Showing posts with label II BAP: TÜRKMENLERIŇ MADDY MEDENIÝETI:. Show all posts
Showing posts with label II BAP: TÜRKMENLERIŇ MADDY MEDENIÝETI:. Show all posts

Tuesday, December 1, 2009

b). GÜLÜSTAN WELAÝATYNDA SENAGAT:

Diks
Türkmensähranyň Gülüstan welaýaty senagat we tehnologiýa boýunça, esasan göni ýa-da gönidäl halatda-da, ekerançylyk we daýhançylyk bilen ugurdaş. Ýagny iýmit senagaty, tekstil we sloza senagatlary boýunça bu ülkäni ekopolýus diýilip yglan edilenini göz öňünde tutanyňda ýokary ähmiýete eýe bolup durýar.
Gülüstan welaýatynda ekinçilik çygmallarynyň bolelinligi sebäpli, olary dolanyşyga göýbermek üçin dürli senagat zawod, fabrik we kärhanalary gurulypdyr. 1996-njy ýylda 400 sany senagat desgalary önüm dolanşyklarynda iş dolandyrypdyrlar.»»»

Monday, November 30, 2009

a). GÜLÜSTAN WELAÝATYNYŇ YKDYSADYÝETI:

Orak-Döwek
“XIX asyrda alymlaryň köpüsiniň aýtmagyna görä, türkmen jemgyýetiniň ýarysy oturumlaşan we galany bolsa, maldarçylyk bilen meşgullanyp gara öýlerde ýaşapdyrlar. Şu sebäpden olaryň ykdysadyýetiniň esasy özeni ekerançylyk bilen maldarçylykda jemlenipdir. Şonuň üçin olary iki topara bölýärler. Köpüsi ekerançylyk bilen meşgullanýan çomurlar we maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwadarlardan ybarat bolupdyr.”[ ] 18

Maldarçylyk türkmenleriň iň möhüm sermaýalarynyň biri bolup durýar. Olar süri mallaryň önüm ýagdaýy we öri meýdanlaryna bagly bolup durýar. Sürileriň tebigy köpelişi ýyldan-ýyla tapawutly bolup durýar. Goýun bilen geçiniň dogluş sany 60-90 göterime çenli aratapawutlydyr. Ýöne heläkçiligiň möçberiniň ýokarylygy zerarly owlak-guzylaryň arasynda onuň aratapawudyny 30-60 göterime çenli pese düşürýär.[ ] 19

Thursday, November 26, 2009

V BÖLÜM : GÜLÜSTAN WELAỲATYNYŇ SOSIỲAL GEOGRAFỲASY:

Türkmen taýpa-tireleriniň mekanlary
1997-nji ýylyň noýabryna çenli ýurdyň tabyn bölünşiklerinde Türkmensähranyň Gülüstan welaýaty Mazenderan welaýatyna degişli bolup durýardy. Ýatlanan ýylyň Noýabr aýynda Yslam Mejlisiniň çykaran karary boýunça Gürgen şäheristanynyň merkezliginde Türkmensähranyň Gülüstan welaýaty Mazenderan welaýatyna garaşsyz welaýat hökmünde ykrar edildi .

Gülüstan welaýatynyň käbir şäherleriniň taryhy gadymyýeti bar. Bu şäherleriň köne binalary esasan merkezlerinde ýerleşip, soňky binalary bolsa, şäheriň daşky keşbinde görünýär.

Thursday, October 29, 2009

IV BÖLÜM : SUWLY ÇEŞMELER :

Etrek boýlary
Gülüstan welaýaty özboluşly geografiki häsiýete eýe bolany üçin, hasylly ýerler gerekli suwlaryny Horasanyň hem Elburs daglyklaryň garlarynyň eremegi netijesinde üpjün bolýar ,
Gülüstan welaýatynyň ýapdyr derýalary ýaşaýyş hem ekerançylygyň esasy şadamary hökmünde, bu ülkäniň daýanjy bolup durýar .

Tebigatyň döredýän şertleri boýunça, dürli akar suw hem derýalaryň emele gelmeginiň netijesinde, derýalar aşakdaky häsiýetde aýratynlaşýar :

- Gülüstan welaýatynyň derýalarynyň köpüsi hemişelik, demirgazyk bölegine, käbirleri öz akabasynda belli pasyllarda akýan derýa öwrülýär.
- Jülgäniň uzaklygy üçin ondan geçýän derýalar uzakdan gözbaş alýar.
- Käbir derýalaryň suwlary şor ýerlerden ýa-da ýeriň şor çeşmeleriniň oňa dökülmegi sebäpli öz öz akabnasynyň soňky ugrunda şor suwa öwrülýär.



