Showing posts with label VII BÖLÜM : TÜRKMENSÄHRADA BELLI OBA-ŞÄHERLER WE OLARYŇ MADDY DURMUŞY. Show all posts
Showing posts with label VII BÖLÜM : TÜRKMENSÄHRADA BELLI OBA-ŞÄHERLER WE OLARYŇ MADDY DURMUŞY. Show all posts

Thursday, February 4, 2010

h). Etrek-Gürgen türkmenlerinin araçäginde ýüze çykan meseleler.


Aşyradanyň kartasy
OWNUK Hangeldi's PhD. Materials: Her halkyň taryhynda beýik dowürleri hem bar, ezilen döwürleri-de bolýar. Taryhda şeýle hadysany kabul etsek, onda türkmenleriň taryhynda-da XVIII asyryň II-nji ýarymyndan soň beýleki döwletler tarapyndan basybalyjylykly hem ýurt tozdyryjy taryhy tragediýalara duş gelinýäris. Türkmen halkynyň medeniýetiniň baý bazasy üç döwletiň täsir sfērasyna öwrülip Ruslar, Iňlisler we Eýran döwletleriniň arasynda üleşige düşýär. Halk oňa bir bada boýün egmeýär. Oňa gaýtawul bermek üçin özbaşdaklygyny goramagyň ugrunda dürli syýasy we harby hereketlere baş goşupdyrlar.
Orta Aziýada, Ýewropanyň ekspluatatsion konkurentsiýa prossesini geçiren döwründe XVIII asyryň soňlary we XIX asyryň 60-njy ýyllaryna gabat gelýär. Bu region Rusiýa döwletiniň syýasy täsir sferasynyň astynda tabyn hanlyklara öwrülýär. Bolşewizm rewolýutsiýasyndan soň hem Moskowanyň syýasy gurbynyň doly baknalygynda galýar.

Wednesday, January 27, 2010

j). Eýranda Atçylyk

Eýran Yslam Respublikasynyň “Touse’e-ýe saderat” atly halkara žurnalynyň öz birinji sanynda, “Eýran atlary 100 ýyldan soň dünýä eksport eilýär:” diýlen mowzuk berilipdir.Şonda şeýle setirlere gabat gelýäris. Eýranyň Türkmen we Hazar atlarynyň iň soňky gezek daşary ýurtlara eksport bolanyndan eýýäm 100 ýyl geçipdir. Indi bolsa, atçylaryň kooperatiw firmasynyň tagallasy we “Jahad-e Keşawärzi (ekerançylyk hojalygy)” ministrligi hem “At çapyşyk ýarym federasiýasy” we “Çowgan oýunlary” sportynyň kömegi bilen Eýranyň soý atlary dünýäniň dürli künjeklerine eksport boljakdyr." - Diýip, nygtaýarlar. »»

Thursday, January 21, 2010

f). Gürgen türkmenleriniň ykdysadyýetinde balyk awçylygy:

Turkmen yash balykchylarEýranda kenar ýaka türkmenleriniň çäkleri Hazar deňziniň gündogar- günorta gyralaryny öz içine alyp, ol deňiz ykdysadyýetinde iň ähmiýetli ülkeleriň biri bolup durýar. Bu ýerlerde deňizde balyk awlamak esasan türkmenleriň awçylary tarapyndan alynyp barylýar. Onuň çäkleri demirgazykda Garaşsyz Türkmenistanyň Esenguly etrabynyň serhetlerinden başlanyp, günorta jähede tarap tahmynan 70 kilometr Elburs daglyklarynyň ýakyn Eteklerine çenli Gürgen aýlagynyň daşy hem Aşyrada aýdagynyň üsti bilen günbatara tarap uzaklaşýar. »»»

Saturday, January 2, 2010

e). Türkmensährada Halyçylyk Senedi:

Dokma-daragyň eriş-argaja kakylan bir tonnadaky baslygyň sesi, türkmen durmuşynyň sazly sungatydyr.” [ ] 81.
Haly türkmeniň ähli durmuşy bilen galtaşyp, öz-balasynyň haýaty, şatlygy hem azaby. Şonuň üstünde ýagty jahana gelip ýaşaýar hem dünýäden ötýär. Bu sungat arzyly gelin-gyzlaryň sep-goşy hökmünde bagtly durmuşuna bezeg goşup, hatda onuň ýasly günlerinde hem meýdiň daşy bilen gonamçylyga çenli goşulýar we yzyna dolanyp gaýdýär. Şonuň üçin hem eger haly bu halkyň stuatsiýasy bilen baky galmak üçin aladaly hekaýalarda ýan-ýoldaş bolan bolsa, gaty bir geň zat däl. »»»

Sunday, December 27, 2009

c). Benderturkmen 60 ýyldan soň janlanýar:

Heikeli yasan:Gurbandurdy Taganpu
Häzirki zaman Bendertürkmen şäherini, umumy maglumatlara garanyňda şeýle görkezilýär: “ Gülüstan welaýatyna tabynlykda duran Bendertürkmen şäheri, 19020 inedördül giňligi bilen, Türkmensähra ülkesiniň has Günbatar çünkinde ýerleşen türkmen şäherleriniň biri dir. Bendertürkmen şäheri, ýurt tabynlygynda “Şäheristan” ölçeginde “Türkmen Şäheristany” ady bilen şäheristan merkezliginde durýar. Bu merkezlige Kümüşdepe şäheri, Siminşäher (öňki “Gargy” we “ Omçaly şş.)” hem Bendertürkmen ýaly şäherler onuň tabynlygynda durýar. Onuň şäheristan derejesinde umumy sany 200 müň adam bolsa, 90% göterimi türkmen kowumlaryndan ybarat bolýar. Bendertürkmen şäheri 1306 h.ş. ýylynda Reza şanyň tarapyndan düýbi tutulyp, “ Benderşa” ady bilen tanalypdyr. »»»

Wednesday, December 23, 2009

b). Taryhyň çuňlugyndaky Kümüşdepe şäheri

Kümüşdepe-de ilkinji salynan 3 etaj jaý
Türkmensährada has irki döwürlerden bäri Etrek-Gürgen türkmenleriniň japarbaý taýpasynyň köpüsini ozünde ýerleşdirip Türkmensähranyň merkezi hasaplanýan Kümüşdepe şäheri hakda henize çenli ýeterlik maglumat ýok .
Hazar deňziniň gündogar-günorta çüňkündäki, geçen asyryň başlarynda (XX asyr) bina bolan, Bendertürkmen port şäheriniň 18 kilometr demirgazygynda ýerleşen Kümüşdepe şäheri XX asryň başlarynda Reza Pählewi hökümeti eýelän döwründe oňa “Gomişan” diýlen at goýulypdyr. Eýranda Yslam Respublikasy döränden soň ýene-de öňki ady oňa gaýtarylyp alyndy.
Bu şäher Garaşsyz Türkmenistanyň günorta-günbatar çüňkünde ýerleşen Esenguly etrabynyň 40-50 kilometrlik göni günortasynda ýerleşen Kümüşdepe şäheri giň ýatan tekiz düzlükde bina bolupdyr. Ondaky jaýlar, köçeler ençeme taryhy wakalary başdan geçiripdir.

Sunday, December 20, 2009

1). MALDARÇYLYK MESELELER :

Eỳranda Türkmen maldarlaryna berilỳän ỳeñillikler barada “Golestan-e Iran” gazỳetiniñ hem bu barada “Türkmen maldarlaryna 4 milliard riỳal kredit ỳeñillikleri goỳberilipdir.” –diỳilen habary “Keỳhan” gazỳetinde-de goỳberilşi ỳaly çap edilipdir.
Bu habardaky goşulan mesele Bendertürkmen şäheriniñ “Jahad” guramasynyñ müdüri jenap Haỳdarpuryñ aỳtmagyna görä, maldarlara tehniki babatdan ỳol görkezijilik bilen 1360 tonna gerekli bede ot- samanlary üpjün etmek üçin 4 million riỳal çykarjakdygyna sarpa goỳuldy.
2). Dürli meseleler: »»»

Monday, December 14, 2009

VII BÖLÜM: Türkmensährada Belli Oba-Şäherler we olaryn Maddy durmuşy:

Kümmetkowus şäheriniň
Gümmezi
a). Taryhda Jürjen şäheriniň üstünden Kümmetkowus şäheri bina bolỳar:
Gülüstan welaỳatynyñ gündogar-demirgazyk sebitinde ỳerleşen Kümmetkowus şäheristany 6857 inedördül meỳdany bilen, Eỳranyñ bütin meỳdanyndan 33,5 göterimini öz içine alỳar. “1996-njy ỳyldaky iñ soñky ỳurt bölünşik hem umumy adam san statistikasy boỳünça bu şäheristan 14 etrap, 5 şäher, 12 sany dehistandan ybarat bolỳar.”. [ ] 49
Kümmetkowus şäheri Pählewileriñ gelmezinden öñ etrap görnüşde oturupdyrlar. 1316-njy hijri-şemsi ỳylda (1937m.ỳ.) gadymy Jürjen şäheriniñ 3 kilometrlik gündogar-günortasynda täze bina edilen şäheriñ adyna “Kümmetkowus” diỳlip atlandyrylypdyr. Pählewiler döwründe Eỳranyñ demirgazyk ülkelerınde ỳer-suw reformalary geçirilen döwürlerinde oña üns berilip başlanỳar.»»»
Gadymy Jürjen şäheri (Gürgen) häzirki Kümmetkowus şäheriniñ 98 kilometr demirgazyk-gündogarynda ỳerleşipdir. Bu şäher V hijri asyryñ ahyrlarynda Seljuklaryñ we onsoñ Horezmşalyklaryñ gol astyna düşỳär. Mogollaryñ yurda çozan döwründe, Çingizhanyñ tarapyndan Muhammet Horezmşany yzarlamak üçin öz ogullarynyñ birini birnäçe goşun bilen, ol ỳere ỳollaỳar. Bu goşun 617-nji hijri ỳylynda 4000 sany ilaty bolan Jürjen şäherini weỳran edỳär. »»»