Thursday, January 21, 2010

f). Gürgen türkmenleriniň ykdysadyýetinde balyk awçylygy:

Turkmen yash balykchylarEýranda kenar ýaka türkmenleriniň çäkleri Hazar deňziniň gündogar- günorta gyralaryny öz içine alyp, ol deňiz ykdysadyýetinde iň ähmiýetli ülkeleriň biri bolup durýar. Bu ýerlerde deňizde balyk awlamak esasan türkmenleriň awçylary tarapyndan alynyp barylýar. Onuň çäkleri demirgazykda Garaşsyz Türkmenistanyň Esenguly etrabynyň serhetlerinden başlanyp, günorta jähede tarap tahmynan 70 kilometr Elburs daglyklarynyň ýakyn Eteklerine çenli Gürgen aýlagynyň daşy hem Aşyrada aýdagynyň üsti bilen günbatara tarap uzaklaşýar. »»»

Gürgen aýlagy örän ähmiýetli aýlaglarynyň biridir. Onuň iň giň ýeri, uly Aşyrada bilen Bendergez etrabynyň aralygynda, 17 km-den agdykrak giňligi bolup, günbatar uzaklygynda has insiz tarapy ýerleşýär. Gündogar tarapynda Bendertürkmen bilen Aşyradanyň aralygyndan 3-4 km\lik suwly bogaz-“Teňňe” Hazar bilen bu aýlagy birleşdirýär. Asyrlaryň dowamynda käbir halatlarda Aşyradanyň dört gyrasy suw bolupdyr. Ýöne Hazar deňziniň suwunyň kemelmegi zerarly onuň günbatar tarapy suwdan çykyp guraklyga öwrülipdir. Bu ada 80 km\lik uzaklykda we 10-15 km\lik ini bilen “Yarym ada” bolup galypdyr. Onuň üçin öňki döwürlerde atlandyrylşy ýaly, uly Aşyrada, Kiçi Aşyrada we orta Aşyrada diýlen atlar ýok, ýöne tutuşlygyna bir at bilen atlandyrylýar. Ýaňy ýatlap geçişimiz ýaly, öňki döwürlerde Aşyradanyň öňki döwürlerinde Sefewileriň zamanasyndan galan galanyň bardygy sebäpli, oňa parsça “mian gäl,e” diýlipdir. Emma soňky döwürlerde Rus patyşalygynyň goşuny şu ýerde harby bazasyny gurnapdyrlar. Oňa ruslar “Miiankale” diýip atlandyrypdyrlar, Henize çenli “Miýankale” diýilýär.
Balykçylyk nokatlary Esenguly etrabynyň serhediniň günorta gyrasynda ýerleşen Magtymguly adyndaky balykçylyk bazasyndan başlanypdyr. Garasuw we Aşyrada-da “Şilat” edarasynyň birinji gezek düýbi tutulýar.

Eýranda şaýi dini şerigaty tarapyndan käbir balyklary halal we käbirlerini haram diýip şerigatlandyrylypdyr. Mysal üçin, öňlerde gyzyl balyklary deňiz önümleriniň “haram” görnüşi hökmünde saýlapdyrlar. 1983-nji ýylda et önümleriň ýetmezçiligi sebäpli Eýranyň dini ýolbaşçysy aýatolla Homeýni tarapyndan gyzyl balyklary iýmek halal diýlip yglan edilýär.
* Uly garatorlarda awlanýan balyklar
Halal etli balyklar diýlip, ähli teňňeli we gemirçekli, işbilli balyklar, ýagny çapak, garabalyk, külme, kefal, akbalyk, sile, kepir, şabalyk, çontaly, çüýçapak, takgaz, ürgenç, ýaýyn (lakga balyk, maňňalça), täç ýaly balyklara aýdylypdyr.
Geçen ýyllarda “külme” balyk Gürgen aýlagynda örän köp mukdarda bolupdyr. Bu balyklaryň tohum taşlaýan möwsümünde olaryň deňizden aýlagyň içine tarap edýän hüjüminden ýana ýelkenli nawlaryň we gaýyklaryň gelim-gidimi kynlaşýar.Şaýlaryň şerigatynda doky, bekre, tasmahy, tirana, uzynburun, göwürç ýa-da şip ýaly gyzyl balyklary haram etli diýlip hasaba alynypdyr. Bu balyklaryň işbili 4 hili bolýar. Doky we bekräniň işbili birinji orunda dursa, tirananyň işbili ikinji, göwürjiň işbili üçünji orunda durýar.
