Friday, July 17, 2009

c).Öwlatlar hakda Süleỳman Bakyrgany ( Hekim ata ) :

Öwlatlar hakda aỳdylanda Mary welaỳatynda mowzeleỳi ỳerleşen Ýusup hoja Hemedanynyň/Ýusup baba/ ojagyndan keramat alan we Hojaahmat Ýasawynyň tarapyndan dördünji halypa hökmünde saỳlanan Hekim ata hakda durup geçmegi makul bilỳäris. Sebäbi Eỳran türkmensähralarynda metjit-hüjürelerde onuň eserini ürj edilip okalỳan sopylaryň biridir. Ol hakda dürli rowaỳatlara gabat gelỳäris .
"Onuň hakyky ady “Hekim ata” , “Süleỳman” bolup doly ady bolsa, “Süleỳman ibn-e Seljuk Ybraỳym ibn-e Süleỳman ibn-e Myratdyr”. Ol türkmenleriň ähli ata taỳpalarynyň arkasy bolup durỳar. Hekim Süleỳman atanyň 22-nji ata-babasy Osman Razyallahu anahuwa baryp ỳetỳär." [21]
 
* Şol eỳỳamlardan galan Hoja Ýusup babanyň ỳadigärlik (Türkmanistan)
Bu şahsyỳete köpçilikde Süleỳman ata, ỳa-da Hekim ata we eserlerinde bolsa, Gul Süleỳman, Süleỳman Bakyrgany, Hekim Süleỳman ỳa-da Hekimhoja Süleỳman ỳaly dürli lakam-tahalluslarda meşhur bolupdyr.
Ondan galan eserleriň birinde:
Fakyr halymny sorsalar,
Maňa haçnama berseler,
Meniň adymny sorsalar,
Süleỳman Bakyrgany.

Gul Süleỳman okagyl,
Diwanalar taryhyn,
Aryflaryň ỳolunda,
Bolgul Ozüň diwana.

He-hejaneỳ, he-hejaneỳ.

