Thursday, May 6, 2010

II Bölüm : Türkmenistan we Eýranyň arasyndaky medeni gatnaşyklar

MAZMUNLAR: »»»

II Bölüm: Türkmenistan we Eýranyň arasyndaky medeni gatnaşyklar.........
a). Iki taraplaýyn medeni ösüşleriň netijeleri ...............................................
1. Türkmenistanyň aýdym-saz konsertini göýberiliş:....................................
2. Gülistan welaýatynyň geografik bölünişiklerini täzeden düzetmeli..............
3. Ähli sünni türkmenleriň hüjreleri hakda. ..................................................
b). Eýranda türkmen medeniýetiniň ösüşleri ................................................
c). “Türkmenistan – Eýran ” wekilleriniň duşuşyklarynyň yzgiderli görkezmesi

III Bölüm: “Türkmenistan – Eýran ” döwletara gatnaşyklarynyň Türkmensähra ülkesine eden täsiri
H E T I J E: ..............................................................................................
Peýdalanylan çeşmeler we edebiýatlar: .................................................

****************************
a). Iki taraplaýyn medeni ösüşleriň netijeleri:

Eýran-türkmen köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň uly göwrümini onuň medeni gatnaşyklary oz içine alýar. ‘ Eýran Yslam Respublykasynyň “ Yslam medeniýeti ösdürüş” ministri jenap aga-ýe D. Mehajeranynyň Garaşsyz Türkmenistana eden saparyndaiki döwlet arasynda medeni gatnaşyklary ýola goýmaga ylalaşyk şertnama gol çekildi. Şol sanda Eýranda we Türkmenistanda “ Medeni hepdelik güni ” bellik edildi. Şol ugurda Türlmenistanyň “ Medeniýet Ministrligi” Eýranda geçiriljek medeni hepdäni ýola goýmakda öz taýýardyklaryny yglan eydiler. Bu medeni hepdede Garaşsyz Türkmenistanyň dürli çeper sungatlary, el hünärler, surat kartynalary, şeýle hem Azady adyndaky medeni toplum merkezindäki saz-sungat öz ýokary dabarasy bilen alynyp baryldy. Bu waka iki uly ýurdyň taryhy gatnaşyklarynda ýazga geçirildi.” [1]
Şeýle hem Eýran gazet-žurnallarynda Türkmenistan hakda ýurduň göwrümi, ilat sany, milletleriň dürliligi. Orta Aziýa we EKO jemgyýetine girýän döwletleriň statistikasy we beýleki babatlarda dürli maglumat berlip dur. Şol sanda Eýranyň Gülistan welaýatynda “Ýaprak” atly žurnalda hem bu babatlarda dürli maglumatlara gabat gelýäris.
Ýatlanan žurnal Türkmenistanyň ilat sany hakda berýän maglumatlarynda Türkmenistan öňki Respublikalaryň arasynda 13-nji ýerde, EKO-nyň agzalygynda durýan ýurtlaryň arasynda bolsa iň az ilatly ýurt hatarynda durýar." [2]
Eýranda Gülistan welaýatynda çykýan “Ýaprak” žurnaly iki ýurduň medeni gatnaşyklary barada şeýle agzap geçýär. Syýasy gatnaşyklaryň başlangyjy Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Aşgabat şäherinde 1374-nji h.ş ýylyň deý aýynda hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet merkeziniň açylmagy bilen düýbi tutuldy.Iki ýurduň medeni ylalaşygy 10-14-1371-nji h.ş. ýylda ýazylyp 20-10-1372-nji h.ş. ýylda Yslam Şura Mejlisinden tassyklanyp 11-12-1372-nji h.ş. ylda hem “Garawullyk soweti” oňa güwä geçdi.Eýran Medeni Merkeziniň gurulan jaýy Aşgabat şäheriniň iň oňat merkesinde Eýran migmarçylyk usuly bilen 1378-nji h.ş. ýylda bina edilip Eýranyň “Yslam ösdüriş medeniýet Ministri bilen Türkmenistanyň Medeniýet Ministrleriniň tarapyndan resmi aşläp başlady”.