Wednesday, October 14, 2009

III BÖLÜM: GÜLÜSTAN WELAỲATYNYÑ HOWA-SUW ŞERTLERI

Şeỳle jeografiki elementleriñ durnuklaşmagy , Gülüstan welaỳatynyñ howa-suw şertlerine dürli klimat görnüşünde öz täsirini ỳetirip durỳar. Olar geografiki dolgota , Elburs daglyklaryñ uzaklygy we beỳleki,deñizaralygy ,Türkmenistandaky Garagum çöli hem Demirgazyk Orsỳetdäki Sibir jülgesi ỳerli we territoriỳal ỳelleriñ ösmegi , Demirgazyk we Günbatar howa toplumlarynyñ ỳerbe-ỳerleşmegi we gür tokaỳlyk bürençekleri dürli temperaturalary ülkede döredỳär .
Sibir ülkelerinden bu ülkä süỳşüp gelỳän Demirgazyk howa toplumy(bu ỳel günbatar –günorta türkmenleriniñ arasynda ỳönekeỳ “ şemal ỳeli” diỳip atlandyrylan, welin onuñ hem dürli atlary bar .) , güỳz we gyş pasyllarynda howanyñ sowamagyna sebäp bolup daglaryñ beỳik ỳerlerinde doñaklyk döredip gardyr ỳagyşyñ ỳagmagyna getirỳär. Şeỳle dolanşyklarda döreỳän howa özgerişleri Etrek-Gürgen jülgelerinde ỳaz hem tomus pasyllarynda sergin howa şertlerini döredỳär.

* Türkmensähranyň kölleriniň asmandan alynan suraty

Orta deñiz , Gara deñiz hem Atlantik okeanyñ üstünden Eỳrana tarap hereket edỳän Günbatar howa toplumy , güỳz we gyşdaky ỳagyş we ỳelleriñ ỳüze çykmagyna täsirini ỳetirỳär . Ýagynyñ ỳagyş mukdary Etrek-Gürgen jülgesiniñ dürli ỳerlerinde bir meñzeş däldir . Mysal üçin , günbatardan gündogara tarap hem günortadan demirgazyga tarap näçe ỳöreseñ , ỳagşyñ mukdary kemelip başlaỳar . Ýagyşyñ möçberi welaỳatyñ has demigazygynda 200 m/metrden kem, emma günortad cäkleri ỳagny Elburs daglarynyñ eteklerinde 700 m/metrden agdyk bolỳar. Dag beỳikliklerinde bolsa , ỳagyş gar görnüsünde ỳagỳar . Umuman welaỳat boỳunça ỳagşyñ ỳagmak ỳagdaỳy gyş we güỳz pasyllarynda az möçberde bolup ỳaz hem tomus pasyllarynda köpräk ỳagỳar.

Beỳleki welaỳatlarda bolşy ỳaly Gülistan welaỳatynda hem howa-suw maglumatlary ỳygnamak üçin ülkäniñ dürli mekanlarynda belli howa-suw stansiỳalary goỳlupdyr. Onuñ sebäbi ülkäniñ ähli ỳeri belli bir derejede bütewi bir howa ỳagdaỳyna eỳedäldigi üçindir. Günbatardan gündogara we günortadan demirgazyga tarap näçe ỳöreseñ welaỳatyñ temperaturasy artyp gidỳär. Mysal üçin, Gürgen şäheri bilen Kümmetkowus şäheriniñ howa bỳorasynyñ berỳän maglumaty boỳunça Gürgeniñ bir ỳyl boỳunça ortaça temperaturasy 17,5 gradus bolsa, Kümmetkowusda 17,6 gradus bolup durỳar.

