Wednesday, July 15, 2009

4. Işan:

Nagyşbendiniỳe tarykatyñ sopy wekillerine “Işan” diỳipdirler. Işanlar sopyçylyk bilen meşgullanyp dini däpleri we sünnetleri berjaỳ edỳärler. Olar Türkmensährada hormatly şahsyỳetler hasaplanỳar. Hepdäniñ her penşembe we jumga günleri ylahyỳet ylymlaryny öwrenmek üçin mesjitlere ỳygnanyşỳarlar.
“Olar Abd al-Halyk Gijduwanynyň ýoly bilen Hoja Ahmet Yasawynyň ýollaryny esas edinip, jemi 11 düzgünden ybarat derwüşçiligiň täze ýoluny döredipdir. Halk arasynda onuň gudraty barada birnäçe rowaýatlar bar. Bu gudratly piriň gubyrynyň üstünde 1544-nji ýylda Şeýbanylar şanesliniň hany guburhana (mowzoleý) gurdyrýar. Tiz wagtdan bu ýer zyýarathana öwrülýär. Onuň gubryna üç gezek zyýarat etmegiň özi bir gezek Mekgä gidip, hajy bolmak bilen barabar diýen ynanç ýaýrapdyr.
Nagyşbendiçilik wagtyň geçmegi bilen Müsürden Indoneziýa, Kawkazdan Hindistanyň demirgazyk çäklerine çenli, musulman dünýäsinde giň ýaýran sopuçylyk ýörelgeleriniň birine öwrülipdir. Nagyşbendiçiligiň Türkmenistanda has täsirli, tarapdarlarynyň köp bolandygy barada maglumatlar köp gabat gelýär. Araly işanyň, Zynharynyň, Seýdiniň, Magtymguly atamyzyň ak pata almak üçin huzuryna baranlary -Nyýazguly halypa (1821-nji ýylda ýogalan) nagyşbendiçilik ýolunyň görnükli pirleriniň soňkylarynyň biridir. Nagyşbendiçilik Abdyrahman Jamy, Nowaýy, Ahmet Ýasawy, Azady, Magtymguly, Andalyp, Şeýdaýy we Talyby ýaly Gündogaryň beýik şahslarynyň birnäçesiniň döredijiligine täsir edipdir. Magtymguly: Bir gije ýatyrdym, şa Nagyşbendi,Keremi joş eýläp, bir nan getirdi. Sag elinde bada-gülgün şeraby, Sol elinde täze bürýan getirdi. diýmek bilen Nagyşbendi ýolundan taglym alandygyny aýdýar.” [Web Resource]
Işanlar her gije ỳassy namazy okanlaryndan soñ ỳygnanyşyp sopyçylyk tarykatyny berjaỳ edỳärler. Kä halatlarda türkmenler olara tebiplik derejesine çenli ynanypdyrlar. Çagalar näköklän mahallarynda işanlaryñ ỳanyna alyp baryp näkök çaga dem saldyrypdyrlar. Olar keramatly adam hökmünde saỳlanypdyrlar. Günorta-Günbatar türkmenleriñ arasynda işanlar hakda dürli rowaỳatlar hem aỳdylỳar. Çaga dogurup bilmeỳän durmuşly maşgalalar olara ỳykylmagy bilen şypa tapan az bolmandyr. Türkmenler işan we öwlatlar aradan çykandan soñ jaỳlanlarynda üstüne günmez dikeldip mowzeleỳ gurmak däbi bilen olary hormatlapdyrlar. Türkmen zenan maşgalalary oña zyỳarata gidipdirler. Rowaỳatlaryñ arasynda Kümüsdepe-Esenguly etraplarynda ỳaşap geçen Berdijepbar işan hakda aỳdylan rowaỳat has gyzyklydyr. Ol etraplaryñ ỳaşaỳjylary deňiz gyrasynda ỳaşaỳandyklary üçin deñiz söwdasy bilen meşgullanypdyrlar. Günlerde bir gün türkmen täjirleriniñ nawlary deñziñ ortasynda suwlap gark boljak halatynda, olar Berdijepbar işanyñ adyndan nazr aỳdyp sygynypdyrlar. Şeỳle howuply ỳagdaỳda nawyň döwülen ỳeri birden-ikä beslenip gidiberipdir. Nawçylar gark bolmakdan halas bolup, deñziñ gyrasyna çykypdyrlar. Henizlere çenli bir adam howply ỳagdaỳa duçar bolanda “Ýa Berdijepbar işan!” -diỳip oña sygynỳarlar. Häzir onuñ nebereleri Esenguly etrabynda ỳaşaỳarlar.[17] - Şeỳle işanlaryñ arasynda Ketde Pir Işan (Işan kaka, asly Hywa Buharaly türkmen Hojanepes etrabynda ỳaşap ỳañy ỳakynda dünỳäden gaỳdỳar.), Gara Işan, Ata Işan (Beỳik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyñ nebereleri), Posalak Işan (Asly Balkanly belli Gara Işanyñ ogly), Ak Işan, Hakberdi Işan we Berdijepbar Işan ... ỳaly işanlar halk arasynda belli özüni tanadan keramatly adam bolupdyrlar. ... Dowamy

1 comment:

phdoctrate said...

* Web Resource
17. Türkmenistanyñ Balkan welaỳatynyñ Esenguly etrabynda ỳaşaỳan hezreti Berdi-Jepbar işanyñ nebresi Berdikakanyñ dilinden nakyl edildi. Aşgabat -1995 ỳ.