S. Nyýazow we Dr. M. Aýdogdyew |
1993-nji ýylyň 18-nji Awgust S.A.Nyýazow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Muhammet Waezini kabul etdi we onuň bilen gürrüňdeş boldy. Olar ýakynda Türkmenistana Eýranyň Prezidenti A.H.Rafsanjanynyň sapary, Saparmyrat Niýazownyň “Türkmen-Eýran” serhedini dostluk we doganlyk zonasy diýip yglan etmek hakyndaky teklibi barada pikir alyşdyrlar. S.A.Nyýazow iki döwletiň serhediniň üsti bilen Artyk-Lýutfabad (Lotpabat) we Saragt (Sarahs) serhet geçiriş punktlaryny gurmak barada tabşyryk berdi. Tejen-Sarahs-Maşat demirýolyny gurmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. »»»
1993-nji ýylyň 13-nji Sentýabrynda S. A. Nyýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Bagyryny kabul etdi. Olar “Türkmen-Eýran” hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada pikir alyşdylar. Gürrüň wagtynda S. A. Nyýazow: “Altmyş ýyl mundan ozal meniň atam Annanyýaz Artyk ogly diňe Eýranyň Türkmenistan bilen serhetleşýän welaýatlaryna söwda etmäge gideni üçin jezalandyrylypdyr”. Ol şol eden “jenaýaty” üçin Sibire sürgün edilipdir, şol ýerde-de, dünýeden ötüpdir. Aslynda bolsa, birek-biregi peýdaly söwdalaryň ysnyşykly ykdysady gatnaşyklaryň halklary biri-birine ýakynlaşdyrýandygy hemmelere mälim ahyryn" -diýip, belledi. Eýran bilen Türkmenistan arasyndaky serhedi "Dostluk-Doganlyk Serhedi" -diýip, yglan etmek teklibi makullanyldy.
1993-nji ýylyň 23-nji Sentýabr Eýran kinofilmleriniň Türkmenistanda geçirilýän festiwalyna gatnaşyjylara S. A. Nyýazowyň ýüzlenmesi çap edildi.
1993-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Akbar Haşemi Rafsanjanynyň Türkmenistana sapary başlandy. Aşgabatda iki goňşy döwletleriň liderleriniň ayratyn metbugat konferensiýasy boldy. Bular Bagyr obasyna baryp gördüler. Dostlugyň we hormatyň hatyrasyna Akbar Haşemi Rafsanjana Saparmyrat Niýazowyň adyndan Garagum atly Ahal-teke bedewi sowgat berildi. Gepleşikleriň birinji turuwyndan soň Prezidentler “Artyk-Lutfabad” geçelgesini ýük-ýolagçy punktynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. S. A. Niýazow A. H. Rafsanjanynyň hatyrasyna agşamlyk nahar berdi.
Şol aýyň 23-ne S. A. Niýazow bilen A. H. Rafsanjany Mary we Daşoguz welaýatlaryna aýlanmak üçin ýola düşdüler. Olar Mary welaýatynda Baýramaly etrabynyň “Täze ýol” kolhozynyň asly Eýrandan bolan adamlaryň ýaşaýan Rafsanjany adyndaky obasyna baryp gördüler. Prezidentler oba mesjitleriniň düýbüniň tutulyş dabarasyna öz hatyralaryna berilýän sadaka gatnaşdylar. Daşoguzda A. H. Rafsanjana köşekli düýe sowgat berdiler. Iki goňşy döwletleriň baştutanlary Köneürgenjiň gadymy arhitektura ýadygärliklerine baryp gördüler.