Görkezilen ortaça bir ỳyllyk temperatura ölçegi bir nokat boỳunça ülkäniñ bütewi temperaturasynyñ şertini görkezỳär diỳip bolmaỳar. Şonuñ üçin bir ỳyllyk temperaturanyñ has ỳokary hem has pes taraplaryny göz öñüne tutmaly. Gürgende howa bỳorasynyñ görkezỳän bir ỳyllyk has pes temperaturasy -9,6 gradus bolsa, Kümmet şäherinde -14,5 gradus diỳilip bellenilỳär.
Gürgende bir ỳyllyk has ỳokary tempetatura Oguz-Iỳul aỳlarynda 43,6 gradus bolsa, Kümmetkowus şäheriniñki ỳatlanan aỳlarda 46 gradus diỳilip kesgitlenỳär.
Ýyl boỳunça doñaklyk emele gelỳän günleriñ sany welaỳatyñ çäklerinde dürlidir. Meselem, Gürgende ỳyl boỳunça 13,1 Gün doñaklyk bolsa, Kümmetde 30,8 gün diỳlip bellenilỳär. Şeỳle hem doñaklyk emele gelỳän aỳlary Gürgende 5 aỳ bolsa, Kümmetde 6 aỳ diỳlip hasabat berilỳär. Şonuñ üçin bu ỳerde hoeanyñ ygal möçberi demirgazyk oazislerinde has ỳokary we günorta owazislerinde bolsa has pes möçberdedir. “Umuman tomus we güỳz aỳlary howa yssy-gurak, ortaça temperaturasy 39,2 gradus bolsa, gyşda howa sowuk we kä halatlarda garly ỳagyş bolup, ortaça -2 gradus bolup durỳar”. [1]

Gülistan welaỳatyñ umumy temperaturasy hem ỳagyş häsiỳetlerini göz öñüne tutanyñda dürli howa-suw şertleri onda özleşipdir. Olar:
a). Orta deñiz maỳyl howa-suw şerti,
b). Daglyk maỳyl howa-suw şerti,
c). Daglyk sowuk howa-suw şerti,
d). Gurak we ỳarym gurak,
j). Ygally we ỳarym ygally howa-suw şertlerden ybarat bolỳar.



a). Ortadeñiz maỳyl howa-suw şerti:

Gürgenş äheristany hem onuñ ỳakyn owazisleri ortadeñiz maỳyl howa-suw şertiniñ bürençeginde durỳar.
Ortadeñiz maỳyl howa-suwşertiniñ esasy häsiỳeti aỳlarynda howanyñ ortaça temperaturada durmagy we aỳlarynda howanyñ gurak bolmagydyr. ỳylyñ birnäçäe aỳy asman arassa we mawy görnüşde bolỳar. Kähalatlarda 5-4 aỳlap ỳagyş ỳagman duran wagty hem bolỳar.

b). Daglyk maỳyl howa-suw şerti:
Welaỳatyñ demirgazyk jülgeliklerinden Elbrus daglyklarynyñ demirgazyk dag eteklerine tarap ỳer beỳiklikleri artyp, Hazar deñzinden daşlaşdygyça beỳiklik 1500-3000 metre çenli kem-kemden ỳokarlanyp gidỳär. Şol halatda maỳyl daglyk howa-suw şerti emele gelỳär. Uzak wagytly sowuk we doñakly gyşlary, gysga wagytly maỳyl tomuslary bu şrtdäki howa- suwlaryñ häsỳetini döredỳär. Howanyñ temperaturasy bilen ỳagşyñ bir ỳyllyk möçberindäki azlygy bu oazisiñ esasy häsỳetli tarapy hasaplanỳar.

c). Daglyk sowuk howa –suw şerti :
Elburs daglyklarynda , demirgazyk eteklerinden ỳokary başlanyp ,dag belentlikleriniñ 3000 metr beỳikliklerinde , howanyñ temperaturasy iññän kemelip , uzak wagytlap ol ỳerde doñaklyk emele getirỳär . Şeỳle howalaryñ häsỳeti sowuk we uzakly gyş hem gysga we sergin tomuslary bolup durỳar . Bu oazislerde ỳagyş köplenç gar görnüşde ỳagyp, sowuk pasyllarda üstü-üstüne ỳygnalan gar ,tomus aỳlarynyñ ortalaryna çenli eremän ỳatỳar. Şeỳle howa-suw şerti Şahwar, Pirgerdkuh ,we Kähkeşan ỳaly dag depelerinde hemişelik buz doñaklyklarynyñ emele gelmegine sebäp bolỳar.

* Marawadepe we Jergelan séhralary

d). Gurak we ỳarym gurak howa-suw şertleri:

Türkmensähranyñ Gülüstan welaỳatynyñ gündogar-demirgazyk bölekleriniñ Hazar deñzinden aradaşlygy hem gündogar Elburs daglyklarynyñ barha peselip Garaşsyz Türkmenistanyñ Garagum çöllüklerine tarap süşüp ỳakynlaşmagy bilen, howa-suw şertlerinde-de öz täsirini galdyrỳar. Şeỳle düzgun bilen, görünip duran özgerişikler emele getirỳär. Howanyñ yklym durky guraklyga ỳa-da yssylyga tarap ỳokarlanỳar. Ülkäniň häsỳeti kem-kemden ỳarym gurak we guraklyga çalşyp gidỳär. Şu sebäpden, bir ỳylyñ dowamynda görkezilỳän ỳagyşyñ mukdary kemelỳär.

* Marta meỳdanlary

j). Ygally we Yarym ygally howa-suw şertleri:

Türkmensähranyñ Gülüstan welaỳatynyñ günorta ülkeleri dag belentliklerine degip durmagy hem-de tokaỳlyk büremçekleri bilen örtülendigi, ikinji bir tarapdan Hazar deñzine ỳakynlygy sebäpli welaỳatyñ beỳleki ỳerlerine garanyñda howa-suw şertlerinde belli bir derejede özgerilişikler emele gelỳär. Şunluk bilen Zerrinköl, Ramyỳan, Fazylabat, we Gürgen şäheriniñ Naharhoran atly ỳerlerinde ygalyñ ỳagyş möçberi artyp gidỳär. Temperaturanyñ ortalaşmagy bilen ỳarym ygally hem maỳyl ygally howa-suw şertleri emele gelỳär. Ramyỳan bilen Zerrinköl şäherlerinde ỳagşyñ bir ỳyllyk ölçegi 800 m/metrden agdyk bolup durỳar. ... Dowamy

Hazar dengzinin Gündogar gyralaryndan Kosmosurat

---------------> Çykgytlar we Edebýat:

Monday, October 12, 2009

Türkmensährada Gülüstan Welaýatynyň Geografiki Şertkleri:

* Daglyk maỳyl howa-suw şertleri
Türkmensähradaky Gülüstan welaỳatynyñ geografiki ỳerleşişi barada aỳtsak, ol Eỳranyñ demirgazygyndaky Hazar deñziniñ Gündogar-Günortasynda ỳerleşip meỳdan giñligi boỳunça Eỳranyñ 8 erlaỳatyndan uly bolup durỳar. Gülistan welaỳatynyñ meỳdany 20460,7 kwadrat kilometre deñ bolup Eỳranyñ bütin meỳdanyndan 1,33 göterimini öz içine alỳar. Ol Erdebil, Ilam, Çarmahal bagtyỳary, Kahkiluỳe, Buỳerahmet, Hemedan, Gom we Gazwin welaỳatlaryndan ulyrak bolup durỳar. “Bu welaỳat ỳer şarynyñ geografiki giñligi-boỳunça “25 prima, 53 gradusdan ta II” prima, 56 gradus halkara geografiki ykrar edilen Angliỳadaky Grinwiç tarapyndan gündogar uzynlygyndaky çyzygynda ỳerleşipdir. Gülistan welaỳatynyñ Garaşsyz Türkmenistan serhetleşmesi 205 kilometre barabardyr”. [2]

Ülkéninin dürli yerlerinde akyp
duran suw şarlawuklaryna gabat gelyé
Bu welaỳat Demirgazykda Garaşsyz Türkmenistan bilen gündogarda horasan welaỳaty, günorta tarapdan Semnan onuñ welaỳtyna we günbatarsynyñ ỳary Mazenderan welaỳary Mazenderan welaỳaty, galan ỳarysy bolsa Hazar deñzi bilen serhetdeş bolup durỳar.
Welaỳatyñ geologiỳa düzümileri boỳunça ondaky daglar üç etapdaky dag-dere döreỳiş tapgyrlarynyñ üçünji “Kambrin” döwranyndan häzirki döwre çenli emele gelen dag-daşlardan ybaratdyr. Şonuñ üçin bu çäk geologiỳa düzümleri boỳunça ỳeke-täk özboluşly ülkeleriñ biri bolup durỳar. Bu ỳerdäki iñ gadymy daşlar “Şisthaỳe prikambrin” ỳa-da “Gürgen şistleri” diỳip atlandyrylypdyr.
Gülistan welaỳaty dag-tekizlikleri boỳunça üç bölekden ybarat bolup, daglyk, dag etekleri we jülgeliklere bölünỳär:

a). Daglyk oazisleri:
Welaỳatyñ beỳik ỳerleri Elbrus dag toplumlarynyñ yzyndaky orny eỳeleỳär. Ol alp dag döreỳiş döwründe emele gelipdir. Geologlar ony “Elbrusyñ gündogar toplumy” diỳip öwrenỳärler. Bu oazis daglaryñ uzalyş ỳagdaỳy gündogar-demirgazyga tarap meỳillenip beỳiklikden çököklige tarap meỳillenỳär. “Bu daglar Türkmensährany Eỳranyñ merkezinde ỳerleşen gum-çöllüklerinden bölỳär”. [3]