Haçan-da balyklar Mart, Aprel aýlarynda tohum döküp başlanda, olary awlamaga döwlet tarapyndan balykçylara gadagan edilip, şol möwsümde balyk awlany tutup, suda çekip, agyr jerimeler hem salynýar. Balyk awçylyk möwsümi bolsa, bu ýerler-de Iýul aýynda başlanyp, soňky Mart aýynyň başyna çenli dowam edýär.
Külme balykBu ýerlerde balyk awçylygy köpçilikleýin amala aşyrylýar. Käbir wagtda olaryň sany azyndan dört adamdan ybarat bolýar. Köpi 20-30 adama çenli bolup, aw tor, ak tor (çapak, akbalyk), gara tor, sälik, süzgüç, gendele, ýeli, gadalga ýaly dürli esbaplary bilen ýerine ýetirilipdir.
Ownuk görnüşli balyklary, ýagny takgaz, çapak, çontaly awlamak üçin inçe sapakdan dokalan ak torlary ulanylýar. Ol torlar ýüpek we kapron ýaly gaty we inçe sapaklardan dokalýar. Olar ownuk gözenekli bolýarlar. Häzirki döwürde Gürgen türkmenleri Ýaponiýanyň we Türkiýäniň fabriklerinde dokalýan ak torlar bilen awa gidýärler. Şol ak torlar ownuk görnüşli balyklary awlamak üçin deňiziň 1-2 metr çuňlugynda guulýar.
Torlary birnäçe hepdäniň dowamynda deňizde goýup, öz belli bir wagtynda ýygnap, arassalaýarlar. Gyrlan ýerlerini bolsa, täzeden dokaýarlar. Emma iri balyklary awlamak üçin giň gözenekli tor taýýarlanýar. Olar 15-25 metr çuňlukda gurulýar.•Gyzyl balyklardan önýän işbiller şunyň ýaly gutylarda gaplanýar.Deňziň içinde torlara düşen balyklar örän güýç-kuwwatly bolýarlar. Ony tordan çykaryp almak üçin, balygyň kellesine ýörite taýýarlanan tokmak bilen urup, huşdan gitdirýärler. Irki döwürlerde örän çuň edilip ýasalan gaýyklarda kenardan uzaklanmaga mümkinçilik bolmandyr. Käwagtlar bolsa, deňizde gaý turup, suw joşup, ömürlik ýitip giden balykçylaryň sany az bolmandyr. Ýöne welin soňky wagtlarda tehnikanyň ösmegi bilen motorly ýörite gaýyklarda uzaklara gitmäge hem mümkinçilik döredi.
Balykçylar uly balyklary awlamak üçin deňziň çuň we uzak ýerlerine gitmäge mejburlygy üçin kaýygyň uly we orta görnüşlerini ýelken bilen ýöretmäge taýynlap, ýeliň ösjek jähedini hem wagtyna çenli hasap edipdirler. Şonuň üçin olaryň arasynda tejribeli başlygy, aksakgallylary bolupdyr. Ol howa hem ýol ýagdaýlaryna belet bolupdyr. Gazanan tejribesinden peýdalanypdyrlar. Ömürzaýa, Ülker, Ýedigen, Akmaýanyň ýoly, Daň ýyldyz, Üç ýyldyz, Zöhre ýyldyz, Demirgazyk ýaly astronomiki maglumatlar boýunça hereket edipdirler. Jylawaz, Deşdüne, Şemal ýeli, Aşak ýeli, Sörtük, Dag ýeli, Garahazan, Çagba, Tüweleý, Turna ýaly dürli pasyllarda gije hem gündizki ösýän ýelleri tapawutlandyryp, şolaryň ösýän jähetlerine garap gaýyklary bilen ýola düşýärler.Eýran türkmenleri bilen Garaşsyz Türkmenistan türkmenleriniň arasynda balykçylyk babatda ýakyn meňzeşlikler kän. Olaryň balyk awlaýyşlary we işbil taýýarlaýyşlary, dürli esbap-enjamlary ýasap, ýerine ýetirişleri bir çeşmeden gözbaş alýar.
Gürgeniň kenar ýakasyndaky ýaşaýan türkmenleriň balyk awçylygyny dolandyryşlary gaýraky Türkmenistanda bolşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelipdir. Irki döwürlerde balykçylyk edaralary köplenç, bir taýpanyň ýa-da bir tiräniň adamlaryndan ybarat boln bolsa, häzirki döwürde, ýagny soňky 40 ýylyň dowamynda bu düzgün kem-kemdan aýrylyp, ähli zähmetkeş türkmen adamlar hem bu edaralarda işläp bilipdirler.