Iki milletiň medeniýetiniň ýakynlygy sebäpli iki ýurduň ilaty birek-bireginiň medeni meýilnamalaryna gyzyklanyp oňat garşy alyp bardylar. Şol ugurda iki ýurduň arasynda esli gezek medeni we çeperçilik sergileri we saz-sungat, teatr hem sport kamandalary ýola goýulyp alyş-beriş boldy. Şu güne çenli iki gezek ýylsaýyn medeni hyzmatdaşlyk protokoly iki ýurduň medeniýet ministrleri tarapyndan gol çekilip ýerine ýetirildi. Tährandaky geçirilen “Türkmenistanyň medeni hepdesi” hem şol esasda alnyp baryldy. Şeýle hem “Dähaýe Fäjr (Eýran Respublikasynyň on günligi” günler)” günleri hem “Eýranyň Medeniýet hepdesi” Türkmenistanda geçirdiler. Şeýle hem Trkmen sungat toparlary esli gezek Maşada-Gürgene we Tährana baryp sergi açyp sungat meýilnamalaryny göýberdiler." [3]
Magtymguly Pyragynyň 2007-nji ýylyň Maý aýyndaky kongeresine Garaşsyz Türkmenistandan gatnaşan alymlar:
sagdan çepe:
1.Mətjumaýow, 2. Ahmet Məmmedow, 3. Kakajan Ata
ýow, 4. Hezretguly, 5 Mülkamanow, 6. Almaz Yazberdiyow we beýlekiler...
Eýran-Türkmen medeni gatnaşyklaryň dowamynda, Maşat uniwersiteti bilen Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetleriniň aralarynda 1999-2000-nji okuw ýyly üçin 10 maddadan ybarat bolan medeni hyzmatdaşlyk ylalaşyk şertnamasyna gol çekildi. Şol ylalaşyk şertnamalarynyň birinde Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda sapak bermek üçin bir tom pars dili metodikasy kitabyny iki uniwersitetiniň mugallymlarynyň kärdeşliginde ýazyp çykarmak taryh we geografiýa ugurlarynda 25 sany talyp we mugallymlaryny Ferdowsi uniwersitetine ýollamak bolup durýar. Şol şertnama esasynda Maşat uniwersiteti pars we arap dili mjugallymlary we Magtymguly uniwersiteti bolsa sapak geçirmek üçin rus dili mugallymlary Ferdowsi uniwersitetine üpjün edip ugratmaga borç edinýärler. [4]
Eýran-Türkmen medeniýet gatnaşyklaryny dürli ugurlarda işeňňir alnyp barylýar. 1999-njy ýylyň 12-nji awgustyndan 19-njy awgustyna çenli Eýran Yslam RespublikasyndaTürkmenistanyň bezeg-amaly sungatynyň nobatdaky sergisi geçdi. Horasan welaýatynyň Maşat sergide Gylyçmyrat Ataýewiň ýasan ýuwelir zatlarynyň we aýal-gyzlaryň milli şaý-sepleriniň 28-si görkezildi, olar Türkmenistanyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky milli muzeýinden we paýtagtyň çeperçilik gaznasyndan seçilip alyndy—diýlip Trkmen press habar serişdeleri habar berýär. [5]
Eýranyň Medeniýet we Yslam ösdürişi Ministriniň Türkmenistana sapar edip iki ýurduň medeni hepdeligini ýola goýuş ylalaşygyna gol çekilenden soň Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatda ilkinji gezek 1998-nji ýylda “Medeni hepdeligi” ýola goýuldy. Şol wagt hem Türkmenistanyň hem medeniýet Ministrligi öz ýurdunyň Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky “Medeni maslahathanasyna” yglan edildi.”
