göwherden bezelen tagta haỳran galyp görseler üç gün geçipdir.” 5
Emma türkmenler babatynda aỳdylanda VII-VIII asyrlarda ỳeke tañry ỳagny bir hudaỳlyk pelsepesi ornaşan döwri yslam dinini meỳletin kabul etmäge has jaỳdar ỳerlik döräpdir. Bu garaỳyşy açyklamak üçin aşakdaky rowaỳatlarda durup geçeliñ:
Türkmenler Oguz hana çenli diniñ döreỳiş taryhyny 3 döwüre bölỳärler.
1. Adam ata Aleỳhusalamdan Nuh Pygambere çenli.
2. Nuh ata we onuñ şerif ogly Ýafes atadan 12 asyra deñiç ỳagny VI asyr “Oguzhana çenli”.6
3. Oguz handan bäri üçünji döwür bolup gaỳdỳar.
Jame et-tawaryh çeşmesiniñ habar bermegine görä, “Garahan patyşa, atasy wepat bolandan soñ, onuñ täç-u-tagtyna eỳe bolup, yzyny ỳöredỳär. Günlerde bir gün Garahan patyşanyň maşgalasyndan bir ogul dünỳä gelỳär. Ol çaga üç gije-gündiz enesiniñ göwsünden süỳdüni emmeỳär. Bu ỳagdaỳy görüp oturan enesi örän ynjalyksyz bolup gaỳgyly-harasatly galỳar. Çaga her gije enesiniñ düỳşine girip:”- Eỳ ene, eger sen Alla Tagallany bir bilip oña uỳsañ, Şonda men seniñ göwsüñden eklenerin. Ýeke tañra ynamlary bolmadyk döwürde naçar ene nalaç edeỳinlik bilen ähli köwum-garyndaşlaryndan gizlin ỳeke tañrynyñ söygisine çykyp oña baş egỳär. Şondan soñ çaga enesiniñ süỳdinden eklenip başlaỳar. Bir ỳyl geçenden soñ çagada arassa owadanlyk keşbi, dogurlyk nyşanasy, edermenlik alamatlary alnyndan nur saçỳar. ... Dowamy

1 comment:

phdoctrate said...

1. The thought and character of William James, Rolh Perry. Harvard university press, Combridge, Massachusetts, 1948 y. (Theologicalschool lectures of 1902 or 1906 . V. James).
2 . فريد وحیـدی ، " دا یرة ا لمعارف ا سلامی"، زیر وا ژه "خط، کتا ب ، قا موس قـرآ ن"،{ تأ لیف سيـد علی ا کبر قريـشی}، جـلد پنجـم . ص ۲۷۴
2. färid Vähidi, “daỳerät-eimo,aref-e islami”,zir-e važe-ỳe “hät, ketab, kamus-e kor,an”, tälif-e seỳed Äli Äkbär-e ỳşi, jeld-e pänjom. Säf. 274
۳. چوبـينه بهرا م، "تشيّـع د ر سیا ست ا یـرا ن "، جلد د وّم – ا نتشـا را ت "سا زما ن جنـبش نا سیـونا ليستـی دانشگا هیا ن و دانش پـژوها ن و روشن بینا ن ا یــرا ن"،
3. Çubine Bähram, “Täşäỳ,ỳö; där siỳasät-e Iran ”, jeld-e dovvom – enteşarat-e “Sazman-e jonbäş-e nasỳunalisti daneşgahiỳan vä daneş päžuhan vä rowşän binan-e Iran”.

4. Sagd-u-wakgas kitaby, Türkmenistan ỳlymlar Akademiỳasy, - Aşgabat- 1992 ỳ. ????
5. Wildurant, “ Tarih-e tämäddon , äsr-e iỳman ”, jeld-e çaharom , …
6. Teñli-garakçy Abdyrrahman ahun, “Fäzaỳel ältorman”, naşeran : Baziỳar-Sähawi, Gonbäd-e kawus -1364
۶. تنگلی قـرا قـچی عبدا لرحما ن آ خوند ، " فضـا ئـل ا لتـرکما ن "، نا شـرا ن : با زیـا ر سـخـا وی ، گـنـبـد کا ووس – ۱۳۶۴ شمسی