Duzlanan çapak-balyklary guratmak üçin adatça öỳüň aỳnagyşyndan serilỳärEýranda 1930-1970-nji ýyla çenli dowam eden Pählewileriň hökümeti ýykylyp Türkmensährada türkmenler bir ýyldan gowurak resmileşdirilmedik awtonom hukugyny peýdalandylar. Şonuň esasynda ähli synplarda hökümetiň ekspluatatsiýa ulgamynyň gol baglaýjy hereketlerinden boşamak üçin azat edijilik ýörüşler ýüze çykdy. Şol wagtyň özünde türkmenleriň öz saýlan hakyky ýolbaşçylarynyň baştutanlygnda, ähli synplarda bolşy ýaly, balykçylaryň hem ýörite geňeşi “şura guramasy” döredilip, deňze eýe bolup oturan birnäçe monopolist baýlaryň elinden garamaaýak balykçylar azat edildi. Olaryň kümeleri, (ýagny kepbe ýaly salynýan balykçylyk jaýlar.) bolsa, şura guranasyna tabşyryldy. Soňra bolsa, olaryň ýörite synp guramasy boldy.”. “Şereket-e ta,avuni-ýe mahigiran-e torkmän”, ýagny türkmen balykçylaryň keopratiw jemgyýeti möwsümi boýunça zähmet çekip gelýärler.
Hazar deňziniň boýundaky balykçylyk hojalyklaryna gözegçilik edýän edara “Şilat edarasy” diýlipdir. Aşyradadaky şilatyň guramasynda buz ammar, ýagny balyk önümleri buzda saklanylýan jaý, işbil taýýarlaýjy jaý, balyk önümlerini saklanýan uly sklat (ammar) we onuň iki topar işçileri bolupdyr. Bir topary wagtlaýynça ýagny, “gaýry sabyt’ we ikinji toparlary başbitin işçilerden ybaratdyr. Häzirki döwürde Şilat guramasynyň edarasy diňe Eýranly işöwürler tarapyndan dolandyrylyp, bir ýylyň dowamynda Eýranda taýýarlanylýan işbil önümleriniň ýarysyndan gowuragyny taýýarlap bilýändigini degişli işgärler we ol ugurda çykýan gazýet-žurnallarda bellenilýär. Eýranda balyk awlamagyň iki hili kadasy bar:
a). Halal balyklar
b). Haram balyklar.
Soňky 15-20 ýyllykda Eýranda ykdysady dolanşyklaryň pese düşmegi sebäpli ýaşlaryň arasynda işsizlik jemgyýetiniň sany köpelip ugrady. Kenar ýakadaky türkmenler bolsa, köplenç balykçylyk käri bilen meşgullanmaly boldylar. Şonuň üçin bu türkmenleriň arasynda balykçy synpynyň sany köpelip ugrady. Olary döwlet gözzegçilik kontrollygyna geçirmekden köpdi.
1982-nji ýylda üç topar balykçylar ýüze çykdylar. Olaryň bir topary balykçylyk toplumy bolan kümelerde işläp, şereket-e ta,awuny (arkalaşyk firmasy) ady bilen işleýän balykçylar. Olar balyk awçylygy möwsüminde şilat edarasy tarapyndan hasaba alynyp berilýän ýörite rugsatnamasy bilen işleýärler. Bu toparyň dürli balyklary awlamaga mümkinçilikleri bar. Ikinji topara bolsa, diňe teňňeli balyklary awlamaga rugsat edilýär. Olar awlan awlaryny döwlettarapyndan kesgitlenen baha bilen şilat edarasyna tabşyrmak şerti esasynda işleýärler. Üçünji topar bolsa, beýleki iki toparlardan ýygnalýar. Olar döwlete tabşyrýan awlarynyň ujypsyz girdejisi bilen gün-güzeranlaryny dolandyryp bilmeýärler. Şonuň üçin alyp barýan açyk işi bilen bilelikde ýapyk görnüşde goşmaça aw etmäge mejbur boýarlar. Bu balyk awçylary özlerine ýörite taýýarlan ýüwrük kaýyk motorlary bilen awlan awlarynyň bir bölegini gaçgak catmaga mejbur bolýarlar.
Kiçi teňňeli balyklar, Garasuw we Gürgen derýalarynyň boýunda bolup, esasan, Hojanepes etrabynda wagtlaýynça käbir baýlara kärendesine berilýär. Olara balyk önümlerini bazara goýberip satmaga rugsat edilýär.
Balykçylaryň öndürýän önümlerini arzan bahadan alyp, ony daşary ýurtlara satyp, gyzyl puly gazanmak üçin döwlet tarapyndan Şilat edarasy 1961-nji ýylda 300 tonnalyk buz ammar enjamlaryny Aşyrada etrabynda gurnadylar. Şol ýerde balyk önümleri 24 gradus sowuklykda saklanýar. Bu ýerde türkmenleriň ähli çykarýan önümlerini sowuk saklaýjy enjamly ulaglar bilen Bender Enzeli portyna daşaýarlar.