* Daglyk oazisler
Äbärkuh daglyklarynda ỳerleşen “Şahwar” atly dag depesiniñ 3945 metr , “Kähkeşan” atly dagyñ bolsa 3813 metr beỳikligi bar.Ýene-de Şahkuh daglyklarynda ỳerleşen “Pirgerdkuh” atly dag depesiniñ 3204 metr belentligi bolup , ol ỳatyñ iñ beỳik daglarynyñ biri hasaolanylỳar.Bu daglaryñ dowamy welaỳatyñ gündogary we demirgazyk-gündogarynda Aladag daglyklary hem Horasan welaỳatyndaky Köpetdagyñ beỳikliklerine baryp birleşỳär.

b). Dag etekleri:
Bu oazis köplenç welaỳatyñ günorta we gundogaryndaky dag eteklerini öz içine alỳar . Ol ownuk –iri çökgündilerden emele gelen ululy- kiçili depe we depejiklerden ybaratdyr . Dag etek oazislerinde çökgündilerden emele gelen gum häsỳetleri ygal özüne çekijilik häsiỳeti bolany sebäpli , ỳer asty suw howdanlary suwdan böpeñläp durỳar . Olary guỳy ,kanat (ỳer astyndan goỳberilỳän suw çeşmesi “käriz”) ỳa-da başga suw çykaryjy enjamlar bilen bährelenỳärler. “ Bu bölek Garasuw bilen daglyklaryñ aralygynda ỳerleşỳär.”[4]
 
c). Jülgelik oazisler:
Ençeme asyrlaryñ jümmüşünden bu ülkede Hazar deñziniñ yza çekilmegi we onuñ yzysüre göl- gölçeleriñ guramagy bilen , akyp duran çeşmeler , arykdyr derỳalaryñ laỳ-suw çökgündileri tekiz we giñ jülgelik
meỳdanlaryny emele getiripdir . Bu jülgäniñ giñ gerim almagyna ỳagynyñ ỳagyş möçberi , derỳalaryñ gözbaşynyñ giñligi we ỳapaşaklygy , daşlaruñ durumlylygy we derỳanyñ çunlygy täsirli rol oỳnapdyr. Türkmensähranyñ jülgelik oazislerinde “ Garadepe”,” Gyzyldepe “,” Altyndepe “,” Tokmakdepe “,” Köresuw “,” Kiçi Kümüşdepe “,” Yşykdepe “ we “ Garaseññir “ Yaly egin –depeleri bar . Bu jülge gündogardan gübatardaky Hazar deñze çenli 150 kilometr we ini bolsa 50-70 kilometre barabarbolup durỳar. [5] ... Dowamy
---------------| Çykgytlar we Edebýat:

Saturday, October 10, 2009

PART 2 - II PARA - II BAP: TÜRKMENLERIŇ MADDY MEDENIÝETI:

I BÖLÜM: TÜRKMENSÄHRADA TÄZE DÖREDILEN GÜLÜSTAN WELAỲATY:
a). Gülüstan welaỳatynda ỳaşaỳan türkmenleriñ maddy durmuşy
:
Türkmensähra esli wagt bäri iki welaỳatyñ, ỳagny Mazenderan bilen Horasan welaỳatlarynyñ arasynda bölünip galypdyr. 1998-nji ỳylda Eỳran Ýslam Respublykasynyñ perezidenti jenap Seỳit Muhammet Hateminiñ çykaran karary boỳunça Türkmensähranyñ esli bölegini “Gülüstan” welaỳaty ady bilen, edara tabynlygy boỳunça beỳleki welaỳatlardan garaşsyz edilip goỳberildi. Bu hereket Türkmensähradaky türkmenleri has tolgundurdy. Şonuñ ücin jenap Hateminiñ tarapdarlary türkmenleriñ arasynda köpelip ugrady. Emma şeỳle syỳasatyň dübünde nähilli maksatnamalaryň bardygyndan entäk köpçiligiň onçakly habary ỳok.
Täze döredilen Gülüstan welaỳatynyň kartasy
* Täze döredilen Gülüstan welaỳatynyň kartasy
Bu täze döredilen welaỳatyñ ỳaşaỳyş we sosial-ykdysady şertleri barada gazỳet-žurnalarda täze maglumatlar goỳberilỳär. Bu waka dünỳa özgerişleri bilen bir hatarda, Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet metbugatlarynda-da giňden ỳaỳbaňlandyryldy. Geliñ bu täze wakanyň esasynda bir näçe maglumatlar bilen ỳakyndan tanyş bolaỳlyñ!
“Gülüstan welaỳaty 22033 kwadrat (inedördil) kilometr meỳdany bilen Türkmensährada Hazar deñziniñ Gündogaryndaky mes topraklary öz içine alyp, bütin Eỳranyñ çäginiñ 1,75 göterim möçberine barabardyr. Bu welaỳat Demirgazykdan Garaşsyz Türkmenistanyñ serhetlerine, Günorta tarapdan Semnan welaỳatyna, Gündogary bolsa, Horasan welaỳatyna şeỳle hem Günbatar tarapdan Hazar deñzine we Gürgen aỳlagy hem Mazenderan welaỳatynyñ Behşähr (Bişäher)- Nika şäherine çenli çäklenỳär.” 1