Medeni hepdäni ýöriteleşdiriş işleriniň jogapkärçiligini “Yslam medeni Aragatnaşygy guramasynyň “Medeni we sungat” edarasynyň üstüne atyldy.
Türkmenistanyň medeniýet delegasiýasynyň 12 adamdan ybarat bolup olardan 10 sanysy saz-sungatçylar toparyna degişli bolup durýar (Elbetde olardan üçüsi aýdymçylar). Şeýle hem Türkmenistanyň hormatly mMinistri barandan beýläk “Medeniýet we Yslam ösdüriş” ministri jenap agaýi Mahajeranynyň myhmanydy. Bu medeni hepdelikde ýatlamaly geň zatlar olaryň milli saz gurallaryndan akkardeon, klarnet, tar, kemança (gyjak), tarbas, dep we birnäçe beýleki gurallar hem göze ilýärdi. Ýene-de 30 sany ýagly reňkli kartinalar, 32 sany milli egin-eşikler we 18 sany gadymy şaý-sepler hem bardy.
Türkmenistanyň “Medeni hepdeligi” Eýran Yslam Respublikasynda 1378-nji ýylyň azär aýynyň 13-ine şebne güni öýleden soň sagat dörtde Azady adyndaky sungat-medeniýet kompleksinde jenap agaýi doktor Mahajeranynyň huzurynda Türkmenistanyň Medeniýet Ministri, Prezidentlik depderiniň wekili jenap agaýi Telep, Medeniýet ol Yslam ösdürişi Ministrliginiň sungat işleriniň orunbasary jenap agaýi Mohändes Kazami, Aragatnaşyk Ministrliginiň orunbasary jenap agaýe Kerimýan, sungat we medeniýet hyzmatdaşlygynyň baş müdiri Aly Mededi we beýleki birnäçe daşary ýurtlaryň ilçileri hem birnäçe medeni we syýasy şahsyýetleriň goşulmagy bilen kuran mejitden birnäçe aýat okalyp açylyş yglan edildi.
Ilki başda iki ýurduň milli gimnleri ýaňlandy. Ondan soň Türkmenistanyň hormatly Medeniýet Ministri gadymy ortak taryhy we medeniýetleriň bardygy, hususan-da Türkmenistanda jaýlanan meşhur şahyr Abusaid Abulhaýr (Mäne obasy) we türkmeniň beýik akyldary Magtymgulynyň jaýlanandygy hakda gürrüň etdi. Ol gürrüňiniň soňunda Eýranlylary türkmenleriň dürli medeniýetleri bilen tanyş etmäge Türkmenistanyň medeni hepdeligini ýyl saýyn dürlilikde geçirip durmagy belläp geçdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň aýdym-saz toparlary öz aýdymlaryny aýdyp iki ýurduň ministrleri sergini açyp beýleki myhmanlar bilen bilelikde sergiden görme-görüş etdiler.
Bu “Medeni hepdeligiň” plan programmalary “Sergi we aýdym-saz” ýerine ýetiriliş işleri bilen häsiýetlendi:
I. Sergi:
Sergi Azady adyndaky muzeýiň Nigarhana
zalynda üç bölekde girizildi:-Türkmen bezegi

A). Suratkeşlik sungaty:
Bu böümde Türkmenistanyň häzirki sungatçysy Gurbangeldiýewiň 30 sany ýagly reňkdäki kartinalar sergä göýberildi.
B). Falklýor egin-eşik sungatlary:
Bu bölümde hem 22 sany erkek we aýal maşgalalaryň gadymy egin-eşikleri dürli guşaklary we telpekleri bilen sergä göýberilipdir.
Göýberilen egin-eşikleriň has taryhy gymmatlyklarynyň bardygyny we ilkinji gezek Türkmenistanyň Milli Muzeýinden çykarylandygyny belläp geçmek örän giňdir.