Umuman Türkmensährada kenarýakadaky ilatyň söwda ykdysadyýeti barada aýdylanda, olaryň ykdysady ýerligine bagly bolup durýar. Bu hakda dürli alymlar gyzyklanypdyrlar. “Hazar deňziniň kenar ýakalarynda ýaşaýan türkmenler gadymdan bäri balyk awçylygy bilen meşgullanypdyrlar. Esenguly aýlagynyň ýerli şertleri, Etrek, Gürgen we Garasuw derýalary hem Gürgen aýlagy bu ýerlerde deňiz baýlygyny peýdalanmaga amatly şertler döredipdir.”. [1] 103
“Güz aýlary bilen ýaz aýlary balyk awçylygynyň iň mynasyp pasyllary hasaplanýar. Ýaz aýlarynda dürli işbilli balyklary awlansa, güz aýary bolsa, olardan başgada sile balyk, külme balyk we ş.m. beýleki balyklar hem awlanýar.” [2] 104. “Şol döwürlerde hem balykçylar bilelikdäki awçylyk toparlarda ýygnanşyp awa gidipdirler. Awdan gelen mahallary awlanan balyklary öz aralarynda bölüşipdirler.” [3] 105
“Olar ýylda köp mukdarda tonnalap balyk awlamagy başarypdyrlar. Çünki müňlerçe put balyk Eýrana we Rusýa satypdyrlar. Türkmen balykçylary 1843-njy ýyla çenli aşakdaky hasabatda görkezilşi ýaly Astrahandaky ruslara balyk önümlerini satypdyrlar.[4] 106
Türkmensährada häzirki zaman balykçylyk meselesi has ýokary ähmiýete eýe bolansoň öz içinde çykýan welaýat gazýetleri hem merkezi gazýet žurnallaryň ünsüni özüne çekipdir. Olar bu ugurda gyzyklanypdyrlar. Eýranyň balykçylyk “Şilat” guramasynyň baş orunbasary Mähendes Säidi “Gülistan-e Iran” atly gazýeti bilen geçiren gepleşiginde täze gürrüňleri agzap geçipdir:
Sorag: -Şilat guramasy işgärleriniň pensiýasy (iş guýjini ýitiren ýaşy), strohowaniýa (saglyk zamanatnamasy) hem ýarawsyzltkdan işden galmagy ugurda näme çäreleri görýär?
Jowap: -Balykçylaryň işiniň agyr hem zyýanly we tiz garradyjy bolany sebäpli olaryň pensiýa ýaşy 50 ýaş diýilýär. Bu meseläniň zyýanly taraplary açyklajak organ “Iş Ministrligi” bolup durýar. Pensiýa meselesi barada aýdylanda kanun boýunça 30 ýyl iş döwür ýa-da beýleki jemgyýetçilik üpjünçiligi tertibini göz öňünde tutup awçylar işleriniň agyrdygy sebäpli pensiýa ýaşyna çalt çykmagy talap edýärler. Elbetde birinji nobatda bu işiň agyr hem zyýanlydygy subut bolup soň pensiýa çykmaly. Bu ugurda başlangyç işler Iş Ministrligi we Welaýat Komissiýalary tarapyndan alnyp barylýar.
S.: – Eýsem-de Şilat edarasy balykçylaryň işsizlik möwsümi hakda olaryň işsizlik strahowaniýasy ugrunda näme ýerine ýetirdiler?
J.: – Şilat edarasy bu ugurda käbir işleri ýerine ýetirdiler. Balykçylaryň köpüsiniň ikinji işi daýhançylyk we Gülüstan welaýatynda-da biz şeýle bir ýagdaýyň şaýady bolup durys. Şonuň üçin gaýtadan işleýiş senagaty hem öndüriji senagatlary köpeltmeli. Ýöne işsizlik strohawaniýasy barada aýdanymyzda, Şilat guramasynyň gözöňünde tutan kanuny we iş şertlerini derňämizde bu strohowaniýadan peýdalanmak mümkin däl, “Perre” (Belli bir möwsümde göçüp-gezýän balyklary ýörite awlaýan balykçylaryň guramasy) görnüşdäki kooperatiw guramalaryň balykçylary işsizlik möwsüminde, beýleki suw howdanlaryndaky we gölçelerdäki migo öndüriş we ş.m işler bilen meşgullanyp bilerler.
Gürgen derýasynyň denze guýan boýunda döredilen balykçylyk nokady
Bu gepleşikde Aşyrada meselesi barada hem gürrüň açylypdyr. Ýagny Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmensährasynda Mazenderan welaýaty bölünenden soň Türkmensähra düşýän paýy Gülistan welaýaty bolupdyr. Şol karar boýunça Hazar deňziniň içki uzak gyralaryna çenli Gülüstan welaýatyna degişli bolup durýar. Ýöne Hazar deňziniň gündogar-günorta çüňkündäki Gürgen aýlagy aýratynlaşdyrýan Miýankale (Aşyrada) adasyny haýsy welaýata degişli bolmalydygy hakda iki welaýatyň arasynda käbir ýagdaýlar ýüze çykdy. Bu ada mundan öň hemişe Bendertürkmen şäheristanyna degişli bolup duran adanyň öz belli taryhy wakalary hem bar. Onuň taryhy hem jemgyýetçilik wakalaryndan öteri ykdysadyet we deňiz baýlyklary has ähmiýetli bolup durýar. “Bu ada 1870-1917-nji ýyllara çenli patyşa Russiýanyň ekspansiýa bazasy bolup durýardy”. Oktýabr rewolýusiýasyndan soň ony gaýtaryp Eýrana berdiler. Şondan beýläk ol Mazenderan welaýatynyň Bendertürkmen şäheristanynyň edara tabynlygynda durupdy. Onuň deňiz hem strategik ähmiýeti has ýokary hem ykdysady babatdan baýlyklarynyň bardygy sebäpli iki welaýatyň häkimleri Aşyradany özlerine tabyn etmek üçin alada galdylar.* Tora düşen balyklaryň göwrümiŞol ugurda Eýran Yslam Respublikasynyň Şilat guramasynyň baş orunbasary Mähändes Säidi öz pikirini ýatlanan gazýet gepleşiginde şeýle beýan edýär:
“ - Miýankale adasynyň meselesini dartgynly mesele diýip hasaba almak belkide nädogrydyr. Emma käbir şertleriň talabyna görä, bu mesele barada gyzyklanmalar döredi. Ýakyn geljekde meseläniň çözgüdini tapmak üçin Ýurt Ministrligi kärşinaslyk işlerini alyp barýar. Elbetde häzirki şertleriň talabyna görä, Miýankale adasyny geçmişdäki ýagdaýda ýagny Gülüstan welaýatyna degişli edip goýmak kadasy Ýurt Ministrliginiň täze çykarjak kanunlaryna çenli dowam edýär. Bu ugurda Şilat guramasy öz kärşinaslyk pikirlerini Ýurt Ministrligine yglan etdi. [5] 107
Türkmenler irki döwürlerde çeňgek, gaňyrak ýaly gurallary ulanypdyrlar. Ony hem özleri ýasapdyrlar, hem-de daşar ýurtdan getiripdirler.
Gülüstan welaýatynyň dürli baýlyklaryndan biri deňiz baýlygy hem deňizçilik kärlerini gözöňünde tutsak onuň kenar ýakasyndaky ýaşaýan türkmenler esasan Japarbaýlar irki döwürlerden bäri balykçylyk, awçylyk hem beýleki deňiz söwda gatnaşyklary bilen meşgullanyp gaýdypdyrlar.Häzirki üstümizdäki 1998- nji ýylyň 9 aýynyň dowamynda 40 million Amerikan dollary möçberinde daşary ýurtlara gyzyl balygyň işbil önümlerini eksport edilipdir. Eýran Yslam Respublikasynyň nebit eksportyndan başga, Hazar deňzinden önýän işbil girdeýjisi esasy orun tutýar. Bütin Eýran boýunça 50-göteriminden agdyk işbil önümleri Hazar deňziniň Gündogar-günorta kenar ýakalaryndan ýagny Bendertürkmen hem Kümüşdepe şäherleriniň balykçylyk korparasiýalaryndan önýär. Häzirki zamanda balyk awlary hem olary täzeden öndüriş möçberi bir ýylyň dowamynda 400 müň tonna bolup durýar. Döwlet tarapyndan gözöňünde tutulýan plan boýunça ony bir million tonna ýokarlandyrmagy maksat edinýärler.