Täze karta
Gülüstan welaýaty Gürgen, Kümmetkowus (Gonbäd-e Gabus), Minudeş (Minudäşt), Alýabat (Äliabad-e kätul), Kürtkuý (Kordkuý), Bendertürkmen, Kümüşdepe we Bendergez ỳaly, uly möçberde bolan 7 sany şäheristandan ybarat bolup, 16 sany şäher, 15 sany etrap, 42 sany dehistan (obadan uly etrapdan kiçi tabynlyk ölçeg.) we jemi 1084 sany obadyr-şäherçeleri özünde ýerleşdirỳär. Ilaty özünde jaýlaşdyryş göwrümini göz öñüne getirsek, onda ortaça paỳy her bir kwadrat kilometrine 64,6 adamdan düşýär.

Gülüstan welaýatynyñ bir ýyllyk ekerançylyk möçberinde 650000 gektar önümli ekiş meýdanlary bar. Köp halatlarda onda ýylyň dowamynda iki hasylly döwri göz öñüne tutanymyzda 72 dürli çöl önümi hem-de köp dürli ir-iýmiş önümleri öndürilip bazar dolanşygyna goỳberilỳär. Bütin Eỳran boỳunça öndürilỳän ekiş önümleriniñ 4,5 göterimi şu welaỳatyñ paỳyna düşỳär. Ikinji bir tarapdan 4,5 million maldarçylyk fermalary (Şond hususy eỳeçilik hem hasaba alynỳar.) bolup jüỳjedir-ỳumurtga öndürỳän hojalyklary (guşçylyk ferma) hem bar. Ýylda 1,5 million ỳumurtga önümleri özünden goỳberỳän towuk desgalar, ähli göwrümi bilen 2762 gektar balykçylyk suw howdany, her ỳylda 50 tonnadan agdyk işbil öndürip bilỳän gurby bilen, şeỳle hem has giñ we ỳaỳrañ tebigy baỳlygynyñ biri, 430000 gektar möçberdäki tokaỳ-jeññelligi dir. Maldarçylyk pudaklaryny ösdürmek üçin bir million gektara barabar öri meỳdanlary bar. Şu aỳdylanlar welaỳatyñ ekerançylyk we maldarçylyk keşbini aỳdyñ gözöñüne getirmäge mümkinçilik berỳär. Umuman welaỳatyñ ỳokardaky ỳatlanan gysgaça ykdysady mümkinçilikleri köp babatlarda hem maldarçylyk ỳaly strategik (maksatnamalaşdyrylan önümler) önümleri öndirip bazar ykdysadyetiniñ söwda dolanşygyny üpjün etmekde ünsüñ çekiji rol alyp barỳar.

Halkara Alagol

Yslam ynkylabyndan öñ daşary ỳurda goỳberilỳän eksportlaryñ statistikasyna gysgaça göz aỳlanyñda, nebit harytlaryndan başga goỳberilỳän ähli eksportlaryñ 48 göterimi ekerançylyk önümlerine degişli bosa, şolaryñ 20 göterimi pagta önümleriniñ eksportyny öz paỳyna alỳar. Pagta harytlarynyñ hlkara ähmỳetiniñ bardygy sebäpli, onuñ töleg deñligini düzgünleşdirip goỳberilse, milli ykdysadyetiniñ ösüşine oñat täsir galdyryp biljekdigi ikiuçsyzdyr. Şeỳle hem mata öndüriji senagaty, iỳmit pagtaỳagy we pagta önümlerine bagly bolan beỳleki pudaklardaky iş üpjünçilikleri, işsizligi ỳeñletmekde pagta ekerançylygynyñ ỳokary ähmỳetiniñ bardygyny öñküden-de has aỳdyñlaşdyrỳar.
Alma gol Almagöliň umumy keşbi

