Wednesday, June 15, 2011

II bap: Türkmenistan-Eýran döwletara gatnaşyklarynyň Türkmensähra ülkesine eden täsiri

Sungatçylar
Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri, goňşy döwletler bilen täze gatnaşyklara gadam basýar. Türkmenler “Öý alma-da, goňşy al!” diýlen atalar nakyla eýerdiler. Türkmenistan öz daşarky syýasatyny şunyň ýaly bähbitli şygarlar bilen ýola goýup başlaýar. Şol hatarda sosiýal-ykdysady, medeni gatnaşyklary ýola goýulup başlanylýar. Ilkinji ýyllarda türkmenler, Eýran tarapyndan ykdysady kömekleri hökmünde Türkmenistana un kömegini  berendikleri üçin, ýagşylygy ýatdan çykarylmajakdygyny belleýärler. ...

    “Kyýamat güni goňşudan!” diýilýän sözler hem şunyň ýaly ýagdaýda halkyň dilinde ýaňlanýar. Türkmenistan hem Eýranda ýaşaýan 2 mln-dan gowurak türkmenlere hem öz atalyk täsirini ýetirmäge taýyn bolundy. Türkmenler iki taraplaýyn öz hossarlaryny görüp didarlaşmagynyň özi bir gudrat. Şol ugurda köpçülik habar beriş serişdeleri hem Eýrandaky türkmenlere ene dilini, däp-dessurlaryny we medeniýetini milli äheňde ýitileşdirmäge getirýär. Eýranyň Prezidenti Seýit Muhammet Hatemi öz wezipesini hem türkmenleriň meselesinden başlaýar diýsek ýalňyşmarys. Ol Türkmensähranyň iki welaýata (Mazenderan we Horasan) öň gulluk eden bolsa-da, olara aýratyn “Gülüstan welaýaty” alyp beripdir. Esasy şäheri Gürgen hasaplanýar. Türkmenleriň öz obalarynda we şäherlerinde onuň adminstratiw işlerinde hem zähmet çekýärler. Olarda özleriniň hususy kärhanalar, kooperatiwler hem firmalary hereket edýärler. Medeni ugurlardada, olar öz milli medeniýetini we taryh-edebiýatlaryny çap edip köpçülige ýetirmek üçin metbugatyny we çaphanasyny ýola goýmagy başlaýarlar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Kümmetkowus habarçylarynyň göýberen habarlary boýunça, bu günler Türkmenistandan gelýän ownuk satyjylaryň sany-sajagy günsaýyn artýar. Şäheriň köçeleri hem Türkmensähranyň gündelik bazarlayny öz erkine alypdyrlar. Soňky günlerde Inçeburun-Güdürolum geçelge gümrükhanasyndan geçýän ýolagçylaryň sany bur güniň dowamynda 150 adamdan 200 adama çenli bolan bolsa, häzir 50 güniň içinde 500 sany ýolagça artmagy tebigy ösüşden ötri, muňa bir uly böküş diýip hasap etmeli bolýar.
Bu topar ýolagçylaryň özleri bilen Eýrana getirip Kümmetkowus şäherinde bazara göýberýän harytlaryny takyklasak, dürli matalar,  gap-gaçlar, egin-eşikler, ululy-kiçili elektronika anjamlar hem belli-belli markadaky enjamlary we telewizorlary... aýiytmak bolar. Bu getirilýän harytlaryň köpüsi Eýranyň özünde çykyp daşary ýurtlara eksport bolýan harytlardyr. Esasan hem telewizorlat hakda aýdanymyzda, Inçeburun günrükhanasyndan geçirilýän telewizorlar köplenç Tährana ugradylýar. Eger olaryň sany günsaýyn köpelse Eýranyň içki bazaryna öz täsirini ýetirjekdigi ikiuçsyzdyr.” – diýip, “Asiýaýe Miýane” gazýeti habar berýär.[1]
Elberde Eýranyň Orta Aziýa bilen aragatnaşygynyň esasy strategiýasy ykdysady aragatnaşyklaryň giňişligi esasynda berkarar edilýär. Şu wagta çenli bu ugurda aladalar hem şeýle çarçuwadan gözbaş alýar. Ýöne beýle syýasaty göz öňüne tutup onuň geljekdäki ýetirjek käbir täsirlerini ýurduň uly söwda we senagat syýasatynyň nukdaýnazaryny täzeden oýlandyrmalydyr.[2]
Inçeburun gümrükhanasynyň başlygy Seýitjelal Mirgurbanyň aýtmagyna görä, Mart aýyndan başlap bu geçelge gümrükhanadan geçýän çemodanly ýolagçylaryň sany üç esse artdy. Türkmenistanyň ilaty saýylýan bu ýolagçylar mysapyr hökmünde çemodanly söwdalara gatnaşýarlar. Olary “Çemodanly söwdegärler” – sanawa alýarlar. Gümrükhananyň ýolagçylar bölüminde bu ýolagçylaryň köplük sany gümrükhananyň barlag işini has kynlaşdyryp gijäniň ýaryna çenli dowam edýär. Eger gündelik ýolagçylary, şol güniň dowamynda gümrükhanadan göýbermeseň kynçylyk dörejekdigini nygtaýar. Şonuň üçin oňa degişli işgärleriň sanyny köpeltmegi göz öňüne tutulýar. Bu ugurda ýene-de 17 sany işgäriň gerekdigini belleýär.[3]
Bu gümrükhanadan geçýän ýolagçylaryň köplügi sebäpli Türkmenistanyň gümrükhana başlyklary bilen, ýolagçylary kabul ediş gurbuny gurplaşdyrmagy göz öňüne tutup göýbermekligi hakynda gepleşik geçirilmegiň zerurlygyny aýdýar.
Häzirki göz öňüne tutulýan kanun esasynda bir eýranly ýolagçynyň 500 dollarlyk we aýry ýurtly graždanlaryň 1000 dollara barabar açyk harytlary geçirmäge rugsat edilýär.
Ýörite Orta Aziýa ýurtlary üçin göýberilýän halkara bazar gatnaşygy baradaky Eýranda çykýan “Asiýaýe Miýane” atly gazýetiň EYR-na barýan Garaşsyz Türkmenistanly ýolagçylar bilen Kümmetkowus şäherindäki geçirilen gepleşiklerine ünsüňizi çekýäris.
“Türkmenistanly ýolagçy mysapyrlar, Eýran ýurduny ögünip ony howpsuz hem-de gowy ýurt, ilaty bolsa, mähriban hem myhmansöýer!” -diýip nygtaýarlar.
Bu günler beýle ýolagçylaryň sany Kümmetkowus şäherinde has köpelipdir. Olaryň köpüsi kiçi söwdagärlerden ybarat bolýarlar. Olar hem öz dogan-garyndaşlary bilen didarlaşýarlar hem-de çäklije alyş-satyş söwdalary bilen meşgullanýarlar.
Bu ugurda özüne çekýän meseleleriň biri bu gelýän Türkmenistanly ýolagçylaryň söwda-satyk üçin meşgullanýanlaryň köpüsiniň  3-4 topardaky zenanlardan ybarat bolýandygy göze görünýärdi.
Bu ýolagçylaryň biri Inçeburun gümrükhanasynda Yslam Respublikasynyň habarpressiniň habarçysyna şeýle diýýär: “Eýranyň ýollarynyň howpsuzlygy derejesi has ýokary, şonuň üçin gijelerde hem haýal etmäni hiç hili gorkusyz ýol aşybermeli”.
Şolaryň arasynda Mübärek Muhammedowa şeýle diýýär: “Eýranlylar eli dogry adamlar, şu wagta çenli ýanymyzdaky zatlara hiç kimiň eli degenok, bu ýerde ogurlyk bolonok. Biz Eýranyň her ýerinde-de bolsak, pikirimiz rahat. Esbaplarymyz bir näçe sagat her ýerde goýsak-da, onuň ogurlanjak aladasyny edemizok.”.
Bu maşgala 4 gezek Eýrana sapar edipdir. Eýranlylaryň myhmanparazlygyny nygtap şeýle diýýär: “Eýranda käwagt myhman ýerimize gowuşyp bilmän tanamaýan kişimiziň öýüne düşen halatlarymyzam bolýar. Olar bizi açyk gujak bilen mähirli garşy alýarlar.”.
Beýleki bir Türkmenistanly ýolagçy eýranlylaryň zähmetsöýer, aladaly hem işeňňir adamdygy barada gürrüň berýär.
Şolaryň arasynda Nurnabat Gulmyradowa şeýle diýýär: “Eýran ilatynyň alýan girdejisiniň hemmesi özleriniňki. Şonuň üçin olar köpräk gazanmak üçin işe ykjam hereket edýärler. Bu zatlar biziň ýurdumyza täzeden hususy eýeçilige geçilip başlandy. Entek biz üçin täze bir zat bolup dur.”.
Türkmenistanly Gurbanguly taganow hem Eýran hakda şeýle diýýär: “Eýranyň ekerançylygy meniň ünsümi özüne çekdi. Şu ýurt bize hem täsir edip ekerançylyk tejribeleriňizi peýdalanyp öz ýurdumyz Garaşsyz Türkmenistanda degerli daýhançylyk etmäge umyt edýäris. Öňki wagtlarda ýer-ekerançylygy döwlet eýeçiligindedi. Ýöne häzirki zaman döwlet her kime daýhançylyk etjek bolsa, oňa ýer eýeçiligini berip dur...” [4]
1999-njy ýylyň Maý aýyndaky çykan “Peýke Hazar” atly gazýetiniň habar bermegine görä, “Türkmensähranyň Gülüstan welaýatynyň merkezi Gürgen şäheriniň airoporty geljek alty aýyň içinde doly peýdalanmaga göýberiljek”. Gülüstan welaýatynyň häkimi injiner Darazgisuw Türkmenistan Respublikasyna eden saparynyň netijeleri hem Gürgen airoportyny ýola oklamak hakda gazýet habarçylaryň gepleşiginde şeýle diýdi:
“Ýol we Transport Ministrliginiň Gürgen şäheriniň Uçar gonalgasyndan ýaňy ýakynda eden barlagynda, gonalganyň uçar meýdanlarynyň taýardygy hem-de, proraflar bilen geçirilen gürrüňlerde onuň gümrükhana enjamlarynyň gurluşyklary bütin sagat işläp durmagy bilen, alty aýyň dowamynda işiň gutarnykly tamamlanjakdygyny nygtadym.” Gürgeniň häkimi üstümizdäki ýylyň welaýat boýunça bar budžeti 72 milliard rýal diýip yglan etdi. Şeýle hem ol Ramiýan, Azat şäher, Kelala, Akgala we Marawdepe ýaly käbir etrap-şäherleriň möçberi şäheristan ölçegine girizilmegi barada şeýle diýdi:[5]
“Bu meseläniň öwreniş we kärşynaslyk taslamalary taýynlandy. Bu ugurda hiç hili kynçylyk ýok. Elbetde şäheristan bolmaklygyň bir şerti onuň ilatynyň sany 125 müň adamdan artmagydyr.”[6]
Türkmenbaşy şäheriniň nebiti gaýtadan işleýiş we arassalaýyş kärhana zawodyny täzeden üýtgedip gurmak işleriniň alnyp baryş depgininiň dowamynda EYR-sy bilen, Garaşsyz Türkmenistan Respublikasynyň arasyndaky geçirilen şertnama esasynda Eýranyň injinerleri benzin ýangyjynyň önüm blokanyň gurluşygyny 1999-njy ýylyň Maý aýynda işläp başladylar.
Bu gurluşygyň baş injineri Seýitmahmut Ymamzade Yslam Respublikasynyň habar serişdesiniň habarçysyna beren gepleşiginde bu şertnama boýunça proýektiň umumy bahasy 50 million amerikan dollary we 27 aýyň dowamyndaky möhletde iş gutarnykly ýerine ýetirilmeli.
Bu blogyň lisenziýesini iňlis firmasynyň birinden satyn alyndy. Onuň proýektini doly çyzyp ýerine ýetiriş hyzmat işleri Eýranyň nebit gurluşyk hem milli injinerlik firmasy hem içeri maslahatçy injinerleriň kärdeşligi bilen alnyp barylýar.
Şu wagta çenli türkmen jogapkär işgärleri, proýektiň hem işiň ýerine ýetiriliş we Eýranly işgärleri hem firmasynyň iş alyp gidişi hakda göwnejaý diýip nygtalýar.[7]
Şeýle hem Eýran-Türkmenistan gaz geçiriji proýektiniň işleýiş gurby barada şeýle diýýär: “Bu turba marşrutynyň häzirki wagtda günde 10 million kubametre barabar bolup turba marşrutynyň ýokary geçiriji gurby bolup durýar.”[8]
Gülüstan welaýaty bilen Türkmenistanyň arasyndaky hojalyk kärdeşlikleriniň günsaýyn ösüşiniň dowamynda belli-belli meýdanlarda iş mümkinçilikleri agtarylyp bilelikde işlemäge şert döredilýär. Şonuň üçin Gülüstan welaýaty bilen Türkmenistan Respublikasy suw hem ekerançylyk işlerde bilelikde kärdeşlik edýärler. Şeýle kärdeşlikleriň esasynda Gülüstan welaýaty bilen Garaşsyz Türkmenistanyň arasynda bilelikdäki proýekt boýunça ekerançylyk önümelrini Türkmenistanyň Balkan welaýatynda işe göýbermek taslamasy ýerine ýetirilýär.
Bu ylalaşyk Gülüstan welaýatynyň häkimi injiner Seýidibrahym Derazgisuw we Türkmenistan Respublikasynyň Suw we Hojalyk Ministri bilen Aşgabat şäheristanynda ýerine ýetirildi.
Gülüstan welaýatynyň häkimi darazgisuw bilen Türkmenistanyň Suw we Hojalyk Ministeri hem Jemhurbaşlygyň orunbasary Rozyýew aralaryndaky geçirilen ylalaşyklar esasynda Etrek derýasynyň gyralarynda “Zeýtun” bagyň dürli ekişlerini amala aşyrylýar.
Bu oturşykda etrek derýasynyň üstüne suw howdanynyň bent gurluşygy barada pikir alyşyldy. Gülüstan welaýaty Türkmenistanyň esasan hem Balkan welaýatynyň däne-tohumlaryny üpjün etmäge taýyndyklaryny yglan etdiler.[9]
Darazgisuw 1378-nji h.ş ýylyň Ordibeheşt aýynyň sişänbe güni bir toparyň baştutanlygynda söwda hem hojalyk gatnaşyklaryň işdeşlik mümkinçiliklerini barlamaga hem-de, iki ýurduň Prezidentleriniň salam hatyny gowşurmaga Aşgabat şäherine geldi we ýurduň jemhurbaşlygy Jenap S. Nyýazow bilen duşuşdy.[10] ...
E.K.O Birleşiginiň Söwda Ýerine Ýetiriş Komitetiniň Aşgabatdaky geçirilen 9-njy ýygnagynda. E.K.O. birleşiginiň agzalygynda duran ýurtlaryň täjirlerine bir ýyllyk çakylyk bilen iki ýurduň arasynda köp gezek gatnaw çärelerini ýerine ýetirilmelidigini ýygnakda orta alyndy.
Aşgabatdaky geçirilen ýygnakda söwda ugrunda käbir gerekli meseleleri orta alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň biri hem Garaşsyz Türkmenistanyň E.K.O. Birleşiginiň Söwda  Kabinetiniň agzalygyna geçmegi maslahaty boldy.[11] ...
Yslam Respublikasynyň habarçysynyň habar bermegine görä, Türkmenistandan gelýän ýolagçylaryň gel-gidleriniň köpelmegi gümrükhananyň daşary territoriýalarynda söwda işleriniň rowaç almagyna sebäp bolupdyr. Regiýonyň köp ilatynyň ol ýere baryp Türkmenistanly ýolagçylar bilen söwda-satyk edip gümrükhananyň daşky territoriýasyny bir bazarça öwrüpdirler.[12]
Eýran Türkmenistan bilen tehnika söwdalary aragatnaşyklary ugrunda “Eýranhodro” adyndaky Eýranyň maşyn zawody Aşgabat şäheriniň awtobus enjamlar marşrutyny kämilleşdirmegiň ugrunda birinji awtobus kerwenini Maý aýynyň içinde Türkmenistana getirdiler.
Bu awtobuslaryň hili “355” nomerde görkezilipdir. Olary belli bir şertnama esasynda türkmenlere satylýar.
“Eýranhodro” kompaniýasynyň Aşgabatdaky ýerine ýetiriji müdiri Muhammet Haşeminiň, Yslam Respublikasy pressiniň habarçysyna şeýle diýýär: “Satylan 50 sany awtobusdan, geçen hepdäniň dowamynda 18 sanysyny Türkmenistana eksport edildi. Galan awtobuslar hem üstümizdäki aýyň (Maý aýy) dowamynda tabşyrylar.”
Ilki bu awtobuslaryň biri eksperemental görnüşde Aşgabat şäherinde işledildi. Netijede bolsa, halkyň göwnünden turdy.
Ýatlanan habaryň bellemegine görä, Eýranda çykýan “Pežod 1600 AR.DI” maekadaky model maçşin birnäçe ýeňil awtomaçşinlar, taksi hökmünde Aşgabat şäherinde işläp başlar. “Eýranhodro” kompaniýasynyň jogapkär işgäriniň aýtmagyna görä, Aşgabat şäheriniň taksi setini üpjün etmek üçin soňky ylalaşyk ýerine ýetirilenden soň Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde hem bu taksiler işläp başlar. Ylalaşyk bolandan soň 500 sany bu awtomaçşinlar Türkmenistana beriljekdir. Şu wagta çenli Eýranyň awtomaçşin zawody 100-e golaý dürli awtomaçşinlar Türkmenistana eksport etdiler.”[13]
Horasan welaýatynyň demirgazygynda ýerleşen Goçan şäheriniň häkiminiň aýtmagyna görä, şu wagta çenli bu şäheriň serhet ýollaryndaky oturýan ilatyň tarapynda 2 million dollalyk haryt Türkmenistana eksport bolupdyr. Bu harytlar “Pileweri” atly göýberilýän ýörite rugsat depderçeleriniň esasynda amala aşyrylýar. Bu topar söwdagärler serhet boýundaky ilatynyň kooperatiw bileleşiklerinde agza bolup durýarlar. Bularyň sany Goçan şäheriniň territoriýasy boýunça 10000 sany adamdan ybarat bolýar.
Beýle kooperatiwleriň döredilmegi bu ýerlerdäki ilatyň ykdysadyýetini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip nygtaýarlar.[14]
Eýran Yslam Respublikasy bilen Garaşsyz Türkmenistanyň ähli tarap aragatnaşyklarynyň biri telefon arkaly aragatnaşyk bolup durýar. Ýaňy ýakynda Gülüstan welaýatynyň käbir etrap-şäherleriniň telefon kodlary (öň nomerleri) çalşyldy. Garaşsyz Türkmenistanyň ilatynyň dogan-garyndaşlarynyň köpüsi hem şol türkmen etrap-şäherleirnde ýerleşýär.
Şonuň üçin türkmen oba-şäherleriň täze berilen telefon kodlaryna ünsüňzi çekýärin:
Şäher-etrap
Öňki nomeri
Häzirki nomeri
1
Kümmetkowus
017222
172
2
Minudeşt
01744
017452
3
Kelala
01748
017442
4
Azatşäher
01756
017452
5
Tatarolýa
0172533
0174245
6
Fajr goýunly
0172545
0174245
7
Duzolum
0172326
0174326
8
Ýaňak
0172584
0174584
9
Ak abat
0172272
0174272
10
Köçekhortum
0172265
0174265
11
Sarysofla
0172227
0174277
12
Inçeburun
0172324
0174324
13
Temirgaraguzy
0172423
01744423
14
Marawdepe
0172472
0174472
15
Garnawa
0712473
01744473
16
Saryjakör
0172252
0174252
17
Küren (Kürend)
0172322
0174322
18
Hojanepes
- -
0173476
19
Kümüşdepe

0173462
20
Akgala
- -
0173522
21
Bendertürkmen
- -
0173473

Garaşsyz Türkmenistandan Eýran Yslam Respublikasyna äkidilýän ýa-da getirilýän harytlaryň hersiniň öz halkara gyzyl pul bahasy bilen barabar, gümrükhananyň maliýe salgydy tarapyndan olaryň bahasyna degişli alynýan göterim salgyt girdejisi takyklanyp, gümrük taryfy tarapyndan ýörite bahasy taýyn kesgitlenýär.
Olar gümrükhanalarda hasaplaýyş işlerini ýeňilleşdirmek üçin ýolagçylaryň özi bilen getirýän harytlarynyň bahasyny çap edip gümrükhanalara iberýärler. Her harydyň bahasyna görä, olara salgyt salynýar.
Olary şu aşakdaky tablisada görkesilýär.[16]
Harytlaryň ady
 Amerikan dollary boýunça
1
Apelsin sogany alyjy
8-5
2
Ýeňil elektrik miwe suwy alyjy
20-30
3
Gaz kalonka
40-60
4
Gazly elektrik eldegirmen
5-10
5
Telewizoryň antennasy
15-30
6
Mebelny gaz
100-200
7
Odikolon her paçkasy
5-10
8
Dürli elektronika ulgam
250-1000
9
Kasio markaly elektronika ulgam
25-165
10
Elektrik utýuk
3-5
11
Wentelýatorly elektik peçka
15-20
12
Elektrik parly ütük
8-12
13
Mahmal matalar her metri
216-3
14
Wentelýator
13-15
15
Iki adamlyk adeal
15-20
16
Sada telefon apparat
8-10
17
Ýönekeý radio telefon
25-30
18
Mobaýl telefon
150-250
19
№ 14 telewizor
100-110
20
№ 21reňkli telewizor
160-200
21
№ 29 reňkli telewizor
400-450
22
Elektrik plesos
35-50
23
Di. EN. DE kompýuter oýnawaç
30-35
24
DI. EN. DE kompýuter oýnawaç
40-45
25
Her kilo çaý
6-8
26
Ýönekeý et üwelýän
15-25
27
Welosiped (tigir)
30-40
28
Foto apparat
20-45
29
Ýönekeý awtomobil prestawka
10-15
******************************************
Umumy maglumatlar:
1378-nji ýylyň hordad aýyndaky (1999-njy ýyl) çykýan “Keýhan” gazetiniň habar bermegine görä, öten ýyly Türkmen şäheristanynyň maldarlaryna hem guş-towuk fermalarynyň erkinde bank ýeňillikleri hem 4 milliard riýal kredit göýberilipdir.
Bir milliard 930 million riýal bank ýeňilliklerini ýagny bankdaky pul ygtybarnamasynyň 28-nji bendi boýunça, 64 sany obaly maldarlara tölemek bilen, göle hem owlak-guzy köpeldiş taslamasyny ýerine ýetirildi. Bu taslamany doly berjaý edilenden soň Bendertürkmen şäheristanynda doly gyzylet (mal et) önüminiň möçberi 250 müň kilograma çenli köpeljekdigi göz öňüne tutulýar.
Görkezilen habaryň esasynda, mallaryň ýataklaryny gowulandyrmagyň göz öňünde tutulan plany boýunça 20 sany maldarlara 436 million riýal kredit ýeňillikleri göýberilip 2500 inedördil (kwadrat) metr mal ýataklaryny gowulandyryp arassaçylyk çärelerini ýerine ýetirildi. Ondan soňky göýberilen kredit ýeňillikleriniň esasynda maldarçylygy ösdürmek, iýmlendirmek, süýtli sygyrlary hem-de göleleri satyn almak üçin isleg bildiren 25 sany tagaza-arzaly maldarlara 734 million riýal bilen üpjün edip göýberilipdir. Şeýle hem jemi 40 müň gatdan ybarat bolan 3 bölek etli towuk öndüriş fermasy hem et üçin niýetlenen 100 baş göleleri özünde ýerleşdirýän fermalary 930 mln riýal bank kredit ýeňilliklerini peýdalanmak bilen önümi girizildi.
Öten ýyl mallaryny ýylan çakyp zyýan çeken maldarlara 2 mln riýal gaýtargysyz kömekleriň berilendigini agzaýarlar. Şeýle hem maldarlara 20 sany guwanama kartoçkasy, 40 möwrit towuk iýmlerini üpjün ediş enjamlaryny, maldarlara öz mallaryny döwlet ätiýäçlik çärelerini etmek üçin daýhan banky bilen işleşmek şerti, 30 sany towuk hem mal fermasynyň kanunalaýyk rugsat haty göýberilmek we 100 möwrit kärşynaslyk barlaglar hem 5700 sanydan gowurak sygyrlary ukol arkaly (ýagny ýatgysyna emeli tohum göýbermek) göwrelendirmäge garamak işleri Bendertürkmen şäheristanynyň degişli guramasynyň tarapyndan ýerine ýetirilipdir.[17]
Ýaňy ýakynda Kümmetkowus şäheriniň arkyndyksuw kanalizasiýasyny täzeden enjamlaşdyrmagyň ugrunda bir milliard 250 mln riýal pul ygtybaryny geçirilip şäheriň arkyndyksuw hapalaryny ýygnamak setiniň proýektini ýerine ýetiriliş işi başlanypdyr.
Kümmetkowusyň günbataryndaky Gedemabat etrabyndan başlanan 7 kilometr uzynlygy bolan bu şäheriň arkyndyksuw hapalaryny ýygnap gaýtadan işlemek proýektiniň turba marşrutyny täzeden 125 million tümen göýberilen pul serişdesi boýunça 5 kilometre barynça göz öňünde tutulýar. Bu proýekti alypbaryjy injinerler, ony ýöriteleşdirmegiň tehniki iş dolandyryş gurby barada hem-de ekologiýa üçin peýdaly taraplaryny gurup berdiler.[18] ...
Eýran-Türkmen aragatnaşyklarynyň bir göwrümini sport oýunlary öz içine alýar. Iki ýurduň sportsmenleriniň aralarynda dürli etaplarda futboldyr waleýbol ýaly oýunlary ýola goýuldy. Bu oýunlarda utyş-utdyryş gyzyklanmalaryna garamazdan iş üstünde iki ýurduň komandalarynyň biri-biri bilen ysnyşykly tejribeleri gazanmaklary esasy rol oýnaýandyr. Şu ugurda medeniýetli dostluga has ähmiýetli garalýar. Eýranda Gülüstan welaýatynda çykýan “Gülüstan” gazýetiniň habarlarynyň birinde türkmenler Eýranly sportsmenleriň dünýä oýunlarynda utuşlaryna hoşhal bolýarlar diýlen habar çap edilipdir.
Türkmenistanyň sport oýunlarynyň orunbasary Durdyýew Durdy Babaýewiç Gülüstan welaýatynyň bedenterbiýe müdirliginiň ýolbaşçysy bilen sport baradaky ylalaşyk hata gol çekilenden soň şeýle diýdi: “Türkmenler hemişe diýen ýaly Eýranly sport komandalarynyň halkara utuşlaryndan begenýärler. Ol Eýrany syýasy-ykdysady, medeni we sport boýunça; “Regionda özboluşly bir güýç!”-diýip nygtady hem-de biziň komandalarymyz eýranly sport komandalary bilen oýun geçirenlerinde özlerini kuwwatly duýýarlar we olaryň gymmatly tejribelerinden peýdalanyýarlar”.[19] ...
Türkmensähranyň Gülüstan welaýaty diýlip yglan edilmezinden öň Mazenderan welaýatynyň welaýat häkimliginiň kadrlarynyň iş gurplarynyň ýetmezçiligi sebäpli welaýatyň käbir ýerlerinde işlerde durgunlyk döräp öňe gidişlik bolmandyr. Häzir täze döredilen Gülüstan welaýatynda bu durgunlyk ýagdaýdan çykqalga tapmak üçin dürli çäreleri alynyp barylýar.
Türkmen maldarlaryna berlýän ýeňillikler barada “Gülüstan-e Iran” atly gazýetiniň hem bu barada “Türkmen maldarlaryna 4 milliard riýal kredit ýeňillikleri göýberilipdir” – diýlen habary “Keýhan” gazetinde berlişi ýaly çap edilipdir.
Bu habardaky artdyrylan mesele Bendertürkmen şäheriniň “Jahad” guramasynyň müdiri Haýdarpuryň aýtnagyna görä, maldarlara tehniki babatdan ýol görkezijilik bilen 1360 tonna gerekli bede ot-samanlaryny üpjün etmek üçin 4 mln riýal çykdajylaryna sarpa goýuldy.[20] ...
Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky habarçysynyň habar bermegine görä, Türkmenistandaky daşary ýurtly ilçiler we diplomatlar Gülüstan we mazenderan welaýatlaryna eden dört günlük saparlarynda bu welaýatyň syýahat üçin özüne çekiji şertleriniň bardygyny nygtap, Eýranyň Demirgazyk welaýatlary, ykdysadyýet şertleri boýunça iňňän ýokary güýji bardygy has geň zat diýip baha berdiler.
Bu diplomatlaryň aýtnagyna görä, ýatlanan welaýatlar Orta Aziýa we Kawkaziýa hem dünýäniň beýleki ýurtlary bilen söwda aragatnaşyklaryny ýola goýmaga giň gerimli hem ýokary gurbunyň bardygyny bellediler.
Gülüstan welaýatynyň oazisinde ýerleşen Kümmetkowus şäheristany 6857 kwadrat metr meýdany bilen we ýurt boýunça Eýranyň bütin meýdanyndan 33\5 göterim göwrümini öz içine alýar.
1375-nji h.ş ýyldaky iň soňky ýurt bölünşik hem umumy adam sany boýunça bu şäheristan 4 etrap, 5 şäher we binaçe dehistandan ybarat bolýar.
Jahadsazändegi edarasynyň kärşynaslarynyň biri Kümmetkowus şäheristanyň Jahadsazändegi edarasynyň hasabyndaky 2786-sany kiçi haly fabrikasy we düşek kooperatiw edaralarynyň ýanyndaky 5572 sany halyçynyň meşgullanmagy, bir million 370 müň 485 maldarçylyk edaralary, 80 sany senagat hem ýarym senagat maldarçylygy bir ýylyň dowamynda ortaça 81 müň 466 tonna süýt önümi, 8 müň 993 tonna mal et önümleri 91 sany towuk-guşçylyk senagat fermasy et hem ýumurtga önümleri boýunça bir ýylyň dowamynda ortaça 4 müň 789 tonna ak et (towuk et) we 6 müň 758 tonna ýumurtga önümlerini öndürýärler. Şeýle hem 6 müň 525 sany bal ary koloniýasy ýyl dowamynda ortaça 56,5 tonna bal önümi, 1225 gektara barabar meýdany bilen 64 möwrit suw bentli balyk öndüriş çäreleri bir ýylda 2 müň 271 tonna ak protein (balyk etleri önümi), şäheristanyň tebigy serişdeleriniň meýdanyndaky 352 müň gekdar jeňňel hem marta, 6 müň 245 kwadrat metr suwly meýdan, bir senagat şäherçesiniň gurluşygy, bir sany senagat oazisi köp sanly un fabrikalarynyň önüminde durmagy hem-de beýleki bir näçesi ýakyn geljek zamanda önüme girizilmegi bu şäheristanyň esasy baý gurplaryny döredýär.
Şol edaranyň oba-senagaty önüminiň kärşynas işgärleriniň biri şeýle maglumat beryär: “Kümmetkowus şäheristanynyň Jahadsazendegi edarasynyň işleýiş hasabatynda, senagat bölümi ekerançylyk hem hyzmat işleri boýunça, olary ýerine ýetiriliş işleriniň etaplary esasynda şäheristana berilen pul ygtybarynyň ýetmezçiligine garamazdan, 5 milliard tümenlik gerekli ygtybarly 157 sany “önüm isleg arzasy” elimizde dur. Bu meseläniň döremegi jogapkär işgärleriň ünsüni özüne çekýär.”
Iş üstündäki kärşynaslaryň nukdaýnazarlary hem alnyp barylan derňewleriň mälim edişine görä, görkezilen kuwwatly iş gurp ukyplaryny göz öňüne tutup maldarçylygyň gerekli ýerligi, suw resurslaryň bolçulygy, tebigy çeşmeleri, senagat bazarlary we senagat şäherçelerini döretmek, balykçylyk öndüriş, dokmaçylyk we bu taslamalary ýerine ýetiriş we dörediş ugrunda bank ygtybarlaryň ýeňilliklerini bu jähede urugmak zerurlygy, bu şäheristanynyň iş meýdanynda özüni aýdyň görkezip dur. Ýokardaky ýatlanan käbirleriň önüm möçberlerini ýokarlandyrmak we oba ýaşaýjylarynyň girdejisini artdyrmak soňky netijesi “obada galmaklygyň islegini döredýär”.
Bu mesele öz akabasynda döwletiň ýokary jogapkär işgärleriniň gerekli pul ygtybarlaryny üpjün etmek jähetden dogry(položitel) garamaklary talap edýär.[21]
Eýranyň “Eýran” atly gazýetinde, Bendertürkmen şäheriniň 70 ýyldan soň bir port şäheri hökmünde resmi dabarasy bilen “Ýol we Transport” Ministri Mähändes Türkanyň gatnaşyk açmagy bilen maýak ýakylyp öz işine başlady.” -diýlen habar hem ünsüňi özüne çekýär.
Bendertürkmen, turkmen port şäheriniň priçal gämi duralgalarynyň durkuny täzeden ýola goýmak üçin, 8 milliard serişde göýberilip guruldy. Ol 363 metr ini hem port enjamlary dikeldilip 165 metr uzynlygy bar. 3 müň tonnalyk iki gäminiň şol bir wagtyň özünde ýan baryp durmaga şert döredildi. Bir näçe meýilli (söwda, balykçylyk, syýahatçylyk) bu port duralga demir ýol mümkinçiligi we Orta Aziýa ýurtlaryna ylaýta-da Türkmenistana ýakyndygy ýurduň söwda we tranzit ýükleri daşamaga möhüm ykdysady rol alyp barar.[22] ...
Narly adyndaky ajysuw arygynyň gumly suw nebiti Gülüstan welaýatynyň aşaýyr (göçüp-gonup ýören çarwa) ilatynyň “Kämil ösüş” meýilnamasynyň iş dowamynda Aktokaýdaky Etrek derýasynyň demirgazygynda ýerleşen “Deşt-e takyr” düzlügine, “Aşaýyr ilaty ýerleşdirş” hakyndaky meýilnama başlangyç ylmy öwreniş işlerini ýerine ýetirildi!. Türkmenleriň ajysuw obasynyň gyrasynda ýerleşen bu ukyply tekiz düzlük 1300 gektar meýdany bilen çarwadarlar ülkeleriniň kämil giňeldiş maksatnamasy we çarwadarlary şol ýerde oturymlaşdyrma planynyň ýörelgesinde, bu düzlügiň hojalyk meýdanlaryny Gülüstan welaýatynyň “Ýokary aşaýyr işleri” edarasynyň erkinde goýuldy.
Takyr düzlüginde ýaşaýyş şertleriniň bardygyna garamazdan, ol ýerde ýerleşdiriljek ilatynyň suw üpjünçiligi kynçylyk bilen gabatlaşýar. Şonuň üçin 1995-nji ýylda Takyr düzlüginiň suw üpjünçiliginiň maksatnamasyny Etrek derýasynyň suw goýumlary hem-de, mümkinçiliklerini we beýleki bährelenmeleri ugrundaky işleri öwrenmäge dürli maslahatlar berildi.
Şu esasda Ajysuw bendini 11 mln kubmetrden suw saklaýyş göwrümi bilen, düzlügiň 1600 gektar hojalyk ýerlerini suwaryş gurbyny göz öňüne tutup Narly Ajysuw obasynyň 205 kilometr demirgazyk oazisinden geçýän Etrek derýasynyň üstünden gurulmagy planlaşdyrylýar.
Bu bent hakyndaky öwreniş tapgyry 1995-nji ýylda “Şereket-e Mähändesi Hedemat-e Jahad” (Jahad Guramasynyň Inženerlik Hyzmat Firmasy) hem-de “Gülüstan injinerleriniň maslahaty” tarapyndan “Deşt-e Takyr” düzlüginiň “Suw üpjünçilik proýekti” ady bilen başlanyp 1997-nji ýylda ilkinji tapgyr öwreniş proýektleriň taslamalaryny tassyklanyp ýatlanan maslahatçylar tarapyndan işleniş tapgyry ýola goýuldy. Injinerler maslahatynyň düýp guruş gurluşykçylary tarapyndan we Gülüstanyň “Win proýekt” maslahat injinerleriniň  gözegçiligi esasynda geotehnika we gurluşyk gurby işlerini ýerine ýetirilip, 1999-njy ýylda bütin injinerlik çyzuw taslamallary Deşt-e Takyr düzlügini suw saklaýyş ammar çuňluklary bilen kämilleşdirilip tamamlanyldy.
Şeýle bir ýagdaýda Ajysuw arygynyň üstünden gurylýan bu bent, onuň ýakynynda ýerleşen Takyr düzliginiň hojalyk meýdanlaryný suwdan gandyrmak üçin aslynda düýpli we fundamental hem durnukly we uzak mütdet bähbitli bir proýektdir . Bu proýektiň ýerine ýetirilmegi bilen 1600 gektar hojalyk ýerleri suw bilen üpjin etmekdi hem-de, geljekde Takyr düzlüginiň demirgazygynda ýerleşjek 200 maşgala çarwa ilaty oturymlaşdyryp, abadançylyk we durmuşlarynyň peýdaly ýaşaýyş şertleri dörediljekdigi ikuçsyzdyr.[23] .... Dowamyny Oka ...
=============


[1] “Sentralnaỳa Aziỳa”, Ýeženedelnik ekonomiçeskih I meždunarodnyỳe rynoçnyỳe otnoşeniỳe nowosti, peçatalsỳa w izdatelstwe “Keỳhan”,  77, 9 Maỳa, 1999 g., Tegeran, 1 str.
[2] Şol ỳerde.
[3] Şol ỳerde
[4] şol  ỳerde.
[5] “Peỳk-e Häzär”, sal-e çaharom, şomareỳe 158, çaharşänbe, 22 Ordibeheşt. Sal-e 1378 ş. 5 sah.
[6] Şol ỳerde
[7]. “Sentralnaỳa Aziỳa”,  /görk. iş./, … 3 st.
[8]. Şol ỳerde.
[9].  “Peỳk-e häzär”, Şo. 158, (görk iş), sah 4.
[10]. Şol ỳerde.
[11].  “Sentralnaỳa Aziỳa”, /görk. Iş./…
[12]. Şol ỳerde.
[13]. “Sentralnaỳa Aziỳa”, /görk. Iş./,…
[14]. Şol ỳerde.
[15]. “Peỳk-e Häzär”,  sal-e çaharom, şomareỳe 158.
[16]. “Sentralnaỳa Aziỳa”, 400-450.
[17]. Ruznameỳe “Keỳhan”, şo. 16528 – mo’ässese-ỳe Keỳhan, - Tehran çaharşänbe 19 Hordad-e sal-e 1378 ş, 11 sah.
[18]. “Peỳk-e Häzär”, Sal-e çaharom şomareỳe 161, çaharşänbe 12 Hordad sal-e 1378-11sah.
[19]. “Golestan-e Iran”, şomareỳe sefr 9, doşänbe 17Hhordad sal-e 1378 h.ş., motabeq ba 7 Jun. 1999 ý., 7 sah.
[20]. Şol ỳerde.
[21]. “Golestan-e Iran”, şomareỳe sefr 10, doşänbe 31 Hordad, sal-e 1378 ş., 21 žowen(Jun) 1999.
[22]. Ruzname-ýe “Iran”, sal-e dowwom-şomareỳe 432, Mordad  mah-e sal-e 1375 ş., (1996) Tehran-13 sah.
[23]. “Golşän-e Mehir”, şomareỳe 27- om , 15 Azär mah-e sal-e 1379 ş., Iran-Tehran -3 s.

No comments: