Türkmenlerde irki arhitekturalar barada arhiologiýa açyşlarynyň şaýatlyk edenlerinden başga-da henizler işlenmedik gadymdan galan ýadygärlik nyşanlary bar.
Mysal üçin Hazar deňziň Günorta-gündogar owazisinde Kümüşdepe şäheriniň demirgazygyndaky “Kiçi Kümüşdepe” atly harabaçylykdan çykýan daş-taňsyk (küýze) galyndylarynyň şaýatlyk etmegine görä, ol ýerde gadymy bir medeniýetiň bolandygyny mälim edýär. VII asyrdan bäri yslam dini Orta Aziýa ýurtlaryna ornaşyp başlandan soň dini-medeni merkezler döredilip gündogar arhitekturasy özboluşly bir häsiýete eýe bolupdyr. Buhara, Hywa, Samarkant, Mary, Hokant, Kazan, Balh, Jürjen, Ürgenç, Nişapur, Töwriz (Tebriz) we ş.m. belli-belli şäherler döräp yslam dinine bap getirilip gurulan metjitler, medreseler, hüjreler, kerwensaraýlar, öwülýäleriň üstüne dikilen aramgähler döräpdir.
Hüjre-medreseler hem şol hereketden ugur alyp, asyrlaryň dowamynda öz boluşly arhitekturasy bilen şekillenip gaýdypdyr.
Umuman her hüjre-medresäniň ýanynda metjit hem bolupdyr. Türkmen ilatynyň çagalary şol mekanlarda sowatly bolup, ylym öwrenipdirler. Türkmenleriň ýary bölegi şol bir wagtyň özünde göçüp-gonma şertlerde ýaşan bolsalarda, belli bir mekany metjit hökmünde belläp, şonda dini parzlaryny berjaý edipdirler.
Aýdylýan rowaýatlara görä, her oba täze bir ýere göçüp baranda, şol ýeriň belli bir çäginde uly oý gazyp onuň mehrabyny Günbatar-Günorta çüňke bakdyryp jemagat namazlaryny berjaý edipdirler. A.Wamberi ýaly käbir syýahatçylar “türkmenler göçüme-gonma şertlerde ýaşandyklary sebäpli, olarda din we ruhany örän pes derejede, kähalatlarda bolmandyr.”- diýip belläpdir! [36]
Emma aýdylan rowaýatlara üns bereniňde welin türkmenler ähli şertlerde hem öz dini parzlaryny berjaý edip gelipdirler. Ol mehraply metjitler soňa baka shonda okap bilim öwreden meşhur öwlat-pirleriň gubryna öwrulipdir.
* Ýusup Has Hajybyň guburyna öwrülen gadymy hüjüre-metjit
Türkmensähralarynda belli bir arhitekturadan häsiýetlenip şeýle gazylan oýda, güniň kölegesiniň düşýän taraplaryna görä, günorta namaz wagty bilen ikindi namaz wagtyny takyklapdyrlar. Şonuň ýaly jaýlary wagtlaýyn ýaşalýan ýerlerde ýasalypdyr. Görüp otursak türkmenler durmuşyň ähli şertlerinde-de öz dini medeniýetlerini we parzlaryny saklap gaýdypdyrlar.
Halkyň maddy durmuşyna bagly bolan öý we mesken diýlen enjamlar hakda etnologlar we antrapologlar gyzyklanyp iş öwrenipdirler.
Jemgyetçiligiň täze ewolýutsiýacy / kämilleniş / ylymlaryny öwrenijisi Jolin Steoard, adamzadyň öý we tehnologiýanyň diýalektika baglanşykly gatnaşyklary barada söhbet açýar. Ol öz söhbetlerinde “adamzat” nähili “tehnologiýa” bilen “öýüni” sazlaşdyryp bilipdir? Diýlen sowaly orta atýar.
Sözi açyklamak üçin şeýle dýeli; “Öz ähli mümkinçiliklerine bagly bolan öý ýa-da tebigy mekan, medeniýetiň bir böleginde, öz ösüş garmonýasyna eýe bolýar. Şeýle ösüşe tarap jähetlenen özgerişler, şol bir mekanyň özünde adamzadyň öý bilen talaba laýyk iş abzallarynyň arasynda doly gatnaşygy ýola goýmak bilen mýesser bolupdyr.”.
Mysal üçin Garagum çölleriniň çokrap duran alawly tomusy hem gurak, sowuk we çagbaly gyşlarynyň şertlerine laýyklykda garaöýleriň üsti gümmez şekilli bolup gidiberipdir. Ewolýusiýa ylymlaryny öwreniji alym “Steoardyň” pikiri hem türkmen garaöýleridir. (Garaöýe Etrek-Gürgen ýomutlary “götdikme” -diýip hem aýdýarlar. Ol hem bu meselä degişli bolup durýar.).
Garagum sährasynyň agyr yssy we sowuklarynda göçme-gonma şertleri, mal sürilerini sürmek, esasanam gyşlaklaryň-ýaýlaklaryň wagtyny bellemek, ýyldyzlaryň üsti bilen ýol hereketleriň jähetlerini tapmak, gije-gündiziň wagt hasaplary ýaly ätýäçleri öwrenmeklik sebäp bolup türkmen halkynyň bir bölek maddy medeniýeti ösüpdir. A.Wamberi şeýle belleýär: “Türkmen garaöýleri Orta Aziýada Hytaýa çenli biri-birinden hiç hili esasy aýratynlygy bolmany öz durmuş şertlerine baglylykda has dogry we doly ýasalypdyr”. [37]
Şeýle bolansoň “Agaç öýler türkmen astronomiýasynyň açary” diýmäge laýyk bolupdyr. Sebäbi diýseň garaöýiň şekillendiriş gurluşy arkaly namaz wagtlary takyklamak, pasyl çalyşyklary, aý we aýyň günlerine çenli tahmynlaşdyryp taýyn edipdirler. Aýyň, güniň şöhlesiniň garaöýiň içine düşüş hereketleri üsti bilen şeýle takyklaşdyrmaga miýesser bolupdyrlar.
Bu meseläniň takyk beýanyny tapmak üçin garaöýi edil ýer şary ýaly mysal almak gerek. Garaöýüň şeýle görnüşde şekillenmegi taryhyň uzak jümmüşinde biziň ata-babalarymyzyň dürli durmuş şertlerinde, ýaşaýyş tejribeleriniň üsti bilen miýesser bolupdyr. Bolmanynda beýleki miletlerdäki kaçevnikler ýaly ýeňil-ýelpi tentlerden (gara çadyrlar) peýdalanaýmandyrlar.
Beýle tentleriň eýläk-beýläk götermäge ýa-da ýükläp düşürmegi aňsadam bolýar. Geçmişde ýyl-pasly öwrülşiklerini we wagt görkeziji ätiýaçleriniň ýoklygy zerarly, asyrlaryň uzak dowamynda garaöýleriň beýle şekilenmegi hem ýaşaýyş üçin hem-de wagt görkeziji ätiýaçleri kanagatlandyrmak üçin kämileşdirilipdir.
Şekilde görkezilen öýüň gapysy günorta tarapda ýerleşip öýüň ortaarasynda ojak we oturylýan ýer, öýüň edil merkezinde tüýnük ýerleşipdir. Ol ýerde oturan adam, gapydan hem tärimiň gözeneklerinden geçýän günüň şöhlesine we kölegäniň düşýäň taraplaryna seredip, şol günüň dowamyndaky ediljek dürli işleriň kesgidini tapyp, wagtyny taýyn edipdirler.
Mysal üçin, tamdyr goýberip çöregiň bişmeli mahaly, guşluk çaý, nahar wagty, öýle namazy, çopanyň gelmeli mahaly, sürüni çöle sürmeli we getirmeli wagtlary, . . . ýaly esli işleriň ýerine ýetirmeli mahalyny kesgitläpdirler.
“Gapydan düşýän günüň şöhlesi, süýrgünortan garaöýiň ortasyndaky ojaga göni düşýär. Haçanda gün, gunbatara tarap meýillenip başlanda içeri düýşýän gün şöhlesi ojagyň gündogar tarapyna geçýär. Şol wagt öýle namazy berjaý etmeli wagtynyň gelip ýetendigini düşünýärler.” [38]
Ýaz aýy bilen güýz aýlarynyň birinji güninden başlap birinji ferwerdin aýy (20-nji mart aýy) birinji mehr aýy bolsa (20-nji sentiýabr ýy) gabat gelýär. Gün şöhlesi şekilde görkezilen 1-11 terimiň gözeneklerinden içeri düşýär.