Görkezilen deñeşdirmelere garanyñda Gülüstan welaỳaty zeỳtun bagdarçylygynyň önümlerini ỳetişdirmekde hem ỳokary gerime eỳedir. Mysal üçin 100 müñ gektara çenli ekiş meỳdanlaryny oña nỳetläp biljekdigi ikiuçsyzdyr. Eger şeỳle maksatnamany ỳerine ỳetirilse,” 300 müñ sany täzeçe önüm işleri ekerançylygyñ synpy pudaklarynda hem gaỳtadan işleỳiji senagatynda iş üpjünçiligini döredip bolar.” -diỳilen netijäni aỳdyñlaşdyrỳar. Şeỳle ölçegler esasynda welaỳatyñ ekerançylyk önümlerini öndüriji möçberi 2,5 million tonnadan agdyk we ekeran önümleriniñ umumy bahasy bolsa, 1800 milliard reỳal (180 milliard tümen, häzirki bazar kursy boỳunça(2004-nji ỳyl), eger bir dollar 800 tümen bolsa, 225000000 Amerikan dollary bolỳar.) eỳran pulyna bolỳar. Şeỳle möçberdäki girdeji bolsa, 90000 sany zähmetkeş önümçileriñ iş zähmetiniñ girdejisi bolup durỳar.

Şeỳle hem bu welaỳat maldarçylyk önümleriniñ meỳdanynda-da has görnükli orny özne eýeleýär. Ilatyñ et we proteỳin üpjünçiligi Eỳran boỳunça ỳurdyñ gerekli gaỳtadan işlenen süỳt önümlerini üpjün etmekde ỳokary derejede rol alyp barỳar. Onuñ maldarçylykdan çykarỳan iñ ähmietli önümleriniñ biri “gyzyl et (goỳun we mal et, ...)” we “ak et (guş- towuklar,...)”, bal, süỳt, peỳnir, ỳumurtga hem işbil ỳaly gerekli proteỳinli önümlerden ybarat bolỳar.

Ýokarky görkezilen faktlaryñ üstesine ỳylda 250000 tonna standart önümleri, özünde jaỳlaỳyş göwrümi bilen mal- gara we towuk–guş sowuk saklaỳyş önüm kärhanalarynyñ bu ỳerde ỳerleşmegi diñe bir welaỳatyñ özüne gerekli önümlerini üpjün etmekde däl-de, eỳsem önümiñ hil taỳdan Eỳran boỳunça standart görnüşli bolup beỳleki welaỳatlara-da eksport edilỳär. Ýene-de goşmaça ỳatlasak her sagatda 10 tonna ozünde gapgaryş göwrümi bilen guş-towuk senagatynyñ et kombinaty, ykdysady babatda bu welaỳatyñ görnükli faktorlarynyñ biri bolup durỳar. Bu mesele öz akabasynda maldarçylyga bolan ähmỳeti has ỳokarelandyrỳar .
Gülüstan welaỳatynyñ jeññel we marta meỳdanlary barada aỳdylanda has takyky ykdysady taỳdan esli baỳlygy öz içine alỳar. Daỳhançylygyñ daỳanjy hökmünde hem ỳer-suw serişdeleriniñ bol-elinligi, tagta-agaç önümlerini üpjün etmekde tokaỳ martalar onuñ ykdysady ösüşiniñ esasy orny diỳip hasaba alynỳar. Şeỳle hem welaỳatyñ ỳaşaỳyş şertleriniñ mümkinçiliklerini gözöñüne tutanymyzda, 250000 gektar senagata derkar tokaỳ meỳdany ỳerleşỳär. Şolardan 60000 gektar goragda duran tokaỳlar we 120000 gektar peỳdalanyp durulan tokaỳlardan ybarat bplỳar .Olar senagat agaçlaryny hem mal otlarynyñ önümünde ỳokary maýagoỳuma eỳe bolup, önümleriñ jemi hasyly 295000 kubmetre, bütin bahasy bilen 38,6 milliard riỳala barabar bolup durỳar. Marta meỳdanlaryndaky mal ot önümleri bolsa, 193509 tonna önüm 81,7 milliard riỳala barabar baha kesgitlenilỳär. Şu esasda marta bilen tokaỳlaryñ ähli önümleri umuman jemi 120,3 milliard riỳal bolup hasaba girỳär .
Gülüstan welaỳatynyñ tebigy ỳaşaỳyş şertleri hakynda aỳdylanda, onuñ has gymmat bahaly oazislary bar. Şolaryñ arasynda “Gülistan Milli Tokaỳlyk parky adyndaky “Park-e jängäli-ỳe golestan”, “Jahannama goraghanasy, Kümüşdepe Köresuwy (Talab-e Gomişan)”, halkara “Aragöl, Ajygöl, Almagöl” ỳaly köresuwlary hem azat aw meỳdan-düzlükleri, tokaỳlyklar hem daglyklary ỳatlasa bolar.