Ç). Milli şaý-sepler:
Bu bölümde hem 18 bölekden ybarat bolan gadymy zenan şaý-sepleri we gadymy harby esbaplaryň Türkmenistanyň Milli Muzaýinden getirilip sergä göýberilendigini görýärsiň. ...
1. Türkmenistanyň aýdym-saz konsertini göýberiliş:
Türkmenistanyň aýdym-saz toparlarynyň 10 adamdan ybarat bolan topar bilen, onda dutar, tarbas, gyjak, dep, akkardeonwe klarnet ýaly saz gurallary bilen ýerine ýetirilýärdi. Bu topardan 3 adam aýdym hem aýdýardy. Aýdymçylaryň arasynda birisi ýolbaşçylyk edip hem-de her programmanyň aralygynda iki sany pars dilindäki aýdymlardan ýerine ýetirilmegi has gyzyklydy. Bu toparyň ulanýan saz gurallary bilen filarmonik sazlary ýerine ýetirilişi tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekip esasanam Tährandaky ýaşaýan türkmenleriň göwnünden turýardy.
Ýokardaky ýatlanan gatnaşyklaryň düýbi 1992-nji ýyldan bäri başlanypdy. “Şol ýylyň 26-njy noýabrynda S. A. Nyýazow “Halk Amaly-Haşam” sungatynyň ikinji türkmen-eýran” sergisine gatnaşyjylara iberen gutlag haty çap edilipdi."[6]
Türkmen bezegi
Şeýle gatnaşyklaryň dowamynda 1993-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda S.A.Nyýazow Eýran Yslam Respublikasynyň içeri işler ministri Abdylla Nurynyň Horasan welaýatynyň general gubernatory Yslam Mofidini, daşary işler ministriniň baş direktory Mohteşeminiň baştutanlygyndaky Eýran Yslam Respublikasynyň delegasiýasyny; şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň hukuk goraýjy organlarynyň ýokary wezipeli adamlaryny kabul etdi. Kabul edlişikde iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek we neşe söwdasyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmek hakynda pikir alyşdylar." [7]
Şeýle gatnaşyklaryň dowamynda Eýranyň Gürgen Radiýostansiýasynyň žurnalist işgäri Musa Jürjäni Garaşsyz Türkmenistana syýahata gelip gidenden soň “suý be Märw-e Torkämenestan, be suýe Märw-e gädim (Türkmenistanyň Mary şäherine we Merwe tarap)” atly eseri ýazyp, ol Türkmenistanda görüp-eşiden zatlary hakda gyzykly gürrüňler alyp barypdyr.Ol öz makalasynda Türkmenistanyň Eýran bilen medeni, taryhy, edebi we beýleki ugurlardaky meňzeşlikleri we gatnaşyklary hem-de yslan dininiň täsirleri barada esasanam Marynyň taryhy maglumatlaryny ýygnap giňden gürrüň açýar." [8]
Türkmen gözel gyzy

Öňde belläp geçişimiz ýaly medeni aragatnaşyklary giňden alyp barmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherinde medeniýet barada ýörite guramasy açyldy. Onuň häzirki wekili Gulamhuseýn Gulamhuseýnzade iki ýurduň medeni gatnaşyklary barha pugtalandyrmagyň ugrunda iş alyp barýardylar.
Dürli gazýet-žurnallaryň birinde-de; “... Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Seýit Ibrahim Derazgisu “Eýran-Türkmen” gatnaşyklaryny has hem pugtalandyrmakda bitirýän aýratyn hyzmatlary üçin Garaşsyz Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Niýazowyň hut öziniň tarapyndan, jenap Seýit Ybrahym Derazgisuwny, geçen ýyl “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Altyn zynjyry” medaly” bilen sylaglady.”. –diýilen habar çap edilipr.
Türkmen baýramy
Bu ýokary sylag Türkmen-Eýran halklarynyň gatnaşyklarynyň nähili derejede ähmiýetiniň bardygyny subut edýän ýekeje mysaldyr.
EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Medeniýet Merkeziniň” işgärleri hem, jenap doktor Gulamhuseýn Gulamhuseýnzadanyň ýolbaşçylygynda iki halkyň gadymdan bäri dowam edip gelýän medeni gatnaşyklaryny has hem ösdürmek üçin köp işleri durmuşa geçirýärler. Medeniýet Merkeziniň bu ugurdan alyp barýan işleri sanardan köp." [9]
Eýran Yslam Respublikasynda Seýitmuhammet Hatemi Prezidentlige saýlanandan beýläk öz meýilnamalaryny durmuşa göýbermek üçin alada edýärler. Onuň alyp barýan meýilnamalary kähalatda täsirli we käbir şertlerde kemtäsir häsiýetde alnyp barylýar. Onuň “Sowet” sistemasyny ýola goýmagy we saýlaw ýaly şoňa meňzeş Reformalar Türkmensährada-da azda-kände köpçüligiň medeni-syýasy taraplaýyn işjeň gatnaşmagyna iterýär.
Şol ugurda Gülüstan welaýatyna degişli “Gülşen-e mehr” gazetinde Musa Jürjäniniň “Türkmenler özgerişikleriň dowamynda” atly makalasynda şeýle matlaplary beýan edýär: “Şuraýe Islami Mejlisiň” orta tapgyr saýlawlarynyň ýakynlaşmagy bilen Gülüstan welaýatynda türkmenleriň islegleri hem Agaýe Hateminiň döwletinden kem-kemden özüni görkezip başlaýar. Sebäbi Gülüstan welaýatynyň türkmenleri Agaýe Hateminiň ikinji gezek Prezidentlik saýlawynda 90 göterim ses berdiler. Beýle giňden goşulyşmagyň düýp manysy olardan ýapyk we açyk islegleriniň beýany hem olaryň Gülüstan welaýat edara kadrlary boýunça mahrumlygynyň sütemkeşliginiň äşgär beýanydyr.
Türkmenleri Agaýe Hateminiň birinji tapgyr Reformalarynyň berekedinden 100 sany syýasy we syýas-administratiw orun hem-de 500 sany syýasy däl adminiztratiw orunlaryndan ençeme ýyllar garaşykdan soň ýurduň jogapkär şahsyýetlerine bil baglap diňe 6 sany welaýat boýunça welaýatyň orunbasarlygyna hem 4 sany etrap häkimligi oruna hem bir sany hem Bilim we Okuw edara orunlara eýe boldular.
Welaýat boýunça jogapkär işgärleriň türkmen halkyna jogäpkärçiligi birneme artar ýaly bu san edara orunlary artdyryp türkmen alym-kärşynaslary we işewür wekilleri welaýat boýunça öz kowumynyň ykbal çözüji işlerinde şärik bolar ýaly Gülüstan welaýatyndaky göze görnüp duran jemgyýet sanly türkmenleriň barysy Prezidetlik saýlawynyň ikinji tapgyrynda-da bütin güýji bilen goşulyşdylar. Şeýle gatnaşyklaryň sebäbi türkmenleriň kanun esasynda öz tebigy isleg-hukuklaryna eýe bolmakdyr. Türkmenler hiç haçan nähak islegleri soramazlar. Welaýatyň jogapkär işgärleri hem syýasy-jemgyýetçilik toparlar türkmenleriň sünnidigini, köpsanly we serhet boýlylygynygöz öňüne tutmalydyr." [10]
Bu makala türkmenleriň isleglerini 7 sany punkt boýunça şeýle görkezilýär:
2. Gülüstan welaýatynyň geografik bölünişiklerini täzeden düzetmeli.
Yslam Şura Mejlisiniň wekil saýlawçylarynda, berilýän ses sanlary göz öňüne tutup welaýat tabynlyklarynda türkmen etrap-şäherlerini öz parallelligindäki köp jemgyýet sanly pars etrap-şäherleriniň tabynlygynda düzüpdirler. Netijede bolsa, mejlise wekil saýlanmak üçin türkmen kondidaturalary gerekli sesi ödäp bilmäni pars kandidaturalaryndan az ses getirdip türkmenlerde mejlise wekil saýlanyp bilmeýärler. Mysal üçin Kümüşdepe, Hojanepes we Bendertürkmen ýaly şäherleri köp jemgyýet sanly Bendergez we Kurtguý şäherleriň tabynlygynda, Akgala şäherini uly Gürgen şäherine, Kelala şäherini Minudeşt şäherine bagly edilip planlaşdyrylýar.