Şol aýyň 24-nji güni S. Niýazow bilen A. H. Rafsanjany Aşgabatda gurulýan ilkinji “Türkmen-Türk” mekdebiniň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdylar. Olar Türkmenistanyň XXGS-däki halk amaly sungatynyň ilkinji festiwalynyň myhmanlary boldy. Soňra olaryň jemleýji söhbetdeşligi bolup, onda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy we regional problemalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki döwletiň baştutanlary “Türkmen-Eýran” dostlugynyň forumyna gatnaşdylar. Olar “Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky deklorasiýa”, şeýle hem “Günbatar Türkmnenistan-Eýran we Ýewropa ýurtlaryna gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda Türkmenistan bilen memoranduma gol çekdiler”. Ykdysady hyzmatdaşlyk, transport, aragatnaşyk, söwda, gümrük dokumntlerini özara ykrar etmek we gümrük üpjümçiligi babatlarda jemi 12 sany ylalaşyk meýinlnamalara gol çekildi. Hormatdyr dostlugyň hatyrasyna S. A. Niýazow we A. H. Rafsanjana onuň türkmen ussatlary tarapyndan dokalan haly portretini sowgat berdiler. Eýranyň Prezidentine onuň Aşgabadyň hormatly graždany edilip saýlanandygy baradaky diplom hem gowşuryldy.
1993-nji ýylyň 6-njy Dekabrynda Saparmyrat Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, dag-magdan ministri Mahlujyny kabul etdi. Mermer plitalaryny, kerpiç we ýokary hilli beýleki gurluşyk materiallaryny öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanany döretmek hakyndaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy.
1994-nji ýylyň 2-nji Ýanwarynda bolsa, Saparmyrat Niýazow resmi sapary bilen Tährana bardy. “Mehrabat” aýrportynda ony Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aly Akbar Rafsanjany garşy aldy. Gepleşikleriň barşynda ýolbaşçylaryň ikisi-de goňşy döwletleriň halklarynyň bähbidi üçin özara hyzmatdaşlygy giňeltmekçidiklerini we çuňlaşdyrmakçydyklaryny beýan etdiler.

Şol saparyň ertesi güni S. Niýazow we onuň ýolbaşçylyk edýän delegasiýasynyň agzalary Ysfuhan şäherine bardylar. Olar taryhy we arhitektura ýadygärlikleri bilen tanyşdylar. Şol aýyň 4-nji güni S. Niýazow ir bilen Eýranyň Türkmenleriniň ýaşaýan regiýonyna bardy. Kelala şäheriniň aýroportynda ony Mazenderan welaýatynyň ýolbaşçylary, din hadymlar we beýleki resmi adamlar garşy aldylar. Ondan soň Kümmetkowus şäheristanynda Türkmenistanyň Prezidenti şol şäheri esaslandyran Kowusyň mazaryna zyýarat etdiler. Ildeş türkmenleri bilen duşuşyp, olaryň öňünde taryhy çykyş etdiler. Ýene-de Saparmyrat Niýazow Eýranyň Hazar deňziniň kenaryndaky kurort şäherleriniň biri bolan “Ramser” şäheri bilen tanyşmak üçin ol ýere bardy.
Şol aýyň 5-nji güni S. Niýazow dürli modifikasiýaly “Reno (Renolt)” markaly ýeňil awtomobilleri çykarýan Tähran awtomobil zawodyna baryp gördi. Şiraz şäherine gezelenç edip taryhy we medeni gözellikler: “Şahçyrak” mesjidi, gündogaryň beýik şahyrlary Hafeziň we Saadynyň mazarlary bilen tanyş boldy.
Şol aýyň 6-syna Saparmyrat Niýazow Tähranyň merkezi köçeleriniň birine “Türkmenistan” adynyň dakylmagyna, şeýle hem Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky hemişelik halkara telefon aragatnaşygyň ýola goýulmagyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy.
Şol aýyň 6-syna S. Niýazow Tähran şäheriniň hormatly graždany edilip saýlandy.
Saparmyrat Niýazownyň Eýran Yslam Respublikasyna bu bäş günlik eden sapary has netijeli boldy. Sebäbi köptaraplaýyn gatnaşyklaryny dürli tarapdan berkidildi.
1994-nji ýylyň 20-nji Ýanwarynda Saparmyrat Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ogly Mehdi Haşemi Rafsanjanynyň baştutanlygyndaky Eýranyň nebit-gaz baradaky spesialistleriniň delegasiýasyny kabul etdi.
1994-nji ýylyň 25-nji Fewral aýy Saparmyrat Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň transport we ýollar ministri Talyk Akbar Türkany kabul etdi. Iki döwleti birikdirýän awtomobil ýollarynyň gurluşygyny has çaltlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
1994-nji ýylyň 9-njy Martynda Eýran Yslam Respublikasynda (Maşat şäherinde) Türkmenistanyň baş konsullygyny açmak hakyndaky karara gol çekildi.
1994-nji ýylyň 4-5-nji Aprelinde Saparmyrat Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit-gaz ministri Agazadanyň ýolbaşçylygynda Eýran Yslam Respublikasynyň energetiki we tebigy resurslary ministri we Lesel Atasoýuň baştutanlygynda Türkiýäniň ýangyç we energetika ministri Ý. K. Şafraningiň baştutanlygyndaky Russiýanyň delegasiýalaryny kabul etdi. Olar türkmen nebitini we gazyny halkara bazarlaryna ýetirmek üçin turba prowodlaryny çekmegi amala aşyrmak boýunça halkara konseresiomynyň mejlisine gatnaşmaga geldiler.
1994-nji ýylyň 30-njy Aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlary bilen “Türkmen awtoýollary” konsernine Aşgabat-Gowdan awtomobil ýolyny rekonstruksiýalaşdyrmak barada Eýranyň “Dobral Ko” firmasy bilen ylalaşyk baglanyşmaga Agaç we Gurluşyk Materiallary Ministrligine bolsa, kuwalini (kaolin) baýlaşdyrmak boýunça, ýylda 20 müň “I” önüm öndürmek fabrigini gurmak barada “Iran Industerial Dizaýn Ko” firmasy bilen ylalaşyk baglaşmaga rugsat edilendigi habar berilýär.
1994-nji ýylyň 17-nji Iýunynda S. Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Transport we Ýollar Ministri Akbar Turkany kabul etdi we onuň bilen Türkmen-Eýran döwletara gatnaşyklarynyň iň netijeli medeni, iki ýurdy birleşdirýän demir ýol gurmak, serhet ýaka söwdany ösdürmek barada gürrüň etdi.
1994-nji ýylyň 21-nji Iýuly Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika we Suw resurslary Ministri Bijan Zängene we Eýran Yslam Respublikasynyň mejlisiniň deputatlary bilen, gürrüň “Pol-e Hatun” döwletabat bendini gurmagyň mümkinçilikleri elektrik energiýasy eksport etmek, şeýle hem iki ýurduň mejlisleriniň arasynda tejribe alyşmak hakynda boldy.
1995-nji ýylyň 21-nji günlerinde “EKO” meseleleri hakda (ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasy) gürrüň geçýär.
1995-nji ýylyň 29-njy we 30-njy Ýanwary S. Niýazowny resmi sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň gidişinde söwda ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň arasynda söhbetdeşlik boldy. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde dowam etdirildi. Haryt dolanşygyny artdyrmak, bilelikde işleýän kärhanalaryň setini giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýene-de Niýazow Eýranyň Nebit Ministri Agazadany kabul etdi. Türkmen nebit ýataklaryny gözlemek we nebit almak, “Türkmennebit” önümlerini eksport etmegiň şertleriniň ýerine ýetirilişi hakdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol saparda Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary Işler Ministri Welaýaty bilen duşuşdy. Olar hoşniýetli goňşuçylygy ösdürmegiň hatyrasyna Türkmen-Eýran serhediniň uçastoklarynda punktlaryň işini gurmagyň zerurlygy barada pikir alyşdylar. Şeýle hem Niýazow “Transport we awtomobil ýollar” ministri Türkan bilen duşuşdy. Olar Sarahs-Maşat demir ýolunyň gurluşygy barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan bu ýana-da ösdürmek hakynda bilelikdäki beýannama gol çekdiler. Şeýle hem iki döwletiň Daşary Işler Ministrlikleriniň arasynda konsulyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky protokola, gümrük serhet meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetleriniň arasyndaky memoranduma gol çekildi.
Niýazow bu sapardan aýyň 30-na Garaşsyz watanymyz Türkmenistana gaýdyp geldi.
1995-nji ýylyň 27-nji Fewral aýyndan Saparmyrat Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit we Gaz Ministri Agazadanyň tarapyndan baştutanlyk edilýän delegasiýany kabul etdi. Türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Ýewropa çykarmagyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň aspektleri ara alnyp maslahatlaşyldy... 28-nji Fewralda bolsa, Türkmenistanyň prezidenti S. Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary Işler Ministriniň orunbasary Waezini kabul etdi.
Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol güniň dowamynda Niýazow Prezidentiniň Türkmenistan-Eýran-Türkiýe gaz prowodynyň maliýeleşdirmek, gurluşygyň gurluşygyny alyp barmak we ony ulanmaga bermek boýunça “Türkmen trans kontinental gaz prowody” “Aksioner kompaniýasyny” döretmek hakyndaky karar çap edildi.
1995-nji ýylyň 14-15-nji Mart aýynda Saparmyrat Niýazow EKO-nyň agzalalary bolan döwletleriň baştutanlarynyň maslahatynda söz sözläp, Türkmenistany Aziýa regiýonynyň barlaşdyryjy bitarap döwletine öwürmek baradaky ideýany öňe sürdi, bu teklip öň H.Rafsanjynyny, B. Bhutto tarapyndan goldanylypdy. Maslahatda bilelikdäki maglumat we deklorasiýa kabul edildi. Tranzit söwdasy, biznesmenlere wiza bermegi sadalaşdyrmak, gämi gatnawy we EKO-nyň ylmy fonduny açmak meseleleri barada ylalaşyk gazanyldy.
1995-nji ýylyň 17-nji martynda Eýranyň Prezidenti H.Rafsanjanynyň çagyrmagy boýunça S.Niýazow bir günlük sapar bilen bu ýurda gidip geldi. Ol Bender-Apbasa baryp, Bafk, Benderapbas, pars aýlagyndaky portda gidýän demirýol liniýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
1995-nji ýylyň 6-njy Apreli Saparmyrat Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk Ministri Seýit Garazi (Harrazi) kabul etdi we kommunikasiýa babatda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek barada Eýranyň teklipleri bilen tanyşdy.
1995-nji ýylyň 4-nji Iýuny S.Niýazow hökümet delegasiýasyna baştutanlyk edip, bir günlük sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna gidip geldi. Saparda mahaly iki taraplaýyn gatnaşyklar, Kaspi deňziniň resurslaryny peýdalanmak, iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy meseleleri barada Prezident A.A.Haşemi Rafsanjanynyň baştutanlygyndaky Eýran hökümet delegasiýasy bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikler netijesinde maglumata Türkmenistan-Eýran gaz prowodunyň gurluşygy hakyndaky protokola gol çekildi. Dokumentleriň ikisi hem 6-njy Iýulda çap edildi.
1995-nji ýylyň 9-njy Awgustynda S. Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Transport we Ýollar Ministri Türkany kabul etdi. Aşgabat-Gökdepe ýoluny gurmak we ilaty nowasuw (agyz suw) bilen üpjün etmek, aragatnaşyk babatda hyzmatdaşlyk etmek, Eýranyň Ukraina, Azerbaýjan we Gruziýa (gürjüstan) bilen üç taraplayn hyzmatdaşlygyň perspektiwalary ýaly-meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
1995-nji ýylyň 25-nji Awgusty S. Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň mejlisiniň daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Hasan Ruhanyny we onuň komissiýasynyň işi baradaky orunbasary Muhammet Jewad Laryjanyny kabul etdi. Iki ýurduň we iki parlamentiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň edildi.
1995-nji ýylyň 5-nji Sentýabrynda S. Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit Ministri Agazadany kabul etdi we onuň bilen türkmen gazyny Eýrana akdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşyldy.
1995-nji ýylyň 11-nji Oktýabrynda S. Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň täze adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Seýitmehdi Mirabutalybyň ynanç hatyny kabul etdi. Iki ýurduň arasynda öň baglaşylan ylalaşyklaryň we şertnamalaryň praktiki taýdan durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
1995-nji ýylyň 8-nji Noýabrynda S.Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary Işler Ministriniň orunbasary Waezini kabul etdi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hakda gürrüň boldy.
1995-nji ýylyň 25-nji Dekabrynda S. Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary Işler Ministri Doktor welaýaty bilen duşuşdy. Iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy, şeýle hem Türkmenistanyň we Eýranyň, Russiýa, Ukraina, Ermenistan we Hindistan bilen üç taraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýollaryny ara alnyp maslanatlaşyldy.
1995-nji ýylyň 30-njy Dekabrynda S. Niýazow asly türkmen eýranly biznesmen Anna Ahundyny kabul etdi. A. Ahundy özüniň Aşgabatda gurmakçy bolýan sport-sagaldyş kompleksiniň gutarnykly taslamasyny alyp gelipdir. [1]
1996-njy ýylyň Noýabr aýynyň 24-nji güni EYR-nyň mejlisiniň şol wagtdaky müdiri jenap Nurynyň Türkmenistana sapary we iki ýurduň mejlisleriniň bilelikdäki memorandumyna gol çekildi.
Şeýle hem şol bir wagtyň özünde ýurduň bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky üçünji maslahatyny Aşgabat şäherinde geçirildi.
1997-nji ýylyň Noýabr aýynyň 24-nji güni iki ýurduň bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlygyň dördünji maslahaty Tähran şäherinde geçirildi.

1997-nji ýylyň Dekabr aýynyň 28-nji güni EYR-yň Prezidenti jenap Seýit Muhammet Hatamynyň Garaşsyz Türkmenistana ilkinji gezek sapary başlandy.
Şol wagtyň özünde iki ýurduň baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasynda ýerine ýetirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin Körpeje-Kurtguý gaz geçirijisiniň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem gol çekilen ykdysady we söwda ylalaşyklary esasynda Eýrana gaz satylmagy durmuşa geçirildi.
1998-nji ýylyň Maý aýynyň 30-njy güni iki ýurduň bilelikdäki konsul we serhet işleri boýunça komissiýanyň ikinji maslahaty geçirildi.
Şeýle hem şol ýylyň dowamynda 8-nji Iýun aýy Garaşsyz Türkmenistanyň Prezidenti Jenap S.A.Nyýazowyň EYR-yna resmi sapary başlandy. Şonda iki ýurduň Prezidentleri jenap S.Hateminiň we jenap S.A.Nyýazowyň gatnaşmagynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky protokola Tähranda gol çekildi.

1999-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 20-nji güni pol-e Hatun etrabynda iki ýurduň serhedinde ýerleşýän “Dostluk” suw howdanyny gurmak we ulanmaga berilmek baradaky ylalaşygyna EYR-yň Daşary Işler Ministri jenap Harrazy we Garaşsyz Türkmenistanyň Prezidenti jenap S.A.Nyýazow tarapyndan Aşgabat şäherinde gol çekildi.
2000-nji ýylyň Noýabr aýynyň 24-nji güni Aşgabat şäherinde iki ýurduň bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň bäşinji maslahaty hem-de bilelikdäki konsul we serhet işleri boýunçaq komissiýanyň üçünji maslahaty geçirildi.
2001-nji ýylyň Mart aýynyň başynda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Dostluk” adyndaky suw howdanynyň düýbi tutuldy.

2001-nji ýylda Tähran şäherinde iki ýurduň bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlygynyň komissiýasynyň altynjy maslahaty hem-de bilelikdäki konsul we serhet işleri boýunça konissiýanyň dördünji maslahaty geçirildi.
2002-nji ýylyň 22-nji Aprel aýynyň EYR-yň Prezidenti jenap Hateminiň Garaşsyz Türkmenistana iki taraplaýyn duşuşyk hem Hazarýaka urtlarynyň SAMMIT-yna gatnaşmaga resmi sapary boldy. [2]
Umuman hemme taraplaýyn Eýran-Türkmen gatnaşyklarynyň häzirki zamana çenli hronologiki barlagyny alnyp barylýan netijeli işleri boýunça görkezilmeli bolsa, onda elimizdäki işiň göwrümi has köpeler. Işiň dowamynda 1990-njy ýyldan bäri bu gatnaşyklar hakda hronologiki barlaglarynyň esasynda onuň durmuşa geçirilen we netijesini görkezen işlerini barlap geçdik. ... DOWAMY bar!

----------------> Çykgytlar we Edebýat:
1 comment:
1. Garaşsyz., (görk iş)
2. “Dostluk”, E.Y.R-nyñ Türkmenistandaky ilçihanasynyñ Medeniỳet Merkezi, Aşgabat-2002ỳ., 3sah.
Post a Comment