Saturday, February 6, 2010

III BAP: TÜRKMEN-EÝRAN KÖPTARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYNYÑ BAŞLANMAGY WE ÖSDÜRILMEGI:


=============================================
MAZMUN
=============================================
• MESELÄNIŇ GIRIŞ ÄHMIÝETI: ..................................................
III BAP : EÝRAN-TÜRKMEN KÖPTARAPLÝYN GATNAŞYKLARYNYŇ BAŞLANMAGY WE ÖSDÜRÜLMEGI:.................................................................................
I bölüm : “ Türkmenistan – Eýran ” yktysady gatnaşyklary .......
a). Mawy ýangyç, demir ýol we senagat gurulşyklary ...................
b). Hazarýaka meseleleri ....................................................................
II bölüm: Türkmenistan we Eýranyň arasyndaky medeni gatnaşyklar...
a). Iki taraplaýyn medeni ösüşleriň netijeleri ...................................
b). Eýranda türkmen medeniýetiniň ösüşleri ...................................
j). “Türkmenistan – Eýran ” wekilleriniň duşuşyklarynyň yzgiderli görkezmesi ..............................................................................................
III bölüm : “ Türkmenistan – Eýran ” döwletara gatnaşyklarynyň Türkmensähra ülkesine eden täsiri .......................................................................................................
H E T I J E : ...........................................................................................
Peýdalanylan çeşmeler we edebiýatlar : ............................................
==============================================

* MESELÄNIŇ GIRIŞ ÄHMIÝETI
* Garaşsyzlykdan bäri “Türkmen – Eýran” gatnaşyklary:


Garaşsyz döwletiň Altyn asyrynda ýurdy dünýä özgerişlikleriniň öňe gidiş tizliginiň garmoniýasy bilen bir hatarda alyp barmaga, ýurt, parasatly müdiriýetligi talap edýär. Ýurdy şeýle dolandyrmagyň maksatnamasynda ýerlikli prinsipleri gözöňüne tutulýar.
Öňki düzgün entäk doly synmazyndan öň, Saparmyrat Niýazowyň buýurugy boýunça 1985–1987–nji ýyllardan başlap Garaşsyzlygyň ilkinji halkara diplomatik gatnaşyklary hakynda 1990-njy ýylyň awgust aýynda “Jarnama” kabul edildi. Şondan soň dürli pudaklarda-da geljekki meseleler üçin Garaşsyzlygy ödejek esasnamalara täzeçe seredilip başlandy.
1991-nji ýylyň Maý aýynda “Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Birleşigini (Dünýä Türkmenleriniň Ynsanperwer Birleşigini)”1 gurmak we goňşy ýurtlar bilen dostlykly-doganlykly gatnaşyklaryň zerurlygy netijesinde erkin gatnaşyklaryň düýbi tutulýar. Şol sanda Eýran Yslam Respublykasy bilen hem Türkmenistanyň arasynda 1990-njy ýyllardan başlap ähli taraplaýyn aragatnaşyklary ýola goýmaklygyň prinsiplerini öwrenilip başlanýar. Saparmyrat Niýazowyň Eýran Yslam Respublykasyna resmi saparlary, iki ýurdyň bähbitli gatnaşyklaryny hasam pugtalandyrmagyna ýardam etdi.
Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda Eýran Yslam Respubliksy bilen birek-birege diplomatik aragatnaşyklara doly düşünişmek we ynanmak esasynda ýola goýmaga, hemme taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge üns berilýär. Medeniýet, däp-dessur, bu iki halky diýseň ysnyşdyrýar. Olaryň arasynda söwda we tehniki hyzmatdaşlygyň we oba hojalygy babatynda, nebit-gaz pudagyny, bank işlerini we ulag gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ylalaşykly çözmek babatda birek-birege işjeň goldaw bermegiň ajaýyp nusgasy bolup biler." 2
Garaşsyz Türkmenistan geografiki taýdan Gündogar uzak Aziýany Ýewropa portlarynda birikdirmek üçin Ýüpek ýoluň içine girýär. Ikinji bir tarapdan Hazaryň gyrasy we deňiz port ýolunyň ony Garadeňize we açyk deňizlere baglanyşdyrmaga hem Eýranyň üstünden Pars aýlagyna çenli ýol açmagy Türkmenistanyň belli bir tranzit merkezine öwrülmegi üçin, mynasyp ýerliginiň bardygyny Eýran Ýslam Respublikasynyň ykdysady-syýasy işöwürleri nygtaýarlar." 3
Bu täze garaşsyz ýurtlaryň ýollaryny Eýranyň Günorta regionlaryna , ýagny Pars Aýlagy hem Amman deňizleriniň port şäherlerine ýetirmek we päkistan, Türkiýe we Azerbaýjan ýaly goňşy ýurtlaryna tarap ýolyň uzaklygyny ýakynlaşdyrmak üçin Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan öz içeri şäherleriniň arasyndaky demir ýol ulgamlaryny çaltlyk bilen gurup, işe goýberilýär. Umuman aýdylanda berilen meýilnamalar boýunça Eýranyň ýurt boýunça demir ýolynyň uzynlygy 23 müň kilometre barabar bolup, ýagny 6700 kilometirden, azyndan 4 esse uzaljagyny bellediler." 4 Bu bolsa, Orta Aziýa we esasanam Garaşsyz Türkmenistan üçin amatly bir şert bolup durýar.
Saparmyrat Niyazowyň alyp barýan meýilnamalary netijesinde 1990-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda, Eýran Yslam Respublikasynyň Mazenderan we Horasan welaýatlarynyň işöwür toparlaryny kabul etdi. Şonda Mazenderan welaýatynyň häkimi Seýid Ysmaýyl Manewiniň baştutanlygynda işjeň toparlaryň wekilleri söwda we kooperatiw kärhanalarynyň ýolbaşçysy bardy. Myhmanlar Türkmen topragynda bolmakdan galan täsirleri barada gürrüň berdiler. Aýtmaklaryna görä, olar dürli gepleşikleri ýola goýmak we ösdürmek üçin bu ýerde amatly şertleriň bardygyny düşünipdirler. Ilkinji gezek Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublika ýurtlarynyň iki goňşy parallel welaýatlarynyň aralarynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen şertnamalara gol çekdiler." 5
Ýurdyň ykdysadyýetini ösdürmegiň ugrunda we dünýä swelizatsiýasynyň sahnasynda çykmak üçin uly ädimler ädildi. Şol ugurda nebit-gaz ulgamlaryny ýurduň bähbidine rejeli peýdalanmagy göz öňüne tutuldy.
Saparmyrat Niýazowyň 1995-nji ýylyň 4-nji Iýulynda Eýran Yslam Respublikasynda sapary wagtynda Körpeje-Gurtguý (Kürtkuý) tebigy gaz geçirijisiniň taslamasyny taýarlamak we ony gurmak barada ylalaşyga geldiler. Türkmenistan ýurdyny dünýä bazaryna çykarmak üçin özboluşly derweze bolan Eýran bu energiýa ýolunyň taslamasyny işläp düzmegi we desgany ulanmaga taýarlamagy borç edindi. Eýran döwleti gaz ýatagynyň gurluşygyny we 140 kilometrlik gaz turba geçirijisini çekmegiň 80 göterimini maliýeleşdirmegi öz üstüne aldy. Türkmenistan 25 ýyllap Eýrana her ýylda 8 milliard kub metr gaz bermegi we Eýran gaz satyn alyp ugrandan üç ýyl geçenden soň, onuň türkmen territoriýasynda gaz geçirijisiniň taslamasyny taýarlamak we gurmak üçin çykarylan malie çykdajysyny töletmäge kepil geçdiler.
Şeýlelikde Türkmen-Eýran partnýorçylygy syýasy durnuklylyk faktoryna öwrülip, regoýonda döwlet aragatnaşyklarynyň ösdürilmegine hyzmat edýär.
Garaşsyz Türkmenistanda işleýän Eýran kärhanalary bu gaz geçiriji maksatnamasynyň işleýşi barada şeýle diýýärler: “Bu gaz turba marşrutynyň häzirki wagtda günde 10 million kub metr gaz geçiriji gurby (güýji) bolar. Ýöne bu möçber turbany käbir berkitme enjamlaryny ýerine ýetirilenden soň 26 million kub metre barabar bolup, turba marşrutynyň ýokary gaz geçiriji kuwwatlylygyny artdyrar”. 6
1992-nji ýylyň Dekabyr aýynda S. A. Niýazow Eýranyň prezidenti A. Haşemi.Rafsanjani bilen duşuşdy. Eýranyň üstünden Türkiýe we Ýewropa ýurtlaryna tarap gaz geçiriji turba çekmegi we Maşat, Sarahs we Tejen demir ýolunyň gurluşygy hem-de serhet geçelgelerini halkara geçelgelerine öwürmek hakdaky gepleşikler geçirildi.
SSSR synandan soň Eýranyň ýolabaşäçylarynyň öňündäki goýulan möhüm wezipeleriň biri demir ýol ulgamy boýunça merkezleşen aragatnaşyk ýoluny gurmak bolupdy. Bu ýol Merkezi Aziýa ýollaryny Eýranyň demir ýol ulgamyna birleşdirmelidi. Bu wezipäni 1996-nji ýylyň Maý aýy “Maşat-Sarahs-Tejen-” demir ýolunyň açylmagy bilen ýerine ýetirildi. Şol açylyş dabarasyna dürli ýurtlaryň 80 sany ýokary syýasy ýolbaşçylary hem-de olaryň prezidentleri gatnaşypdy. Bu geçelgäniň açylmagy bilen Merkezi Aziýa, Orsýet we Hytaý bilen söwda göwrümini ýokarlandyrma şerti taýýarlanyldy.
1996-njy ýylyň Maý aýyndaky “pol-e käşwäri” ýagny “ýurt köprüsi” atly Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen gurultaýda Eýranyň Daşary Işler Ministrliginiň wekiliniň aýtmagyna görä; “ Bu demir ýolyň gurylmagy bilen Hytaýyň gündogaryndaky Lianyungang portyna soňra Urumçi, Alma-ata, Taşkent, Sarahs, Maşat we Tähran şäherlerinden geçip Pars aýlagyndaky Bender Apbas port şäherleri baglanyşdyrýar. Şeýlelik bilen Merkezi Aziýadan pars aýlagyna, ondan hem Dünýä deňiz suwlaryna çykmagy şeýle hem Tähran-Istambul şäherleriniň üsti bilen bütin Ewropa we Roterdam şäherine çenli gatnaşygyň döremegi guwandyryjy maglumatbolup durýar. Netijede 300 kilometrlik aragatnaşyk Tejen-Saragt-Maşat demir ýoly guwanç bilen: “Demirden ýasalan ýüpek ýoly” ýagny “Ýüpek demir ýoly” – diýip nygtady.” 7
Dünýä ýurtlarynyň esasan hem goňşy ýurtlarynyň parahatçylykda näderejede biri-birine bagly bolup, olaryň arkalaşygynda dürli ösüşlere ýetiljekdigi, şu alnyp barylýan maksatnamalar mälim edýär. ...Dowamy ...

----------------> Çykgytlar we Edebýat:
Post a Comment