Balyklary täzeden öndüriş deňizçe howdanyny gurulmak proýektiniň dowamynda Kümüşdepe şäheriniň düzlüginde näçe müň gekdar ekiş meýdanlary meýgo hem beýleki deňiz önümleri öndürilmäge gözöňünde tutulýar. Ekiş hojalyk işöwürleri munuň sebäbini, “Bu ýeriň ekiş meýdanlary maksada laýyk möçberde önümleri öndürip bilmeýändigini nygtaýar. Ikinji bir tarapdan deňziň suw şorlygy, gyzyl balyk hem meýgo önümleri öndürmäge ukyplydygy üçin ýerligi iň mynasyp orun tapýar.” [6] 108
 *********************************************************
•Awandalar iş üstundeAwandalar iş üstunde
Bu maksatnamany amala aşyrylandan soň bir ýylda 8 müň tonna meýgo we 10 müň tonna gyzyl balyk önümleri öndürip boljakdygy gözöňünde tutulýar. Ikinji bir tarapdan hem Türkmensährada ýaşlaryň arasynda işsizlik meselesini hem azaltmaga ýardam eder. Bu san geljekde näçe esse köpeljekdigi aýdylýar.
Umuman aýdylanda Türkmensährada Hazar deňziniň kenar ýakalaryndan öndürilýän işbil önüminiň göwrümi boýunça dünýäde dördünji hatarda orun tutýar. Dünýädäki işbilli balyklary öndüriş göwrümi boýunça 87-98 göterimi Hazar deňzinde ýerine ýetirilýär. “Şilat” atly balykçylyk döwlet edarasynyň uly ylmy işgäri inžener Ägylynejadyň aýtmagyna görä, “Bu balyk önümleriň 46 göterimi Gülüstan welaýatynyň Hazar deňziniň kenar ýakalarynda öndürilýär. Hazar deňziniň Türkmensähradaky kenar ýakasynyň uzaklygy 100 kilometrden agdyk bolup durýar. Häzirki döwürde “perre” (ýagny deňizde belli möwsümlerde göçüp gezýän balyklary awlanylýan usul.) görnüşde 20 sany balykçylyk kooperatiw bileleşik hem bir sany balykçylaryň “perre” görnüşde korparasiýasy ol ýerde ýerleşýär. Olarda ýerleşen balykçylaryň sany bolsa 2000 adamdan köp iş alyp barýarlar.
Türkmensährada merkezleşen “Türkmen awçylygy”, “Hojanepes awçylygy”, “Aşyrada awçylygy”, “Miýankale awçylygy”, we “Täze abat awçylygy” ýaly balykçylyk nokatlary hem işbilli balyklary köpeldiş we täzeden öndüriş merkezleri bütin Eýran boýunça birinji we bütin dünýä boýunça dördünji işbil öndüriş merkezi hasaplanýar.”[ ] 109. Bu balykçylyk nokatlary Gürgen derýasynyň süjý suwynyň deňiz gyralarynda galdyrýan täsirli meýdanlarynda ýerleşendir. Ol ýerlerde gürgen derýasynyň özi bilen getirýän balyk iýmitleriniň köpligi, ikinji bir tarapdan-da deňiziň gündogar- günorta gyralarynyň suwynyň syklygy hem gök çolom deňiz otlarynyň bollygy sebäpli dürli möwsümlerde balyklaryň çozmagy bilen häsiýetlenýär. Şeýle hem Kümüşdepe kölçelerinde (talab) we Gürgen aýlawlarynda-da şunuň ýaly şertler bar.
Türkmensähranyň kenar ýakalaryndaky söwda goýberilýän işbilli gyzyl balyklary pil balyk, garaburun, çarwaş, göwrüç uzynburun, şip, doky, bekre, ýaly balyklar awlanýar. Şolaryň arasynda Hazar deňzinde ýaşaýan iň ulysy pil balygyň 85 göterimi şol awçylaryň tarapyndan awlanýar.
“Hämşähri gazýetiniň habar bermegine görä, olary ýaňy ýakynda balykçylaryň girdeýjisini artdyrmak üçin, transport ýagdaýlaryny ýokarlandyrmak olary hil we göwrüm boýunça köpeltmek we täze bazar ykdysadyetinden giňişleýin bähbit-bähre tapmak üçin birinji gezek balyk
•Türkmen balykçylarynyň garator çekip duran pursatlary
•Türkmen balykçylarynyň garator çekip duran pursatlary

awlamagyň täze görnüş metodlarynyň öwreniş merkezi ýola goýuljakdygyny nygtaýar. Bu merkezdöwletiň balyk edarasy Şilat senagatynyň tarapyndan Bendertürkmen şäheriniň Aşyrada adasynda ýöriteleşdirilýär. Bu öwreniş merkez 120 kwadrat gurluşyk fundamenti bilen 700 metr meýdany bolup durýar. Birinji aw möwsümi başlananda 120 tapgyr öwreniş sapaklry bilen uniwersitetleriň alymlarynyň tarapyndan üpjün bolup ýöredilip başlanar.” [7] 109
Ýokarda ýatlanan suw howdanynyň proýekti Kümüşdepe düzlüginde ýerine ýetirmek üçin Mazenderanyň Ramsär şäherinde geçirilen bilelikdäki konwansionda oňa degişli halkara organlary tarapyndan 20 müň frang Fransuz puly Eýranyň erkinde goýuldy. Bu proýekti ýerine ýetirilmeginiň maksatlarynyň biri dünýäde halkara suw howdanlarynyň arasynda Kümüşdepe Suw Howdany 19-njy suw howdany hökmünde dünýä tanatmakdadyr. [8] 111

Gürgen derýasynyň dünýä boýunça iň uly deňizçe diýilip hasaplanýan “Hazar” deňze guýýan agyzyň bir kilometrlik Gündogar kenar ýakasynda 2580-sany ilaty bilen 386 sany içeri maşgalaly Kümüşdepe şäherine tabynlykda Çarkly obasy ýerleşýär. Bu obanyň durmuş güzerany köplenç dokma senagaty (haly-halyça), daýhançylyk, maldarçylyk we esasan balykçylyk bilen üpjün bolýar. Bu şäheriň ekeran meýdanlarynyň suw şorlygy köp bolany üçin daýhançylyk bilen hemmeler meşgullanyp bilmeýärler. Şeýle hem daýhançylyk pes derejede bolsa-da maldarçylyk hem ösüp duranok. Şu sebäpler boýunça ilatyň esli bölegi öz durmuş güzeranyny aýlamak üçin köplenç balykçylyga meýillenýärler. Ýöne welin deňze gidip balyk awlamak hem gaty bir aňsat iş däl. Obanyň gujyrly ýaşlary öz gün-güzeranlaryny aýlamak üçin bu aram ýatan deňiz bilen ölüm ýitgisine çenli göreş alyp barýarlar. Deňizde gaý turup, suw joşyp esli ýaş balykçylaryň ýitip gidip, içeri maşgalasyny eýesiz goýýanlar az bolmandyr.
Türkmensährada çykýan “Mahname-ýe Sähra” gazýetiniň şol ýaş balykçylarynyň biri bilen geçiren gepleşiginde şeýle maglumatlar bar:
“ Sorag: - Her zatdan öňürti özüňüzi bir tanadyň?
Jowap: – Meniň adym Ýusup Kör, gözel hem sapaly Çarkly obasynda ýaşaýaryn. Meniň 23 ýaşym bar. Zähmetsöýer hem awadan ilatyň içinde ýaşaýandygyma guwanýaryn.
S.: – Näme kär edýärasiňiz?
J.: – Bu obanyň köpüsi ýaly balykçylyk bilen meşgullanýaryn.
S.: – Işiňizden yrzamysyňyz?
J.: - edil şu wagt ýok.
S.: – Näme üçin
J.: – Birinjiden haýsy balykçy bu deňizde aw üçin işe girişjek bolanda, öz ähli baryny-ýogyny hem ýaşaýşyny bu işde girew goýmaly. Şonuň üçin esli pul çykdaýjysyny etmeli. Ikinji bir tarapdan gyş aýlarynda oba bilen deňziň arasyny batgaly ýeriň üstünden piýadalap aşmak aňsat eýgerdenok. Üçünjiden hem teniňi kesip duran sowuk bir tarapdan deňziň gyrawly suwy ikinji bir tarapdan janyňy çykara getirýär. Şu ugurda bir nakyl aýdypdyrlar: “Her kişiň işi däl harmany döwmek, köp gören är gerek ner maýa öküz!” şonuň üçin deňizçilik hem her kimiň işi däl. Adamy tiz garratýar, ýarawsyz edýär.
S.: – Ýusup aga! Bir ýaş balykçy hökmünde welaýatyň degişli başlyklaryndan näme talap edýärsiňiz?
J.: – Ýaşlar hakda pikir etmekligini welaýatyň degişli başlyklaryndan isleýärin. Ýagny ýaşlar esasan näme isleýärler? Meniň özüm köp ýaşlarymyzyň köp sanly işsizlikden azap çekýändiklerini ýakyndan görýärin. Bileleşik Awçylyk Airmasyny (kooperatiw) açyp hem ýaşlary işe meşgul etmeli, hem-de şonuň bilen birlikde ýurdyň ykdysadyýetine ýardam bermeli”. [9] 117  

Garatorda süzgüçleri bilen süzülip alynýan kfal balyklar.  Olara “Çontaly”  ýa-da “Garabalyk” hem diýilýär
Garatorda süzgüçleri bilen süzülip alynýan kfal balyklar.


Olara “Çontaly” ýa-da “Garabalyk” hem diýilýär
Häzirki wagtda Türkmensährada Hazar deňziniň kenarýakasyndaky ýaşaýan türkmenleriň balykçylyk brigadalary şu aşakdakylardan ybarat :
1. Mollaneoes adyndaky awçy toparlar,
2. Bendertürkmen = = =,
3. Çarkly = = =,
4. Hojanepes (Çarküme) = = =,
5. Süjiwal adyndaky awçy toparlar,
6. Kemine adyndaky Bendertürkmene degişli topae,
7. Türkmen adyndaky Çapakly obasyna degişli topare,
8. Seýidgah-e Täzeabat toparlary,
9. Aşyradada ýerleşýän Hojanepes toparlary,
10. Emir Hanza adyndaky bendertürkmen şäherine degişli topar,
11. Sallah adyndaky awçy toparlar,
12. Garasuw = = =,
13. Tumaçlar = = =,
14. Nyýazabat = = =,
15. Abuhanypa = = = .” [10] 118 ... DOWAMY ...
************************************************************
Şu tema degişli käbir suratlary şu addressde group bilersiňiz:
* Türkmen balykçylary awlan awlaryny Şilat edarasyna tabşyrýarlar.
* Türkmen balykçylary awlan awlaryny Şilat edarasyna tabşyrýarlar.
=========================================

• Iş üstünliginden sehoş awandalar Iş üstünliginden serhoş awandalar
*******
Hazar deňzinde awlanýan balyklar
 
Işbilli balyklaryň gymmatly iç-goşlary
==============
--------------- Çykgytlar we Edebýat:

1 comment:

phdoctrate said...

103.[ ]. Äsgäri-hangah Ä., Şärifkämali d. M., “ Iraniỳan-e torkmän”, / görk.iş./, säf. 74
104.[ ]. Annanepesow M., “ Хоз. ист. Турк.”, / görk.iş./, 217 ctp.
105.[ ]. Şol ỳerde.
106.[ ]. Aннанепесов М., / görk.iş. /, ỳene-de [ - Русско – Туркменского отношенния , в XIX – XVIII вв. ( До происведения к Россия) , Сборник архивных документов , АНТ ССР , Ашхабад – 1936 г., 256 -301 стр.
107.[ ]. Mahname-ỳe “ Golestan-e Iran ”, şomare-ỳe sefr 9 , doşänbe 17 hordad, Gorgan – 1278 ş., säf. 4
ه ۱۰٧. ما هنا مه " گلـسـتا ن ا یـرا ن"، شـما ره صـفـر ۹، دوشـنـبه ۱۷ خـرد ا د، گـــر گــا ن – ۱۳۷۸ ش.، ص. ۴
108.[ ]. Mahname-ỳe “ Peỳk-e Häzär ”, sal-e çeharom, şomare-ỳe 139 , Tehran – 1378 ş., säf. 4
ه ۱۰۸. ما هـنـا مه " پـیک خــزر"، سـا ل چـها رم، شمـا ره ۱۳۹، تــهــرا ن – ۱۳۷۸ ش.، ص. ۴
109.[ ]. Näşriỳe-ỳe “ IL GÜN”, sal-e sevvom, şomare-ỳe 9, färvärdin-e 1377ş. - Orupa, säfhat-e 54 – 55
ه ۱۰۹. نـشـریّـه " ا یـل گــو ن"، سـا ل سـوّم، شما ره ۹، فرورد ین ۱۳۷۷ ش.، اروپـا، ص. ص. ۵۴ – ۵۵
110.[ ]. Häftenameh-ỳe “ Hämşähri”, sal-e häftom, şomareỳe 17-35, viže-ỳe Tehran- žanviỳe 1999 m.
ه ۱۱۰. هـفـته نا مه " هـمـشــری"، سا ل هـفـتم، شـما ره ۱۷-۳۵، ویژه تــهــرا ن – ژا نویّـه ۱۹۹۹/ م.
111.[ ]. Mahname-ỳe “ Peỳk-e Häzär”, sal-e çeharom, şomare-ỳe 139, Tehran – 1378 ş./ görk. Iş./, säf.4
117.[ ]. Mahname-ỳe “ Sähra”, şomareha-ỳe 13 /14, esfänd vä färvärdin, Tehran – 1999 m., säf. 7
ه ۱۱۷. ما هنا مه " صـحـرا"، شما ره های ۱۳/ ۱۴، ا سـفـنـد و فروردین، تــهــرا ن – سا ل ۱۹۹۹/ م.، ص. ۷
118.[ ]. Bendertürkmen şäheriniñ Hojanepes etrabynyñ ỳaşaỳjysy Kaỳum Ýawşannežatdan ỳazylyp alyndy.