Makalanyň 7 sany islegnamasynyň 2-nji punkynda şeýle görkezilen:
3. Äähli sünni türkmenleriň hüjreleri hakda:
Ähli sünni türkmenleriň hüjrelerine üns berip ondan okuwyny tamamlap çykýan molla-talyplary birinjiden döwlet tarapyndan hiç hili goldaw berilmeýär, ikinji bir jähtden okuwyny tamamlan talyplaryň diplomy döwlet organlary tarapyndan ykrar edilmän, serbaz gullygyna äkidilýär. Olary serbaz gullugy hökmünde şol hünärlerde mugallym belläp göýbermeli.”.
Şeýle hem bu makalada türkmenleriň birnäçe isleglerine degişli meseleleri orta atyp 7-nji punktynda bolsa, Eýran Yslam Respublikasynyň Orta Aziýadaky ýurtlaryň ylaýtada Türkmenistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň medeniýet işlerinde Eýran türkmenleriň medeni-spesialistlerini işletmeli. Şeýle bolan ýagdaýda iki ýurduň medeni aragatnaşyklaryny ösdürmekde täsirli rol alyp barar.
Türkmenleriň görkezilen kanuna laýyk islegleri ýerine ýetirilse Gülüstan welaýatynyň geljekde ösüp ýurda täsir goýjakdygy ikiuçsyzdyr. Şu meselelere welaýatyň jogapkär işgärleri we prezidentligiň wekilleri üns bererler diýip umyt edýäris." [11]
b). Eýranda türkmen medeniýetiniň ösüşi:“Ruhnama” kitabynda jenap Saparmyrat Nyyazowyň dilinden şeýle setirlere gabat gelýäris: “Türkmen asyrlar boýy diliniň, sazynyň hem döwre guramasyny saklamagy başarypdyr”. Munuň aňyrsynda onuň milli buýsanjy, özüne göwni ýetmesi bar: “Şeýle häsiýetlenen bu türkmen dünýäniň niresinde-de bolsa; döwür bilen döwrebap hereket etmegi başarýan türkmendir.”. [12]
Bu gün dünýä türkmenleriniň Beýik Türkmenbaşysy bar. Biziň ýakyn goňşy ýurdumyz Eýranda-da türkmen metbugatlary esli wagtdan bäri ylaýtada Seýitmuhammet Hateminiň şol birinji etapda Prezident saýlanandan soň birnäçe metbugat örboýuna galdy.
Iki ýurduň hemme taraplaýyn gatnaşyklarynyň miwesiniň biri hem Eýran türkmenleriniň arasynda dürli žurnal-gazetleriň türkmen milli medeniýetini, taryhyny, edebiýatyny ýokarlandyrmakda alyp barýan roly has gyzyklydyr.
Şol žurnal-gazetleriň biri hem Eran türkmenleriniň arasynda giňden ýaýran “Fragy” žurnaly bolup durýar.
Bu žurnalyň ösmegi netijesinde uly abraýa eýe bolýar. Sebäbi ol iki ýurduň-da türkmen medeniýetine gullyk edýär. Bu žurnal Gülüstan welaýatynyň merkezi Gürgen şäheristanynda “Fragy” atly neşirýatyň tarapyndan şol atda göýberilýär.Ýeri gelende ýatlap geçsek bu neşirýat bu güne çenli 70-den gowrak kitap neşirýatlary dürli mowzuklarda durmuşa hödürläp dur.
“Fragy” žurnaly her üç aýdan bir gezek çap edilýär. Onuň baş direktory lisenziýaly Eýran türkmenleriniň taryhçysy Arazmuhammet Sarlynyň adyndan berilýär.
Bu žurnalyň 5-nji sanynyň 35-nji sahypasynda “Ruhnama” diýlen mowzukda Saparmyrat Niýazowyň ýazan kitaby “Ruhnama” hakda Eýran köpçüligini tanyş edýär.
Beýleki bir makalada, XIX asyrda ýaşap geçen türkmeniň ýomut hany Begenç han “Daz” taýpasyna degişli edilýär. Emma ýazuw çeşmelerde ol “Düýeji” taýpasynyň hany bolupdyr.
“Fragy” žurnalynyň 7-nji sanynyň 2-nji sahypasynda türkmen halkyň 120 ýyllyk taryhynyň meşhur pidasy “Artykgül” – Tatýananyň belli suraty berilýär.
Bu sanyň 4-5-6-njy sahypalarynda “Ýaprak” žurnalynyň baş müdüri Ýusup Gojik bilen gepleşik alynyp barylýar. Onuň 6-njy sahypasyndaky görkezilen işi Garaşsyz Türkmenistanyň “Saparmyrat Türkmenbaşy” adyndaky Milli Kitaphanasynyň pars dilinde ýazylan golýazmalarydyr, kitaplaryň storygrafiýasyny düzendigi hakda maglumat berilýär”.
Žurnalyň 9-njy “taryh” sahypasynda “Gaýi ili taryhyň güzerinde” atly makala berilipdir. 15-nji sahypada Eýranyň Hoeasan welaýatynda ýaşaýan Salyr türkmenleri hakda gyzykly makala bar.
Žurnalyň 22-nji “Edebi” sahypasynda meşhur şahyr Mämmetweli Keminäniň “Genji nahana zülpüň” atly edebi mowzug, 32-nji sahypasy “Miras” ady bilen Baýynderi türkmenleriniň “Gazy Hojanyň oglyÝegeň” diýlen makala Bibihamyda Mämmetnyýazynyň ady bilen göýberilipdir. Şeýle hem žurnalyň “Edebi” sahypasynda Garaşsyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet uniwersitetiniň mugallymasy Şähribossan Geldimämmedowyň “Maňa ýalňyzlyk gowy” diýlen makalasy we žurnalyň arheologiýa baradaky sahypasynda bolsa meşhur Maşat Misserian “Dehistan we Maşat Misserianyň geçmişine nazar salaly” atly makala berilipdir. Makala Horasan welaýatyň “Medeni Miras öwreniş” merkeziniň orunbasary Rejepaly Liýaf Hanikiniň işi berilipdir. Makalda Türkmenistanyň taryh we arheologiýa ylymlarynyň akademigi Professor Ýegen Atagarryýewiň rus we türkmen arheologikleri bilen gazuw agtaryş işleri alnyp barylýandygy hakda we bu ekspedisiýa toparlaryň professor Ýegen Atagarryýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji gezek arheologik kartasyny çyzandyklary barada habar berilýär.
Žurnalyň 42-nji sahypasynda “Bender türkmen port deňiz duralgasy” makalada bu türkmen şäheristany hakda köp meýilnamaly port şäheri hökmünde alnyp barylýan maksatnamadyr meýilnamalary bilen okyjylary tanyş edilýär.
Bu sanyň 48-nji sahypasynda “Gökdepe pajygasy hakda, Eýran çeşmelerinde we arhiw materiallarynda berilýän maglumatlar barada gyzykly derňew geçirilýär. Şeýle hem käbir sahypalarynda türkmen dilinde goşhudyr hekaýa we beýleki edebi çeperçilikler bilen okyjylary tanyş edilýär. ” [13] ... DOWAMY BAR ...
----------------| Çykgytlar we Edebýat:
Post a Comment