Mysal üçin ýylyň birinji ýarymynda tutunyljak işi göz öňune getirsek ýaz aýyndan näçe gün geçenden beýläk gün garaöýüň aşak tarapy ýagny günbatar-demirgazyk jähete meýillenip başlaýar. Elbetde öýe düşýän kölegäniň hereketi ýer şarynyň hereketine baglylykda bolup şeýle üýtgemeler emele gelýär.
Üç aýyň dowamynda gün II san tärimiň 15-nji gözeneginden 12-nji gözenegine çenli barýar. Ýagny tomus aýlarynyň başlarynda (tir aýy- iýun, iýul aýlary) günün şöhlesi tärminiň 27-nji gözeneginden içeri düşýär. Başgaça aýtsak gün her aýda tärminiň 4 gözenegini öz içine alýar. Türkmenler şeýle metodikalary peýdalanyp bu hereketleriň üsti bilen pasyl, aý kähalatlarda güniň gün sanyna çenli kesgitläpdirler.
Ýyl pasly tomus aýlaryna ýeten mahaly gije uzalyp gündiziň gysgalyş tapgyry başlanýar. Bu tapgyrda gün şöhlesiniň düşüş hereketi yzyna tarap öwrülip sentýabr aýynyň 20-sine ýetip gelýär. Sentýabr aýynyň 20-si gününde-de, şol mart aýynyň 20-nji günündäki ýaly gün ýene-de I-II tärminiň gözeneklerinden öýüň içine düşýär. Sebäbi şol aýlaryň (mart-sentýabr 20-nji) kähalatda 21-nji günlerede düşýär.
Günleri gije bilen gündiziň uzynlygy deňleşýär. Güýz paslyň başlanmagy bilen güniň şöhlesiniň düşýän jähedi öýüň günbatar-günorta tarapyna meýillenýär. Bu tapgyrda hem öňdäki belläp geçişimiz ýaly tertipde hereket durýar. Mysal üçin haçanda gün şöhlesi birinji I san tärminiň 10-njy gözeneginden öýüň içerisine düşende güýz paslynyň bir aýynyň geçendigini aňladýar.
Ýagny biz sentýabr aýyndan Bitaraplyk (dekabr) aýyna çenli geçipdiris. Bu hereket dekabryň 20-sine çenli dowam edip I tärminiň 4-nji gözenegine gelip ýetýär. Güniň şöhlesi bu ýere gelip ýetenden soň durýar. Sebäbi gyş pasly başlanýar. Gyş paslynyň başlanmagy bilen güniň gysgalyş tapgyry hem tamamlanýar. Ýagny günüň iňňän gysga wagty bilen gijäniň has uzaklygynda (parslar oňa “Şäbe ýelda” -diýip atlandyrýarlar). Şol günüň ertesinden başlap gijäniň uzynlygyndan kemelip başlanýar.
Şol wagt ýagny tomusyň başyndaky başlanyşy ýaly gyşyň başyndan başlanyp kem-kemden gije gysgalyp güniň gün-günden uzynlygyna tarap gönükýär. Bu hereket tir aýynyň birine çenli (21-22-nji iýuna) dowam edýär. Mysal üçin haçanda güniň şöhlesi 13-nji gözenekden öýüň içerisine düşende, gyşyň soňky aýynyň başlarynda durýarys. Şeýlelik bilen bir aýdan soň ýaz aýynyň başlanjagyny aňladýar.
Ýokardaky kadalaşan tertipdäki aýdylan mysallar tärmiň gözenekleriniň nomeri boýunça III-IV nomer tärminiň üsti bilen güniň dogyş-batyş jähetleri arkaly güniň wagtlaryny aňladýar.
Mysal üçin iýul-awgust aýlarynda öýleden öň güniň şöhlesini II nomer tärmiň 20-nji gözeneginden kesgitlenen bolsa, bu tapgyrda öýleden soň güniň şöhlesiniň batyşyny III nomer tärmiň 20-nji gözeneginden takyklaşdyrypdyrlar. ... Dowamy
----------> Edebiýat we çykgytlar:
1 comment:
36.Şol ỳerde,
37. Şol ỳerde,
38. Mahname-ỳe “ Sähra”, şomare-ỳe 13 vä 14 – ordibeheşt vä hordad ,Tehran – 1378 ş.
۳۸. ما هنا مه " صـحـرا" شما ره ۱۳ و ۱۴ ه ردیبهشت و خردا د . تـهرا ن – ۱۳۷۸ .
Post a Comment