Friday, June 17, 2011

Eýran-Türkmen Köptaraplaýyn Gatnaşyklarynyň başlanmagy ... temasy boýunça

salgylanylan; Edebiýatlar we Çeşmeler :.........................

1. Garaşsyzlygyň Ynamly Ädimleri, Aşgabat, 1996-njy ý..
2. “Ettela’at”, sal-e 1379 h.ş. ý., № 22092 - Tehran.
3. “Fäslname-ýe Ettela’at-e syýasy”, sal-e 1377, № 133-134-Tehran.
4. “Peýk-e Häzär”, № 158 22, Ordibeheşt sal-e 1387,
5. “Ettela’at”, 29 Bähmen sal-e 1370.
6. “Ettelaat-e syýasy-ektesady”, № 75-76, sal-e 1372.
7. “Türkmenistan gazýeti”, № 285, 15 Noýabr 2001. ...

N E T I J E:

Garaşsyz Türkmenistan bilen EYR-nyň hemmetaraplaýyn gatnaşyklarynyň başlanmagy we ösdürilmegi ylmy-populýar işimizi jemläp aýtsak 10 ýylyň hasabaty diýsek ýalňyşmarys.
Sowet diýdimzor ulgamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda demir gözenek bolaandygy hemmämize mälimdir. Taryha nazar salsak şol demir gözenegi haçan gurulyp başlanandygyny bilse bolýar. Rus patyşasy bilen Eýran şasy tarapyndan serhediň çäklerini mälim etmek üçin “Gülüstan”, “Türkmençaý”, “Ahal-Teke”, “Güljemalhan”, ... ýaly, şertnalar düzülýär. Büs bütin bütöwi türkmen topragy ikä bölünyär. ...

Wednesday, June 15, 2011

II bap: Türkmenistan-Eýran döwletara gatnaşyklarynyň Türkmensähra ülkesine eden täsiri


Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri, goňşy döwletler bilen täze gatnaşyklara gadam basýar. Türkmenler “Öý alma-da, goňşy al!” diýlen atalar nakyla eýerdiler. Türkmenistan öz daşarky syýasatyny şunyň ýaly bähbitli şygarlar bilen ýola goýup başlaýar. Şol hatarda sosiýal-ykdysady, medeni gatnaşyklary ýola goýulup başlanylýar. Ilkinji ýyllarda türkmenler, Eýran tarapyndan ykdysady kömekleri hökmünde Türkmenistana un kömegini  berendikleri üçin, ýagşylygy ýatdan çykarylmajakdygyny belleýärler. ...

Wednesday, June 2, 2010

B). Türkmenistan–Eýran hökümet wekilleriniň duşuşyklarynyň yzygiderli görkezmesi “hronologýa”(1993-2002ýý.)


Häzir 1993-nji ýyldan 1995-nji ýyla çenli alnyp barylan gatnaşyklaryň belli-belli wakalaryny belläp geçeli.
1993-nji ýylyň 18-nji Awgust S.A.Nyýazow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Muhammet Waezini kabul etdi we onuň bilen gürrüňdeş boldy. Olar ýakynda Türkmenistana Eýranyň Prezidenti A.H.Rafsanjanynyň sapary, Saparmyrat Niýazownyň “Türkmen-Eýran” serhedini dostluk we doganlyk zonasy diýip yglan etmek hakyndaky teklibi barada pikir alyşdyrlar. S.A.Nyýazow iki döwletiň serhediniň üsti bilen Artyk-Lýutfabad (Lotpabat) we Saragt (Sarahs) serhet geçiriş punktlaryny gurmak barada tabşyryk berdi. Tejen-Sarahs-Maşat demirýolyny gurmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. »»»

Wednesday, March 31, 2010

c). Hazar ýaka meseleleri:

Hazar deňzi dünýäde iň uly we has gadymy kölleriň hasabynda durýar. Bu deňiz dünýä ekosisteminiň aýratynlygyny özünde, özboluşly ýerleýär we bu mekany başga deňizlerden aýratynlaşdyrýar.
“OPK” ýa-da “Opeýk Nebit Bileleşik” guramasynyň býulletiniň 1996-njy ýylyň Noýabryndaky nomerinde Eýranyň wekili jenap “Ardebili” bu guramada Hazar deňzi hakdaky meselelere kämil seredip öz nukdaýnazarlaryny beýan edipdirler: “...

Tuesday, March 9, 2010

b). Mawy ýangyç, demir ýol we senagat gurluşyk meseleler.

“Türkmengiprowodhoz” Institutynyň hünärmenleriniň hasaplamalaryna görä, Pulhatyn diýilen ýerde ýerleşjek / Sarahs / suw howdany suwuň I milliard 250 million kub metrini ýerleşdirer. Bu bolsa türkmen-eýran serhediniň iki tarapyndan ýerleriň 20 müň gektaryny suwarmaga mümkinçilik berer. Kiçeňräk elektrik stanciýalaryň 2 sanysyny goşmak bilen,şu suw howdanynyň ähli desgalarynyň bahasy ABŞ-nyň 167 million dollaryndan gowrak bolar. »»»

Tuesday, March 2, 2010

I Bölüm: TÜRMENISTAN-EÝRAN YKDYSADY GATNAŞÝKLARY

a). Mawy ýangyç, demir ýol we senagat gurluşyk meseleler.
Merkezi Aziýa ýurtlary üçin “Demir ýupek ýoly” söwda gatnaşyklarynyň has ösmegini we Eýranda transport dolanşyklarynyň göwrüminiň iki esse artmagy ýaly netijelere getirdi. Deňizden çet ýurtlarynyň ýkdysadyýetiniň ösmegi üçin gaz turba çekiliş proektleri hem ýol aragatnaşyklar ýaly ähmiýete ee bolup durýar.
1997-nji ýylyň 29-njy dekabrynda gaz turba marşrutlary çekildi. Nebit-gaz önümleri geçirmek üçin bu turbanyň çekilmegi bilen Türkmenistanyň Gündagaryndaky harytlary geçirmek ugry Maşat-Tejen ýaly şäherlerden geçip ol ýollar uly ähmiýete ee bolýarlar. »»»

Thursday, February 4, 2010

h). Etrek-Gürgen türkmenlerinin araçäginde ýüze çykan meseleler.

Aşyradanyň kartasy
Her halkyň taryhynda beýik dowürleri hem bar, ezilen döwürleri-de bolýar. Taryhda şeýle hadysany kabul etsek, onda türkmenleriň taryhynda-da XVIII asyryň II-nji ýarymyndan soň beýleki döwletler tarapyndan basybalyjylykly hem ýurt tozdyryjy taryhy tragediýalara duş gelinýäris. Türkmen halkynyň medeniýetiniň baý bazasy üç döwletiň täsir sfērasyna öwrülip Ruslar, Iňlisler we Eýran döwletleriniň arasynda üleşige düşýär. Halk oňa bir bada boýün egmeýär. Oňa gaýtawul bermek üçin özbaşdaklygyny goramagyň ugrunda dürli syýasy we harby hereketlere baş goşupdyrlar. »»
Orta Aziýada, Ýewropanyň ekspluatatsion konkurentsiýa prossesini geçiren döwründe XVIII asyryň soňlary we XIX asyryň 60-njy ýyllaryna gabat gelýär. Bu region Rusiýa döwletiniň syýasy täsir sferasynyň astynda tabyn hanlyklara öwrülýär. Bolşewizm rewolýutsiýasyndan soň hem Moskowanyň syýasy gurbynyň doly baknalygynda galýar.