... ỳaly setirler henize çenli türkmenlein dürli mynasybatlarynda "Zikir", "Küştdepdi" ỳa-da, aỳdym-saz görnüşde ỳerine ỳetirilỳär.
 “1950-nji ỳyl Yslambolda çap bolan Yslam enseklopediỳasynyň 1,5 tomunyň 101-nji sahypasynda onuň wepat bolan wagtyny 1166-1167 ỳagny Hojaahmet Ýasawynyň wepat bolan ỳylyny görkezỳär. Ýöne taryhçylaryň köpüsi 1186-1187-nji ỳyly takyk diỳip tassyklaýarlar.” [22]
Mowlana Ali ibn-il Huseỳn Waez Kaşifi" öz ỳazan “Reşhat eỳnilhaỳat" atly eserinde Hekim atanyň mesgen tutan ỳeri Horezm bolup, şol ỳerde “Akgorgan” ỳagny Akgala atly öwülỳäde (mazarçylykda) jaỳlapdyrlar. Onuň mazary ol ỳerde meşhur öwülỳäleriň biri bolup durỳar.” [23]
Onuň mazaryny takyklaşdyrmak üçin, Orta aziỳada “Akgorgan” ady bilen iki ülke bar. Bu ülkeleriň biri Buhara bilen Owgan serhetleriniň ỳakynynda ỳerleşen Şirabat diỳlen gyşlakda ỳerleşỳär. Bu hakda Fransiỳaly syỳahatçy G. Kapus gerekli maglumatlary berỳär. [24]
Ýene-de bir maglumat boỳunça Gülça diỳlen ỳeriň Günorta-Gündogar tarapynda mangollaryň hanlyklarynyň gadymy merkezi bolan Tegeş çöllüginde, Gyrgyzlar tarapyndan oňa “Akgorgan - آق قورغان” diỳlen harabaçylyk bar. [25]
Aỳdylỳan rowaỳatlara görä, Hekim atanyň mazaryny Horezmde diỳip çaklaỳarlar. Şonuň üçin G. Kapusyň bellän ỳeri hakykata ỳakyn bolmaly diỳlip çak edilỳär. [26]
Taryhçy Haýritdin Hojaniýazy - Horezm gazuw agtaryşynda
Umuman öwlatlaryň ỳerleşen öwülỳälerine “Akgorgan” ya-da “Aktorbat” diỳipdirler.
“Resaleỳe Hekim ata” adyndaky eserde, onuň mazary 40 ỳyl suwuň astynda galypdyr. Soň Hoja Jelaletdin diỳlen bir şahsyỳet ony tapypdyr. Bartold “Türkistannama” atly kitabynda Hekim atanyň guburyny häzirki Goňrat (Kungrad) diỳlen ỳerde diỳip belleỳärler.
Bartold beỳleki bir eserinde “Türkistanda Gürgenç diỳlen mekanyň suwa gark bolandygy barada maglumat berỳär. Şonuň Gürgençden başga-da derỳanyň Günbatar-Günorta gyralaryny ỳagny Hezar äsp ỳa-da koňratyň ỳanynda ỳerleşen Hekim atanyň gubury hem suwa gark bolỳar-diỳip belleỳär”. [27]
“Resaleỳe Hekim ata” eserinde görkezilşine görä, Hojaahmat Ýasawy, Hekim atada has görnükli ukyp görneni sebäpli ony halypa hökmünde Ýasawyỳe tarykatyny ỳaỳratmak üçin türküstanyň gündogar ülkelerine ỳollaỳar. Hojaahmat Ýasawy ony çagyryp şeỳle diỳỳär : “-Daňa ỳakyn bir düỳe seniň ỳanyňa geler.
Oňa münüp ỳola düş, düỳe haỳsy bir mekanda dursa, şol ỳeri ỳurt tutun!” Daň mahaly Hekim atanyň düỳesi geldi. Ol düỳä münüp ürşmesini göỳberdi. Düỳe Gündogara tarap ỳola düşdi. Ol düỳe Amy derỳadan geçip Horezmde “Binowa arkasy” diỳlen ỳlen erde durỳar. Hekim ata düỳäni her nähili ỳöretjek bolsa-da, ol ỳöremeỳär. Gaỳta düỳe seslenip bagyrỳar. Şonuň üçin ol mekan “Bakyrgan” adyna meşhur bolỳar. [28]
Onuň uỳỳan piri Hojaahmet Ýasawy, Ýasawyỳe aryfçylygynyň tarykat ỳolunyň göz başydyr. Hekim ata çagalykdan Hojaahmadyň ỳanynda terbiỳe alyp, Ýasawyỳe tarykatynyň dördünji halypasydyr. Ýasawyň dördünji halypasydyr. Ýasawye tarykaty Nagyşbendiỳe tarykatyndan 11 asyr öň döreỳär. Soňlarda Ýasawyỳe tarykatyň pirleriniň köpi türkmen - türk dilli halklardan çykypdyr. [29]
Hojaahmat Ýasawy hem öz nobatynda halypalyk hyrkasyny onuň göwni röwşen piri Ýusup babadan alyp, din ojagynda oturypdyr.
Hekim atanyň saỳlan halypalarynyň arasynda Zengi ata (Zeňňi baba) meşhurdyr. Zeňňi baba Taşkendiň daglarynda sygyr çopan bolupdyr. Ol Hekim atanyň dünỳäden ötendigini eşidip Horezme gelỳär. Onuň guburyna sygynyp dileg etỳär. Bir näçe wagtdan soň Hekim atanyň öz wesỳeti boỳunça onuň maşgalasy “Änber ene” bilen durmuş gurỳar.
“Reşhat eỳn il-haỳat” kitabynda görkezilşi ỳaly: “Onuň dogylan we mesgen tutan mekany Şaş welaỳaty bolupdyr. Onuň guburyna sygynanlar öz maksat-myratlaryna ỳetipdirler. Ol Baba Arslan piriň neberesi we Täçhoja piriň hem oglydyr. [30]
Onuň maşgalasy hem Budak (Pudak) hanyň gyzy (Mozzäker ehbab kitabynda Bugra hanyň gyzy) diỳip ỳazylypdyr. [31]
“Resalaỳe Hekim ata” eserinde ỳazylyşyna görä Änber (Ämmer) eneden Mahmut hoja, Asgar hoja, Hopby hoja atly üç perzendi galypdyr. [32]
 
Amy Derýa
Ýene-de “Ata türkmenleriň şejerenamasy” diỳen eserde onuň dört perzendi bolupdyr diỳlip olara Goçgar hoja (Goçgar ata) hem goşulỳar. Änber enäniň Zeňňi babadan hem bir näçe oglany galypdyr. Olar hem ulyma-öwlatlardan bolupdyrlar. [33]
Hekim ata Demirgazyk türk-türkmenleriniň arasynda keramatly aryflykdan öteri din ugrunda şahyrçylyk hem edipdir. Ol öz piri Hojaahmet Ýasawynyň ỳolunda “Hikmet” stilde şygyr aỳdypdyr.
Türkmenleriň öňki mekdephanalarynda (Hüjreler) sapak predmeti hökmünde hem golỳazmada neşir edere nusga kitaplaryň hatarynda Hekim atadan bäri, “Bakyrgan kitaby”, “Ahyrzaman kitaby”, “Hezret Merỳem kitaby” we ỳene-de bi näçe şygyrlar ỳaly eserleri peỳdalanylypdyr.
Ýatlanan eserlerde Bakyrgan kitabynyň dürli nusgalary türk dilli milletleriň arasynda giňden ỳaỳrapdyr. Bu eser ilkinji gezek 1846-njy ỳylda Gazagystanyň Kazan şäherinde çap edilỳär. Ol 14 sany şahyryň goşgularyndan ybarat bolỳar. Onda 125 şygyr bilen 8 sany manzum hekaỳalar bar. Şolaryň arasynda 44 sany goşgy Hekim Süleỳman atadan, 21 goşgy Şemsetdin, 19 goşgy Ygaỳi, 13 goşgy Obeỳdi, 12 goşgy Hojaahmet Ýasawy, 4 goşgy Şeripden, 4 goşgy Hudadatdan hem-de Şeỳhudy, Gazzaly Şihi, Fakyry, Kasym we Garyby ỳaly şahyr-aryplaryň hersiniň 1-2 sany eserleri bilen, goşgy görnüşde mazmunlaşỳar. Soňundan 8 mazmun hekaỳa; olardan 3 hekaỳa Şemsetdinden, 2 hekaỳa Hekim atadan, Bir hekaỳa Obeỳdulla, bir hekaỳa Hytaỳydan we ỳene-de bir sany awtory näbelli goşgy, ony hem Hekim atadan diỳip çaklanylỳar. Bakygran kitaby 1857-1877-1903-nji ỳyllarda Kazan şäherinde çap bolỳar.
Hekim atanyň döwründe “Ahyrzaman” diỳlen kitaby düzülỳär. Bu kitap “Tagy ajap kitaby” ady bilen “Behr-e hizzej” galypda dörtmelerden doly 16 sahypa, 1847-nji ỳylda Kaza şäherinde çap edilỳär. Bu kitapda kyỳamatdan gysga teswir görkezilip, käbir dörejek hadysalaryň anyk wagtyny görkezmekde gürrüň gidỳär.
Amy Derýanyň joşýan möwsümleri
Kitaplaryň arasynda “Hezreti Merỳem” diỳlen kitap uly göwrümli “bähri medid” galypda goşulan goşgular bilen, 1878-nji ỳylda Kazan şäherinde çapa berilỳär. 1895-nji ỳylda S. M. Matwiỳew, bu eseri "Orta Azianyň derwüşler tegelenşiginde - jähr ", hökmünde köpçülikleỳin okalypdyr” -diỳip belleỳär. Onda Hezret-e Merỳemiň hekaỳasy owadan dramada suratlanyp gidỳär.
Şol döwür resalalarynyň arasynda Hekim atanyň resalasy has ähmiỳetli okalypdyr. Şonuň ỳaly rowaỳatlar köp asyrlap demirgazyk türkileri, hamana Gyrgyzlaryň arasynda has giňden ỳaỳrapdyr. Bu eser boỳdan-baş legenda görnüşde we Hekim ata hakdaky rowaỳatlardan ybarat bolỳar.
Bu legendalara yslam sufistleri “Öwülỳäleriň keramaty” -diỳip düşünỳärler. Bu eserde Hekim atanyň durmuşy hakda maglumat berilỳär. Mysal üçin, şu aşakdaky rowaỳatda şeỳle görkezilỳär: “Ol çaga mahalynda mekdephananyň beỳleki çagalaryna görä, kurhany boỳnundan gyssyrmaỳardy. Ol kurhany başynda saklap hormatly göterỳärdi. Okuw sapagy gutaran mahalynda mekdephanadan yzlaỳyn ỳüzi mekdephana tarap daşary çykỳardy.” Elbetde şol edep-ekram türkmenleriň mollalarynda köplenç bolupdyr.
Günlerde bir gün Hojaahmet Ýasawy metjidiň gapysynda oturan mahaly, bu çaganyň beỳle bolşundan örän hoşhal bolỳar. Onuň ene-atasynyň razylygy bilen okuw terbiỳesini öz üstüne alỳar. Süleỳman 15 ỳaşlykdan Hojaahmedyň müdiri bolỳar. Bir gün Hyzyr aleỳhussalam Hojaahmetlerde myhmançylykda bolỳar. Hojaahmet çagalary odun getirmäge iberipdir.
Çagalar gaỳdyp gelşin güỳçli ỳagyş ỳagyp olaryň odunlary öl bolupdyr. Getirilen odunlaryň arasynda Süleỳmanyň oduny gurak galypdyr. Ol öz eşigini odunyň daşyna orap, öl bolmakdan saklapdyr. Şonda Hyzyr ata oňa “Hekim” diỳlen lakamy beripdir. Soň türkmen däbini eỳerip agzyna tüweläpdir. (Bu yrym türkmen taỳpa-tirelerinde bolupdyr. Taỳpa-tireleriň içinde haỳsydyr bir ỳaşyulylaryň biri çagany tüwelemek bilen özündäki bolan keramaty oňa geçirdigi diỳip düşünipdirler). Hyzyr ata bu sahnanyň şaýady bolan halatynda şeỳle diỳipdir: “-Hudaỳa! bu çaga paỳz ỳagdyr!”. Hekim atanyň göwni paỳzdan dolupdyr. Şonda Hekim ata şu aşakdaky bent goşgyny aỳdypdyr.:
Eski üski burkym bar,
Saryk sarsak görküm bar,
Şyỳhym ututga izse,
Barmaska ne erkim bar
.
He-hejaneỳ, he-hejaneỳ. ...
******
Atalaryň, Ýusup baba atadan Şyỳh Jemaletdin Buhariỳe çenli nesilleriň şejerenamasy
Kähalatlarda türkmenleriň arasyna goňşy milletler ỳa-da tireler bilen agzalylyk düşen mahallarynda olaryň arasynda parahatçylyk döretmekde ỳatlanan dört topar öwlatlar syỳasy-jemgyỳetçilik rol alyp barypdyrlar. Ähli türkmenler olaryň töwellasyny alypdyrlar. Sebäbi olar bilen ỳagy bolmaklygyň ỳaman netijesi bolar diỳip düşünipdirler. Şonuň üçin bu dört toparyň agzalary biri-birine garşy duran toparlaryň aralaryna aňsatlyk bilen töwellaçylyk edipdirler. Kähalatlarda talaňçylar tarapyndan talanan mallary hem alyp eỳelerine gowşuryp bilipdirler. Şonuň üçin öwlatlar agzyalalşan taraplaryň arasynda syỳasy taỳdan örän ähmiỳetli rol alyp barypdyrlar.
Umuman Etrek-Gürgen türkmenleriniň arasynda ulyma-ruhanylaryň ähmiỳeti türkmen jemgyỳetçiligini şerigat kanunlary boỳunça alyp barmaklykda-da esasy rol oỳnapdyrlar. Daşky ỳurtlardan Türkmensära syỳahata gelen syỳahatçylar bu barada dürli pikirler hem garaỳyşlar ỳaỳradypdyrlar. Şolaryň arasynda belli syỳahatçy A. Wamberi hakda “Gyzyl Ependi” diỳlen bir rowaỳat hem bar.

* Orta asyrlardan (XIV-XV aa.) Türkmen döwleti Garagoỳunlylar
nesilşalygy tarapyndan bina edilen Töwrizdäki Gok mesjid
“Etrek-Gürgen türkmenleri bilen Osmanly türkmenleriň arasynda gadymdan bäri hemişe gatnaşyk bolup durupdyr. A. Wamberi türk dili bilen arap dilini örän oňat bilip öwrenip sünni musulmanlaryň däp-düzgünlerini çuňňur öwrenen syahatçylaryň biridir. Ol türkmenleriň gadymy oturumlaşan ỳeri bolan Kümüşdepe şäherine gelip metjitde türk ruhanysy hökmünde ençeme wagtlap ymamlyk edipdir.
(Elbetde A.Wamberiniň dini hristiỳan dini; ol musulman dinini kabul etmeỳär). Günlerde bir gün Gyzyl Ependi metjide giren mahaly birinji sag aỳagy bilen metjide giripdir. Mesjide girmek hem ilki haỳsy aỳak bilen işikden basmak barada ol ỳerde dini däp-dessur hökmünde hemmelere öwredilỳär. Şonuň üçin bir türkmeniň ünsi oňa düşüp munuň musulman däldigini açypdyrlar. A. Wamberi gaty gynlyk bilen ol jemgyỳetiň elinden özüni halas edipdir”. [35]
Etrek-Gürgen türkmenleriniň arasynda metjide girilen mahaly ilki çep aỳagyň bilen girmegiň garaỳyşy “Ýykylsagam ỳüregim metjide düşsün”, metjitden çykan mahalyň sag aỳagyň bilen çykmagyň sebäbi “Ýykylsam ỳüregim metjitde galsyn” – diỳlen düşünje bar.
Soňlarda A. Wamberi Kümüşdepäniň ulymalaryna 50 günlik namazlaryny halallamak üçin şonça gün namaz okamalydyklaryny habar ỳollaỳar. ... Dowamy

1 comment:

phdoctrate said...

21. Şeỳh Taganiỳaz, “şäjärename-ỳe ata-ỳe torkmän”, noshe-ỳe hätti, be ehtemam-e Mähmud Ätagözli, amade-ỳe çap, (be nägl äz näşriỳe-ỳe “Ýaprak ” şomare-ỳe 2 vä 3, sal-e ävväl, \aỳiz 1377 ş. Motabek ba 1998 m.).

ه- ۲۱. شیـخ طـا غا نیـاز، "شجره نا مه ترکمـن"، نسخـه خـطّـی، به ا هتما م محمود عـطا گوزاـی ، آ ما ده چا پ ،(به نقل ا ز نشـریه "یا پـراق"شما ره ها ی ۲ و ۳ ، سا ل ا وّ ل، پا ئـیز ۱۳۷۷ ش.، مطابق با ۱۹۹۸ /م.).


22. Heỳät d. Jävad, “Seỳri där tarih vä lähjehaỳe torki”, çap-e dovvomT näşr-e “now”T Tehran – 1366 ş., säf.67

ه- ۲۲. هـیـئت دکتر جـوا د،"سیری د ر تا ریخ و لهجـه هـا ی ترکی"، چا پ د وّم، نشـر "نـو"، تـهـرا ن – ۱۳۶۶ ش.ص. ۶۷

23. Reşhat eỳn-elhäỳat , säf. 21. tärjome-ỳe torki-ỳe an säf. 16

ه- ۲۳. رشـحـا ت عـن ا لحـیـا ت ، ص. ۲۱ . ترجمـه ترکـی آ ن صـفـحه ۱۶

24. Corpus G., Atravers Le Royaume de Tamerlan, Paris- 1882 . 140-150 st.,[ “turk edebỳatynda ilk motasavvofler ”.kitabiniñ 88-nji sah. Tekstiñ etek düşündirişinde.].

25. Şol ỳerde,

26. Näşriỳe-ỳe “Ýaprak”, şomsreia-ỳe 3 vä 3 . sal-e ävväl . paỳiz 1377 ş. , säf. 17

ه- ۲۶. نشـریّه " یـا پـرا ق"، شما ره ها ی ۲ و ۳ .، سا ل اوّ ل ، پا ئـیز ۱۳۷۷ ش. ص. ۱۷

27. Bartold W.W., “Abeỳari där Torkestan”, tärjome-ỳe Kärim-e Keşavärz, enteşarat-e mo,ässese-ỳe motale,at vä tähgigat-e ejtema,iỳ, azär mah-e 1350 ş., säf. 117.

ه- ۲۷. با رتولـد و. و.، "آ بیـا ری د ر ترکـسـتا ن"، ترجمـه کـریم کشـا ورز ، ا نتشا را ت مؤسـسه مطـا لعا ت و تحقـیـقا ت ا جتمـا عـی، آذرما ه سـا ل ۱۳۵۰ش. ، ص. ۱۱۷

28.Muhammedanskiy rasskaz o sv – Deve Marii, I zv, obşc. Arheol, istor. i etnologri Kazansk. Univ. 1895, XIII , I .[ به نقل ا زا سـلام ا نسـکلو پــد یـسـی]

29. Ýasawy Hojaahmat, … ?

30. Reşhat eỳnilhaỳat, /görk. Iş./… sah. 21 we 22


31. Mäzkär-e ähbab, jeld-e 5., säf. 534 . “Türk edebiatynda ilk motäsävvofler” , säf. 88

ه- ۳۱. مـذکر ا حـبا ب ، جلد ۵ ، ص. ۵۳۴ ، " ترک ا دبّیا تئـندا ا یلک مـتـصـفـّوفـلر"، ص. ۸۸

32. “Türk edebiatynda ilk ….”/görk. Iş./,…sä. 19

33. “Ýaprak” /görk. San./, … sah. 19

34. Şol ỳerde ,

35. Wambri A., “Siỳahät-e därvişi drugin där hanta-e Asiỳaỳe märkäzi” ,tärjome-ỳe F. Hajenuriỳan, enteşarat-e “ elmi - färhängi”, Tehran – 1982 m.

ه- ۳۲. وا مبری آ رمینیوس، " سیا حـت د رویشی دروغین درخا نا ت آ سیای مرکزی "، ترجمه ف. خوا جه نوریا ن، ا نتشا را ت " علمی - فرهنگی"، تـهـرا ن سا ل ۱۹۸۲ میلادی .