Gülüstan atly milli tokaỳ parky 91895 gektar meỳdany bilen ỳurduñ hem orta Aziỳanyñ şeỳle hem dünỳäde adygan seỳrek milli parklaryñ biri hasaplanỳar. Onda gözel gözỳetimler, tebigy dag hem dagçalar, dereler, arykdyr çeşmeler hem bardyr. Gülüstan welaỳatynyñ baýlyklarynyñ biri onuñ Demirgazyk serhetlerinde ỳagny Garaşsyz Türkmenistanyñ Günorta çäklerinde “Nebtlije” atly, suw bilen nebit gatyşyk bir uly nebit çeşmesiniñ barlygy. Ol çeşmäniñ astynda gaz bilen nebit ỳatagynyñ bolelinligi anyklanyldy.
Gülistan welaỳatynda tebigy mineral çeşmeler hekdaşy, boksit, daşkömür, koks, gurluşyk dag daşlary giñ möçberde ỳerleşendir.
Goşmaça aỳdanymyzda Gülistan welaỳatynda 31 desga un kärhanalary, 41 desga pagta arassalaỳjy kärhana, 3 desga ỳag çykaryjy hem ỳag arassalaỳjy kärhanalary ỳerleşendir.
Soñky 9 ỳyllykdaky dünỳä boỳunça bolup geçen özgerişler, Eỳranda Türkmensähradaky türkmenleri hem has begendirdi. Şonuñ bilen birlikde serhet
açylyp dogan-garyndaşlaryñ didarlaşmagy we gatnaşyklary başlandy. Söwda, ykdysadyỳet, syỳasy, medeni we transport ỳaly iki ỳurduñ geljegini bähbitli ylalaşyklary ỳola goỳuldy. Eỳran Yslam Respublikasy bilen Garaşsyz Türkmenistanyñ arasynda esli nokatlardan ỳer, deñiz, hem howa ỳollary açyldy. Şolaryñ ikisi Türkmensähradaky Gülistan welaỳatynyñ paỳyna düşdi. Ol nokatlarda “März-e pol” (Güdürolum geçelcesi) we deñiz port ỳolunyñ (Türkmenbaşy port şäheri bilen Bendertürkmen port şäheri biri-birine birleşdirỳän deñiz ỳoly) bolup durỳar. Bu ỳoluñ açylmagy bilen Gülistan welaỳaty merkezi Aziỳany Ýewropa ỳurtlaryna baglanyşdyrdy. Şeỳlelik bilen Türkmensähranyñ Gülüstan welaỳaty bilen Garaşsyz Türkmenistanyñ ykbaly biri-birine galtaşyp ugrady. Şeỳle bir geñ döwürde söwda alyş-çalyşlaryñ täze sahypasy açyldy. Bir ỳylyñ dowamyndaky ỳerine ỳetirilen söwda alyş-çalyşlary 40 million Amerikan dollaryna barabar boldy. Şeỳle bir ỳagdaỳda welaỳatyñ käbir ekeran önümleri bilen el senagat önümleri Pars aỳlagynyñ kenar ỳakasyndaky hem Ýewropa ỳurtlaryna çenli eksport edilỳär . Içeri söwda dolanşygynda bolsa, 3 million tonnadan agdyk harytlaryñ alyş- calyşlary welaỳatyñ özünde hem beỳleki welaỳatlaryñ arasynda ỳerine ỳetirilipdir.
Ýene-de bir tarapdan Bendertürkmen hem Bendergez port şäherleriniñ deñiz portlarynyñ iş dolandyryş gurbyny ỳola salmak, demirỳol enjamlaryny ösdürmek we Gürgen howa ỳollaryny hem ỳakyn wagtyñ içinde jogaokär ỳolbasçylarynyñ ol ỳere sapar etmegi bilen başlanjak mümkinçilikleri göz öñüne tutanymyzda, Gülüstan welaỳaty söwda alyş-çalyşlarda, haryt geçirmekde we senagat dolanşygynda ähliỳurt boỳunca göze görünip duran roly alyp baryp biljekdigine ynam bilen garaşylỳar . Biz şu aşakdaky görkezilen tablitsiỳa çyzuwynda kärleriñ hem bileleşikleriñ statistikasyny siziñ dykgatyñyza hödürleỳäris . ... Dowamy
--------------| Çykgytlar we Edebýat: